28-nji bölüm: Wadadan dänmek we ony yza çekmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 28-nji bölüm: Wadadan dänmek we ony yza çekmek.

501. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Söz berdiňmi, ony bozma».

502. Möminleriň emiri Aly şeýle diýdi: «Wada beren (söz beren) adam, äht eden ýalydyr. Ähdi bitirmeseň, ondan dänilýän däldir».

503. Asylly adam wadasyny nagt we tiz bitirer, bihepbe beren sözüni unudar, yza teser.

504. Abdylla ibn Mugtaz şeýle diýdi: «Wadalar we ähtler erkin adamlaryň bergi-borjudyr. Allatagala öz ilçisi Ysmaýyly wasp edende: «Ol wadasyna wepaly ilçi pygamberdi[1]» diýdi we beren sözüne wepaly bolmagy onuň keramaty etdi».

505. Ibn Apbas şeýle diýdi: «Sap ýürekli adam wadasyna wepaly, abaý-syýasata geçirimli bolar».

506. Ahnaf şeýle diýdi: «Her bir zadyň apaty bar. Ýagşy işiň apaty ony yza çekmekdir».

507. Käbirleri şeýle diýdi: «Zerur işler yza çekilende, olara ähmiýetsiz garalar. Eger biriniň haýyşyny bitirjek bolsaň bir zady unutma: Näçe tiz etdigiňçe şonça-da kämil bolýandyr».

508. Welit ibn Ubaýt şeýle diýdi*: «Haýsydyr bir wadany doly ýerine ýetirmejek bolsaň, hergiz «bolýar» diýip söz berme. Eger bir işe «bolýar» diýseň, ony bitirmek üçin jan et. Sözüňde durmazlyk aýypdyr, aýyp iş bolsa ýigit üçin nogsanlykdyr. Aýyp işden goranmaýan adama ýaramazlyklar hüjüm eder».

509. Başarmaýanlygyň üçin, öňürti ötünç soramak, beren sözüňi yza çekenden haýyrlydyr.

510. Aly ibn Haşymyň sözleri*: «Her adamyň tiz eçilýän sahylygy, ol hakynda ýagşy sözleri ýaýradar. Erkin adamlaryň haýyşyndan ýüz öwürmeli däldir. Olar hem her adamyň hormatyny inkär etmeli däldir».

511. Ahmet ibn Tahyrdan*: «Maňa beren wadalaryň Karunyň genjinden tama etdirdi. Soň bir gün gije kir ýuwýany getirdiň we öz aýdyşyň ýaly: «Sabynsyz ýuwduň».

512. Ibn Rumydan*:

«Wadalaryňy gijikdirmegiň jany ýa-da jesedi bar bolsa,

Bitjekdigine şübhe etmezdik, görünse bir uç.

Ýagşylygy az edişiň ýaly, ony hem gysga etme,

Il deňinden geçeniňde, diýerler: «Gelipdir ýajuj».

513. Dygbyldan*: «Ýagşylyk bilen engam etseň, ony gijikdirip zaýalama. Wadalary yza çekmek bilen husytlygyň arasy örän ýakyndyr».

514. Başga birinden*: «Hudaýa şükür! Başa iş düşende seni öňem synap görüpdik. Seniň ähli wadalaryň bilen boş sözler des-deň».

515. Wehp ibn Haýýarydan*: «Men saňa ähli ýagdaýlarda ýagşylyk edýärin. Saňa eýerip, wadamy bozmandym. Sen her gün maňa täze wada berip, hasylyndan binesip goýýarsyň».

516. Aly ibn Jehmden*: «Tä adamlar tabydymy göterýänçä, maňa beren wadalaryň biter öýdemok. Wadany bitirmek islemeýän bolsaň, ol haýyşymyň gabryny gazmagy welin üstüňe al. Köp zatlary söz bereniňde, şeýle bir umyt edýärdim, görýän welin seniň wadalaryň ýöremäni öwrenmedik çaga ýaly görünýär».

517. Hammat Ajradan: «Ýok» diýmegiň hem iň owadany, ony tiz diýmekdir. Sebäpsiz ýere yza çekmek — sahawatyň apatydyr».

518. Abu Amrdan: «Sözünde durmazlyk mertebeli kişiler üçin utançdyr. Ýöne ýalan sözüniň tersine gitmegi dogrudyr».

519. Şu manyda Hatam Taýdan*: «Agam ogullary meniň güýjümden we haýbatly gujurymyň apatyndan gorky etmeýärler. Men olara wada ýa-da söz bersem, bellän möhletlerimde hökman hasyl edýärin».

520. Enes ibn Zuneýmiň aýdany*: «Bir zady bilsedim, emirimiň wadasyny bozmaga näme mejbur etdikä?! Eý, emir, öň sylanyňdan soň, indi hergiz kemsitme. Çekeleşip durmak erbet adatdyr. Maňa duçar eden mähnetleriňi we il ýanynda aýdan sözleriňi ýatla. Seniň beren sözüň ýalpyldap giden ýyldyrymça hem bolmady. Iň oňady bolsa, soňundan ýagyş ýagýan ýyldyrymdyr».

521. Aly Jehmden bagdatlylar hakda soralanda onuň aýdany*: «Sözi bilen ýagşy zatdan boýun towlar. Edýän işleri bolsa ondanam beter bolar».

522. Täze baýan käbir kişileriň aýdany*: «Göz guwanjyň bolan baýlyk we perzent bilen, Hudaý ömrüňi uzaltsyn. Abraýymyza ýaramaz sözi eşitmek we edilen umytlaryň ödelmezligi, biz üçin biabraýlykdyr. Dinar bilen dirhemiň ikisem puldur, ýöne olar hiç haçan deň bolýan däldir».

523. Musgap ibn Zübeýrden*:

«Eger bitirmejek bolsaň, wadada haýyr bolmaz

Beren sözüň bozmakdan wepalylyk hormatdyr.

Gaýra goýlan haýyr işiň peýdasy ýok sähelçe,

Ýagşy işiň bähbitlisi, ony tiz bitirmekdir».

524. Japar ibn Ýahýadan: «Asylly adama berjek ýardamyňy yza goýandan, algydaryňa berjek pulyňy yza çekeniň ýagşy. Sebäbi asylly adam, diňe zerur-mätäç wagty soraýar, algydarlar bolsa artyk puluny berýär».

525. Abul Aýna käbir wezirler hat ýazyp, şeýle diýipdir: «Eger meni üstünlige laýyk bilmeýän bolsaň, onda şumluga ýaran et. Şükür edeniňe degmeýän adamlar, ötünç soranyňa hem degýän däldir. Şonuň üçin özüňi ýaňsylamadan goraýşyň ýaly, bizi hem kynçylykdan gora».

526. Käbir edebiýatçylardan: «Aýdýan zadyňy edýän bolsaň, onda sen asylzada ýigitsiň. Sahynyň ýalan sözünden, gysganjyň çyn sözi ýagşydyr».

527. Aly ibn Zekkar Faryky maňa şeýle gürrüň berdi. Oňa Muhammet ibn Hasan ibn Dureýt, oňa hem Abu Hatam, oňa bolsa Utby gürrüň beripdir: «Çarwa araplaryň biri gurply baýlaryň käbiriniň huzuryna baryp:

— Zerur zadyňy tapjak bolup, onuň umydynda ýalňyşdygyň, göwnüçökgünlik hesretini tizleşdirdigiňdir. Azajyk hem bolsa, isläniňe gowuşmak, bergiň köpem bolsa, mätäç gezenden gowudyr. Kösençlik ýok ýerde sözden dänmek sahylar üçin apatdyr — diýdi.

528. «*Sözden dänmeklige asla golaýlaşma, ol her bir sahawatly el üçin uly apatdyr. Eger biriniň hajatyny bitirmegi yza çeken bolsaň, oňa ömür boýy hyzmat edip gez. Ýogsam, ol saňa gadyrly garamaz, çünki sözi yza tesmek adamyny sowaşdyrýandyr».

529. Ýene birinden*: «Etmekçi bolan işleriňiz bol wadalar bilen uklap galdy. Gujur-gaýratyňyzy size bolan ynamymyzy ýitirmäge sarp etdiňiz. Siz nogsanlyklary kemçilik saýman, badyhowa gezýärsiňiz».



[1]«Merýem» süresi, 54 aýat