38-nji bölüm: Waspnamalar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 38-nji bölüm: Waspnamalar.

676. Abdyrahman ibn Awf Zuhrynyň Pygambere bagyşlap ýazan waspy*:

«Gören çagym, Allanyň jarçysyna ynandym,

Ol hormatly hem dogry bir dine çagyrýardy.

Uzakdan eşidip sesin: «Gaşyňa barýan» diýdim,

Ornum seniň ýanyňa, belki ykbalym saňa.

Ýagşy we mäkäm ýürekli birini gözläp,

Hymýaryň gum depelerin, çölleriň için gezdim,

Dogruçyl ogullara mertebe ornun berer.

Yhlas edip öwrenmeseň, alyp bolmaz ylymy.

Adamlara dogry zady nesihat berýänler bar,

Olary gorka salyp, betgüman bolýanam bar.

Zemindäki adamlaryň içinde,

Iň ýagşysy eýsem Pygamber dälmi?!

Adamlar garaňky tümlükdekäler,

Nadanlyk içinde, güňlükdekäler,

Olaryň ýanyna Pygamber geldi,

Tümlügiň deregne, ýagty nur saldy,

Her musulmany goldap, oňa ýardam-kömek berdi.

Betbagtlar onuň tersine gitdi,

Goý olar jähennem düýbüne düşsün,

Biziň dadymyza Alla ýetişsin».

677. Uheýp ibn Semagyň Pygamber hakda aýdany*:

«Men bu çöli howlukmaç ýöräp geçdim,

Atyma zor saldym, ýol hatarlydy.

Ýol boýy samradym. Asmanda bolsa

Sureýýa ýyldyzy ornunda durdy.

Ol daýhanyň öz melleginden ýolan,

Bir bölejik üzüm hoşasy ýaly.

Ýa hyzmatkär gyzyň döşüne düzlen,

Altyn, kümüş, göwher, dürdür zer ýaly.

Üç gezek aýlandy, üçünji gezek,

Hurmaly, injirli menzile ýetdik.

Ol ýerde hak halan Pygamber bardy,

Beýiklige ýeten, mynasyp ärdi.

Güler ýüzli, bagtly mertebeli ol,

Arassa ynsaply, ýalandan daşdy.

Söweş ody tutaşsa-da, yza dönmezdi.

Nesil, naýza, galkan bilen çykardy.

Söweş gidip durdy, ganlar akyp dur,

Ajal näçe jany alypdy eýýäm.

Onuň haýbatynda duşmanyň tugy

Pese düşdi. Leşgeri boldy weýran».

678. Hişam ibn Abdylmälik haj zyýaratyny niýet edipdir. Haçanda haj möwsümine gelende Aly ibn Hüseýin hem peýda bolupdyr. Adamlar ony tagzym we hormat bilen Käbä goýberipdirler. Sebäbi Hişam haj edende, hiç kimsäni ol ýere goýbermeýän ekenler. Hişam onuň kimdigini soranda, Ferezdek ýerinden turupdyr we bu oglanyň elinden tutup, şeýle goşgy aýdypdyr*:

«Muny hemmeler tanaýar, musulmanlar tanaýar,

Ol halaly-haramy örän ýagşy saýgarýar.

Bu Allanyň oňat bendesiniň ogly,

Bu takwa, arassa, päkize, ýagşy,

Bu Resulallanyň gyzynyň ogly,

Mundan başga häzir nebere-zat ýok.

Bu diniň hormatyn ýitiren däldir,

Bu sahawat bilen tanalan sahy.

Alla şükür edýäniň, öňküleri hem syladygydyr,

Onuň kalbyndan çykan dini, ymmatlar kabul etdi.

Onuň parlak ýüzi,

gijäniň tümlügi ýaly gara donunyň içinde,

Gijäni umma gaçyrýan, täze dogan gün ýalydyr.

Onuň halaýany din, ýigrenýäni küpürlik,

Takwalary jemleseň, başynda şu durar,

Ýa-da «Ýer ýüzünde iň ýagşy kim?» diýip soralsa,

Şu diýerler.

Alla ony sylady, Alla ony goldady,

Ýazgyt ýazan galamy belki şeýle diýendir.

Gözbaşyny Pygamberden alyp gaýdýan çeşme bu,

Hulky, görki, tebigaty iň ýagşy adamdyr.

Hak bendesiniň ýanynda göz-gaşyny çytmaýar.

Ilki söze başlanda hem-de soňlanda,

Alladan soň adamlar ilki şuny ýatlaýar» diýipdir. Hişam Ferezdege garap: «A sen bizden hiç haçan serpaý almadyňmy?» diýipdir. Aly ýerinden turup: «Eý, Ferezdek, sylagyňa näçe diýýäň?» diýende, ol «Ýigrimi müň dirhem» diýipdir. Aly: «Saňa kyrk müň dirhem berýärin» diýende, ol «Pygamber neslini öwenim üçin sylag almaýaryn» diýipdir. Onda Aly: «Biz hem beren sözümizi yzyna alamzok» diýipdir. Soňra ýanyna baryp, emr eden zadyny gowşurypdyr.

679. Aly ibn Jehmden*:

«Eý, Ahmediň nesli, beýiklik üçin Allanyň kitabyndan başga zady isleýäňizmi? Allanyň «Akylly adamlara boýun egiň» diýeni ýeterlik dälmi? Pygamber alaýhyssalam adamlara öz garyndaşlaryny söýmegi ündedi, başga sylag hantama bolmady. Kim jemgyýetde öz ornuny tapmaýan bolsa, onuň orny biabraýlyk bilen gözden düşmegiň arasyndadyr».

680. Ferezdekden*:

«Meniň döwrümde, Zülkarneýn, siziň gylyjyňyz boldy.

Patrik[1]adamlaryň täjiniň sellesine öwrüldi.

Olaryň akyllylygy maňlaýynda ýazylgydyr,

Egergitmedik bolsa, müşk saçynyň üstündedir».

681. Abu Temmam Taýydan*:

«Alla beýikdir, bize bir beýik geldi,

Onuň barlygynda aň-hyýal haýran boldy.

Ol ganhorlugy Watandan aýyrdy,

Ol aýyrmak üçin kän jepa gördi.

Ýetimlere ata bolup, hossar çykdy,

Biz ýetimlere hem gülüp bakdy.

Günälerden daşlaşýar, Hakdan çekinýär,

Muňa uýup, il-gün hem bet işden çekilýär».

682. Muhammet ibn Zyýat Harysydan*:

«Ol gabahat işlere gatylmaýar, güň ýaly çemeleşýär, paýyş sözleri eşitse, ker ýaly garaýar. Bihaýa we binamys bilen adamlara duşan çaglary hem, göýä bir syrkaw, haly teň kişi ýaly, olar bilen weji bolman gezip ýör. Eger üstüne sürnüp, dalajak bolsalar welin, eýmenç ýolbarslar ýaly atylyp turar. Olarda gaýrat güýji we pespällik ähli gylykdan rüstemdir».

683. Hüseýin ibn Mutaýr Esediden*:

«Ol öz gününi adamlar üçin ikä böldi: Bir gün şumluk güni, beýlekisi—nygmat güni.

Açyk güni aýasyndan ýagyş dek ýardam dökülýär. Tutuk güni goşaryndan gan damyp dur. Eger sahylyk elin ýer ýüzüne açanda, onda zeminde garyp-biçäre galmazdy. Eger gyňyr gylyjyn ýer ýüzüne çalanda, onda zeminde jenaýatkär bolmazdy».

684. Dygbyldan*:

«Egerde adamlar haýsydyr bir artykmaçlygy bilen günüň depesinde oturýan bolsa, onda adamlar öz abraýy we sahawaty bilen oturardylar. Atalar ogullary üçin kesgir gylyç ýalydyr, şonuň üçin ogullary hem olara kybap, ýagşy bolup ýetişýär. Bu kowum şeýledir: Asuda gezseler adam, haýbat atylsa jyna meňzeşdir».

685. Ýene-de şeýle diýdi*:

«Olardan şöhle sorasaň, ýagtyldar, olar beýik hormata laýykdyr.

Egeröwgiler asmana ýeten bolsa, onda asmanyň özi hem bulary sylamaga geler».

686. Nabyga Zübýanynyň Abu Kabus Nugman hakda aýdany*:

«Duýaňokmy, Hudaý saňa gaýrat beripdir,

Özge şalar seni görse sandyraberýär.

Sen güneşsiň, özge şalar ýyldyzdyr,

Gün dogansoň, ýyldyzlar gözden ýitýär».

687. Ahwasdan*:

«Bir hajat bilen, sanaman sarp edýän sahynyň ýanyna bardym. Ol barmagyndaky göwher ýüzügini gysganjaklardan däldi. Oňa salam berdim, haçanda onuň güler ýüzüni we öňümde süýji söz bilen egilmesini göremde, meniň ähli mätäçligim, ýatdan çykdy.

Onuň garaýşy maňa ýarady. Bulanyk suwuň durlanyşy ýaly, hoşboý ysyň ýaýraýşy ýaly arassa boldy. Munuň güler ýüzüniň özi nygmatdy. Men ony taryplardan ejizdim, şonuň üçin hem «Mertebäň gözüm üstüne, seniň waspyňy ýetirerden asgyndyryn. Ony diňe Feth ibn Hakan başarýandyr» diýdim.

688. Hansadan*: «Ynsanyň eli nähili belentlige, abraýa ýetenem bolsa, onuň şöhraty seniňkiden beýik däldir. Adamlar şan-şöhraty söz bilen taryp ederler, ýöne barybir seniň şöhratyň ezizdir».

689. Merwan ibn Abu Hafsadan*:

«Matar taýpasy howsalaly gün, süreninde çagasy bolan ýolbars ýalydyr. Olar jebri-jepadan goraýarlar. Jahylyýet döwründe baş boluşlary ýaly, gaýly günde ýaşulular baş bolýandyr. Olar diýse duçar bolýan, dilese kabul bolýan, bereni göwnüňe ýaraýan we bol eçilýän adamlardyr. Hiç kim olaryň edýän işini başaryp bilmez. Kyn günüňde ýardam berip, kemsiz-köstsüz goldarlar».

690. Müslim ibn Welitden*: «Onuň iki gözi bar. Biri beýikler üçin açyk, beýlekisi bolsa, gyňyr goňşysyny görmezlik üçin ýumuk. Onuň gylygy ýagşylaryň ýanynda beýik, haramzadalaryň ýanynda pes saýylýar. Puluň azalsa, onuň açyk ýüzünden delalat tapýarsyň, mätäç bolanyňda, sahawatly aýasyndan şepagat tapýarsyň».

691. Dygbyldan*:

«Baýlyk isläp elim bilen elini gysdym,

Elinden sahylyk ýokuşýandygyny bilemokdym.

Gaýtdym. Soň sahylykda Hatama meňzedim,

Berenlerini ýitirdim, özümde baryny sowdum.

Ne men baýlardan bähbit tapan adam boldum,

Alan peýdam, maňa [sahylyk] ýokuşdyrdylar,

Şeýdibem özümdäki bar zady sowdum».

692. Buhturydan*:

«Men halypa, ol hem maňa gadyrly,

Ol maňa köp haýyr-yhsanyn etdi.

Eli meniň aýalarymy doldursa,

Sahylygy gysgançlygymy giderdi,

Ýöne ýene meni biçäre etdi.

Baýadyşy ýaly, garyp düşürdi.

Onuň ýagşylygyndan gowusyn etdim,

Ugradan ýerinde jomartlyk ýolun tutdum.

Sarp edilen zadyň öwezine zat gelýändigini bilemsoň,

Maňa beren zatlaryny, gysganman özüne berdim».

693. Abu Dulefden*: «Jomart adam az eçilmegi ar biler. Mätäji maksadyna ýetirýänçä mal berer. Puluny ýagşy zada sarp edip, haýyr görensoň, özünden umyt edip gelýän ähli adama ýardam berer»

694. Dureýt ibn Symmadan*:

«Iýmiti taýyn bolsa-da, köp bolsa-da,

Sen ony garny aç bende saýarsyň.

Sal-sal geýim bilen ýola düşer ol,

Egeraçlyk degse, garyplyk onuň iýmiti bolar,

Elindäki ähli zadyny sowup paýlap gutarar».

695. Başga biriniň Magn ibn Zaýyda hakda aýdany*:

«Tä özüme gelýänçäm, eçildiň sen gysganman,

Şeýle bir bol berdiň welin,

Oýnaýansyň öýtdüm.

Sen ýardamyň özüsiň hem ýardamyň oglusyň,

Sen ýardamyň doganysyň, ýaranysyň, dostusyň,

Ile ýardam etmekden özge ýoly tutan dälsiň».

696. Ibn Dumeýneden*:

«Sahylyk mertebesine ýetjek bolsaň,

Abu Bahtarynyňky ýaly gözel iş görkez.

Hyjazda onuň dostlary yzyna eýerdi,

Ol bolsa garyp-baýyň ählisini gurply etdi».

697. Abu Bahtary diýilýän bu adam örän ylymly, sahawat we hormat babatda meşhurlyga ýeten adamdyr.

Abu Ýusup Kazydan eşiden bir habaryma görä, jöwzaly günleriň birinde, Reşit öz hyzmatkäriniň eline sowuk suwly meşigi tutduryp, Abu Bahtarynyň ýanyna ugradypdyr. Baransoň oňa: «Bu sowuk suw, men gyzyp gelen adam. Seni özümden hormatly saýamsoň, şu suwy sen iç» diýmegi tabşyrypdyr. Ol aýdyşy ýaly ýerine ýetiripdir. Abu Bahtary öz guluna bakyp: «Möminleriň emiriniň hyzmatkärine ýanyňdaky puldan iki müň dinar ber» diýipdir. Ol hem nagt sanap, eline gowşurypdyr.

Reşit bu wakany eşidip, Abu Bahtaryny ýanyna çagyrypdyr. Ol gelensoň: «Ýeri, Abu Bahtary, beýle bisarpalyk nämä gerek boldy? Saňa bir owurt suw elten gula iki müň dinar pul berýärmiň?» diýipdir.

Abu Bahtary: «Eý, möminleriň emiri, şol suw üçin meni özüňden, eziz ogluňdan, has dogrusy, maşgalaňdan hormatly saýaňsoň, ony getiren wekiliňe iki müň dinar bermäýinmi?! Walla, ýanymda ondan köp pul bolan bolsady, olary hem bererdim» diýipdir. Reşit oňa on müň dinar bermekligi buýrupdyr.

698. Käbir araplardan*:

«Haşym kowumyndan serdar ýetişdi,

Nesil-neberesi öwgüli hem päk.

Asylly daragt, köki sahawat jülgesinde,

Şahalary bolsa asmana ýetip dur».

699. Muhammet ibn Sewrden*:

«Olaryň hemmesine ýagşylyk etmese-de.

Adamlaryň köpüsi Halydy öwüp otyr,

Duşmanyna zelel berip,

pälinden gaýtaran ýigit,

Dostlaryna bähbidin, kömegin gaýgyrmady.

«Ahlagy we tebigaty ýagşy bolan ýigidi,

Il-ulusy ony öwmän, saklanyp bilmez» diýdi».

700. Başga birinden*:

«Baýlygyn sarp eden adamlar, onuň deregine alkyş-abraý aldylar. Dünýäniň heläk edýändigini görenlerinde, nebislerini oňa maýyl etmekden sowup, ötegçi biri ýaly bolup galdylar».

701. Ata ibn Musa Zyýadynyň Rabyg ibn Abdylla hakda aýdany*:

«Ýagşylyk serpaýyn ýapsaň,

Seniň peşgeşiň ärler üçin zynatdyr,

Her serpaý adama bezegem däldir.

Özüň isläp berýäň, iliň hajatyn,

Munuň üçin ýüz saraltmak geregem däldir».

702. Başga birinden*:

«Patyşanyň ýardamyndan ýapyşýan,

Otuň ýagyş damjasyna mäkäm ýapyşyşy ýaly.

Eý, Patyşam, ýene näçe nygmatyň bar,

Döwürden döwre kösenmän galar ýaly».

703. Aly ibn Jebeläniň aýdany: «Abu Dulef Yjlynyň ýanynda otyrkam, bir çarwa arap gapydan girdi. Ol: «Emiriň işi oňuna bolsun, seniň ýanyňa iki setir goşgy bilen öwmäge geldim. Onuň deregine bolsa senden ebedilik hazyna isleýärin» diýdi. Abu Dulef ondan goşgyny aýtmagy soranda, ol*:

«Eý, Abu Dulef, sahylyk bir gün özüniň harlygyndan Hudaýa nalyş etdi. Hudaý bolsa oňa Kasymyň dogulýandygyny buşlady we Jebraýyl perişdä emr edip, ony seniň üstüň bilen beýgeltmegi buýurdy» diýdi. Abu Dulef oňa on müň dirhem berdi.

704. Çarwa arabyň biri başga birini öwüp, şeýle diýipdir: «Dosty bilen gatnaşardy, baryny gysganmazdy, söze wepa bermek borjudy. Özüni sylana hormat ederdi».

705. Hyrmazynyň aýdany: «Bir ýyl Reşit haja baranda, ýanynda iki sany gyzy bolan çarwa arabyň biri, oňa pete-pet gabat gelipdir. Ol gyzlaryny gujagyna alyp: «Möminleriň emirinden haýyş ediň» diýipdir. Arabyň uly gyzy Reşide bakyp*:

«Möminleriň emiri, biziň halymyz şeýle,

Biz bir garyp-biçäre, atamyz ýoksul galan.

Betbagtlyk bize zyýan ýetirdi,

Külbämize garyplyk saldy talaň» diýipdir.

Soňra ikinji gyzy*:

«Möminleriň emiri, biziň halymyz şeýle,

Ýüzümiz şepbigiň reňki ýaly gara.

Möminleriň emiri, biziň garnymyz aç,

Niçe hepde el urmadyk nahara» diýipdir.

Reşit bularyň sözüni eşidip, hamsygypdyr.

Olary geýindiripdir, ýanyna barypdyr. Her ýylda haja gelmäge hem hemaýat beripdir».

706. Ýanynda aýaly we gyzlary bolan çarwa arap Omar ibn Hattabyň huzuryna gelipdir we*:

«Eý, iň ýagşy Omar, sylagyň jennet,

Çagalarymy we enelerini geýindir.

Eý, Abu Hafs, sen bir zady bilýärsiň,

Kyýamat gün bu haýyş üçin halymdan soralarsyň,

Edenýagşylyklaryň galkan bolar,

Dilegçi hem olaryň arasynda durar,

Jaýyň jennet ýa-da dowzah bolar» diýipdir.

Omar muny eşidip gözýaş döküpdir, tä sakgaly ezilýänçä aglapdyr. Olary geýindiripdir we islän zatlaryny beripdir.

707. Utbynyň aýdany: «Çarwa arap birini öwende şeýle diýipdir: «Eger sen oňa mätäç bolsaň, ol hem saňa mydama mätäç ýaly, ýylgyryp bakar. Göwnüne degseň, özi günäli ýaly ötünç sorar. Saňa onuň kömegi zerur bolsa, hamana öň ýamanlyk eden ýaly müýnli bolup, uly ýagşylyk eder».

708. Abul Eswet Hadramydan*:

«Eger adamlar özleriniň haý-höwesini bularyň bosagasyna tarap öwürse, ol ýerdäkileriň pikiri, umyt edip ýa-da sorap gelene gönüger. Sahawatynyň bollugyndan ýaňa, onuň donlary hem tasdan süýji tagama öwrülipdi».

709. Buhturynyň Muhammet ibn Salyh Haşymy hakda aýdany*:

«Ýaşlygyň güllän wagtynda, ýitiren köp zatlaryňa akyl ýetirýärsiň. Sahylyk bilen ile özüňi aldyraňsoň, saňa «sägin» diýilmez. Iş bitirseň, «berekellasy» boş goýulmaz».

710. Muberritden*:

«Nygmat berýär. Ony sowýan. Deregine berýär ýene,

Berýän nygmatlary bilen, görkezmeýär garyp haly.

Beren zadyn harç edýärin, sowa-sowa garrap gitdim.

Ýöne onuň şan-şöhraty ýaşajyk ýigit ýaly».

711. Käbir şahyrlardan*:

«Onuň kömegi we sahawaty meniň

hoşallygymy ýadatdy,

Her gezek şükür edýän welin,

Ýene nygmatymy artdyrdy».

712. Kuzagaly Salamanyň kömekçisi Şükranyň aýdany*:

«Kaýsyň mätäç kömekçisi bolsamam,

Meniň hiç adama dirhem bergim ýok.

Ýöne men ähli kuzagalynyň kömekçisi,

Algy-bergini hem pikir edemok.

Bular meniň ilim, Alla bulara,

Ýalkaw bersin kiçisine-ulsuna.

Saklansa-da, eçilse-de elmydam

Bereket inderip dursun üstüne».

713. Abu Temmamyň aýdany*:

«Eý, mülküň eýesi, mülk mirasgäri! Sur sesine ýygnalýança, mülküň seniň adyňadyr. Ýerdäki ähli zatlaryň, hatda Mamunyň mülküniň hem, günüň we aýyň şöhlesini saklamaga haky hem ýokdur, gaýraty hem ýokdur».

714. Eşjeg Suleminiň Ýahýa ibn Halyt Bermeki hakda aýdany*:

«Abu Alynyň wepaty ähli adamlara agram salyp, olary mejalsyz goýdy. Eger rehimli Hudaý bizi döwrüň bela-beterinden we ygtyýar berlen ajaldan gorasa, Abu Alynyň ýagşylygy ýer ilatynyň ählisine ýagşylyk bolup ýaýylardy. Eger ölüm ýalňyşyp ony almasady, biz ajalyň kime gelip-gidenine ähmiýet hem bermezdik».

715. Abu Japar Mansuryň aýdany: «Merwan ibn Muhammediň häkimlik eden döwründe, Şama tarap ýola düşdüm. Ýolda öňümden bir batyl adam çykyp, maňa ýoldaş boldy. Men ondan näme maksat bilen ýola çykanlygyny soramda, ol Merwany şygyr bilen öwmek isleýändigini aýtdy. Men şol goşgyny aýdyp bermegi ondan haýyş etdim. Ol şeýle diýdi*:

«Ynsanyň şerinden gorksam-da,

Müşk ysynyň ýaýrandygyny bir bilsedim.

Omeýýa ogullary ýitensoň,

Abdy Şemsiň akylly serwerleri gidensoň,

Hatyplar münbere çykyp, arslana döndi,

Oýlanman aýdylan söze aýyp etmediler,

Deger-degmez aýtdylar, hakykata bürenmedi,

Ýagşylary, mylaýymlygy gutardy,

Ýüzleri ýylmanak dinara döndi».

Ol şeýle diýensoň, kör adam meniň kimligimi bilendir öýdüp, gorka gaplandym. Soň men ondan aýrylyşdym. Ykbal nesibesi halypalygy meniň elime gowşuranda, bir gezek haja ugradym. Zerut dagynyň eteginde atdan inip, ýöräp ugradym. Birden hem gözüme kör adam kaklyşdy. Ýanymdaky oglanlary şol ýerde goýup, batylyň ýanyna gaýtdym. Oňa ýakyn gelemsoň: «Meni tanaýaňmy?» diýip soradym. Batyl pahyr: «Ýok» diýip, jogap berdi. Men oňa ýüzlenip: «Men Merwanyň döwründe Şama barýarkaň ýoldaş bolan adamyň» diýdim. Ol uludan dem alyp, ah çekdi-de şeýle diýdi*:

«Omeýýa ogullarynyň aýallary galdy,

Gyzlary uly heläkçilik bilen ýetim boldy.

Uka batdy bagt güneşi, ýyldyzy süýndi gitdi,

Bagtlylyk asmanyndan ýyldyzlary döküldi,

Ýatyp galdy ähli bagty.

Salamatlyk dolanýança, olaryň ähli tagty,

Hem-de münen münberleri boşap galdy».

Men ondan Merwany öwenligi üçin näçe berendigini soradym. Ol «Üstümde Hudaý bar, ol özünden soňra hiç kimden soramaz ýaly derejede peşgeş berdi. Indi ile mätäçligim ýok» diýdi.

Ilki oňa gaharym gelip, öldüreýin hem diýdim. Ýöne bile ýola çykandygymyz we ýoldaşlyk hatyrasy üçin, bu pälimden el çekdim. Ol menden uzaklaşdy, soňra çala gözüme kaklyşdy. Birden men ukudan açylan ýaly bolup, ony tapmaklaryny buýurdym. Ýöne ol uç-gyraksyz çöle siňen ýalydy...» .

716. Käbir çarwa araplaryň guly Muhammet ibn Zyýadyň ýanyna gelip*:

«Agşam bilen aladaňdan ýanyma gelip, öwrenişen açlyk! Indi golaýyma gelme we ornuňy üýtget! Sebäbi men Muhammet ibn Zyýadyň goňşusy boldum» diýipdir.

Muhammet ibn Zyýat bu guly eýesinden satyn alyp, ony erkinlige goýberipdir.

717. Apbat ibn Hanaşdan*:

«Nikabyny çekeli bäri, Kabysa ibn Huraýs,

Nägile bolup bir zatdan, ýatyp bilenok gijeler.

Owadan gözli bir gözel,

Tagna salypdyr gapdaldan,

Ol gyz garaňky gijäniň,

Lowlap ýanýan ody deýin.

Kabysa ubn Huraýsa,

Geýdiripdir otly geýim.

Ne naharyň duzun dadýar,

Ne-de bir zat iýip-içýär.

Ine, şöhratly soltanyň,

Her bir güni şeýdip geçýär».

718. Ahtaldan: «Eger mylaýym adamyň gözleri gyýtak garaýan bolsa, onda onuň bilen jebir edijiniň haýbaty deňdir».

719. Buhturydan*:

«Ýagşylygyna ynandym, bil baglap merhemetine,

Entek elim sermesemde, berdi özi dilemänkäm,

Gylyç gynyndan çykmanka, sabyr et dost ezýetine,

Ýardam gözýetiminde göründiň sen Abu Hasan.

Bize sahawat etdiň, umytlarymyz köpdi,

Sahawatyň saýasynda, bary rahatlyk tapdy».

720. Jerirden*: «Ol öňki-soňky adamlaryň serweridir. Nesil-neberesinde hem-de öň maňlaýynda, «Arktur» hem-de «Kiçi ýedigen» ýyldyzlaryndan gaýyp düşen ýalkym bar».

721. Halef ibn Halypanyň goşgusy*:

«Beýik kowmy taryp etmek her kese mertebedir,

Göwün oňlar, öwgüsini soňlamaz.

Seret, alyslardan Şeýban nesliniň,

Beýikligi ýakyn ýaly görünýär.

Söweş güni gylyçlarnyň uçlary

Ýiteldilen päki ýaly ýalpyldar.

Sürünip gelende duşman leşgeri,

Hemle bilen haýbat atsa şalary.

Ýa howp-hatar dökülende sil kimin,

Ýatladyp dur bular sarsmaz daglary.

Hoş günde beýikdir ömrüň bahasy,

Gaýly günde gymmat düşmez jan almak.

Hatar-gorky sandyratsa süňňümiz,

Pentdir, olaň penasyna gabalmak.

Ähtde durmak lazym bolar bar kärden.

Däli derýa bolup, sürünse Kaýs,

Möwçli deňiz bolup, ýol alar bärden».

722. Ruba ibn Ajjajyň aýdany:

«Welit ibn Abdylmälik kakama bakyp: «Eý, Ajjaj, öwmäni oňarýaň, ýaňsylamany nädýäň?» diýdi. Kakam: «Eý, möminleriň emiri, öwgi dikeltmek, ýaňsylama ýumurmakdyr. Ýumurmagy her bir kişi oňarar, ýöne her bir adam dikeltmegiň hötdesinden gelmez» diýdi. Welit: «Şonda-da, näme üçin ili ýaňsylaňok?» diýdi. Kakam: «Eý, möminleriň emiri, ýaňsylamadan özümi beýik tutýaryn» diýip, jogap berdi».

723. Ahmet ibn Abu Tahyrdan*:

«Onuň ýaýlasyna barsaň, sahawatyna duşarsyň. Açyk eli seni nygmat ýagmyryndan gandyrar. Onuň gylygy—sahylyk, sözleri «bolýar» diýmekdir. Ol «bolýar» diýen sözi bilen, seni bagta-eşrete ýetirer. Diňe göz üçin işlejek bolsalar, «ýok» diýer we ol sözi diline almaz».

724. Dawut ibn Razynyň Japaryň enesi Zübeýda hakda aýdany*:

«Bir gün howa oňat, bir gün ýagyşly,

Bu ýeri bag-bossan, batgalyk beýle.

Japaryň enesini razy etmeklik,

Jennetiň içine ugramak seýle.

Gargyşyna galmak — dowzaha düşmek,

Guldyrys, biz onuň sahawatyna.

Mätäçdiris rehim-şepagatyna».

Zübeýda oňa ýüz müň dirhem bermeklerini buýrupdyr.

725. Abul Jenubyň Zübeýda hakda aýdany*: «Japaryň akylly aýaly, gör sen niçiksi sahawat-ýardam perzendini dogurdyň. Halypatyň nuruny synlaýanlar üçin, bu nur öň Muhammediň maňlaýynda hem görnüpdi. Kasam kabul edilse-de, edilmese-de, onuň halypalyk mertebesine laýykdygyna gözüm ýetip dur».

726. Beşşar ibn Burtdan*: «Ibn Selmiň bar pikiri sahawat, serpaý ýapmak, ili garşylamakdyr. Guşlar hem diňe däne dökülen ýere gonýar, sahylaryň düşlän ýerinde agşamlyk edinýär. Olar sylag-serpaý ýa-da buýsanç üçin berenok. Olar ile serpaý ýapmakdan lezzet alýar».



[1]Patrik — patriarh, hristian ruhanysy.