29-njy bölüm: Wadany ýagşy söz bilen talap etmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 29-njy bölüm: Wadany ýagşy söz bilen talap etmek.

530. Beşşar ibn Burdyň aýdan sözi muňa gowy mysallaryň biridir*: «Men seni silterlemedim, beren sözüňi unudansyň öýtmedim. Ýa-da bitirmediň diýip, kaza barmak islemedim. Ýöne gylyç gynyndan çykansoň, bulap galanymy ýagşy bildim».

531. Şol manyda ýene biri*: «Eger haýyşymyz unudyljak bolsa, ýazgy bilen ýatladarys. Päk ynsanlary gapyl goýsa, hoşamaýlyk bilen talap ederis. Çünki, eneler öz çagasyny söýýändigi üçin däl-de, balasynyň ajyganlygy üçin emdirýärler».

532. Abdysamat ibn Fazl Rakaşy Reýiň welisi Halyt ibn Deýseme ýüzlenip, şeýle diýdi*:

«Eý, Halyt, Reý şäheri bize adylsyzlyk etdi,

Onuň giňligi we durmuşy bize dar göründi.

Sen özüňe bulut ýaly tama etdirip,

Ýyldyrymyň ýagtysy bolup şöhle saçdyň.

Ýöne onuň yzyndan ýagyş damjalamady,

Ne gökden bulut syryldy, umydymyz üzer ýaly,

Ne-de ondan ýagyş ýagdy, teşneler ganar ýaly».

533. Abdylsamatdan*: «Meni goýuň, belki men siziň kömegiňize laýyk däldirin. Ýa-da siziň özüňiz alkyşly sözlere mynasyp dälmi?»

534. Başga birinden*:

«Wadasyny bitirmän gelýän wekil,

Gelende ýagyş ýagmaýan bulut ýalydyr».

535. Başga birinden*:

«Wadasy salgym bolan, emire hiç hiläm ýok,

Söz berýär, ýöne sözi buludy ellän ýaly».

536. Ahmet ibn Tahyrdan*:

«Eý, laçynyň atasy, haýyşdan hoşnut ýüz öwürmek, meniň üçin ýagşy işleriň biridir. Beren sözün süýrenjeňlige salýan ýagşy adam bilen, bahylyň arasynda ullakan tapawut ýokdur! Wagty geçensoň eden ullakan kömegiňden, öz wagtynda edilen azajyk ýardam ýagşy».

537. Mühellep ibn Abu Sufradan*:

«Eý oglum, eger ynsan balasy säher ugrap, giçlik sag-aman dolanmakdan başga zady öňarmaýan bolsa, ol hiç haçan özüni ekläp bilmez. Özgäň eşigini geýenden, öz donuňy oňa bereniň ýagşy. Özgeleriň ulagyna münenden, ulagyňy olara bereniň oňat».

538. Kaýs ibn Züheýrden*: «Kösense-de, islegine gowuşyp bilmeýän adama, «Ýok» diýlip, açyk aýdylan söz dermandyr».

539. Zuhrydan: «Söz berip, gül deý açylan, iş bitirip, miwesini görkezsin».

540. Rakaşydan*:

«Janym saňa sadaga, haýyr işi tiz bitir,

Işi yza çekmeseň, şonçada ol süýjüdir.

Ýagşylyga ýagşylyk dört amaldan ybarat.

Hoş söz, yhlas, bitirmek hem-de çaltlyk güýjüdir».

541. Eset taýpasyndan bolan bir ýaş ýigit Magn ibn Zaýydanyň ýanyna - Sijistana gelip, onuňkyda üç aý ýaşapdyr. Emma bu möhletiň dowamynda hiç kim onuň habaryny almansoň, bir gün ýaňky ýigit Magnyň gaşyna baryp: «Eý, emir, iki häsiýetiň haýsy biri bilen saňa alkyş aýdaýyn. Soňra haýyş edeýin. Meniň çykalgam dileg etmeklik. Sen nurana bolsaň-da, maňa saçyp duran şöhläň ýok. Sen öwgi-tarypdan beýleki häsiýetlere mynasyp dälsiň. Sen bir gyzyl akyp ýatan derýasyň» diýipdir.

Bu sözi eşidip, Magn oňa otuz müň dirhem bermeklerini buýrupdyr. Ony getirip, ýigidiň öňünde goýanlaryndan soň, Magn oglana garap*:

«Iň gowy ýagşylyk, wekiliň ýüregine agram salman, minnetsiz edilýän haýyr işdir» diýipdir.

542. Asmagydan: «Kesra Ebruzyň zamanasynda akyldarlaryň biri onuň gapysyny kakmaly bolupdyr. Emma kesra ony garşylamaga çykmandyr. Şonda akyldar derwezebanyň eline hat berip, kesra gowşurmagy haýyş edipdir. Derwezeban ony Ebruzyň eline beripdir. Hatda dört setir ýazgy bar eken.

Birinji setir: Zerurlyk we umyt seniň ýanyňa getirdi.

Ikinji setir: Öýde ýokluk bilen isleg-talaba sabyr etmeklik bir däldir.

Üçünji setir: Baran ýeriňden bähbitsiz dolanmak bilen duşmanlaryň içigaralygy deňdir.

Dördünji setir: «Bolýar» diýseň, miwe bererdi, «ýok» diýseň, arkaýyn bolardy we yzyna dolanardy».

Kesra her setiriň aşagyna «Ajaýyp» diýip ýazypdyr we oňa dört ýüz müň kümüş pul bermeklerini buýrupdyr.

543. Muny maňa Abu Hüseýin Aly ibn Zekkar gürrüň berdi. Oňa bolsa Abu Abdylla Hüseýin ibn Haleweýh aýdyp beripdir. Bu setirler Ibn Ruma degişlidir*:

«Şygrymy ýaýmaklyga göwünjeň bolmasaň, hem-de abraýmy dökmäge yhlas etmejek bolsaň, onda maňa kasydanyň hakyny ýa-da günämiň ötülmegi üçin ýazylan kagyzyň bahasyny ber».

544. Aly ibn Jehmiň aýdany*:

«Eger ähli apaty, betbagtlygy bir ýere üýşürseň, olaryň iň ýaramazy husytlyk bolar. Eger husytlykdan erbet bir zat bar bolsa, ol wada berip, ili süýräp ýörmekdir. Ýalan wadanyň hergiz haýry bolmaz, söz berip, iş görkezmeseň peýda ýokdur».

545. Käbirlerinden*:

«Saňa bolan söýgime, göriplik edýär iller,

Söýgi azaby güýçlendi, kalbym-köňlüm talandy.

Söýgüden «ah» çekýärin, bagrym-janym eredi,

Şeýdip ýörse aşykda, heý-de, bagyr galarmy».

546. Hüseýin ibn Abdundan*:

«Muny mäkäm garaýyşly hem gujurly-gaýratly,

Haýryň dänesini sepýän, eli açyk, sahawatly.

Bir dana adama aýdyň:

Ol Wehp ibn Süleýman ibn Wehp ibn Sagytdyr.

Onuň wadasyny ýerine ýetirişi,

Jan damaryndanam ýakyndyr».

547. Başga birinden*:

«Eý umydym, ýetjek bolup ýüregime jan berdiň,

Soňra menden yza tesip, gam-gussadan öldürdiň.

Sözüňe wepaly bolup, ýene köňlüm şat etsene,

Päk adamlar elmydama wadasyna wepa berýär,

Ýüregim ynjalar ýaly gursagymda goş tutsana».

548. Abu Şamakmakdan*:

«Ykbalda gorkýan zadymdan, saňa umydym baglapdym,

A sen bu gün garyplykdan elhenç görünýärsiň maňa.

Maňa eden kemçiligiňe kaýyl bolsam, razymy sen,

Ömrüme bagyş etmedigmi, seniň waspyňa sarp etdim.

Wadalar bir giňiş çölde, göze görünen salgymdyr,

Günden güne, aýdan aýa, boş umyt edip galdym men,

Bu wysalyň ahyrydyr, aýralygyň ilki başy,

Saňaminnetsiz duşamda, ötünçsiz gararyň ýaly

Belki Hudaý, biz bilmeýän ýerlermizden rahat berer,

Siziň keramatyňyzdan arşa galar göwün guşy».

549. Dygbyldan*: «Eger-de men öýüme dolananymda «Näme berdi?» diýip sorasalar, «Bir zat berdi» diýsem-ä ýalan sözledigim bolar. «Baryndan-a eçilmedi, jemlemedik baýlygyndan hem umyt etdirmedi» diýsemem, ynam etmezler. Ýöne men olara bu hakykaty ýaýaryn. Sen hem iki işden birini saýla: Ýa-ha umydymyza görä eçil, ýa-da biabraýlyk gülküsine çydam et!».

550. Käbirlerinden*:

«Dostuňa söz baryn eçilen bolsaň

Wepa ber wadaňa, hasyl et işin.

Sahylar wadasyn çekdirmez yza,

Ileri tutmagyn husytlaň diýşin».

551. Abul Atahyýadan*: «Seni öwýärin, ýöne adamlaryň ýanynda, utanýaryn. Sebäbi meniň ýagdaýym şonuň tersine. Garyplygym meniň ýakamdan ebşitläp tutýar. Eger-de Abu Hafs her kimden sahy diýsem, «Heý-de saňa bir zat berdimi» diýip soranlarynda, başymy aşak egýärin, çünki ýagdaýlarym teň».