42-nji bölüm: Pisler.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 42-nji bölüm: Pisler.

853. Hasanyň aýdany: «Allatagala ýürege düşgünç, pis adamlaryň edýän işini gabahat saýdy we: «Eger gopal, daşýürek bolan bolsadyň, elbetde, töwerek-daşyňdan dagaşyp giderdiler[1]», «Eý möminler, Pygamberiň öýlerine diňe sizi tagama çagyrsalar, giriň. Şonda hem onuň bişmegine göz dikip, garaşyp durmaň. Belki, çagyrylan wagtyňyzda girip, naharlananyňyzdan soň gaýdyň[2]» diýdi.

854. Asmagynyň aýdany: «Pis adam dünýäde ýigrenji, ahyrýetde görgi çekjek adamdyr. Alla haýsy guluny ýigrense, ony öz halkyna betnyşan edip görkezer, ýürege düşgünç, tebigatyny gödeňsi eder, ýaradylyşyny bozup taşlar. Her gören gargap geçer».

855. Bir adam dostunyň gapdalyndan geçip barýan ekeni. Onuň ýanynda hem pis biri bar eken. Ýaňky adam dostundan: «Ýagdaýyň nähili?» diýip sorapdyr. Dosty oňa: «Ýoldaşyň şu bolsa, ýagdaýyň niçik bolar?» diýipdir.

856. Ahmet ibn Dureýdiň aýdany: «Agam pis birini görende, gözüni ýumardy».

857. Abu Usamäniň aýdany: «Men Hişam ibn Urwanyň bir adama garap: «Sen horazdanam pis» diýip duranyny gördüm».

Asmagynyň aýtmagyna görä, araplar gürrüňe gyzygyp, gijäni söhbet bilen geçirýän ekenler. Eger horaz sesini eşitseler, ony agyrlyga ýorup, oturan ýerlerinden başga ýere gidýän ekenler».

858. Mamunyň aýdany: «Körler ýigrenjilere göz aýlamakdan rahatdyr».

859. Yshak ibn Ybraýymyň aýdany: «Mamunyň meýlisindekäk, pis adamlaryň biri aýdym aýtdy. Mamun oturanlara garap: «Pisler bilen oturyşmak hakda nämeleri bilýärsiňiz?» diýip sorady. Men ýerimden turup: «Eý, möminleriň emiri, olar bilen oturyşmak gaýtalanýan gyzdyrmany döredýär» diýdim. Onda Mamun: «Eger aýdymçy we sazanda ýalňyş aýdýan we sowuk bolsa, nädip gyzdyrma döretsin?» diýdi.

860. Sufýanyň aýdany: «Men adamlary gowy görýärin, ýöne olaryň içinde ýekeje pise gözüm düşse, olaryň ählisini ýigrenýärin».

861. Hasanyň pis adama gözi düşse: «Hudaýym, ondan gora, ony bagyşla, bizi ondan rahat et» diýip, dileg eder ekeni.

862. Mansur ibn Hajjaj ýigrenji, pis birine gözi düşse: «Şony öldürendikleri üçin meni öldürýänem bolsalar, şol pisi öldüriň» diýer ekeni.

863. Pis adamlaryň biri syrkawlapdyr. Dosty ony soramaga gelende, ýanynda oturyp, elini degripdir. Soňra: «Eý, gyzdyrma, halyň niçik? Sen onuňkydanam erbet bela-betere duçar bolupsyň» diýipdir.

864. Pisleriň käbiri Şapur köre sataşanda: «Allatagala möminiň gözüni baglanda, oňa derek bir nygmat bagyş edýär. Saňa näme eçildi, eý, Şapur?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Seniň ýalylary görmezligi eçildi» diýipdir.

865. Haýdar Nedimiň aýdany: «Pis bilen nahar iýdigim, dessine «Damaga dykylýan iriň we gan kibi «tagam» hem-de içýakyjy agyr azap bardyr![3]» aýatyny okaýaryn. «*Piliň göterip barýan merhumy hem, biziň käbir oturdaşlarymyzdan agyr-pis däldir».

866. «Bu gün näme Tawus hakda hat ýazaňok?» diýip, Eýýupdan sorapdyrlar. Ol: «Şu gün ýanyna bardym welin, görsem, iki sany pisiň arasynda oturan ekeni. Onsoň men ruhumy çekelişige salmadan sakladym» diýipdir.

867. Heýsem ibn Adynyň aýdany: «Agmaşa bakyp: «Gözüň näme sebäpli küteldi?» diýsem, ol: «Pis adamlara köp seredenim üçin» diýip, jogap berdi.

868. Şagbynyň aýdany: «Ertir namazynyň iki eglimini (rekagatyny) unudan adam, pislere gargyş etsin».

869. Iýasyň aýdany: «Bir gün Agmaş maňa: «Ertir ir bilen ýanyma gel. Seni börtme bilen hezzetläýin. Ýöne ýanyňa pis birini alaýmagyn» diýdi. Ir bilen onuňka ugradym. Ýanymda bolsa, Ibn Numaýr bardy. Ol hem yzyma düşüp gaýdyberdi.

Agmaş meni gören dessine, uly sesi bilen gygyryp: «Haý, saklan, eger-eger, saňa ne börtme bolar, ne sogan» diýdi. Gapyny bolsa, şarkyldadyp ýapyp goýberdi.

870. «Bir pisiň öz söhbetinde görünmezligi üçin, Abu Hanyfa oňa her aýda bäş dirhem hak bellän ekeni».

871. Aristoteliň aýdany: «Pisler bilen oturyşmakdan saklan. Çünki, onuň ýanynda ruhuň solar, akylyň bulaşar, pikirlenme ukybyň öler, ýüregiň dert tapynar, haýaň kemeler, süňňüň horlanar».

872. Gippokrat öz okuwçylaryndan bir zat hakda sorapdyr. Emma oňa hijisi jogap berip bilmändir. Ol: «Görýän welin, akylyňyz bulaşyp, düşünjäňiz kemelipdir. Duýgularyňyz ýadaw görünýär» diýipdir. Onda okuwçysy: «Ýaňy ýanyma bir pis geldi. Uzak wagtlap meniň bilen oturdy. Bar pikirim şondan halas bolmakdy. Şony oýlanyp oturyşyma, görşüň ýaly, akylym bulaşyp galypdyr» diýipdir.

873. Platonyň aýdany: «Ýanyňda ýigrenji biri otursa, oňa dikanlap seretme, onuň bilen uzak gürleşme. Ondan halas bolmak hakda pikir et. Pisler bilen oturyşsaň, ruhuň gyzdyryp başlar. Ruhuň gyzdyrmagy derde sebäpdir. Ruhy derdiň bitmek umydy ýiter. Umytsyz ruha bolsa, duýdansyz ölüm geler».

874. Bir adam öz ýüzügine «Bizar etdiň. Tur!» diýip ýazypdyr. Ýanyna pis biri gelip, otursa, ony şoňa görkezýän ekeni. Pis bolsa, utanjyndan ýaňa turup gidipdir.

875. Gylabynyň aýdany: «Ikindiden soň metjide girdim. Ol ýerde men Abu Hafs Esede duşdum. Ondan bir bölek aýatlary öwrendim-de, aýdyp berdim.

Şol wagt gapydan kuraýyşly bir ýaş ýigit girdi. Abu Hafs muny şeýle bir ýigrenýärdi. Ol: «Hudaýyň getirmedigi geldi. Ýör turaly» diýdi. Men: «Ýok» diýip, garşy çykdym. Ol ýigit hem ýanymyza gelip çökdi. Abu Hafs maňa bakyp: «Tä hiç zat soramaryn diýip şert edýänçä, hiç zat okama» diýdi. Ýigit: «Bolýar» diýip, baş atdy.

Gürrüň gyzyşan wagty, ýaňky ýigit: «Abu Hafs, şu näme diýildigi bolýar?» diýdi. Ol: «Başda seniň bilen şertleşmedikmi?» diýdi. Ýigit: «Unudypdyryn» diýip, ýene dymyp oturdy. Biz ýene söhbetimizi dowam etdik. Gyzykly bir zat hakda gürrüň gidip durka, ol ýigit ýene: «Abu Hafs, şony ýazyp alaýynla» diýdi. Muňa jany ýanan Abu Hafs: «Kes sesiňi, ony özüm gowy bilýän. Seni ýigrenýänimi Hudaý hem bilýändir. Pygamberimiz: «Ýüregiňiziň halamaýan adamsyndan häzir boluň» diýip aýdandyr» diýdi. «Bu entek hemmesi däl» diýip, ýigit dillendi. Abu Hafs muny eşidip*: «Näçe baýlyk gerek bolsa, al-da ýanymdan göterilsene. Sen maňa şatlygyň tagamyny zäk ýaly etdiň. Eger ikimiz jennetde bir ýere düşsek, iň oňat köşklerde bile ýerleşsek, seni ýigrenýänligim üçin, şol köşkleri terk edip, dowzaha göçüp giderdim» diýdi. Ol ýigit: «Bu aýdanyňy ýazsam bolýarmy?» diýende, Abu Hafs: «Hawa, muny ýazaý» diýip, uludan demini aldy.

876. Merýeminiň aýdany*:«Dünýädäki iň ýigrenji, pis adam! Aýak astyndaky toprak hem senden zeýrenip aglaýar. Üstüňdäki Asman hem, seni ýigrenýändigi üçin, ýyrtylaýjak bolýar. Seniň sypatyňy beýan etdim welin, adamlar: «Sen entegem bärden gaýdýaň» diýdiler».

877. Ýene şeýle diýdi*:«Dünýädäki iň ýigrenji, pis adam! Ýerdäkiler seni ýigrenýändikleri üçin kül bolýar. Hudaý kimi pis edip ýaradan bolsa, adamlar olardan gaçyp gidýär. Gurby ýetýän senden uzakda durýar. Adamlar üçin sen parz işlerdenem agyr gelýäň».

878. Käbirleriniň aýdany*: «Meniň aram bilen ýüregedüşgünç adamyň öýüniň aralygy, ýyldyz gatlary bilen ýeriň astyndaky balygyň arasy ýaly bolsa-dy. Ol dyman wagty, şeýle bir ýigrenji, pis. Gürlände nähilidigini sorabam oturma».

879. Käbirleriniň aýdany*: «Pis adamyň ýüzünde şumluk alamaty, sallançakdan bäri göz-görteledir. Eger ol ot ýaly dowzaha girse, onuň oduny öçürer. Dowzahdakylar bolsa, sowukdan ýaňa doňup öler».

880. Ibn Bessamdan*: «Ýüregedüşgünç, pis bilen oturyp-turmak, ölüm gussasyny we elhenç azaby çekenden agyrdyr. Eger dowzahyň özi Hudaýa günä iş etse, pis adamyň barlygy oňa uly jeza bolar».

881. Ibn Merzubandan*: «Ýüregedüşgünç bilen bir sagat söhbet etseň, bir gün aýralykda gezen ýalydyr. Oňa nähili garaýan bolsam, ol hem meni görende şeýtse bolmaýarmy. Pisliginden ýaňa, men pisleri görenimde görýän ýagdaýyma duşsady».

882. Hubz Ruzzynyň aýdany*: «Käbir adamlar beýlekini ýigrenýändigine güwä geçýär. Kim ondan dynmak üçin Hudaýdan kömek sorasa, ajal patyşasy hem ony ýigrener».

883. Huraýmanyň aýdany*: «Eger pis biri görnüp başlasa, bize tarap gadam goýma» diýerin. Seniň hyýalyňdan körlügim, sözüňi diňlemekden bolsa, güňlügim üçin ýüz öwürmedim. Her zat et welin gözümiň öňünden aýryl, hatda eneň etegine gir welin, ýok bol».

884. Abul Atahyýadan*: «Ýekeje pisiň derdinden, Hudaýyň ähli ülkesi maňa dar göründi. Eger ýyldyzlara tarap göge galsam hem kanagat etmerin, ondan ýene-de daşlaşmak islärin. Ony görenimden, deňizleriň ortasyndaky dagyň üstünde degirmen işledenimi gowy görýärin».

885. Başga birinden*: «Eý, sen, ýigrenjiň ogly nejisiň ogly ýigrenji, eneň seni dogurmadyk bolsady. Sen ýatgyda aýbaşy bolup galan bolsadyň».

886. Ýene birinden*: «Ýürege pis görünýän adam, gözler üçin hem nejisdir. Sen buzuň üstüne buz, garyň üstüne aýaz ýaly sowuk. Bu sowuklyk seniň nejisligiň üçindir. Hatda dowzahyň ody hem seniň doňuňy ýazyp bilmez».

887. Başga birinden: «Bir pis adam ähli ýagşylykda bolup, ähli janly-jandar ýaramazlykda bolsa, günäler ýeňil gelerdi. Pis adamyň agyrlygyndan ýaňa, mizanyň özi hem döwülerdi».

888. Beşşar ibn Burtdan*: «Agyr, pis adamlar, seredip duranlaryň ählisine agram salar. Sen hem meniň ýanymda ýesiriň ýüzündäki gylyç yzlary ýaly ýakymsyz».

889. Hasgamydan*: «Sen ýigrenç galybynda guýlan ýaly. Süňňüň käbir ýerleri beýleki ýerinden şikaýat edýär. Ýer ýüzünden ýöräp barýarsyň welin, bize tarap gelýän ýaly bolup dursuň. Sen sowukdan, pohdan we arassa azapdan elin ýaradylypsyň. Atalarymyzdaky şumluk tohumdygyň sebäpli, olar ýokary galman ýere düşdi. Hudaý seni ýigrenmegi adamlara parz ýaly borç etdi».

890. Başga birinden*: «Sen biziň söýgimizi şeýle bir isleýänsiň, ýöne sen biziň ýüregimize örän agyr görünýäň. Sen, biz üçin, degirmende däne üwänden hem agyr. Özüňem Ad kowmundan galan däli ýaly bolup dursuň».

891. Ýene birinden*: «Eger seni otluk ýerde goýup gitseler, sen zerarly daglaryň we düzleriň oty gurardy. Eger ol ýekeje gezek «Bal ýaly süýji» diýäýse, bal ýaly süýji sözi ajy bolar. Meniň mülkümde saňa ýarar ýaly näme bar bolsa, ählisini al-da derrew ýola düş».



[1]«A:ly Ymran» süresi, 159-njy aýat.

[2]«Ahzap» süresi, 53-nji aýat

[3]«Muzzammil» süresi, 13-nji aýat