31-nji bölüm: Dileg edilen adamyň tersligi, bahana tapmagy we gyňyrlygy.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 31-nji bölüm: Dileg edilen adamyň tersligi, bahana tapmagy we gyňyrlygy.

566. Abu Ubaýdanyň aýdany: «Mylaýym ýylgyryş üstünligiň tugydyr, haýyşyň bitiriljekdiginiň alamatydyr. Bitiren haýyşyna şatlanmaýan adamyň, ony bitirdigi däldir. Başarmasaň, ötünç soramak aýyp görülmeýär».

567. Çarwa arabyň biri Reýiň emiri Musawyr Zypbynyň ýanyna girip, dilegçilik edipdir. Emma Musawyr onuň haýyşyndan boýun towlap, ýüzüni çytypdyr. Çarwa arap oňa garap*:

«Musawyryň ýüzüne haýyş bilen bakypdym,

Ol bolsa tä porsy ys goýberýänçä üsgürdi.

Soňra penjesi bilen gaşady arkasyny,

Sypalap sakgal ujyn, soňra-da sümgürindi.

Soňra ondan gorkyma, haýyşymy bes etdim,

Bolmasa jan damarym üzüljekdi dessine.

Kasam edýän, eger men ýene ýüz tutan, bolsam,

Şeýle nagyş salardy, tezek çyrşap üstüme».

568. Wehp ibn Münepbihiň aýdany: «Dawut nesliniň paýhaslarynda «Haýyşdan ýüz öwürseňem ýa-da ony bitirseňem, ýüzüň elmydama açyk bolsun! Çünki güler ýüzlülik özgeleriň kalbynda saňa bolan söýgini döreder» diýlip ýazylan».

569. Käbir emirler hakynda Abu Nemle Gürgenliniň aýdany:

«Onuň ýanyna baranymda,

gyňyr derwezebanlary,

Üstüme haýbat atdylar, gylyçlaryn bulap maňa.

Men diýdim: «Haý duraweriň, Hudaý bar,

sözümi berýän,

Indi haýyş-huzur bilen,

gaýdyp dolanmaryn şuňa».

570. Müslim ibn Welitden*:

«Bir gün Ubaýdullanyň ýanyna salama bardym welin, gözüni çaşardyp: «Maşgalamy ýygnaň, bize bir myhman geldi. Eger Alla dep etmese, meniň ajalym şunuň elinde ýaly bolup dur» diýdi. Men ony gurşan gorkyny göremde, ähli zadyň aýdyşy ýaly bolup barşyna haýran galdym. Özüne gelmegi üçin ýüzüne gülap suwuny sepmeklerini we ýaglyk bilen ýelpemeklerini aýtdym-da, jany agzyndan çykmanka, turmak bilen boldum».

571. Muhammet ibn Mihranyň aýdany*: «Bu ýüzügara dogruçyllyk bilen hat ýazdym. Onuň özi dogruçyllykdan has daşda gezip ýör. Oňa öz bahasyndan has pes bolan bir haýyş bilen ýüz tutdum. Ol bolsa özüniň bedroý keşbindenem gelşiksiz söz bilen ýüz öwürdi. Eger haýyşymyzy bitirmän, üstesine-de göwnümize degip ugratmak islese, onda bizem onuň bolgusyz häsiýetini ýaýradarys. Wessalam».

572. Ubaýdulla ibn Muhammediň aýdany: «Husydyň bahanalarynyň biri, eger haýyş edilse, açyk-aýdyň ýüz öwürmek islemez. Beren sözi üçin idäp gelmekleri göwnüne ýaramaz. Başyny gaşan bolup, ardynjyrar hem-de: «Ähli güýç-kuwwat beýik Hudaýyň elindedir» diýer ýa-da şoňa meňzeş sözler bilen başyndan sowar.

573. Aly ibn Jebelden: «Gaşlaryň arasy dar, bürşüp dur. Berýäniň hem ujypsyz zat,

Sözüňe garasaga, köp zady tama edip boljak welin, arman sen söze görä amal edýänlerden däl».