43-nji bölüm: Kowumdaşlyga dil ýetirmezlik.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 43-nji bölüm: Kowumdaşlyga dil ýetirmezlik.

892. Ibn Rumydan*: «Araplar her gije oturyp, tä daňyň düýbi agarýança, özlerine kowum saýlaýarlar. Adamlar kowumlaryň içinde misini-kümşüni saýlap-seçip oturan serraba[1]döndüler».

893. Abu Nuwasdan*: «Hudaýa şükür, Heýsem ibn Adynyň arap bolup dogulandygy örän ajap. Sual taýpasynyň ýanynda Adyny ýatla we ol kowumyň öňünde «dal» we «aýn»[2]harpyny goý».

894. Muhammet Mowsylynyň aýdany: «Oňa we onuň nadanlygyna seret, saňa çakylyk bereniň dat gününe. Ýüregiň ömür boýy ondan gorkuda. Bir parsah uzaklykdan «Taý» diýlip ýatlanylsa, gözüňdäki nur öçüberýär».

895. Ahmet ibn Abu Selmeden*: «Eý agam, sen özüňi araplaryň iň hilegär taýpasyndan hasaplaýarmyň? Ýemen şalaryndan kasam edýärmiň? Biz-ä, seni Hymýar ilinden saýýarys. Bu ýazygyň bilen şöhratly kowuma arka diremäň näme? «Günäkäriň ähdi bolmaz» diýip eşitmänmidiň?.

896. Başga birinden*:

«Aýdyşyna görä Hanafy,

Özi hem günäden päk.

«Fa» harpynyň üstüne bir nokat goý,

«Nun» harpyny bolsa, galam bilen ýokary çyz,

Şonda bu garrynyň ady «halaky[3]« bolar.

897. Muny maňa Mosulda Aly Süleýman ibn Feth Zemekdem aýdyp berdi. Bu setirler Abu Hasan Aly ibn Muhammet Şemşady hakyndadyr*:

«Eý, Şemşadyň gatyry, sen özüňe araplaryň içinden gör näçe gezek ata gözlediň. Adamlar seni ol kowumdan hasap etmese, sen derrew başga kowum gözläp başladyň. Perzendini ýitiren ene ýaly bolup, ähli tirelere we kowumlara janyňdan syzdyryp, gygyryp başladyň: «Waý, harap boldum» diýdiň. Seniň örän köp ataň bar, ýöne olaryň haýsy biri seniň aladaň üçin yhlas eder? Haçan-da, seni görseler, ýabany it ýaly, daş sowgat bererler».

898. Ibn Bessamyň aýdany*. Bu setirler Abdylsamat ibn Muazzalyňky diýýänlerem bar.

«Bir adam, hudaýa degişlidigini unudyp, araplaryň içinden özüne kowum gözlemäge dalaş etdi. Bir zat talap edilse, ne oňa, ne muňa akyl ýetirdi. Oňa iýer ýaly zagara balyk getirdim. Emma muny islemedi we: «Seniň dostlaryňda, açlygymy giderer ýaly başga nahar ýokmy? Dostuň üçin syçan ýa hažžygam bolsa tut. Oýuny bolsa, bes ediň »diýdi. Soňra oňa müşk we kamfara sepilen oty düşedim. Ol muny ysgamady, burnuny tutdy-da, ümzügne gaçyp gitdi».

Ol meniň neberäme laýyk geljek bolup, hat-da ýowşan ýygmaga-da gitdi. Soňra biziň sakymyz oňa dür däneleri bilen bezelen käsäni tutdy. Bu köne we dury çakyr bolup, ony içen adam gaýgy-aladadan dynyp, teselli tapýardy. Emma munuňky ýene tersine boldy. Şondan soňra ol bize baglanjak bolmady. Ol özüne abraýly kowum gözläp ýör, asyl onuň öz atasyna baglylygy bir dogrumyka?».

899. Abu Nuwasdan*: «Suleým süpükdir» diýip gygyrýan adam, dyrnagyň ujundaky hapaça ýokdur. Onuň özi bolsa «Amr» sözündäki «waw» harpy ýaly, tüýs üstünden gülmek üçin birleşdirilendir[4]».

900. Beşşar ibn Burt bu setirleri Abu Haşym Amr Bahyla we Hammat Ajrada degişme hökmünde ýazypdyr*: «Eger Amr öz aňyrsyny, kowumyny herekete getiren bolsa, oňa ýoldaş bol. Sebäbi ol küýzeden çykan araplardandyr. Ol tä parlak nurly arap gelýänçä, bir demirçiniň körügini beýlesine öwrüp berýärdi; Hammat Abu Omara bolsa eliňi mäkäm dart, ol ýönekeý adamlaryň içinden çykan dinardyr».

901. Bu sözleri maňa kakam Şyh Sagyt aýdyp beripdi. Oňa hem Abu Muhammet Abdylla ibn Ahmet ibn Zyýat Jowalygy, oňa Muhammet ibn Abdylla, oňa Abdyrahman ibn Abdylla ibn Müslim aýdypdyr. Ol bolsa muny Enes ibn Mälikden eşidipdir, ýagny Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir:

«Kim özüni hakyky ata-babasynyň hataryna goşmasa [özüni hakyky aslyna baglamasa], oňa Allanyň gargyşy we gazaby bolar. Hudaý onuň arassa we adyl işiniň hiç birini kabul etmez».

 



[1]Serrap — bankir.

[2]«Dal” we «aýn” — arap elipbiýiniň harplary bolup, «goý” diýen sözi aňladýar.

[3]Halaky — «ýüzük şekilli, egri, küýki” diýmek.

[4]Arapça «Amr» sözi ýazylanda, soňuna «waw» harpy goşulýar, ýöne okalmaýar