32-nji bölüm: Päk niýet we hoşamaý söz bilen ýüz öwürmek

Başy » Mertebeler we kemlikler » 32-nji bölüm: Päk niýet we hoşamaý söz bilen ýüz öwürmek

574. Ýahýa ibn Halyt Bermekiniň aýdany: «Päk niýet bilen dogruçyl ötünç, berilmeli ýardamyň ornuny tutýandyr».

575. Käbir kätipleriň aýdany: «Öz dostundan päk niýeti bilen razy bolmaýan adam, oňa serpaý ýapany bilenem razy bolmaz».

576. Amr ibn Asyň aýdany: «Berip bilmeýändigi üçin ötünç soramaýan adam, bermekden ýüz öwürýän adamça ýokdur».

577. Sehl ibn Harun käbir işbaşarjaň adamlara hat ýazanda: «Eden ýagşylyklaryňa taňryýalkasyn. Beýleki alkyşlarym bolsa, söz berip, gijikdiren işleriňe garaşyp ýatyr» diýer eken.

578. Ahmet ibn Ýusubyň hatynda: «Etmekçi bolýan ýardamyň gijigip gelmeginiň özi, bu işi kyn görýändigiň iň aýdyň delilidir» diýilýär.

579. Salykly kazy we fakyh Abu Muhammet maňa Muhammet ibn Mihrandan birnäçe setir aýdyp berdi. Şu manyda eşiden sözlerimiň içinde iň gowulary*:

«Men senden haýyş edip ýalňyşdym. Sen hem ondan ýüz öwürip, köp agyrlygy boýnumdan aýyrdyň. Bu maňa ýamanlyk etdigiň däldir. Men bulara derek wepaly hezzeti we mertebämiň päkligini neslim üçin alyp galdym».