40-njy bölüm: Bahyllyk we bahyllar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 40-njy bölüm: Bahyllyk we bahyllar.

778. Pygamberimiziň aýdany: «Adamlardaky iň ýaramaz häsiýet gysgançlyk we gorkaklykdyr».

779. Abu Ahwasyň aýdany: «Kakam bir gezek Pygamberiň ýanyna girende, üsti-başy çaň-tozan, eşigi sal-sal eken. Pygamber ondan baýlygynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny soranda, ol: «Eý, Resulalla, elbetde bar. Hudaýa şükür, elim uzadan ýerime ýetýär, iýjek-geýjegim, mülküm bar» diýipdir. Pygamber oňa: «Sen ony bildirmejek bolýarmyň? Allatagala öz bendesine nygmat bagyş etse, şol nygmatyň oňa edýän täsirini görmek isleýär. Hudaýyň beren nygmatyny ýagşy zadyňa sarp edip, onuň täsirini bildir» diýipdir».

780. Abdylmälik ibn Numeýriň aýdany: «Binamysa gorkuzyp ýa-da göwnedip täsir edäýmeseň, onuň ýanynda ylym-bilimiň peýdasy ýokdur».

781. Abu Umaýs örän gysganç adam ekeni. Eline bir dirhem düşse, barmagynyň ujy bilen gysymlap, aýasynda goýupdyr. Bir ýüzüni agdaryp: «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur», beýleki ýüzüne öwrüp bolsa: «Muhammet Allanyň ilçisidir» diýer eken. Ol bu sözleri dirhemiň bela-beterlerden goralmagy we derman ýaly peýdaly bolmagy üçin şeýdipdir.

Soň Abu Umaýs dirheme garap: «Näçe şäherleri söküp geldiň. Näçe howla girip-çykdyň, şol sergezdan gezdiň-ýördüň. Atam-enem saňa sadaga bolsun, ine indi sen arkaýyn karar tutjak ýeriňe geldiň, asuda howla düşdüň. Sen bu ýerde zady gaýgy etmän ýatarsyň» diýip, ony sandygyň düýbüne oklap goýberýän eken. Dirhemiň iň soňky karar tapan ýeri, şol bolýan ekeni».

782. Çarwa araplaryň käbiri Mugawyýa ibn Sufýan bilen bile nahar iýip oturan eken. Birdenkä Mugawyýa çarwa: «Lukmaňdaky gyly aýryp goýber» diýipdir. Çarwa arap oňa: «Sen meniň nahar iýişimi synlap oturypsyň, hatda öňümdäki gyly hem görüpsiň. Gaýdyp seniň bilen nahar iýmerin. Sen oňa mynasyp däl ekeniň» diýipdir.

783. Abu Şamakmakdan*: «Eger bahyl garaňky we sowuk gijede, deňiz tolkunlarynyň üstünden ýüzüp geçse, altyndan doly aýasyndan ýekejesini hem suwa gaçyrmaz».

784. Ýene şeýle diýdi*: «Atamyz Nuhuň tamdyrynda bişirilen çöregi, Yshagyň sebedinde göterip gezdi. Soň ol şeýdip Isa Mesihiň döwrüne geldi. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda, ömür bilen söweşip heläk boldy».

785. Hilal ibn Aladan*: «Onuň myhmany bolamda, çöreklerini gysgandy we «Ýasyn» süresini okap, Hudaýyň goramagyny sorady. Agşam ýatamda toprak ýassygym boldy».

786. Abdylla ibn Şebipden*: «Onuňka myhman bolup düşledik welin, ol biziň ýanymyzda oraza tutmagy öwüp başlady. Şeýdip, bizem agyz beklemeli bolduk. Orazaň wagty geçip, agşam düşensoň hem agyz açmady. Açlyk janymyza ýetensoň, derrew gaýtmaly bolduk».

787. Ibn Bessamdan*: «Bu ýigit çöregini edil altyn şelpe ýaly saklaýar, gyzyl ýüzük ýaly elinden goýmaýar. Eger biri çöreginden dişläýse, üstünden gaýa gaýdan ýaly edip, Hansanyň agasy ýaly aglaýar. Çöregini aýamak üçin, ýyldyza elini uzadýar. Gerek bolsa Bedr jeňi ýaly garpyşýar».

788. Abu Şamakmagyň Ýahýa ibn Halyt hakda aýdany*: «Men Ýahýanyň myhmanlary hakda aýdýaryn: Men oňa goňşy bolup otyryn. Ol her gün bir şaýylyk gök-iýmit satyn alýar. Eger dostlary myhman gelse, derrew bize gelýär».

789. Muhammet ibn Hasan Taýynyň sözleri*: «Ol bize açlyk bilen niýetsiz oraza tutdurdy. Soňra, duzsuz çörek bilen, agyz açdyrdy. Biziň süňňümiz sagat bolsa-da, göwnümiz et küýsäp dur».

790. Jugaýfaranyň aýdany*: «Ýahýa meni, ýaramazdygy ýüzünden bildirip duran biriniň gapysynda oturtdy. Ol gysgançlygyndan ýaňa, gapysynyň ýüzüne: «Sizi Alla halas eder» diýip ýazypdyr».

791. Ibn Bessamyň kakasy hakda aýdany: «Kakamyň öýi islän zadyňdan dolup dur. Ýöne onuň çöregi bilen seniň aralygyň, Balh bilen Sumeýsatyň aralygy ýaly uzakdyr. Aşhanasy çöl ýaly boş, aşpezleri bolsa öýleriň arasynda iş tapman oturan adamlardan hem işsiz. Garyp hyzmatkärleri bolsa açlygyndan ýaňa, deýýuslyk we beççebazlyk bilen meşgul bolýar».

791 (2). Ýene biriniň aýdany: «Nesibe çekip, bir ýigidiňkide düşlemeli boldum. Açlyk bolsa meni kesel ýaly basmarlapdy. Ykbalyň hökümine görä, bu ýerde gijämi myhman bolup geçirdim. Men uludan demimi alyp: «Ykbal erkin adamlara köplenç gazaply daraýar» diýdim. Ol gahardan serhoş bolup, gaýnap-joşup maňa igenip başlady: «Sen näme üçin giçlik çagy ýola çykdyň?» diýdi. Men oňa: «Resulallanyň sözi biz üçin öwüt-ündew we bereketdir. Ol «Syýahat ediň, baý bolarsyň» diýipdir» diýemde, ol: «Resulallanyň aýdan iň oňat hadysy: «Agyz bekläň, sag bolarsyňyz» diýenidir» diýdi».

792. Mütenepbiniň sözleri*: «Eger akyl ýetirýän bolsalar, binamyslar «Baýlyk, barlyk ýygnaýarys» diýip, özlerine «Ýoksullyk» çöpläp ýörendir. Olar öz işlerine däl-de, sözlerine görädir. Söz ýarasy we ar baky galar, tyg ýarasy bolsa bitýändir. Raýatlar patyşalaryna görä ýaşaýar: Patyşasy ajam bolan arap hezil etmez. Olarda ne edep, ne asyl, ne äht bar. Ýer ýüzünde näçe milleti gördüm, patyşalar çopan, raýatlar bolsa olaryň öz goýny ýalydyr».

793. Ýene şeýle diýdi*: «Bize gelen myhmanyň iýip-içýändigini görsek, oňa haýyr-yhsanymyzy has-da artdyrarys. Ýöne biz bu öýüň myhmany bolsagam, onuň gözünde biz üçin paýyş söz we töhmetden başga hödür ýok. Hudaý oňa kömek edäýsedi: Bir bahana tapyp, biziň ýolumyzy açyp, sag-aman ugradaýsady».

794. Taglypdan*: «Her kişi öz rysgalyny, abraýyny dürli-dürli mekandan çöpleýär. Kimiň ýagşylyk etmäge bogny ysmaýan bolsa, oňa «öli» diýip at berilýär».

795. Ibn Bessamdan*: «Abu Sabyt özüni öwýänleri ýürekden halaýar. Ýöne ol öwýän bilen gatnaşmakdan gaça durýar. Ol edil durmuşa çykmadyk ýaş gyzyň, nika lezzetini küýseýşi we äriniň höküminden boýun towlaýşy ýalydyr».

796. Ýene şeýle diýdi*: «Men itiňizden: «Nähili ýaşaýarsyňyz?» diýip soramda: «Eý, ýigit, şeýle bir erbet ýaşaýarys. Eýämiz et satyn alanok, süňk gemirmeli halymyza, özümiz süňke döndük. Iýer ýaly zat gözläp bazary we köçeleri selpäp ýörüs. Siziň diýaryňyzdaky tüssäni bolsa, keseki görýäris» diýdi.

797. Ibn Rumydan*: «Eger päk adamlar ötüp giden bolsa, minnetli hem bolsa, binamyslaryň elinden alyber. Goýun bakmaga ýaltanýan köpegi, ýolbarslar dalap gider».

798. Ýene şeýle diýdi*: «Binamyslyk onuň gapysynda, müň sany gylyçly esgeri we goşlary bilen düşledi. Onuň guly bolsa, açlygyndan ýaňa ogurlyk etmäge mejbur boldy. Aç görgüli hökman ogurlap iýmeli bolýar. Bu husydyň ýüregi dertli däldir, ýöne oňa barýän suw, harbyk[1]suwy ýalydyr. Onuň howlusyna suwdan ganmaga gelseň, suw diýip simap berýär. Suw diläňde simap berýän bolsa, çörek diläňde näme bererkä?».

799. Lepbadydan*: «Bu ýigidiň çöregini gorap saklaýşyny diýsene, ony hiç kim görüp bilmez. Ol çöregini Taýyf topragyndan ýasalan sebediň içinde, iki sany saçaga dolap saklaýar. Her sebedi demir bilen möhürläp, pil hamyndan ýasalan gaýyş kemer bilen berkidýär. Soňra Musanyň tabydyna salyp, açaryny bolsa, Ysrapylyň eline berýär. [Ysrapyl bolsa, kyýamatdan bärde görünmeýär]».

800. Başga birinden*: «Eger onuň aýasyny çüý bilen deşseňem, bir bölek zat gaçmaz. Öýüniň ýanynda akyp ýatan dury suw hem myhman üçin gymmatbaha sowgatdyr. Eger bir syçan onuň çöregine gözüni dikäýse, gylyç bilen syçany parçalap taşlar».

801. Aly ibn Jehmden*: «Onuň saçagyndaky çörek, mukaddes topragyň kepderileri ýalydyr. Oňa el uzadýan, dadýan, ysgaýan ýok. Terdir welin, ýöne solgun görüner, adamlar bolsa, solgun zatdan ýüz öwürer».

802. Ferezdekden*: «Iki sany gözegçi uly depä çykyp, biri beýlekisine: «Eger uzakdan gelýän birini görseň, eliňi şarpyldadyp, çapak çalybergin. Alasarmyk bolan myhmanlar gorkujyndan ýaňa, goranmak üçin, azansyz namaz okaberse nädersiň» diýdi».

804. Başga biri*: «Meni ilden sowup, alyp galdyň. Indi bolsa, sahylygyň bilen gysgançlygyň arasynda parh göremok».

805. Başga birinden*: «Az hak alýanlygym üçin, mydama igenç iýip ýörün. Ýöne men zerreçe bähbidi ýok adamlary hem az görmedim. Baryna kanagat gerek. Şol azajygy almasam, soňra maňa şol hem galmaýar ahyry».

805 (1). Ýene birinden: «Janyny we baýlygyny eçilýänçä, ýigidiň sahylygy dürs däldir. Soralmanka, serpaý ýapyp, sahylyk etmek, soralandan soňra edilen kömekden haýyrlydyr».

805 (2). Zyýat ibn Abihiň aýdany: «Ýagşy ýerde ýatlanylmaýanlygy üçin, gysgançlygyň özi ýeterlik utançdyr. Ýaman ýerde ady tutulmaýanlygy üçin, sahylygyň özi kämil buýsançdyr».

806. Abu Dulef dirhem paýlamakda adamlaryň sahysy bolsa-da, nahar babatda iň pesleriniň biri ekeni. Onuň bilen nahar iýýänleriň käbiri şeýle diýipdir*: «Abu Dulef müňläp-müňläp dirhem seçýär. Ýöne, iýjek çöregini welin gylyjy bilen gorap saklaýar. Abu Dulefiň aşhanasyndan gowrulan etiň ysyny alsaň, töwereginde gylyçly gezip ýören özüni görersiňiz».

807. Hamduny gysgançlygy ýazgaryp şeýle diýdi*: «Bu husyt elindäki çöreginiň bir döwümini, edil gözüniň ýagy ýaly saklaýar. Eger jenneti eline beräýseň, onda bu jennetde ganatly guş galmazdy».

808. Ýene-de şeýle diýdi*: «Düýşüňde, gapyňa myhman gelenini görseň, şony hem gysganyp, ýaýdanyberýäň. Ömrümden söz berýärin, sen dilegçiler üçin şarpyk, mätäçler üçin bolsa, ýiti gylyjy taýynlapsyň. Allatagala bir mätäje betbagtlyk getirjek (inderjek) bolsa, tagam soradyp, seniň gapyňa elter».

809. Başga birinden*: «Bir gezek gysganjyň ýanyna duýdurman bardym. Onuň öňünde giňden ýazylan saçak, iki sany çörek, ýag we bal bardy. Onuň birden maňa gözi kaklyşdy we bir porsy ys goýberdi. Hakykatdan hem burnum şu gezek ýalňyşmandy, dogry duýupdy. Yz ýanyndan hem uly «zyrt» sesi eşidildi welin, men: «Has bulaşmanka turaýyn» diýiberdim».

810. Bedig Hemedanydan*: «Çagalar bir husydyň howlusynyň gapysyna «saýf[2]« diýip ýazypdyrlar. Husyt oňa göz gezdirensoň «zaýf[3]« diýip, okady-da, topulmak üçin eline gylyjyny aldy. Men oňa «Duraweri, haýyr bolsun!» diýdim. Emma ol «hubz[4]bolsun» diýendirin öýdüp, takga jan berdi».

811. Jahzanyň üç gysganç hakda aýdany*:

«Bazary geçginli bolmadyk üç sany gysganç,

Bir çolaja ýerde mesgen tutdylar.

Olar Gurhanyň ähli süresini ýat tutup,

şoňa görä iş etdiler.

Ýöne, diňe «Saçak» süresini unutdylar».

812. Ýene şonuň sözleri*: «Gysganjyň özi hödürländir» öýdüp, onuň owlagynyň etini bölüşdirip, iýmäge başladym. Onuň böwrek etine şeker sepip, iýip otyrdym. Birdenkä, aýasy bilen ýaňagyma şarpyk çaldy welin, burnumdan gan akyp başlady. Asyl, şol owlak bilen onuň tas jany çykan eken».

813. Ýene şeýle diýdi*: «Men oňa hiç hili ýamanlyk etmedim. Aslyna, aňyrsyna dil ýetirmedim. Ýöne öýüne baramda, bir bölek kebap iýipdim. Ana, şol hem biziň aramyzyň bozulmagyna sebäp boldy».

814. Ýene şeýle diýdi*: «Eger sen toplan baýlygyňy aýaňda gysyp saklap bilýän bolsaň, sen hazynaçy we mäkäm goragçysyň. Ýöne, bir zady berk belle, sen ony özüňe alkyş aýtmajaklar üçin jemläp ýörsüň. Bir gün sen topraga garylarsyň, baýlygyňy bolsa, özgeler iýer».

815. Başga birinden*: «Seniň gapyň agzynda myhman görünse, ajal gaýgysy seniň başyňy gaplaýar. Sen çöregiň her biriniň üstüne: «Seni Alla halas eder» diýip ýazypsyň».

816. Başga birinden*: «Seniň peşgeşiň bir bölejik ot ýaly, çöregiň bolsa, asmandaky ýyldyz ýaly. Düýşüňde myhman göräýseň hem, oraşan bolar öýdüp, gaýga batýarsyň. Sen beýdip öz ýüzüňi garalap ýörmäňi bes et. Seni söze laýyk diýip ýaňsylamok. Seniň zaýaçylygyň üçin üstüňden gülýärin».

817. Hammat Ajratdan*: «Myhmanyna öýüni taşlap, özi bolsa, gaty gorkup, gaçyp gidýän adam, duraweri! Myhmanyň öz ýany bilen iýip-içer ýaly zat getiren eken! Indi yzyňa dolanda, myhmanyňa myhman bolaý!».

818. Ýene şeýle diýdi*: «Haýasy we haýry az bolan biriniň öýüne myhman boldum. Ol myhmanlarynyň iýeni siňmez öýdüp, gorka düşýär. Sebäbi iýeniň siňmezlik erbet dert. Ol adamlara elmydama ýagşylyk ündeýär: «Oraza tutuň, agyz bekläň. Agyz beklemek sogapdyr» diýýär».

819. Ibn Bessamdan*:

«Eger çykaraýsa, ýene ajygaryn öýdüp,

Pohuny garnynda bir aý saklaýar.

Pohy hem ondan aýrylanda, ýetim

Çaganyň kakasyna aglaýşy dek aglaýar».

820. Başga birinden*: «Bilal ibn Zumra ýarawsyz aşgazany gowy bejerýär. Ol myhmanlarynyň iýeni siňmez öýdüp, gorka gaplanýar. Ýarawsyz aşgazany agyz beklemek bilen sagaldyp bolýandygyny eşidipmidiň? Ýekeje gezek myhman bolsaň, ol muny saňa-da öwreder».

821. Ýene birinden*: «Bu gün aýalym menden: «Gözüňe nämeler boldy?» diýip sorady. Men oňa: «Aýdýanymy diňle. Bu günki şagalaňda käbir patyşalaryň hödür eden towugyny iýäýmenmi, tä gözüm kör bolýança, şarpyk çaldylar» diýdim.

822. Abu Şamakmagyň Sagyt ibn Selm hakda aýdany*: «Eger ondan oňatja bir peşgeş alaryn diýip tama edýän bolsaň, seniň munyň sowuk demre süýkenmek ýaly boş zatdyr. Eger Selm ähli deňizlere eýe çyksa, sen hem ondan kömek sorap gelseň ýa-da arassalanmak üçin suw sorasaň, ol: «Arassa toprakdan teýim ediniberiň» diýer».

823. Ahmet ibn Abu Tahyrdan*:

«Abu Isanyň ýanynda myhman geldi diýip ýatlasaň,

Gözüni aşak dikip, saçy çalaryberer.

«Saýf» diýen ýazgyny, «zaýf» diýip okap,

Gaçmak üçin, ýerinden şaýlanyberer».

824. Başga birinden: «Bir husyt çöreginiň üstüne: «Iýilmekden seni Alla gorasyn!» diýip, syýa bilen ýazyp goýupdyr».

825. Abu Nuwasdan*: «Eý, husyt biçäre, bizi kowjak bolup, haçandan bäri birahat bolup otyrsyň. Hatda siňegiň sesinden hem gorkup, ynjalmaýarsyň. Teşne bolsak, suw deregne salgym berýäň. Çörek diýip berýäniň bolsa, bir bölek toprak».

826. Eşjag Suleminiň aýdany*: «Bedlisdäki bir kowumyň arasyna düşýänçäm, çörege nygmatdyr öýtmeýärdim. Galla möwsüminde olaryň çöregi, Bylkys döwründäki hekdenem gymmatly ekeni».

827. Abu Taýýyp Mütenepbiniň aýdany*: «Durmuşda kösençlik bilen synalýan myhmana nebsim agyrýar. Onuň çöregi ýeriň astynda, içjek suwy bolsa, älemgoşaryň üstündedir».

828. Aly ibn Jehmden*: «Zeýt ibn Mansura myhman bolýançam, çörek miwedir öýtmeýärdim. Ol gatyrynyň tezegini içegesinde saklaýar. Eger daşyna çykarsa, guşlaryň biri çokar öýdüp gorkýar».

829. Mugawyýa ibn Mihrandan: «Öýüne baraňda, gaşyny çytyp, hezzetini gysganýan bolsa, ol husytdyr».

830. Ibn Rumydan*: «Gymmatbaha eşikli Ibn Harp (uruş ogly) maňa duşmançylyk nazary bilen garady. Bir pursat ýoldaş bolanymyzdan soň, özi gyra çekildi. Ol hakda pikir etseň ýa-da kelläňi gaşasaň, ala-goh bolup, eşigini ýyrtym-ýyrtym etdi. Ýola saljak bolduk, tersine gitdi. Ýeke özün goýduk welin, ynjaldy oturyberdi. Asyl onuň gözlegi şol eken».

831. Muhammet Taýydan*: «Näme bolanyny henizem aňşyryp bilmän otyrys. Bir döwüm çöregini iýdik welin, ýa gözi çykdy, ýa-da çaşardy».

832. Ibn Bessamdan*: «Bir gün Abu Nuha myhman bolanymda, ol meni naharyň ysy bilen hezzetledi. Özi bilen ýagsyz eti getirip, ýene ony gürrüň tabagynda ýerledi».

833. Ibn Abu Uýaýnadan*: «Bir gün Japar meni öýne çagyrdy. Gör, onuň eçilişini, ol öýi doly howany hödür etdi. Soňra, öňüme ýassyk oklap, gazan-saçak taýynlady. Ne öňümde okara, ne-de bir duz goýdy. Men aldygyna howa iýemsoň, özümiň öli ýa-da diridigimi unutdym. Soňra meni dor atyň reňkine meňzeş üzüm çakyry bilen gandyrdy. Elini çarpyp, hezil edip güldi. Eli bilen dep kakyp, aýdyma başlady. Ine, haramzadalaryň öz dostuny we ýoldaşyny ýag bilen hezzetleýşi şunuň ýalydyr».

834. Başga biri şeýle diýdi*: «Merwanyň aşhanasy arassalyk babatda, Bylkysyň lowurdap duran köşgüne meňzeşdir. Eger aşpezleriniň eşigi hapalanaýsa, ony kagyz bilen arassalaýar».

835. Başga biriniň aýdany*: «Onuň öýi metjit ýalydyr, azan aýdylar, namaz okalar, ýöne naharhanasy we hajathanasy ýokdur. Namaz wagty üçin azan aýdylsa: «Çörekden başga Hudaý ýokdur» diýer».



[1]Harbyk - zäherli ösümlik.

[2]Saýf — tomus.

[3]Zaýf — myhman. Bu ýerde «saýf” sözüne ýekeje nokat goýsaň, «zaýf” bolýar.

[4]Hubz — çörek.