39-njy bölüm: Buýsanç.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 39-njy bölüm: Buýsanç.

Arap hökümdarlary we şan-şöhrata beslenen akylly, abraýly adamlary, özlerini şygyr we suhangöýlik bilen wasp edipdirler. Şeýle aýdanyňda gelişmeýän sözleri, goşgy setirlerine salyp, özleriniň buýsanjyny, namys päkligini öwüp, arşa çykarypdyrlar. Olaryň beýle öwgülerini göreniňde, şeýle häsiýetleriň köpüsi olarda bolandyr öýtmeýärsiň. Olar muny özleriniň yzynda ýagşy ýatlamalaryň galmagy, gözel işleriniň indiki nesillere ýatlatma,nusga bolmagy, özünden soňky kowumlaryň şeýle gözel ahlaga eýerip, adamkärçilik mertebesine gowuşmagy, bu zatlardan edep-terbiýe, öwüt-ündew alanlaryň il öňüne düşüp, halk aladasyny etmegi üçin ýazandyrlar. Belki-de, özleriniň mertebelerini we söweşdäki ýagdaýlaryny ýatlap, özleriniň öwülmegi, nesilleriniň batyrlyk ruhy bilen galkynmagy we duşmanlaryny gorkuzyp, howsala salmagy üçin ýazylandyr.

Şahyrlaryň diwanlarynda goşgy düzmegiň täze-täsin ýollary oýlanyp tapylypdyr. Olar munuň üçin ummasyz serpaýa mynasyp bolupdyrlar. Ajaýyp goşgulary bilen belent mertebeleri we wezipeleri gazanypdyrlar.

Pygamberleriň, mursallaryň sözüni ýaňsylap, tankyt edýänleri ýazgarypdyrlar. Halypalaryň, patyşalaryň, serkerdeleriň we emirleriň atlaryny ýatlap, olaryň üstünden gülmek hem halanylmandyr. Ýene-de «Bagty ýatan», «Eneň gara bagtyna», «Eneň dogry bilýär» diýen ýaly sözleri goşgy setirlerinde peýdalanmak gelşiksiz, has dogrusy gödek saýylypdyr.

Soňra olaryň biri patyşanyň mejlisinde oturyp, onuň wezirine ýa-da ýakyn adamlaryna goşgy bilen söz oklap oturypdyr. Olardan peşgeş alypdyr. Olarda ýok zady agzap, wasp edipdir. Äsgermezlik etmekden we Hudaýyň kesgitlän çäginden çykmakdan saklanypdyrlar.

727. Buýsançly goşgularyň içinde Amr ibn Gülsüm Taglybynyň kasydasy has meşhurdyr*:

«Eý, Amr ibn Hint,

Bize ýamanlyk etmäge howlukma,

Saňahabar bereli, hakyky mertebämiz.

Biz uruşgan kowumdyrys,

Göterip gidýäris ak baýdak,

Duşmanyň ganyna boýap,

Gyzyl baýdakly dolanýarys.

Sen nämüçin gepçileriň sözlerine gulak asyp,

Biziň üstümizden gülýäň, ýaňsylaýarsyň dynman.

Sen bizi ýumuryp, ýok edäýjeksiň,

Garaş, sözümi diňle, howlukma entek.

Biz abraýly kowumyň serkerdeleri,

Eneň satyn alan guly däldiris.

Biziň buýsanjymyzy ähli taýpalar bilýär,

Mümkin boldugyça geçirimlilik edýäris,

Halys jeň etmek isleýäni we garşymyza

çykýany jezalandyrýarys.

Islänimize hemaýat berýäris,

Islän ýerimizde düşleýäris,

Suwuň başyny ilki biz eýeleýäris,

Durusyny içýäris, läbigini size goýýarys.

Dünýä we ondaky ähli zatlar biziň mülkümizdir,

Islän kişimize hüjüm edýäris,

Hiç kim biziň garşymyza milt etmez,

Çagalarymyz süýtden aýrylan wagty,

Beýik şalar gelip, sežde ederler.

Ýer ýüzi dar görüner, bizden doludyr,

Deňizleri gämi bilen doldurýanlar hem bizdiris».

728. Hatam Taýydan*:

«Ýagşy ahlaga ýetemsoň,

Paýlamsoň hazyna-mülküm,

Haýsy möhüm işe çagyrylsam,

«Kim çagyrýar?» diýip, jogap berdim.

Özümiň kemsidilen adamdygymy bilemsoň,

Mertebäni baýlyk bilen satyn aldym.

Nebsimiň sahawatyny sahylyga çagyrdym,

Geldi, tabyn boldy, hem diýdi «Lepbeý».

Soňra iki, üçi—gelip hemmesi

«Lepbeý tagsyr» diýdi, baran ýerlerim hem meniň öňümde dyza çökdi».

729. Ýene şeýle diýdi*:

«Aýamy birnäçe gezek, doldurdym dünýä mülkünden,

Meniň tygşytlan zadymdan, tama etmedi ýazgarýan.

Maňa baýlygyň zekaty, wajyp boldumy owaldan,

Heý sahy-jomart adama zekat düşýärmi, gadyrdan».

730. Ýene şondan*:

«Baýlyk geler-gider, diňe yzynda,

Gep, gürrüň, söz hem-de ýatlama galar.

Egerbir gün sorap gelse dilegçi,

«Baýlygymdan galdy diýsem azajyk.

Gursagy daralyp, alanda soňky demin,

Ýigidi baýlyk halas edip bilmez ölümden.

Adamlar bilýändir,

Eger Hatam baýlyk islän bolsa,

Onuň eline bol-bol nygmat mülki gelendir.

Meniň dostlarym bar bolup, onuň dostlaryny pelek äkidenem bolsa,

Men dilegçilere hergiz sögmerin».

731. Aly ibn Jehmden*:

«Ilimiň ýagdaýyn bilmeýän bolsaň,

Sora Pygamberlik nirede diýip,

Kesgir takdyr-kaza hem-de beýiklik

Gursagy ýalpyldap görüner daşdan,

Solup barýan ot-çöpleriň içinden.

Münberler hem şygyr okalan ýerler,

Sapa dagy, Käbäň sütünlerini,

Hem görmegeý Beýtulheremi sora,

Boýunlaryn egen patyşalar hany,

Howpsuz gezip ýörendir mal sürüleri,

Ilimiň ýagdaýyn soraýan bolsaň,

Onuň akylly hem dana ilinden,

Batyllaryň gözi röwşenlik tapar.

Bularyň etjegini bilenok hiç kim».

732. Musgap taýpasyndan bolan käbir adamlaryň aýdany*:

«Howpy bolmadyk adam, döwrüň tersine gitmez. Göreňokmy, deňiz tolkunlary maslygy ýokary zyňar, dür daşlar deňziň çuň ýerinde karar tapar. Asmanda san-sajaksyz ýyldyz bardyr welin, diňe aý bilen günüň öňi tutular. Ýer ýüzünde gör näçe gök ýaprakly daragt bar, ýöne diňe miweli agaja kesek atylar».

733. Abu Hiffanyň goşgusy. Bu setirler Abu Temmama degişli hem diýilýär*: «Meniň ähli eşigime bir şaýylyk baha kesseň, şol şaýy oňa köp bolar. Eger şeýdip mertebäm ölçelse, ähli adamlar menden beýik we hatyraly bolar».

734. Ýene şeýle diýdi*: «Eşigimiň bahasy bir şaýy bolmasa-da, onuň içinde adamzat bahasyn ýetmejek janym bar. Seniň nurly eşigiň içinde tüm garaňky gije bar. Meniň garaňky eşigimiň içinde bolsa, lowurdap duran gün bar».

735. Tyrrymmah ibn Hekimden*: «Ol meni çyndan söýüpdir. Men bolsa peýdasy ýok her kişini ýigrenýärin. Haramzadalara ýakynlaşyp, işi şowlan ýokdur. Ýagşy ahlakly biri olar bilen tirkeşse, sen ony hem şolardan hasap edersiň».

736. Ýene şeýle diýdi*:

«Biziňki ýaly ýagşy kowmy bolanlary görmedim,

Olaryň minneti biziň buýsanjymyzdan azdyr.

Bize bir söz diýene, oklasak öz sözümiz,

Buýsanýar muňa çyndan, biziň ulularymyz.

Ýer ýüzünde bize laýyk geljek ýekeje köşk ýok,

Çünki, asman ýagmyrynyň beýik perzentleri biz».

737. Abdyleziz ibn Zeraradan*: «Bolmasa, özümi seniň bilmeýän abraýly kowumyňa baglaryn. Bolmasa, özümi sahy görkezerin. Çünki, men tümlükde iýmit bermekden ýüz öwremok. Bolmasa, batyrlar neslinden borun, çünki gylyç oýnatmany ýaman göremok».

738. Jez ibn Zyrardan*:

«Beýik zatlar hakda gürrüň etmekligiň özi ajaýyp. Döwran çalyşmadyk bolsa, olar bizden mertebelidi. Indi bolsa garyplary baý görünýär. Baýlary bolsa, dilegçileriň elindäki çygjaran kagyza döndi. Pahyryna söz ýöremedi, söz ýöreýäni pahyr boldy. Eger bela-beter iliň ahlagyny bulandyrsa, bular belent häsiýetlere duwlanyp, öz ahlaklaryny päklärler, gözel ederler. Olardan ýagşylyk alan adamyň özi, soňlugy bilen abraýly bolup galar».

739. Hassan ibn Sabytdan*:

«Guşlukda lowurdap duran gözümiz bar,

Gan damyp dur kömekçi gylyjymyzdan.

Anka taýpasy we Ibn Muharryk bizdendir,

Daýy tarapdanam, ogul tarapdanam biz nähili mertebeli.

Ýagşylyk saçýan dilimiz paýyş sözleri diýmekden ýüz öwürdi,

Gürlesek, biz diňe hakykaty sözleýäris,

Ýol söküp gelen adamy myhman alýarys,

Ýag bilen hezzetleýäris,

Ol bu ýerde sag-salamat gijesini geçirýär.

Arassa niýetimizden soýup berýäs geçini,

Ajy sogan, selmäni oňa hödür etmeýäris ».

740. Imrul-Kaýsdan*:

«Özümizem, aslymyzam päk ahlakly bolsak-da,

Hiç haçan aslymyza bil baglap, öwünmeýäris.

Atalarmyz näme eden bolsa, şeýle edýäris,

Näme guran bolsa, şony hem gurýarys».

741. Dygbyl ibn Aly Huzagynyň sözleri*: «Men «Puly köp saçýaň» diýip, özüme igenýänleri halaýaryn. Sebäbi, meniň jomartlygym şolary artdyrýar. Olar: «Malyňy bisarpa sowýarsyň» diýip igenýärler. Baýlygyňy ýagşy ýerde pida edip bilmek hem salyh amallaryň birirdir».

742. Käbir araplardan*:

«Golaýmyza bedew gelse, seredip duramzok,

Myhman gelse çytamzok gaşymyzy, gözümizi.

Biz olary ilki bilen güler ýüzli garşylaýarys,

Soňra bolsa getirýäris nygmatymyz-nazymyz.

Ýüzüm-gözüm gülüp garar, hem tiz geler hezzetim,

Myhmany tiz hezzetlemek, işleriň ýagşysydyr».

743. Başga biriniň goşgusy*: «Men bir elinde dirhemi durmaýan, ýollara we illere seçeleýän ýigit. Men bilşime görä hakykata tarapdar bolýaryn. Husytlar bolsa baýlygyny ne özüne dözýärler, ne hakykata arka durýarlar»

744. Hatam ibn Abdylla Taýydan*:

«Jomartlyk niýetin oňlamaz bir kes,

Bir Alla hakydyr, eçilen zadym.

Baýlyk bilen baky galan husyt ýok,

Eşitmersiň, hor galanyn jomardyň.

Elimde baryny berýän mätäje,

Goý, gaýtadan gelsin, ýok maňa parhy.

Sahy göwünligi isrip saýmagyn,

Ýa almak islämzok, at bilen arşy.

Isrip saýylmaýar eli açyklyk,

Ýa muny seçemok, almaga şöhrat.

Husyt özüne dözmäge gysganar,

Nirä baryp düşse, eçiler jomart».

745. Tahyr ibn Hüseýinden*:

«Ýaşajyk gözel gyzyň gyzyl güllerden başyna täç ýa-da boýnuna monjuk ýasamaga höwes edişi ýaly, biz, ýigitler gylyç oýnatmaga höwes edýäris. Bize meýilli bolan, gylyjynyň zoruna daýanyp ýaşar. Adamlara mätäç bolan, olara dileg etmeli bolar».

746. Abu Taýýyp Mütenepbiden*: «Men kowmum bilen buýsanmadym, ol meniň bilen buýsandy. Men özüme buýsandym, ata-babalarymyň abraýyna bukulyp gezjek bolmadym. Men hemaýata dost, duşmanlara zäher, göriplere gazapdyryn. Men Hudaýyň ýola salmak isleýän kowumynyň içinde, edil Semut halkyndaky Salyh pygamber ýaly ýekedirin».

747. Ol ýene-de şeýle diýdi*: «Gysyp çykarmasalar, jülgäniň gaýasy ýaly, dillensem özümi edil sakar owlajyk ýaly duýýaryn. Kemakyl adamdan gizlensem, bagyşlaň, sebäbi, kör göz meni barybir görmez».

748. Ýene şeýle diýdi*: «Jahylyýet döwründäki ähli kişi meniň şygrymy diňlän däldir. Olar meniň sözlerimde Babyl jadysynyň bardygyny bilýän däldirler. Eger seniň ýanyňa özümiň nadanlygymy boýnuma alyp barsam, şol meniň akyllydygymyň nyşanydyr».

749. Ýene şeýle diýdi*: «Men Hudaýyň takdyr-kysmaty aýan edilen adamlarynyň biridirin. Adamlar nirede bolsa-da şunuň ýalydyr: Gadyry gymmatbaha daş ýaly adamlar meni görse şatlanar. Nadanlar bolsa, men zerarly dörän gam-gussany ýeňil ýuwutmaz».

750. Ýene şeýle diýdi*: «Kör adam meniň edebimi synlady, güň adam sözlerimi diňledi. Gijeler ymgyr çöl bolsa, men bir bedewdirin, ötmek agyr düşmez. Bizden hernäçe aýyp tapjak bolsaňyzam, Hudaý ony halamaz, gaýta sizi tapdan gaçyrar. Aýyp-nogsan meniň mertebämden örän uzakdadyr. Men «Sureýýa» ýyldyzy, olar bolsa garry-gurtydyr».

751. Ýene şeýle diýdi*: «Gijeler bir zat hakynda alada batýaryn. Dostlarym meni öz gursagyndan kowjak bolýan ýaly görünýär. Men ýene-de dostlarymdan uzaklaşmaly bolýaryn, sebäbi, uly aladaň köpeliberse, dostuň azalyberýär».

752. Ýene şeýle diýdi*: «Her gün gursagymda kiçijik goşgy döreýär. Ejizler meni çekeläp, kelteler süýreldýän ýaly bolýar. Oňa söz oklaman dogry edýärin, ýüregim bolsa bu dymmaklyga hezil edip gülýär. Jogap bermeseňem, haýyş edip duranlara haýpym gelýär. Päsgel bermeseňem, duşmançylyk edýänlere gaharym gelýär».

753. Ýene şeýle diýdi*: «Ata-babalaryň öz ogullarynyň ýaramaz ahlagyndan ýokardadygyny görýärin. Ähli abraý-hormatymyň diňe merdana atalara baglanmagyna welin kanagat etmeýärin. Uzyn boýy we güýji-gaýraty bolan adamyň, ýiti gylyjy ulanmakdan yza tesýänligi geň galdyrýar. Beýik maksatlara eltýän ýoly tapan adam, ýer ýüzüni düýesiz, pyýada gezer. Adamlaryň içinde iň nogsanlysy, işlerini kem-köstli edýän başarjaň kişilerdir».

754. Ýene-de şeýle diýdi*: «Men dostlarymyň ýola gönügýän ýyldyzy. Eger ýyldyz gözden ýitse, ýagmyrly bulut bolup penalaýaryn. Men watandan daşda, ýöne bu baran ýerim, meni hiç hili özüne çekmeýär. Syr üçin meniň ýüregimde ýörite ýer bolup, ony ne jan ýaly ýoldaşym bilýär, ne-de şerap ony aýan edip bilýär. Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok».

755. Abu Hiffandan*: «Ömrümden kasam edýärin, eger egin-eşigimi keseki diýarda tozdurmaly bolsa, iýip-içgi bokurdagymdan ötmez. Men özi gözel bolan, gynyny kesýän gylyç, oňa ýasama gözellik derkar däldir».

756. Muhammet ibn Osman Iskafy — Reýhanydan*: «Bu zamanany we adamlary çaň basdy. Meniň ýalylar onuň guýrugyndan tutup, ezýeti özüne çekýär. Zamana göz aýlasam, ondaky ähli adamlar, gözümiň içindäki akça-da bolmaz».

757. Ýene şeýle diýdi*: «Bela-beterleriň nähili gelýändigine, ak-garanyň ölçeginiň nähilidigine baş agyrdamok. Bu ýerde biri öz eli bilen döwrüň derdinden gorasa, ol ýerde pelek ýyldyzy bilen dulugyma çalýar».

758. Ýene şeýle diýdi*: «Eý pelek, meniň edýän işimi etmek üçin bäri gel, çünki, ikimizem iş edýäris. Arzuwymyza gowuşmaga az galanda, päsgelçilik ýüze çyksa, biz dogulmadyk ýaly, bu dünýede ýaşamadyk ýaly bolýarys».

759. Käbir araplardan*: «Sen maňa beýle köp igenç bilen bakyp, eşikleri sal-sal bu adamdan aýyrjak bolma. Ol ýeke diýjek bolsaň, gylyç hem gynynda ýeke durýar. Asmandaky aý hem ýeke, ýolbars hem ýeke çaga dogurýar. Onuň eleşan geýmine göwnüň ýetmeýän bolsa, seret, deňiz köpürjikleriniň üstünde hem hapa bolýar».

760. Abu Hiffandan*: «Men olaryň ýigrenji göribiniň perzendi: Ykbal giňişliginde öýüm olaryň öýünden buýsançly bakýar. Biz gylyç bilen oýanýarys, gylyç bilen hem uka batýarys».

761. Başga birinden*: «Kim menden umyt edýän bolsa, oňa sataşmasam hem «Baýlygymy gypynçsyz alyň. Elimden gelýän bolsa, mertebeli öýler üçin ömrümi sarp ederdim» diýýärin.

762. Uly patyşalaryň biri Galeniň ýanynda öwünipdir, aslyny ýatlap, buýsanypdyr. Galen oňa: «Ata-babalaryňy ýatlap gomparma, sebäbi olaryň eden işinde seniň dahylyň ýok. Ata-babalarymyzyň goýberen ýalňyşlygyna hem biziň dahylymyz ýok, şonuň üçin biziňem kemsinmäge hakymyz ýok. Ikimiziň aramyzda bolsa, meniň üstümden buýsanmaga hakyň ýok. Sebäbi sen öz nogsanlaryňdan razy bolýaň, men bolsa abraýy özüme ýoldaş edinýärin» diýipdir.

763. Harysydan*: «Olaryň ählisi üýşüp meniň naýzamyň ujyny ellediler. Emma hiç hili egreldip ýa-da ýumşadyp bilmediler. Men kynçylyklaryň garşysyna merdemsi çykýaryn. Möhüm hadysalar peýda bolsa hem gol gowşuryp durmaýaryn».

764. Müberritden*: «Eger meni kösemek üçin eşiklerimi ýyrtjak bolsaň, men könelen gynyň içindäki gylyç ýalydyryn».

765. Muny maňa Aly ibn Zekkar Faryky aýdyp berdi. Oňa Abu Apbas Temimi, oňa Ibn Düreýt, oňa Abu Hatam Sijistany, oňa hem Abu Ubaýda, oňa bolsa Ýunus aýdyp beripdir*: «Ýalňyz ýerde meniň gören we duşan adamym, biziň üstümizden gülüp, namysymyzy basgylajak bolýar. Men ondan mertebämi goradym.

Başa gelende adamlary ysgyndan gaçyrýan işler bar. Eý, adam, gaýgysyz döwran sür, bir gün gitjekdigiňe güman ýokdur. Ýer ýüzünde görýän ähli zadyň seniň üçin öý bolsun».

766. Käbir araplardan*: «Adamlar maňa «Sen hem indi dirhem toplaýsaň» diýenlerinde: «Men dirhem toplamak üçin ýaradylmandyryn» diýdim. Men bütin ömrümde dostlarymdan we bergidarlarymdan gyrp-çyrp edip almasam, Hudaý ýüz öwrer.

Adamlar iki hilidir: Bir topary bähbitsiz zady gorap saklar, beýleki bir topary bolsa işsiz adamlar üçin baýlyk jemläp berer. Hatamyň gysganmaýandygy üçin, myhmanlaryň arkaýyn bolşy ýaly, çöplemeýändigim üçin dirhemler hem menden arkaýyn».

767. Abu Mugys ibn Huraýsdan*: «Ýezit men hakda betgüman bolansoň we ýüz-gaşyny çytansoň, ýanyna çagyrdy. Men onuň gaşynda ýeke galgym. Menden başga hiç kimiň ýokdugyna gözüm etensoň, edil atalarymyzyň hakykaty gorap, talap edişi ýaly, men hem ysgyndan gaçan hakykatyň tarapynda durdum».

768. Munahhal ibn Harysdan*: «Eý, dünýä, eger-de meni ýeke goýup gitmekçi bolsaň, Yraga git, soň yzyňa dolanma. Hiç haçan meniň aladam hakda sorama. Menden diňe ýagşylyk we sahawat hakda sora».

769. Aban ibn Ubaýdadan*: «Eger din bu zaýaçylygy üstümizden aýyrsa, biz oňa başymyz we süňňümiz bilen kömek ederdik. Eger duşman goşun sürüp gelse, bu ala meýdanlar çar ýandan gelen söweşijiden dolar. Eger gündogar bilen günbataryň arasyny dolduryp, ýörişe ugrasak, oýa ýatan we ukudaky topraklar hem herekete geler».

770. Misgin Daramydan*: «Men gaýrat howlusynda ýaşaýaryn. Gaýratly bolup entek kemsidilmändim. Eger kemsidilmeden gorkýan bolsam, bu diýary terk ederdim. Eger biri maňa öz halyny aýan etse, onuň ýagdaýyna ýardam ederin. Eger maňa duşmançylyk etjek bolsa, onuň üstünden gülerin. Mätäçlik üçin öýlere girip ýöremok. Diňe olara mätäç bolmadyk ýagdaýymda myhmançylyga bararyn. Bu abraý-mertebe bize atalardan miras galdy. Eger adamlaryň eli beýik mertebelere ýetmese, olara golumy uzadyp, kömek ederin. Özümizden üstün biri ýanyna çagyrsa, oňyn jogap bererin, kabul ederin. Belent ahlaklylyk atalarymyzyň aladasy boldy. Atam ony bize öwretdi, biz hem öwrendik. Eger dyrnagymyz dostumyzyň elinde yz goýsa, artyk zatlary derrew aýyrarys. Ol meniň nebsime terbiýe berensoň, ony çem gelen ýere oklamaryn. Içgi-şeraby islemerin, aýdymçy gyz bilen eşret çekmerin. Goşgularymda hem şerap içdim diýip aýtmaryn. Aýalymyň gabanmadyk zadyny gabanmaryn. Ýöne, sebäpsiz ýere zulum etsem, ol gaty görer».

771. Mukanna Kindiden*: «Adamlar bergimiň köplügi üçin maňa erbet käýediler. Ýöne men bu bergileriň ählisini, diňe olaryň şöhraty üçin sarp etdim. Olar baýlygyma böwet bolup, meniň hukuklarymy äsgermediler we zaýaladylar. Şeýdensoň, döşlek atymyň üstünde öýüm üçin perde çekip, öýümiň guly bolup, hyzmat ediberdim».

772. Babyr taýpasyndan biriniň aýdany*: «Uzyn we owadan göwrede haýyr ýokdur. Owadan göwre başdaky akyl bilen ölçelýär. Eger uzyn boýly adamlaryň arasyna düşsem, tä «Uzyn» diýilýänçäm, olara sowgat bererin».

773. Mutenepbiden*: «Saňa edýän meňzetmämden özüňi gora. Öňki-soňky ähli işi öz ugruna goý. Biz bir adam bolup il-güne gatylarys. Olar biziň işimize seredip, baha bererler».

774. Ýene şeýle diýdi*: «Haýsy ýerde suwdan gansaň-da, haýsy uly işe ýapyşsaňda, Hudaýyň ýaradan we ýaratmadyk ähli zatlaryny özüňden pes saýma.Ýaramaz gylyklaryň bilen ikä serpilen saçynyň arasynda galan ýekeje tüý ýaly, biz göze dürtülip durmaly!».

775. Ýezit ibn Jehm Hilalynyň aýdany*: «Ummu Muhammet maňa bahyllygy ündedi. Emma men oňa: «Gysgançlyk bilen öwünip bolanok» diýdim». Men sahylygy özüme adat edinipdirin. Her adam öz endik eden ýoly bilen ýörär. Saçym çalaransoň we gaýlan ogullary taýpasy birden, ikiden ýanyma gelensoňlar, tapdan gaçmagymy, syrkawlamagymy we yza galmagymy islediňmi? Yzyma düşme-de, ertir öz ugruňa git».

776. Agşa Beni rabygadan*: «Ýürek iki tarapyň arasynda alymdyr, ol gözümiň görenini we gulagymyň eşidenini bilýär. Şygyr ýazmakda Hudaýym meni saýlap tutdy. Men hem bilenimi aýdýaryn, gerek zadymy görýärin».

777. Şu kitabyň awtory Reýhan ibn Abdylwahydyň aýdany*: «Biziň hormatymyzyň nähilidigini döwürden sora. Nuh döwründen bäri ýagşy adamlarymyzy nähili görüpdirler? Eýsem biz beýik mertebeli we ahlagy päk adamlaryň ogullary dälmidiris?! Goldaw-hemaýatyň we düz işleriň eýesi – bizdiris. [Mukaddes] kitapdan we müsnetden höküm çykaranymyzda, gylyçlar biziň buýrugymyzyň hyzmatkärleri bolmadymy? Tä döwür heläk edýänçä, biziň adamlarymyz şeýle belent boldy. Her bir mäkäm gurlan sütün hem bizden ýaňa sandyraberdi. Abraý-şöhrata beslenen her bir kowumyň asyl binasyny, köp zatlar kem-kemden ýumrup başlady. Men ýene-de döwranyň dolanmagyny, biziň hökümdarymyz emir Muhammediň döwletiniň gaýdyp gelmegini umyt edýärin».