34-nji bölüm: Sahylar we jomartlar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 34-nji bölüm: Sahylar we jomartlar.

609. Jahylyýet döwrüniň[1]meşhur sahylaryna Hatam ibn Abdylla Taýy, Kagp ibn Mamet Iýady, Herim ibn Sinan Murry dagylar degişlidir.

1. Ilki Hatam hakda aýtsak, bu hakda günleriň ýaradyp bilmejek, aýlaryň we ýyllaryň gurşap bilmejek derejesinde ýagşy ýatlamalar galdy. Arapda-ajamda oňa degişli nakyllar döredi. Onuň aýdan sözlerini we nakyllaryny goşga geçirmek, şahyrlar üçin mertebä öwrüldi. Onuňky ýaly belent we ýagşy häsiýet başga hiç bir sahyda bolan däldir.

2. Kagp ibn Mamet hakda şeýle sözler aýdyldy*:

«Eý, gaşy çytyk bende, barda iýatlylara

Aýt, sahylaryň belendi Kagp ibn Mametdir».

3. Herim ibn Sinan hakynda bolsa Züheýr şeýle diýdi*:

«Gysyk adam nirä barsa ýazgarylar, ýöne sahy adamlar hajatyňy bitirmän goýbermezler. Käteler ýamanlasa-da, ähli zady bagyşlap, serpaý ýardamyn eçilýän adam, hakyky sahydyr».

Ýene şol hakda Züheýriň aýdany*: «Herim öz kowumyny ajap häsiýete endik etdirdi. Onuň adatlarynyň biri sahylyk gylygy boldy. Oňa hem bu häsiýet ata-babalaryndan geçendir».

4. Bulardan soňra meşhurlyga ýeten sahylara Abdylla ibn Judgan degişli. Ol hernäçe agyr işlere çydam edip, garyby baý bilen, ejizi zor bilen tirkeşdiren adamdyr.

Ondan soňra Haşym ibn Abdy Manaf, onuň ogly Abdylla ibn Haşym we Haşym ibn Mugyra ibn Abdylla ibn Omar ibn Mahzum dagylar degişli.

Mekke iline paluda[2]iýdiren ilkinji adam Abdylla ibn Judgandyr. Onuň bu işi hakda Omeýýa ibn Abu Sagtda şeýle setirler bar*:

«Onuň Mekkede bir uly jarçysy bar,

Beýlekisi beýik ýerden çagyryp dur.

Ol şizanyň[3]üstüne bugdaý dänesini goşup,

Esli wagtlap şaýatlaryň ýanynda garyşdyrýar».

Musulman sahylaryna Aly ibn Abu Talyp, onuň iki ogly Hasan we Hüseýin, Abdylla ibn Japar ibn Abu Talyp, Pygamberiň: «Püre-pür Talha» lakamyny beren adamy Talha ibn Ubaýdulla ibn Osman, Talha ibn Ubaýdulla Ibn Halaf-Huzagy, ol «Talhalaryň talhasy»[4]bolan adam, Sagt ibn Ubada, onuň ogly Kaýs ibn Sagt, Ubaýdulla ibn Apbas we Hatam Taýynyň ogly Adyý ibn Hatam Taýydyr.

Sahabylaryň yzyna eýerenlerden Halyt ibn Abdylla Kasry iň meşhur sahydyr. Şu agzalanlaryň ählisinde örän köp ýagşylyk we ajaýyp öwgi-abraý bardyr. Eger bularyň tarypynyň aňyrsyna çykjak bolsak, onda gysgadan aýdyň beýan edýän däbimizden hem ýüz öwürmeli bolýar. Ol bolsa soňlugy bilen irizer. Sebäbi, şol bir zat hakda aşa köp gürlemek ýürege düşýär. Şeýlede bolsa olardan bir bölek zady, nesip bolsa, delil hökmünde ýatlarys.



[1]Jahylyýet döwri — yslamdan öňki döwür, nadanlyk döwri.

[2]Paluda — pastila, žele; Gadym döwürlerde undan, suwdan we baldan, häzir bolsa krahmal, suw we şeker garylyp taýýarlanylýan halwa.

[3]Şiza — eben daragty.

[4]Sözme-söz manysy: «jennet bananlarynyň banany»