36-njy bölüm: Jomartlaryň artykmaçlygy.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 36-njy bölüm: Jomartlaryň artykmaçlygy.

627. Asmagynyň aýdany: «Fazl ibn Ýahýanyň ýanynda otyrkam, çarwa arabyň biri ony idäp geldi we şeýle diýdi*:

«Uzak ýerden gelýärkäm, çölüň içi bilen,

Harap bolan ýerler, bar oty sogan-selin.

Öňünde çagasy we höwri bolan bir ýolbars,

Ylgap gaýtdy men sary, parçalamaga häli.

Ol şeýle bir gorkuzdy, birden ýadyma düşdüň,

Haçanam bolsa bir wagt akyl hem edýär kömek,

Ýolbarslara bakdymda: «Men Fazl ibn Ýahýa» diýdim,

Olar senden gorkusyna öňümde tagzym etdiler,

Sen bolmasaň gorkmazdylar,

adyňdan peýda tapdym,

Hem maňa zat edibilmän, göni yzyna gitdiler» diýdi.

Fazl bu setirlere guwanyp: «Eý, Abu Sagt, bu setirlere baha kes» diýip, maňa ýüzlendi. Men «Bu sözler müň dirhemdenem ýokary» diýdim. Ol: «Şahyrlyk sungaty göriplik etmäge mejbur edäýýär öýdýän. Sen onuň dörtden bir bahasyny kesgitlediň» diýip, hyzmatkärine oňa dört müň dirhem bermekligi buýurdy.

628. Asmagynyň aýdany: «Bir gün Reşidiň ýanyna baramda, onuň gapdalynda Yshak ibn Ybraýym hem oturan eken. Reşit oňa ýüzlenip: «Eý, Yshak, bize bir zat aýdyp ber» diýdi. Ol*: «Husytlygy halaýan birine gabat geldim. Men oňa husytlyga hiç wagt zerurlyk ýok, adamlar elmydama sahynyň dosty bolýar diýip aýtdym. Gysgançlar bu häsiýeti bilen, öz maşgalasyny kemsidip, abraýyna şek getirýär. Serpaýa hoşal bolmak hem, adam üçin iň oňat zatlaryň biridir, çünki onuň aňyrsynda Hudaýa şükürlilik ýatyr» diýdi.

Reşit muny diňläp: «Dogry aýdýaň, garyplykdan gorkmak gerekmi? Eý Fazl, muňa ýüz müň dirhem ber, gör nähili ajap sözler aýtdy» diýdi. Men: «Möminleriň emiriniň her bir sözi meniň goşgularymdan süýji. Şonuň üçin baýlyk nämäme gerek?» diýdim. Ol: «Dogry aýdýaň, Fazl! Oňa ýene müň dirhem beriň» diýdi.

Bu Yshagyň eline düşen ilkinji baýlykdy.

629. Sagyt ibn Abdyleziziň aýdany: «Hekim ibn Hyzamyň agasy aradan çykanda, onuň adamlara million dirhemlik bergisi bar eken. Ol agasynyň ähli bergilerini üzüpdir we onuň maşgalasyny öz garamagyna alypdyr».

630. Muhammet ibn Fazlyň aýdany: «Abdylla ibn Tahyr Müsüri basyp alanda biz hem onuň ýanyndadyk. Ol münbere çykanda, Mamun oňa bir ýyllyk salgydy görkezip durdy. Olaryň ählisini öňüne getirýänçä, Abdylla münberden düşmedi. Salgydyň jemi üç million dirheme ýetdi. Abdylla münberden düşmänkä, Mugalla Taýy edil münberiň alkymynda ör turup: «Hormatly emir, men Mugalla Taýy, günäm köp hem bolsa, geçirimliligiň giňdir» diýdi. Soňra şuny aýtdy*:

«Ili bagyşlamakda şepagaty uly sen,

Mal bermeli bolanda adamlaryň ýamany.

Eger Niliň bar suwy gyzyl bolup aksa-da,

Senden mysgal agramyn alyp bolmaz, degerli,

Sende bir kör abraý bar diýmeseň,

Belent öwgüň öwezine zadyň ýok.

Egeriliň başyna garyplyk düşse gaýyp,

Şonda-da eliň ýumup, aňsat bereňok häli» diýipdir.

Abdylla muny eşidip: «Eý, Abu Semra, maňa otuz müň dirhem karz bersene. Men hiç zatsyz galdym» diýdi. Aýdylan zat Abdyllanyň gaşyna getirilende, ony Mugalla sowgat berdi.

631. Yshak Mowsylynyň aýdany: «Harun Reşit bilen haj zyýaratyna ugradyk. Biziň ýanymyzda Japar ibn Ýahýa hem bardy. Mekgede düşlän çagymyz Japar: «Maňa bir ajaýyp gyrnak tapyp beriň» diýdi. Haýsy gyzdygyny soramda, ol maňa bir adamyň ýanynda duran görmegeý gyzy salgy berdi.

Ol adam öň deprenmez baýdy. Ýöne pelegiň çarhy öz ornuny we onuň ýagdaýyny üýtgedipdi. Men onuň ýanyna bardym. Ol iň ýagşy, owadan we edepli zenanlaryny görkezdi. Soňra ol zenan, ýakymly aýdym aýdyp berdi. Ol diýseň özüne çekijidi. Men onuň bahasyny soradym. Ol: «Aýdan sözümden dänemok, kesen bahamdan kememok» diýdi. Men: «Aýt» diýemde, ol: «Kyrk müň dinar» diýip baha kesdi. Men: «Bolýar» diýip, Japaryň ýanyna geldim we bolan zatlary gürrüň berdim. Ol gözi bilen görýänçä ynanmajagyny aýdansoň, oňa ýanym bilen gitmegi ündedim. Ol geldi, gördi. Göwnüne ýarady. Satyn almagy makul bildi. Ol käbir hyzmatkär oglanlaryna baýlygyny äkelmegi buýurdy.

Men gyrnagyň hojasyna bakyp: «Bahasyny dogry we nagt berýäris. Eger ynanmaýan bolsaň, ony ölçäp alar ýaly birini iberäý» diýdim.

Haçanda ol gyrnak pul baryny görende: «Siz kim üçin geldiňiz?» diýdi. Hojasy oňa garap: «Sen biziň ýagdaýymyzyň üýtgäp, pulsuz galandygymyzy gördüň. Seniň üstüňden nazy-nygmat döker ýaly, saňa ýagşy hojany saýlap tutdum» diýdi. Onda gyrnak: «Eý, hojam, seniň ornuňda bolup, sen maňa bagly bolsaň-a, menden gelýän bähbitler üçin, seni dünýä baýlygyna çalyşmazdym» diýdi. Hojasy bu sözi eşidip: «Ähliňiz şaýat boluň, men şu gyzy Hudaýyň haky üçin azat edýärin» diýdi.

Biz ýerimizden turduk. Hyzmatkärler ähli baýlygy göterip ugradylar. Japar olara bakyp: «Bulary nirä äkelýäňiz? Baýlygy bu ikisine beriň. Goý, bu olara ýardam bolsun» diýdi we yzyna dolandy.

632. Medine şäherindäki oturylyşyklaryň birinde sahylar hakynda gürrüň gyzdy. Käbirleri: «Abdylla ibn Japar ibn Abu Talyp iň güýçli sahy» diýse, beýlekileri Arabet Ewsini, ýene birleri Kaýs ibn Sagt ibn Ubadany agzady.

Şonda olary öwenleriň her birine bakyp: «Heriňiz öz diýýäniňiziň ýanyna baryp geliň we bolan wakalary aýdyp beriň» diýdiler.

Olaryň biri Abdylla ibn Japaryň ýanyna baranda, ol atynyň eýerini berkidip, Mekgä ugrajak bolup duran eken. Ýaňky adam Abdylla bakyp: «Eý, sahylaryň serweri, men bir garyndaşy bolmadyk keseki adam, kömek ediň» diýende, ol: «Saňa üstündäki goşlary bilen şu atymy berýärin» diýipdir. Ol gelip bolan wakany gürrüň berdi.

Beýleki biri Arabetiň ýanyna baranda, ol öýden çykyp, metjide tarap ýönelen eken. Özi hem gözden aýrylyp, her goltugyna bir gul girip, ýöredip gelýän ekenler. Ýaňky Arabetiň ýanyna baryp, gününden zeýrenipdir. Arabet oňa: «Üstümde Hudaý bar, dünýä mülkünde şu iki gulumdan başga zadym ýok wagty sataşdyňyz. Şu iki guly al» diýipdir. Ol: «Men siziň ganatyňyzy gyrmaýyn» diýende, Arabet ol ikisinden elini aýryp, çapak çalypdyr hem-de: «Bu ikisini almasaň, barybir olary azat ederin. Isleseň al, isleseň goýber» diýipdir.

Ol hem gelip bolan zatlary gürrün berdi.

Ýene biri Kaýs ibn Sagdy idäp, onuň howlusyna ýetipdir. Gapyny kakanda hyzmatkär gyzlaryň biri daş çykyp: «Näme hajatyň bar?» diýende, ol: «Maňa Kaýs gerek» diýipdir. Ol gyz: «Mätäç zadyňy soraber» diýende, ol: «Men bir haja barýan keseki adam. Ýolda atymy taladylar. Kaýsy idäp, onuň pazly-kereminden umyt edip geldim» diýipdir. Ol gyz: «Saňa nämeler gerek?» diýende, ol: «Goş-golamy bilen bir düýe we 500 dirhem» diýipdir. Hyzmatkär gyz bir oglana ýüzlenip, soralan zatlary getirmegi tabşyrypdyr. Soňra ol gyz: «Şu düýäni goşy-golamy we 500 dirhem bilen şu adama ber hem-de şu zatlary bereniň Kaýsdygyny ýatlat» diýipdir.

633. Musgap ibn Abdylla Zübeýriniň aýdany: «Hyjaz iliniň fakyhy Abdyrahman ibn Abu Ammar bir möhüm iş bilen gul söwdasyny edýän biriniň öýüne barmaly bolupdyr.

Onuň öýünde aý dek jemally bir gyrnaga gözi düşen Abdyrahman, oňa aşyk bolup, hatda oda düşüpdir. Öz möhüm işi ikinji orna düşüp, bar aladasy şol gyzy eýelemek bolupdyr. Ol bu mesele bilen Atanyň, Tawusyň we Mujahydyň ýanynda dil ýaranda, olar bu hereketi üçin oňa käýinip, igenipdirler. Ol barybir: «Şol iş üçin bile oturýan adamlarym igenýärler, igenç ýerine düşdümi ýa uçdumy, pikir etmeýärin» diýip jogap beripdir.

Şol wagtlar Abdylla ibn Japar bir iş bilen öýünde ýok eken. Dolanyp gelende bu wakany oňa gürrüň beripdirler. Ol gyrnak eýesiniň ýanyna baryp, ony kyrk müň dirheme satyn alypdyr. Gyrnak gyzlaryň hemaýatkärine garap: «Onuň zer-zynatyny we parça lybaslaryny artdyr, oňa ýagşyja seret» diýipdir.

Adamlar Abdylla ibn Japaryň ýanyna gelip, ony sag-aman gelendigi bilen gutlapdyrlar. Ol «Men nä Abdyrahman ibn Abu Ammary göremok-la?» diýende, «Ol öz işine meşgul bolup ýör» diýip, adamlar jogap beripdirler.

Soňra Abdyrahman hem onuň ýanyna girip, sag-aman gelendigi bilen mübärekläpdir. Abdylla Abdyrahmana bakyp: «Pylan gyzy nähili söýýäň?» diýende, ol: «Edil süňk bilen ýilik ýaly» diýipdir. «Sen ony görseň tanarmyň?» — diýende, «Heý, tanamaýan gyzyňy hem söýüp bolarmy?» diýip, Abdyrahman jogap beripdir.

Abdylla oňa: «Walla, onuň ýalysyny hiç görmändim. Ýaňky gyrnagy getiriň» diýipdir. Zer-zynat bilen bezelen, egni ýüpek donly, aý ýaly bir gyz peýda bolupdyr. Abdylla: «Şu gözelmi?» diýip, soranda, ol: «Hawa!» diýip, jogap beripdir. «Muny özüňe al. Eý, oglanlar, siz bolsa onuň durmuş toýy üçin ýüz müň dirhem berip goýberiň. Toýy pes bolsa arkaýyn oturyp bilmerin» diýip, Abdylla dillenipdir.

634. Hatam ibn Müslimiň aýdany: «Sowuk günleriň birinde Ýahýa ibn Hamydyň ýanyna barýarkam, nygmat bolçulygynda bolup gören bir adama gabat geldim. Onuň egninde sal-sal eşikleri, elinde bolsa joraby bolup, uly sesi bilen jar çekýärdi. Men ondan näme bolandygyny soradym. Ol: «Görşüň ýaly, mätäçlik yzymdan ýetdi, düýn köwşümi satdym, bu gün bolsa nobat jorabyma ýetdi» diýdi. Onuň bu sözi meni ynjalykdan gaçyrdy. Ýanyndan ötüp, Ýahýa ibn Halydyň huzuryna bardym. Bolan wakany gürrüň berdim. Halyt muňa gynandy we oňa on müň dirhem bermeklerini buýurdy. Soň onuňkydan çykyp, Japaryň ýanyna gitdim. Bolan wakalary aýdyp berdim. Ol: «Peşgeş bereňde hem ýaşuludan öňürtjek bolma» diýdi we ol hem on müň dirhem bermekligi emr etdi. Soň ol ýerden çykyp Fazlyň ýanyna bardym. Kakasynyň we doganynyň eden işlerini aýdyp berdim. Ol galamyny hereketlendirip oturşyna: «Walla, biz-ä bu wagt möminleriň emiriniň işi bilen meşgul. Başga zada gabak galdyrara ýagdaý ýok» diýdi.

Onuň beýle sowuk garşylamagyndan umydym üzüldi. Turdum-da, öýe gaýtdym. Görsem, men Fazlyň ýanyndakam, ol öýüme ýigrimi müň dirhem pul iberen ekeni. Men kakasynyň ýanyna gelip, onuň hereketlerini aýtdym. Kakasy Fazlyň ýanyna baryp, oňa käýedi: «Eý, oglum puluňy paýlaýaň, ýene-de sowuk garşylapsyň diýýärler» diýende, «Ol meniň ýanyma möminleriň emiriniň işine meşgulkam gelipdi» diýip, asudalyk bilen jogap berdi.

635. Mühellep ibn Abu Sufra bir gezek Mihnaf ibn Süleýmiň howlusynda düşläpdir. Haçanda ugrajak mahaly, ol: «Ähli harytlary tutuşlygyna olara goýuň» diýipdir. Olara bäş ýüz müň dirhemlik öý goşlaryny we esbaplaryny sowgat berip gidipdir.

636. Asmagynyň aýdany: «Fazl ibn Ýahýa aw etmek üçin çöle çykanda, onuň gözüne, özüne tarap gelýän çarwa kaklyşypdyr. Ol giň ädimli, owadan ýörişli düýäniň üstünde bolup, ony aýagaldygyna gyssap gelýän eken. Fazl töweregindäkilere garap: «Çakym dogry çyksa, pikirim aldamaýan bolsa-ha, şu çarwa bize gönüläp gelýän ýaly» diýipdir.

Fazl ýüzüni nikap bilen örtmäni halaýan eken. Bu çarwa golaý gelip, düýeden düşüpdir. Onuň owsaryny bir gazyga baglap, Fazlyň ýanyna gelipdir. Öňünde dyza çöküp, ýer öpüpdir. Ol:

— Es-salamaleýkum, eý, möminleriň emiri — diýipdir.

— Aleýkumes-salam, ýöne men, möminleriň emiri däl.

— Onda es-salam aleýkum, eý emir.

— Waleýkumes-salam. Ýöne men emirem däl.

— Onda, es-salamaleýkum, eý jenap.

— Saňa-da Allanyň salamaty, merhemeti we bereketi bolsun. Nireden gelýäň arap doganym? Maksadyň, arzuwyň näme?

— Men Kuzagadan gelýän. Maksadym Fazl ibn Ýahýany görüp, ony şygrym bilen öwmek. Alla onuň eline ýagşylygy miýesser etse, Hudaýy we ony alkyşlaryn. Tersine bolsa, Kuzaga umytsyz dolanaryn — diýipdir.

— Fazlyň ýanynda, seniň şygryňa aperin diýdirýän we onuňka täsir edip bolmajak şygyrlar bar. Sen ol goşgularyňy ilki maňa aýt, Fazla ýarar öýtsem, öz baýlygymdan az-kem bererin. Soň şu ýerden yzyňa dolanyberersiň — diýipdir.

Ol çarwa*:

«Adam (ata) ölmeziniň öňüsyrasy,

Eçilýärkä janyn, ündedi saňa.

Öz ogullaryna göz aýlamagy.

Adama ýeterlik boldy ogullaryny eklemek» diýipdir.

Fazl:

— Erbet däl. Oňat setirler. Ýöne Fazl muny eşidip: «Ony arap şahyrlaryndan ogurlapsyň» diýer öýdüp gorkýaryn — diýipdir.

Çarwa arap:

— Eger ol şeýle diýse, ondan gowusyny okap beräýerin*:

«Adam atanyň elindäki sahylyk,

Tä Fazla ýetýänçä, nesline geçdi.

Çaganyň ejesi öz balasynyň

Açlygyndan ýaňa alada batsa.

«Fazl» ady bilen iýmitlär ony,

Çagalar «bu süýji eken» diýerler» diýipdir.

Fazl:

— Bu hem diňlemezçe däl. Ýöne ýene-de arap şahyrlaryndan ogurlapsyň» diýer öýdüp gorkýaryn — diýipdir.

Çarwa arap:

— Eger ýene şeýle diýse, bu setirlerden hem has gowusyny aýdyp bererin. Eger: «Ony hem arap şahyrlaryndan ogurlapsyň» diýse, onda eşegimiň dört aýagyny bir ýere jemläp, Fazlyň enesiniň etegine dykaryn, Kuzaga bolsa eli boş gaýdaryn*:

«Eý, Fazl, peşgeşiň üçin, biri saňa igenende,

Oňa «deňze käýinmegiň peýdasy ýok» diýerin.

Eger Fazlyň sahylygynyň öňüni almak isleseň,

Bulutlaryň damjasynyň öňüni kesip bolarmy?

Teşne çölde guýup duran ýagşyň gadry niçik bolsa,

Il içinde Fazlyň berýän sahawaty şeýledir.

Topar-topar adamlar, Fazly idäp gelerler,

Göýä, her gije onda Gadyr gijesi ýalydyr» diýipdir.

Muny eşidensoň Fazl ýüzünden nikabyny syryp, özüni tanadypdyr:

— Nesip bolsa, islegiň biter — diýip, öz derwezebanyna ýüzlenipdir we onuň her setirine on müň dirhem tölemeklerini tabşyrypdyr.

Şeýdip, çarwa araba segsen müň dirhem gowşurypdyrlar. Şonda Fazl ýaýyna ok salyp, özüne dartypdyr. Ony çarwanyň gursagyna gönüläp:

— Eý, arap doganym, saňa gönülän okumy, şygryňy galkan edip, yzyna serpikdir — diýipdir.

Çarwa*:

«Ýaýyň sahylyk ýaýy,

Kirşiň seniň ýardamyň,

Okuň hezzet okudyr.

Şol hezzet oky bilen garyplygymyň läşini ser» diýipdir.

Fazl janpenalaryna bakyp:

— Bu setirleri üçin oňa ýene ýigrimi müň dirhem beriň — diýipdir.

Çarwa arap ýüz müň dirhemini alyp, düýesine tarap ýönelipdir. Düýesiniň üstüne münüp, iline rowana bolupdyr.

637. Bir çarwa arap Halyt ibn Abdylla Kasrynyň öňünde durup: «Emiriň işi oň bolsun, şahyrlar seni öwüp, aňrybaşa çykardy. Ondan aňyrda bolsa öwgi galmady. Menem bary-ýogy iki setir aýdyp, senden uly peşgeş tama edýärin» diýipdir. Halyt başyny atansoň, ol*:

«Ýagşy adamlara aýt, Halyt aradan çyksa,

Ähli ýagşy ahlagyň ajaly ýetdigidir.

Halydyň ölümine gelýänleri synlasaň

Ýaýdan çykan ok ýaly süýşüp gelerler»

diýipdir.

Halyt: «Isläniňi sora?» diýende, ol: «On müň dirhem» diýipdir. Halyt onuň az soraýanlygyny ýaňsylap: «Eý hyzmatkär, enesiniň etegine dykar ýaly, oňa diýýän zadyny ber» diýipdir.

Muny eşiden çarwa arap: «Onuň ýaly bolsa, syrtyndan dykar ýaly hem on müň dirhem bereweri» diýipdir.

Halyt muňa gülüpdir we diýýän zadyny bermekligi buýrupdyr.

638. Çarwa arabyň biri Süleýman ibn Taglybyň öňünde durup*:

«Eý Süleýman ibn Taglyp,

Bol sen eziz we taglyp[1],

Ähli goşundan taglyp» diýipdir.

Süleýman: «Haý duraweri, atasy ýitmiş, men näçesine hötde gelerin?» diýipdir. Ol «Sowgat bermäni kesýänçäň, hemmesine hötde gelersiň» diýip, jogap beripdir. Ol hyzmatkärine garap: «Şuňa derrew on müň dirhem berip, meni halas edeweri. Jynym atlanyp başlady» diýipdir.

639. Medaýynynyň aýdany: «Atahy bir gezek Mätiniň kömekçisi Omar ibn Alany öwüpdir. Munuň üçin oňa ýetmiş müň dirhem bermeklerini we şol ýerde kim bar bolsa bir halat ýapmagy buýrupdyr. Bu berlen peşgeşleri götermäge onuň gurby hem ýetmändir.

Şahyrlaryň köpüsi muňa göriplik edip, onda-munda gep aýdypdyrlar. Bu habar Omara ýetende, şahyrlaryň ählisini köşgüne çagyryp: «Eý, şahyrlar kowumy, neçün birek-birege göriplik edýärsiňiz? Biriňiz ýanyma gelip, meni öwýäňiz, otuz beýtden agdyk bolmadyk setirler bilen wasp edýäňiz. Haçanda ol çykanda öwgüsiniň lezzeti we şygrynyň nuranalygy öçüp gidýär. Atahyýa bolsa iki beýt goşgy aýdýar hem-de*:

«Haçan-da, men emiriň ýardamyna bil baglamda,

Zamanaň howp-hataryndan, hem şekinden boldum halas.

Egeradamlar ony sylamany başarsa,

Men gezerdim hökümdaryň dergahyny ýalap.

Onuň beren zady bize ýeňillikdir, düşýändir,

Bizden alan zady bolsa agyrlyk-duşmandyr» diýýär ahyry» diýipdir.



[1]Taglyp — üstün çykýan, ýeňiji diýmek.