23-nji bölüm: Mätäçlige uçranyňda arkadaglar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 23-nji bölüm: Mätäçlige uçranyňda arkadaglar.

429. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Mätäç zadyňyzy görmegeý adamlardan soraň».

430. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Mätäç zadyňyzy gijesine soramaň! Kör adamdan soramaň!. Bir zady haýyş etmekçi bolsaňyz, ol adamyň gözüne bakyp soraň, çünki gözde haýa bardyr. Zerur zadyňy irden dile. Sebäbi, Allatagala ymmatyma ir bilen bereket berýär».

431. Urwa şeýle diýdi: «Biz şeýle bir zamanada ýaşadyk, eger biriniň goňşusy öz haýyşyny bitirmek üçin başga birine dilege barsa, onuň goňşusy dostlarynyň ýanynda nägile bolup: «Pylanyny bilýäňmi, haýyşyny bitirtjek bolup menden başgalara ýüz öwürýär, näme meni kemsitjek bolýarmyka?» diýýärdi».

432. Ahnaf şeýle diýdi: «Mätäç zadyňyzy üç kişiden, ilki bilen baý bolan garypdan soramaň. Ol: «Eger haýyşyny bitirsem, ýene garyp düşerin» gorkusy bilen ýaşaýar. «Ähli zady hojaýynym çözýär» diýýän guldanam hantama bolmaň. Şeýle hem saýrapydan[1]zat soramaň. Ol bir däneden ýüz dinarlyk peýda görjek bolar».

433. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Allatagalanyň şeýle bir bendeleri bolup, olar tüýs jennet üçin ýaradylandyr. Adamlar öz haýyşyny bitirtmek üçin onuň ýanyna eňerler. Olar dowzah odundan azat adamlardyr»

434. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Sen dost-doganyňa goldaw bermegiňi dowam etseň, Alla hem saňa ýardam bermegini dowam eder».

435. Japar Sadyk şeýle diýdi: «Ýaradan zatlarynyň içinde, Hudaýyň halaýan abraýly adamlary bardyr. Hudaý olary adamlaryň haýyşyny bitirmek üçin ýörite saýlap aldy. Olar jomartlygy mertebe, edýän ýagşy işlerini baýlyk hasaplarlar. Olar Hudaýa ýakyn bendelerdir».

436. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Mätäç zadyňyzy ýüzi nurly adamlardan soraň. Çünki nurana keşbe duşmagyň özi nygmatdyr».

437. Beşşar ibn Burdy şu manyda şeýle diýdi*:

«Dogry ýolly pygamberden hadys bar,

Ony öten adamlardan ýat beklänler aýdýar,

Pygamber bir mejlisdekä,

Adamlara şeýle diýdi:

«Haýyş etjek bolsaňyz birden,

Soraň, ýüzi görmegeýden».

438. Halyt Kätip şeýle diýdi*:

«Pygamber söz diýdi, dogry sözledi,

Pygamberiň sözi her işe ýaran:

Egermätäçlik size agram salsa,

Ony ýüzi-gözi gözel adamdan soraň».

439. Başga biri şeýle diýdi*:

«Bir hadys eşitdik, edemzok inkär,

Ony pygambere baglap diýýärler.

«Ýagşy zady görki ýagşydan soraň,

Perişdeler goldawyňyz ibärler».

440. Özge biri şeýle diýdi:

«Ýagşy zady ýagşy adamlardan sora. Durmuşyň lezzetini ýaňy-ýakynda duýan bendelerden zat hantama bolma».

441. Manzur ibn Suhaým Fakgasy şeýle diýdi*: «Myhmany hezzetlemegi ýaňsy saýmaýaryn. Öýüň azygyna aglabermeli bolsa-da, baryndan ber. Gurply jomartlara ýüz tut, näme berse kanagat et. Ýagdaýy ýok ýagşyzadalar bolsa ötünje laýykdyr. Emma, içim jugurdap dursa-da, peslere ýüz tutanymdan, namysymy arassa saklanym, meniň üçin uly azykdyr».

442. «Ýalançy-kezzaba bil baglap, mätäç zadyňyzy ondan soramaň. Ol elýetmez zady «golaýyňa» getirer, aňsat alaýmaly zady «bäri-bärde» goýmaz. Akmaga hem sala salmaň, ol saňa peýda etjek bolup, zyýan berer. Başga birine bergili adama hem ýüz tutma. Ol seniň üstüň bilen öz bergisini üzmekçi bolar. Durmuşy ölçeg-terezä daňylgy bolanlardanam zat soraýmagyn».

443. Mahmyt Warrak şeýle diýdi*:

«Haýyş eden zadyňy gijikdirmän, mylaýym ýüz bilen berýän adam sahydyr. Eger kimdir birine ýüz saraltmaly bolsa, onda sahy we ýagşy adamlara ýüz tutuň».

444. Ol ýene şeýle diýdi*:

«Edepli ýigidiň beren ujypsyzja zady ullakan bezegdir. Binamysyň beren ummasyz peşgeşi bolsa aýyp we ýaňsylamadyr».

445. Ibn Rumy şeýle diýdi*: «Sahawatly adamlary tapmasaň, binamyslaryň berenini al. Goýun bakmany kyn görýän itleri ýyrtyjylar daraýandyr».

446. Halyt ibn Safwan şeýle diýdi: «Mätäç zadyňyzy biwagt soramaň, mynasyp däl adamlardan soramaň, degişli däl zadyňyzy soramaň. Bolmasa adamlaryň garşylygyna duşarsyňyz».

447. Çarwa araplaryň biri ýoldaşyna bakyp: «Ýüzüniň suwy ýok adama dileg edip ýüzüň suwuny dökme, ynsapsyzdan dileg edip, özüňi kemsitme » diýipdir.

448. Bir adam Fazl ibn Ýahýa Bermekiniň ýanyna girip: «Möhlet — umydyň apaty, haýyr-sahawat — ebedi hazyna, ýagşylyk — uly olja, biperwaýlyk bolsa, iş başarýan üçin bela-beterdir» diýipdir. Fazl oňa garap: «Nähili hajatyň bar?» diýip sorapdyr. Ol adam ähli mätäç zadyny beýan edensoň, Fazl ony bitirip goýberipdir. Soňra kätibiniň ýanyna gelip, şonuň aýdan ähli zadyny ýazyp almagy buýrupdyr.

449. Käbir alymlar emirlerine hat ýazyp, şeýle diýipdir: «Hajatyny bitirmek üçin saňa ýüz tutsalar, eger ýerine ýetirseň, ötegçi dünýäde meniň bähbidim bolan zat, ahyretde seniň bagt nesibäňe öwrüler. Eger bu haýyşymy bitirmekden ýüz öwürseň, haýyryň saňa miýesser boljaklygy gümana. Galan zatlar hem şeýle-şeýle» diýipdir.

450. Zyýadyň ýanyna birtopar arap gelipdir. Olaryň içinde gepe çeper biri ör turup: «Alla emiriň işini rowaç etsin, nebsimiz bizi seniň ýanyňa çekdi, bedewlerimizi sen tarapa öwrüp, tapdan gaçyrdyk, seniň ýagşylygyň hormatyna bil baglap geldik. Elbetde bir zada düşünýäris. Hudaýyň beren zadyna hiç kim böwet bolmaz. Böwet bolan zadyny hem hiç kim berip bilmez. Hormatly emir, sen bir hazynanyň eýesi, biz bolsa mätäç-dilegçi. Eger Hudaý saňa «Ber!» diýen bolsa, bize bereweri, eger «Berme!» diýen bolsa, seni ýazgaryp durmarys, barybir Hudaýy öweris we alkyş aýdarys» diýipdir, soňra oturypdyr. Zyýat oňa garap: «Şeýle ajaýyp, gysga we peýdaly söze ömrümde gabat gelmedim» diýipdir. Soňra olaryň islegini bitirmegi emr edipdir.

451. Bir adam Eset ibn Abdylladan hajatyny bitirmegini sorapdyr. Emma Eset ondan boýun towlapdyr. Ol adam: «Men zerur dälem bolsa emirden haýyş edäýdim» diýipdir. Emir oňa garap: «Şeýtmäge näme mejbur etdi?» diýip sorapdyr. Ol adam: «Ýanyňa gelen mätäç bendeleri söýýändigiňi eşitdim. Seniň söýgiňe mynasyp bolmak üçin pakyrsyran boldum» diýipdir. Eset bu sözi eşidip, onuň ähli soran zadyny beripdir. Haýyşyny bitiripdir.

452. Bir gezek Muhammet ibn Wasyg Kutaýba ibn Müslimiň ýanyna giripdir we oňa garap: «Ýanyňa haýyş bilen geldim. Bitirmek isleseň ikimizem ýagşy adam bolarys. Men mätäçlikden dynaryn, sen alkyş-abraýa eýe bolarsyň. Eger bitirmek islemeseň ikimizem pes adam bolarys. Men-ä hajatymy bitirmän, kösener ýörerin. Sen bolsa şeýtmek bilen özüňi kiçeldersiň» diýipdir.

453. Bir adam Halyt ibn Abdyllanyň ýanyna haýyş bilen barypdyr. Ol: «Hormatly emir, göwniçökgün halda soraýynmy ýa-da umyt bilen?» diýipdir. Halyt oňa: «Elbetde umyt bilen sora» diýipdir Ol adam emir hezretlerinden umydygär haýyş edipdir. Emir hem ony bitiripdir.

454. Medaýyny şeýle diýdi: «Betnyşan ýüzli, iýermen bir adam Zyýadyň ýanyna gelip, saçak başynda çök düşüpdir. Zyýat ondan: «Näçe çagaň bar?» diýip soranda, ol: «Dokuz gyzym bar» diýip jogap beripdir. Zyýat: «Hany olar nirede?» diýende: «Men olardan has owadan, olar bolsa menden has iýermen» diýipdir. Zyýat oňa garap: «Sen sypaýylyk bilen haýyş etdiň» diýipdir. Soňra onuň isleýän zadyny bagyş edipdir.

455. Bir adam Ýezit ibn Müslimiň ýanyna bir hat getirip, ony Hajjaja eltmegi haýyş edipdir. Zyýat oňa göz aýlapdyr-da: «Bu ýerde hiç hili haýyş ýog-a?» diýipdir. Onda ol adam: «Men senden şu haty şoňa ýetirmegiňi soraýaryn, belki ýazgyda laýyk gelip, ol islemese-de, haýyşymy bitirer» diýipdir.

Zyýat Hajjajyň ýanyna girip, ähli bolan wakany we ol adamyň sözüni ýetiripdir. Hajjaj hata göz gezdirensoň, Zyýada ýüzlenip: «Barda şoňa aýt, dogrudanam ol ýazgyda laýyk geldi. Men bolsa şony islemesemem, bitirmeli boldum» diýipdir.



[1]Saýrapy — pul, maliýe, bank işleri bilen meşgullanýan adam.