25-nji bölüm: Hoşamaýlyk we sypaýyçylyk bilen dileg etmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 25-nji bölüm: Hoşamaýlyk we sypaýyçylyk bilen dileg etmek.

465. Muny bize Şyh Abu Tahyr Raýýan ibn Aly Wasyty gürrüň berdi. Oňa hem Abu Bekr Şapygy, oňa bolsa Muhammet ibn Ýunus Kuraýşy gürrüň beripdir:

«Bir gezek üýşüp otyrkak, bir agraby[1]gelip ýanymyzda saklandy. Ol uzyn boýly, bürgüt burunly adamdy. Ol bize bakyp: «Sözümi diňlemekden ünsüni sowmaýanlary Alla ýalkasyn. Meniň ýaramaz ornumdan ahyreti üçin many alsyn. Diýarlarda gurakçylyk, ýagdaýymyz açlyk. Utanç — sözlemäge çekindirýän ynsap, garyplyk bolsa dillenmäge mejbur edýän ötünçdir. Ýagşylyk edip göwnümizi göteren ýa-da haýyr dogasyny eden bendeleri Alla ýalkasyn, çünki ýagşy doga iki sany uly sadakanyň biridir» diýdi. Men ondan: «Taňryýalkasyn, sen kimlerden bolarsyň?» diýdim. Ol: «Hudaý günämi ötsün, ýaramaz gazanç garyndaşlaryňdan gaýra goýýar» diýip jogap berdi.



[1]Agraby — çarwa arap.