24-nji bölüm: Sowgat-serpaýlar bilen haýyşyňy bitirmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 24-nji bölüm: Sowgat-serpaýlar bilen haýyşyňy bitirmek.

456. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Sowgat-serpaý çyrmaşykdyr. Sowgat berip, onuň daşyny gurşap bolýar».

457. Meýmun ibn Mihran şeýle diýdi: «Kätibe işiň düşse, penakäriň tama bolsun».

458. Japar Sadyk şeýle diýdi: «Haýyşdan we mätäçlikden öňürti berilen sowgat-serpaý iň ýagşy zatdyr».

459. Magşar ibn Şebip şeýle diýdi: «Men bir gezek Abu Japar Mansuryň şeýle diýýänini eşitdim: «Soltanyň ýüregini ýumşadýan, gaharlyny köşeşdirýän, köňül-kinesini aýan etdirýän, algydaryňy yza gaýtardýan, kesekini özüňe maýyl edýäň iň täsirli zat - sowgatdyr».

460. Rube ibn Ajjaj şeýle diýdi*:

«Berim-peşgeş getirdiler, öňünde dyza çöküldi,

Şeýdip Hudaý olaryň bentläp goýan zadyny asan etdi».

461. Hüzeýl ogullarynyň käbiri şeýle diýdi*:

«Kimdir biri bilen dawa tutsam,

Dirhemleri hüjüme geçirip,

Ony ýüzin ýykýaryn.

Egerjenjel peýda bolsa,

Dirhem-dinar bilen utýaryn».

462. Ahmet ibn Abu Tahyr şeýle diýdi*:

«Eger onuň dostlugy ýürekden bolsa, eliňe doly jam alyp, gapysyna maňlaý dire. Gapyň agzyndaky sakçydan ýa-da onuň ýapyklygyndan gorkma. Sowgat ähli bagly gapyny açýandyr. Bir zady bil we inkär etme: Adamzat ýaradylany bäri ýa-ha adamlary hormatlajak bolar, ýa-da olardan arany üzjek bolar».

463. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Perdäniň göterilmegi üçin maňa eden haýyşyňy bitirmäge borçludyryn. Sen hem gadagan zatlardan saklaýanym üçin hökümime tabynsyň».

464. Bintul-Hus diýlen zenandan: «Iliň başy bolup otyrkaň, näme üçin guluň bilen zyna iş etdiň?» diýip soranlarynda, ol: «Ýassygymyň ýakynlygy we uzak wagtlap maýyl edeni üçin» diýipdir.