35-nji bölüm: Jomartlaryň işleri.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 35-nji bölüm: Jomartlaryň işleri.

610. Ibn Agrabynyň aýdany: «Kagp ibn Mamet bilen Leýs ibn Sagt-Kelbi bir gün ata münüp, çöllügiň içi bilen ýola çykypdyrlar. Barmaly menziline az galanda, bularyň suw meşiginde bir içimlik suwdan başga zat galmandyr. Bu suw birine ýeterlik bolup, haýsysy içse, halas boljak eken. Ikisine bolsa ýetjek däl, içmeseler hem heläk boljaklar. Şonda biri beýlekisine ýüzlenip: «Sen içde, halas bol» diýende, ol: «Ýok, gaýta özüň içde, halas bol» diýşip, birek-birege iterişip durupdyr. Şeýdip hiç birisi içmän, ikisi hem heläk bolupdyr. Meşigiň düýbünde bolsa bir içimlik suw galypdyr.

Käbir şahyrlar bularyň eden işini ýatlap, goşgy ýazdylar. Jerir ibn Atyýýanyň Omar ibn Abdylezizi öwüp ýazan kasydasynda*:

«Kagp ibn Mamet bilen ibn Sagt hem,

Hergiz senden jomart däldir, eý Omar» diýilýär.

611. Amr ibn Saglaba Taýynyň aýdany:

«Aňzakly gyş gijeleriniň birinde Hatam Taý uklaman oturan eken. Möjek uwwuldysyny eşidenden soň, ol asla-da ynjalman, düşeginde eýlesine-beýlesine öwrülip ýatyrmyşyn. Maşgalasyndaky käbir adamlar oňa: «Sen nä uklaman otyrsyň?» diýipdir. Hatam: «Möjek uwwuldysynyň naýynjar sesi meniň ukymy gaçyrdy» diýipdir. «Seniň nä indi möjege-de nebsiň agyrýarmy?» diýenlerinde, ol: «Möjek açlygyndan uwlaýar ahyry, gapdalymda biri aç gezip ýörkä, men nädip ynjalaýyn» diýipdir. Soňra ýerinden galyp, ot ýakmaklaryny tabşyrypdyr.

Ot ýalpyldysyny gören möjek, olaryň golaýyna gelip, edil öňlerinde diýen ýaly peýda bolupdyr. Hatam bolsa düýesine ýönelip, onuň damagyny çalypdyr we etlerini bölekläpdir. Ony çala oda daladyp, tä doýýança möjegiň öňüne oklap oturypdyr. Soň möjek oduň golaýyna gelip, ýylanypdyr, gerinipdir we yzyna dolanypdyr. Hatam bolsa düşegine geçip ýatypdyr, eden işinden göwnihoş halda oýanyp*:

«Agşam ýatanymdan soň, möjek uwlap, örüzdi,

Açlyk hem bu ummasyz çöl ony heläk etjekdi.

Ýoldaşyma ýüzlenip, uludan ot ýakyň diýdim.

Oduň şöhlesi çepe hem-de saga ýetjekdi.

Soňra gowy bakylan, ýöneldim, düýäme tarap,

Çaldym onuň damagyny,

hem etlerin berdim paýlap,

Birini iýip bolýança, gowrup okladym ýene-de,

Doýuramsoň bir möjegi, ýatdym rahat,

göwnüm jaýlap» diýipdir.

612. Bir gezek Hatamyň garyp düşen, özüniň, çagalarynyň we aýalynyň garny aç wagty goňşusy görgüli gelip, çagalarynyň açlygyndan zeýrenipdir. Hatam oňa çagalaryny alyp gelmegi tabşyrypdyr. Hatamyň aýaly Mawyýa bu ýagdaýa geň galyp: «Özünde hiç zat ýok welin, bu näme etjek bolýarka?» diýip, içinden oýlanypdyr. Haçanda goňşy aýal çagalaryny getirende, Hatam atyna tarap ýönelipdir we onuň damagyny çalypdyr, etlerini des-deň paýlap, ýarysyny goňşularyna, ýarpysyny öz çagalaryna iýdiripdir.

Soňra ýerine geçip, ynjalyp ýatypdyr. Şol soýulan etden bolsa, hatda dişleriniň arasynda hem zat galmandyr. Ählisini iýip gutarypdyrlar.

613. Kelbiniň aýdany: «Bir gezek Zuheýr ibn Abu Sulma Herim ibn Sinan — Murryny öwüpdir. Herim oňa bäş ýüz sany düýe beripdir. Ony ugradanda bäş parsahlyk[1]ýoly ýany bilen pyýada geçipdir, tä hoşlaşyp yzyna dolanýança, ata münmezligi öz ýanyndan äht edipdir».

614. Abdylla ibn Judgan Abul Eswet Duweliniň egninde, köp geýilmekden ýaňa sandan çykan keltekçäni görüpdir. Ol: «Eý, Abul Eswet, bu keltekçeden irmediňmi?» diýende, ol: «Irenligim üçin, aýrylmaga-da ýagdaýym galmandyr» diýipdir. Abdylla oňa ýüz sany dony peşgeş beripdir.

615. Muhammet ibn Siriniň aýdany: «Alynyň ogly Hasan kuraýyşly bir zenana öýlenende, onuň ýanyna, her haýsyna müň dirhem berlen ýüz sany gyrnagyny iberipdir».

Ibn Siriniň aýtmagyna görä, Hasan birine serpaý ýapmak islese, müň dirhemden az bermeýär eken.

616. Abu Raja Warragyň aýdany: «Hajjajyň döwründe mejbury işe çekilenleriň biri mendim. Olar meni hyýar ýygýan we ony arassalaýan edip goýdular. Sebäbi, Hajjaj remezan aýynyň her gijesinde müň adamlyk agzaçar berýärdi. Beýleki aýlarda bolsa, her gije ýüz adamlyk desterhan ýazýan eken. Ol diňe muny has aladaly we kyn günlerinde şeýtmeýärdi».

617. Usame ibn Zeýdiň aýdany: «Basraly bir adam, ýanyna on müň dirhemlik şeker alyp, Medinä gelipdir. Birnäçe günläp harydy geçmän, baslygyp ýatansoň, ony Abdylla ibn Japara sowgat hökmünde eltip bermegini ündäpdirler. Ol: «Deregine bir zat berjegi-bermejegi näbelli adama harydymy bererinmi» diýip, kesirlik edip oturypdyr. Emma tä äkidip berýänçä, gulagyny gazap, gününe goýmandyrlar. Ilkibada Abdylla oňa örän azajyk pul iberipdir. Basraly onuň gapysynda ýene-de bir aý çemesi garaşypdyr. Bir gün Abdyllanyň wekili daş çykyp: «Şekeriň eýesi kim?» diýip soranda, ýaňky adam ör turupdyr. Wekil onuň eline on müň dirhem puly gowşurypdyr. Munça puly alansoň basraly göwnühoş bolup, yza dolanmakçy bolupdyr. Adamlar oňa: «Entek gitme, sabyr et» diýip saklapdyrlar. Birnäçe günden soňra Abdyllanyň hyzmatkäri çykyp, ýene-de şeker eýesini sorapdyr we oňa otuz müň dirhem, ýene birnäçe günden soň bolsa ýüz müň dirhem pul beripdir. Basraly: «Hudaý bar, mundan soň bu ýerde galmaýyn, ynsap ýagşy» diýip, ýurduna dolanypdyr. Ýene birnäçe gün ötensoň Abdylla ibn Japaryň hyzmatkäri daş çykyp, şekeriň eýesini sorapdyr. Onuň gidendigini aýdanlarynda, ol: «Wah, eger galan bolsa, her bolan müddetine görä eçilerdik» diýipdirler.

618. Kelbiniň aýdany: «Bir adam Abdylla ibn Judganyň ýanyna gelip, mätäç zadyny sorapdyr. Abdylla ibn Judgan oňa azajyk zat hödürläp, köp bermäge ýagdaýynyň ýokdugy üçin, ötünç sorapdyr. Emma mätäç bende muňa kanagat etmän, oňa igenipdir we ýazgarypdyr. Abdylla ibn Judgan saklanyp bilmän: «Berýänem men, ýazgarylýanam men. Ine, gysganç goňşym bar welin, berenogam, ýazgarylanogam» diýipdir.

619. Abu Zeriň aýdany: «Aly ibn Abu Talyp juma namazyny okap bolup, metjitde otyrka, çarwa araplaryň biri onuň ýanyna barypdyr. Ol: «Eý, jomartlaryň perzendi, seniň kibi adamdan näme umyt edilýän bolsa, şonuň ýaly umyt-niýet bilen gaşyňa geldim. Aslyňda we abraýyňda seniň derejäňe ýeten hiç kimse ýok. Meniň yzymda bolsa seniň peşgeşiňden umydygär oturan biçäre maşgalam bar. Üstümde Hudaý bar, kyn günümde goldaw beripdiň. Bu ýagşylyklaryň öwezini biz gaýtaryp bilmesegem, Hudaý gaýtarar» diýipdir. Aly oňa ýüz müň dirhem pul uzadyp: «Ýene-de pylan wagtdan aýlan, şonda seniň umyt edişiňçe bererin» diýip, ötünç sorapdyr. Çarwa arap yzyna dolanyp barýarka*:

«Aňa, akyla hem-de päk gylyga eýe Aly,

 Il içindäki abraýy, bolmalsyndan ejiz gelýär.

 Çarwa-çomrynyň içinde gürleşmäge ýakymlysy,

Belent ahlagy öwgüli, sorana minnetsiz berýär » diýipdir.

620. Hişam ibn Seleme Mahzumynyň aýdany: «Eset taýpasyndan bolan bir adam, haj etmek isläp, ýola düşüpdir. Medinä golaý ýerlerde ony talapdyrlar. Ol Medinäniň abraýly adamlarynyň ýanyna baryp, olara ýagdaýyny arz edipdir. Olar hem ýaňkyny Merwan ibn Hekemiň ýanyna iberipdirler. Emma Merwan onuň arzyny diňlese-de, boş goýberipdir.

Ýaňky adam yzyna dolanyp, bolan ýagdaýy adamlara habar beripdir. Olar bu gezek Abdylla ibn Japaryň ýanyna barmagy we ýagdaýyny gürrüň bermegi tabşyrypdyrlar. Abdyllanyň howlusyna ýetende, onuň gözleri eýerinden gylyç asylgy tohum atyň ýanynda duran, perişdepisint birine duşupdyr. Ol adam*:

«Pygamberiň neslinden bolan, eý, Abu Japar! Siziň möminlere bolan garaýşyňyz päkdir. Eý Abu Japar, emir-ä baýlygyny gysgandy, belki sen öz mülküňe özüň emirsiň. Hajylar ýola düşdi, mende bolsa ne ulag, ne gatyr bar» diýipdir.

Abu Japar oňa şol tohum aty we üstündäki ähli zatlary bermegi buýrupdyr, üstesine-de on müň dirhem pul gowşurypdyrlar. Abu Japar: «Hergiz gylyçdan aldanaýma. Oňa müň mysgal[2]gyzyl töläp aldym» diýipdir. Çarwa arap hoşal bolup, çykyp gelýärkä*:

«Janym sadaga bolsun, Abdylla peşgeş berdi,

Ýaly seçelenip duran dal bedewi.

Ol demiriň suwundanam akdyr,

Göýä, garaňky gijede,

süýnüp barýan ýyldyz ýaly,

Her kim Abu Japaryň peşgeşini isleýär,

Ol güler ýüzi bilen we döwlet guşy bilen ýaşaýar» diýipdir.

621. Mugyra ibn Habna Temimi Talha At-Talhatyň ýanyna wekil bolup barypdyr. Ol onuň gapysynda birnäçe wagt otursa-da, halyndan habar alan bolmandyr. Ahyry Mugyra oňa hat ýazyp*:« Seni isläp ýanyňa ýetmäge şeýle bir yhlas etdim. Saňa sataşmasam-da köp zada umyt baglapdym.Gördüm welin senden buludam ýakyn eken. Seniň asmanyň açyldy diýsem, ýagyş saga, şemalyň çepe dönen eken. Ýardam ýagmyrlary bilen ezmegiňi islämde, senden tozan bilen çaň gaýyp düşdi» diýipdir.

Ol bu sözlerini gutaran dessine, ony Talhanyň ýanyna çagyrypdyrlar. Talha oňa: «Ne bela duşduň, näme aladaň bar?» diýipdir.

Ol: «Uzak wagtlap gapyňy ýassanybam, ýanyňa giribilmedim» diýipdir. Talha öz wekiline bakyp: «Ýanyňda nämäň bar?» diýende, ol: «Üstümde Hudaý bar, ýüz otuz müň dirhem töläp satyn alan göwher daşymdan başga, hiç närsäm ýok» diýipdir. Talha: «Onda şol daşy şu adama berip goýber» diýipdir.

Ol adam hem göwher daşy alyp, ony ýüz kyrk müň dirheme satypdyr.

622. Ibn Yshagyň aýdany: «Püre-pür Talha on sany ýesiriň hakyny töläp, olary bendilikden boşatmak isläpdir. Bir adam ondan, bularyň garyndaşdygy ýa-da däldigi hakda soranda, ol: «Bu meniň garamaty boýnuma bolmadyk garyndaşymdyr. Bulary boşatmak üçin, özüme gerekli bolsa-da, ýedi ýüz müň dirhemlik haýatymy satmakçy. Isleseň saňa haýaty ýa-da bahasyny bereýin» diýipdir.

Ol adam haýaty saýlap alypdyr.

623. Enesiň aýdany: «Suffalylar ýatar wagty iki adamyny ugratsalar, Sagt ibn Ubade her gijede segsen adamyny hezzetläp goýberer eken. Kaýs ibn Sagt Ubada bolsa sahylykda kakasyndan hem öňürdipdir. Ol karz alypdyr welin, hökman adamlary naharlar eken».

Abu Bekr bilen Omar ikisi «Eger bu ýigidi ugruna goýbersek, ol atasynyň mülküni dargadar» diýip, pikir edipdirler. Ol ikisi adamlaryň ýanyna baryp, oňa karz bermezligi ündäpdirler. Şonda Kaýsyň kakasy Sagt ibn Ubada ýerinden galkyp turup: «Eý, Ibn Abu Kuhafe bilen Ibn Hattap, meni bagyşlaň. Ýöne, ogluma gysgançlyk etdirmäge we husytlygy öwretmäge kimiň haky bar?» diýipdir.

Gaýta ol ikisi Sagt ibn Ubadadan ötünç soramaly bolupdyr.

624. Ubaýdulla ibn Apbas her gije iki sany mal soýup, ili hezzetlär ekeni. «Baý malyny bahyl gysganar» diýlişi ýaly, bu hereketleri üçin dogany Abdylla oňa käýinipdir. Ubaýdulla doganyna bakyp: «Şu näme köpmi? Men her gije bary-ýogy iki mal soýýaryn. Nesip bolsa, ýene-de hökman soýaryn» diýipdir.

Aýdyşy ýaly hem edipdir.

625. Elinde gowrulan towuk bolan bir aýal Hatam Taýynyň ogly Adyýnyň ýanyna gelipdir. Ol aýal: «Enem-atam saňa sadaga bolsun, bu towuk ýeke wagtym höwrüm, göriplerimiň ýanynda görküm, zynatym, durmuşymy dolamaga ýardamçymdy. Munuň üçin oňa minnetdardyryn. Onsoň men öz ýanymdan pikir edip, şeýle gowy ýardamçyny, mukaddes-mertebeli ýerde jaýlamagy ýüregime düwdüm. Üstümde Hudaý bar, şu gowrulan towugy jaýlamak üçin, seniň garnyňdan mynasyp ýer tapmadym» diýipdir.

Adyý muňa hezil edip gülüpdir, towugy almaklaryny we oňa derek on müň dirhem bermegi, on eşek un, arpa we ýag ýüklemeklerini buýrupdyr. Bu zatlaryň köplügini gören ýaňky aýal: «Enem-atam saňa sadaga bolsun, bu peşgeşiňe hoşaldyryn, ýöne, hiç wagt isrip etme. Isrip edýänleri, çakdanaşa köp sowýanlary Hudaý halamaýar» diýipdir.

626. Halyt Kasry bir gezek, adamlaryň arzyny diňlemäge oturypdyr. Onuň ýanyna çarwa arabyň biri gelip*:

«Her bir mätäç bende, seniň ýanyňa

Gelýär, sahawatyň eý beýik ogly.

Halydyň ýanyna gelip-gidýänler,

Edil Käbä baryp-gelýänler ýaly.

Eý Halyt, meňzediň iň ýagşy ogla,

Sen tekepbirlikden daşdasyň örän.

Bu abraýyň ozaldan gelýän däldir,

Ony mal eçilip, gazandyň özüň» diýipdir.

Halyt ondan hajatyny soranda, ol: «Hormatly emir, ykbal biziň döşümizden çekip, dyza çökmäge mejbur etdi. Ýiti dişleri bilen çekeledi. Gonara-gezere ýer goýmady. Gaçybatalgamyz we arzuw eden ýaýlamyz siziň dergähiňiz boldy» diýipdir.

Halyt oňa ýüz müň dirhem we ýüz sany düýe bermeklerini emr edipdir. Çarwa arap oňa garap: «Hormatly emir, bu zatlaryň peýdasy maňa bolsa-da, sogaby saňadyr» diýipdir.

Kitabyň başynda maksat edişimiz ýaly, bu zatlaryň ählisini gysgadan düşnükli etmäge çalyşdyk. Sahylyk bilen öwülen we ýatlanylan adamlaryň her biri hakda durup geçdik. Abraý-mertebä hem-de belent maksatlylyk derejesine ýetip bilmedik, durmuş paýhaslaryna teşne adamlar üçin, beýleki bölümlerde hem gyzykly we bähbitli zatlary gürrün bereris.



[1]Parsah — 6-7 kilometre barabar uzynlyk ölçegi.

[2]Mysgal — 4,65 gram bolan agyrlyk ölçegi.