33-nji bölüm: Sahylygyň we jomartlygyň öwgüsi.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 33-nji bölüm: Sahylygyň we jomartlygyň öwgüsi.

580. Pygamber alaýhyssalamyň aýdany: «Sahy adam Hudaýa, halka we jennete ýakyn adamdyr. Husyt adam Hudaýdan, halkdan we jennetden daş, dowzaha ýakyn adamdyr. Hudaýyň dergahynda nadan sahy gysyk dindardan ezizdir».

581. Pygamber alaýhyssalamyň aýdany: «Yslam Hudaýyň özi üçin isleýän dinidir. Bu dini sahawatsyz we ýagşy gylyksyz düz edip bolmaz. Şol ikisi bilen ili sylaň».

582. Pygamber alaýhyssalamyň aýdany: «Päk adamlara jepa bermekden daş duruň. Olar her gezek büdrände, Hudaý olaryň elinden tutup, hemaýat berer!».

583. Mamun bir gezek Muhammet ibn Apbat Mühellebä ýüzlenip: «Sen hazzyk[1]adam» diýende, ol: «Eý möminleriň emiri. Bar zadyňy gysganmak, Hudaýa betgüman bolmakdyr» diýipdir.

584. Pygamber alaýhyssalam: «Ile berýän tagamyňyza görä, Hudaýyň ýardamy geler» diýipdir we: «Haýsy bir närsäni haýyr-yhsan etseňiz, Alla onuň ýerini doldurar. Ol ryzk berýänleriň iň ýagşysydyr[2]» diýen aýaty okapdyr.

585. Bir gezek Amr ibn Ubaýt Hafs ibn Salymyň öýüne myhman bolupdyr. Ol hyzmatkär-nökerlerinden haýsy biri nämedir bir zat sorasa diňe «ýok» diýip oturypdyr.

Amr oňa: «Ýok» sözüni azrak diýeweri. Sebäbi «ýok» sözi jennetde ýokdur» diýipdir.

586. Pygamberimizden bar zatlary sorasalar bererdi. Özünde ýok zat soralsa: «Ony Alla ýetirer» diýerdi.

587. Hasanyň aýdany: «Iblis pygamberleriň käbirine garap: «Husytlyk duzak, jomartlyk dälilik, serhoşlyk bolsa ähli ýaman işiň açarydyr» diýipdir.

588. Bir gün Adyý ibn Hatam ogluna bakyp: «Tur-da gapyň agzynda dur. Nätanyş gelse goýberme, tanaýan bolsaň egleme, öýe salgyn» diýipdir. Onda ogly kakasyna: «Eý, kaka, ilki tabşyran işiň – adamlary nahardan kowmak dünýäde oňlanýan iş däldir» diýipdir.

589. Ahnaf eli dirhemli birine bakyp: «Bu dirhemler kimiňki?» diýip sorapdyr. Ol: «Meniňki» diýip, jogap beripdir. Ahnaf: «Tä sarp edýänçäň, ol dirhemler seniňki däldir» diýipdir hem-de*:

«Puluňy gysyp saklasaň, ol seňki däl, sen onuňkysyň. Diňe sowanyňdan soňra dirhem seniňki bolup galar. Sebäbi sen pullaryňy haýsy ýerde haýsy zada sarp etseň, ähli abraýyň hem şonuň ýoly bilen ýörär» diýipdir.

590. Ubaýdulla ibn Abdylla ibn Tahyrdan*: «Gurbuň ýetse, çäkden geçmän puluňy sow. Baýlygyň az bolsa-da, zerur ýerde gysylmagyn. Eçileniň bilen puluň köýmez, ornuna bereket geler. Gysylanyň bilen baýlyk durmaz, hem abraý ýüzüni öwrer».

591. Käbir araplardan*:

«Pulum azalan çagy, ol gözel gyz Suleýma,

Mendenýüzün öwürdi, gitdi, etmedi perwa,

Hudaýa şükür, mende bolmasa-da kör-köpük,

Il pulundan zyýada bir gözel abraýym bar.

«Garyp» diýip ýüzlenseler aýyp däldir hiç haçan,

«Husyt, gysyk» diýseler, adam saýylýandyr har».

592. Ybraýym ibn Hermeden*:

«Bu nebsimiň ýalaňaç hajatyny örtere,

Gysyp gowrup, nebisler gysganyp dur baryny,

Egerynsan dirikäň saňa peýda etmese,

Haýry ýokdur, tyg bilen aljyratsalar janyňy,

Ne sebäbe görä ol gysganýarka baýlygyn,

«Erte, erte» diýip ol egismez bir sanyny,

Ýöne ertir, duýdansyz ajal geler-de gider,

Nesip etdirmez özüne ýygnan hany-manyny».

593. Anuşirwanyň aýdany: «Öz iýeniň yzsyz gider, ile iýdireniň alkyşa ýeter!».

594. Ýene birinden: «Soralmanka, özüni we baýlygyny eçilmeýän adamlaryň, sahylygy dogry däldir. Serpaý ýapyp, ile ýagşylyk etmek, haýyşdan soň edilen kömeklerden abraýlydyr».

595. Sagsaga ibn Suhan Abdydan: «Sahylyk — öz baýlygyňy ile ýürekden eçilmek we kişi baýlygyndan tamakin bolmazlykdyr».

596. Bir gezek Wakydy bergisiniň köpdüginden, özüne bergidarlaryň bolsa, boýun towlaýandygyndan zeýrenip, Mamuna hat iberipdir. Mamun haty okansoň, onuň arka ýüzüne goluny goýup, şeýle ýazypdyr: «Ilki bilen seni Hudaýyň özi goldasyn. Sen özünde sahylyk we çekinjeňlik ýaly iki häsiýeti jemleýän adam. Sahylyk eliňdäki barça zady çykartdy, utanjaňlyk bolsa öz algyňy soramagyňa böwet bolýar. Şonuň üçinem biz saňa ýüz müň dirhem pul ibermegi niýet etdik. Eger göwün islegiňe ýeten bolsak, onda bu pullary isläniňçe sow. Eger başga hili bolsa, ähli zadyň garamaty özüňedir, sebäbi seniň özüň bir gezek Muhammet ibn Yshakdan eşiden hadysyňy aýdypdyň: «Pygamberimiz: «Eý Zübeýr, ryzk açarlary jennetiň gabat-garşysynda asylgy dur. Allatagala bendeleriniň rysgyny, olaryň ýagşy zada edýän çykdajysyna görä eçilýär. Köp sowsa köp berler, az harçlasa az berler» diýipdir».

Wakydy hatynyň jogabyny we ýazgyda beýan edilen pullary alypdyr. Ol: «Hakykatdanam oňa şol hadysy aýdan mendim. Ýöne ony eýýäm ýadymdan çykarypdyryn. Mamunyň bu hadysy ýadyma salmagy, onuň iberen peşgeşinden hem eziz göründi» diýipdir.

597. Muny maňa Abu Bekr Muhammet ibn Japar aýdyp berdi. Oňa hem Abu Hasan Halyt ibn Muhammet Dimýaty Dimýat şäherindekä gürrüň beripdir. Oňa bolsa Abdylla ibn Muhammet ibn Ýahýa, oňa Musa ibn Muhammet ibn Ata, oňa Ýagla ibn Aşdak, oňa agasy Abdylla ibn Jerat aýdypdyr. Onuň özi bolsa Pygamberden eşidipdir. Ol: «Ýagşylyga mätäç bolsaňyz, ony güler ýüzli adamlardan soraň» diýipdir.

598. Ýahýa ibn Eksemden*: «Nirä ýönelseň, egniňe sahawat donuny atyn. Çünki sahylyk her aýby örtüp durandyr. Husyt bolsaň ähli aýbyň açylar. Ynsanyň bar kemini sahylyk ýapýandyr».

599. Pygamberimiziň aýdany: «Sahylyk — köki jennetde, şahalary zemine sallanyp duran daragtdyr. Kim onuň şahasyndan aslyşsa, ony jennete çeke. Gysgançlyk — köki dowzahda, şahalary zemine sallanyp duran daragtdyr. Kim onuň şahalaryndan ýapyşsa, ony dowzaha çeker».

600. Pygamberiň agasy Apbas, Pygamberiň çopanyny öldürip, düýelerini sürüp giden Hüzeýl taýpasynyň bir galtaman topary hakda gürrüň berdi. Ol galtamanlar ele salnan soň, Pygamber olaryň ellerini we aýaklaryny çapmaklygy buýrupdyr. Biriniň welin günäsini ötüpdir.

Aly ibn Abu Talyp hem bu hakda gürrüň berip: «Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam Pygamberiň ýanyna gelip: «Ol sahy adam, ony diri goý. Olar her gezek büdrände, Hudaý olaryň golundan göterip, hemaýat berýär» diýipdir.

601. Aly ibn Abdyllanyň aýdany: «Sahylyk — mertebäniň ýarany, aladalaryňy ýuwýan suw, umytlaryň hasyl bolýan ýaýlasy, adamlaryň görküdir. Sahylyk köýnegini geýen, söýgi donuny egnine atar».

602. Hasan ibn Alynyň aýdany: «Hudaýyň ýanynda sahylykdan eziz zat ýokdur. Hudaý gysganç adamlary halamaýar».

603. Ibn Apbasyň aýdany: «Gysgançlar bilen oturyşmak, ýüregiňi daşa dönderýär, duýgularyňy derde gaplaýar».

604. Hüseýin ibn Alynyň aýdany: «Sahylyk — söýgi, gysgançlyk — ýigrençdir. Gysgançlar jennetden mahrumdyr».

605. Beşşar ibn Burtdan*: «Guşlar däne dökülen ýere gonýar, mätäçler sahylaryň howlusynda gijesini geçirýärler. Eý, Ibn Selm, sahylaryň oý-pikiri — ile eçilmek we gül deý açylmakdyr. Olar umyt edýänligiň, ýa-da senden gorkýandyklary üçin berenok, olar sahylykdan lezzet alýarlar».

606. Muhammet ibn Jehmden*:

«Eger ile sahylyk etmek isleseň, gysylma, bu sahylyk seni olaryň howp-hataryndan gorar. Eger illeriň agzala bolmagyndan gorksaň, sahylyk bilen olaryň agzyny bir et. Eger seniň bir ýeriňde kemiň-köstüň bar bolsa, sahylyk oňa ýeterlik örtgi bolýandyr».

607. Hajjaj ibn Ylatdan*: «Gysgançlar sahawaty nogsanlyk saýarlar. Gaýta, gysganýan adam nogsanlydyr. Baýan ärden dosty hoş umyt bolmasa, onda jan bereni ýagşydyr».

608. Kagbyň aýdany: Allatagala Musa alaýhyssalama wahy[3]inderip: «Samyryny öldürme, ol sahy adam!» diýipdir. Şonuň üçin Musa onuň günäsini geçipdir.



[1]Hazzyk — çakdanaşa köp pul sowýan.

[2]«Saba» süresi, 39 aýat

[3]Wahy — gökden gelen owaz.