44-nji bölüm: Gödek degişme.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 44-nji bölüm: Gödek degişme.

902. Aly ibn Apbas Rumy bir gezek Ibn Mudepbiri şygyr setirleri bilen öwüpdir. Ibn Mudepbir munuň sylagyny soň berjekdigini aýdypdyr.

Sowgat tamasy bilen onuň gapysynyň agzynda birnäçe gün bäri gezmeläp ýören şahyryň ýanyna, derwezeban gelip: «Wezir saňa şol setirler bilen menden başga kimi öwesiň gelýän bolsa, öwüber» diýýär» diýipdir.

Aly Rumy gapydan bir gyra çekilipdir-de birnäçe setir ýazypdyr. Ol şeýle diýipdir*: «Esli wagt saklanyňdan soň meniň şygrymy yzyna gaýtardyň. Onuň päkize lybasyny çaňa garyp goýberdiň. Sen: «Şol setirler bilen kimi öwesiň gelýän bolsa, öwüber» diýipsiň. Ýöne yzyna gaýtarylan öwgini kim kabul etsin. Esasanam, ony öz ysyň bilen doldurypsyň. Poh bilen doldurylandan soňra, diri adama maslygyň dony geýim bolarmy?».

903. Aly ibn Jehmden*: «Iki işi birden bitirjek bolup, jan etdiň. Ýöne gujur-gaýratyň olaryň içinde azaşyp gitdi. Seniň bu gümralygyň, edil patyşalaryň azaşmasy we olaryň ýurt işiniň dargaýşy ýaly boldy. Sebäbi, sen ýagşylyk etmedige alkyş aýtjak bolup, entek ýörelmedik ýoldan ýörediň».

904. Buhturydan*: «Eger ýagmyrly bulutlar bilen elleşseler hem, olaryň barmaklary öl bolmaz. Tupanly Hytaý deňzini ýüzüp geçselerem, asla gark bolmaz».

905. Ýezit ibn Rabyganyň Zyýat ogullary hakda aýdany*: «Şu haty Mugawyýa ibn Harba ýetirip biljek ýemenli adam barmy? Ol «Ataň namysjaň» diýseler gahary gelip, «Ataň zynakeş» diýseler, monça bolýarmyşyn».

906. Bu wakany maňa Abu Hasan Aly ibn Kasym Basry gürrüň berdi. Oňa Abu Rowk Hazzany, oňa Abulfazl Ryýaşy, oňa bolsa Asmagy gürrüň beripdir:

«Çarwa araplaryň biri süýtdeş doganyna garap: «Seniň haramzadalygyň üçin üstüňden gülerin» diýipdir. Onda agasy: «Haý duraweri, meniň üstümden nädip güljek? Seniň kakaň meniň kakam, seniň ejeň meniň ejem ahyry» diýipdir. Onda ol*:

«Oglana haramzadalyk özünden ýokar,

Ne atadan geler, ne-de eneden» diýipdir».

907. Muny maňa Mugyra ibn Habna Rababydan diýip aýdyp berdiler. Ol hem Rabyga ibn Hanzaladan eşidipdir. Ol öz agasy Sahra ýüzlenip*: «Seniň kakaň – meniň kakam, sen meniň süýtdeş doganym. Emma, muňa garamazdan, aramyzdaky häsiýetler gowy parh edýär. Ejeňi dogruçyl aýal hasaplaýarlar, ýöne onuň ogly kemakyl we nejis görülýär. Ikimiz duşuşsak, adamlar biziň haýsymyzyň ýigrenji, haýsymyzyň bolsa küýselýän adamdygymyzy takyk kesgitlärler. Eger eliň taýaga tarap ýokary galsa, meniň taýagym tirsildäp duran naýzadyr, onuň bilen ajaly ýeten gerçekleri dep ederin».

908. Başga birinden*: «Çarwalar galp zatlar bilen buýsanmaga ökdedir. Sözlände dilleri şeýle bir süýji we ýakymly. Nadanlykdan ýaňa, olar özlerinde ýok sypatlardan hem göwni hoş gezip ýörler. Aslynda, ýagşy söz ýagşy ärlerden çykýandyr».

909. Mälik ibn Esmadan*: «Size baramda, çakyr-şerap göterip baran bolsam, itiňiz meni öý eýesidir öýdüp, üýrüp durmazdy. Ýöne, üstümdäki müşk ysy menden öňürtdi we hindi anbary hem oda ot goşdy. Itiňiz meni görenden ysymy halamady. Ol diňe meýli meşikleriň we şire-şepbikleriň ysyna uýgunlaşan eken».

910. Uwaýf Kawafydan*: «Siziň eneňiz ne ganatynyň astynda çagasyny ýitirene, ne-de gül deý zenanlaryň içindäki güle meňzeýär. Onuň ganatynyň astynda azajyk bolup dursuňyz. Mal soýlanda we gazan başynda bolsa iň köp adam siz».

911. Ýene şeýle diýdi*: «Eger ol zenan ilkinjisini ogul dogursa, bu oglan [onuň] üçin nejislik bolar. Sebäbi bu gelin, nahar wagty ähli kişini iteläp, gyslyşdyryp, alyp barýar. Perzendini goramaly bolanda welin, perwaýyna däl».

912. Başga biri şeýle diýdi*: «Binamyslyk ony ýelleriň arasynda çökmäge mejbur etdi. Ol indi bu ýerden gitmejekdigine kasam etdi. Edil şonuň ýaly, arzyly maksadyna gowuşmadyk ýolagçy, ýeten ýerinde düşleýändir we orun tutýandyr. Bu adam arzuw üçin artykmaç yhlas etjeklerden däldir».

913. Abu Şamakmakdan*: «Seniň ataň hem, seniň eneň hem erkin adamlardan. Ýeri, iki sany erkin adam, nädip binamys birini dogurýarka? Adamlar saňa-da, ol ikisine-de geň galyp oturmasyn, kümşüň ýüzünde hapa bolýandygy geň däl ahyry».

914. Amr ibn Omeýýadan*: «Eger ryzk päk adamdan ýüz öwürse, zamana ony Zyýadyň ýanyna gelmeli eder. Ol bolsa, göýä ähli adamynyň rysgyny özi berýän ýaly, gaşyny çytyp garşylar».

915. Halabydan*: «Eý, Alla, Alla! Wehp maşgalasynyň içinde Abu Hasan, edil bagt ýyldyzy ýalydyr. Ýöne şumlugyň olaryň üstüne inmäwersin, olar muňa çydabilmez we edil hapa ýerde çekilen surat ýaly bolup galarlar».

916. Buhturydan*: «Tüweleme, beýleki adamlaryň hiç birinde bolmasa-da, sen dört häsiýeti özüňde jemläp bildiň: Gymmaty ýok namys, bozuk nebis, agyr ýüz we daş ýaly göz».

917. Ýene şeýle diýdi*: «Adamlaryň gözi ýa-da basyp giden yzyça bolmasaň hem, olar seni geň galdyrmasyn. Bahyllaryň ýanynda ýagyş suwuny içip oň, şerapçylaryň ýanyndan turmak bilen bol».

918. Ýene şeýle diýdi*: «Eger bir ýigit menden uzaklaşyp, özi hem ulumsylyk donuna bürense, men oňa ýoldaş bolmaryn. Oňa bolan päk niýetim we beren sözüm bolmasady, men onuň islegini bitirmekden birwagt ýüz öwrerdim».

919. Ýene şeýle diýdi*: «Abu Hasan, sen ajalyň bosagasynda, baýlygyňy ýitirmegiň öňüsyrasynda, döwletiň göçmeginiň gyrasynda dursuň. Sen özüňi hiç wagt harap bolmaýan, ýalňyşmaýan we büdüremeýän adam hasap edýärdiň. Sen bize dag ilçisiniň iberen betbagtlygyny, Abu Japaryň üstüne kimiň öwrenenini aýt. Wehp neberesini söýýändigiňi aýan etdiň, ýöne Zuhal[1]ýyldyzy bolup, olaryň bagtyny ýatyrdyň. Ýekeje ýüpden çeke-çeke olaryň tersine gitdiň, ahyry olaryň ähli işini dargatdyň».

920. Abu Taýýyp Mütenepbiden*: «Nesil-neberäň yzarlandy welin, atasyz ogul bolup çykdyň. Soň ýagdaýyň mälim edilse-de, edep-terbiýä dolanmadyň. Sen bu gün öz adyňy «gyzyl» diýip üýtgetdiň, ýöne seniň adyň «zehep[2]» däl-de, «zehapdyr[3]». «Zehap-ul-akl» diýmekdir. Eý, bagty ýatan, sen özüňe muwapyk beýle lakamy nireden tapdyň? Seniň özüň lakama lakam bolupsyň».

921. Ýene şeýle diýdi*: «Ähli ýagdaýlarda şerap ýürege teselli bermeýär. Durmuş edil binamyslaryň eçilişi ýaly bagyş edýär. Eger olaryň başyna äpet alada düşse, adamlaryň iň ulusy hem kiçijik bolup galýar. Ýaşaýyş babatda men olara meňzejek bolmaýaryn. Men olaryň arasynda arzyly gyzyl känidirin. Patyşalar, gözlerini açyp uklaýan towşanlara meňzeş. Eger olar akylsyzlyk bilen goranyp bilerin öýtseler, bu puç bolar we olaryň ýiti gylyjynyň boýny synar».

922. Ýene şeýle diýdi*: «Ýagşylygyň saňa haýsy ýollardan geljegini bilmersiň. Gany nireden almalysyny, tyg bilen sülük gowy bilýär».

923. Ýene şeýle diýdi*: «Bu dünýäde başymyzy bürän gaýgy-aladalary aýryp biljek adam barmy-ka? Bu dünýäde goňşulary bilen şadyýana ýaşalýan mekan barmy-ka? Haýwanlar hem adamlar, begler hem gullar bir-birine meňzedi gitdi. Men bilemok, adamlaryň başyna täze borç düşdümi ýa-da köne dert dolandy?! Müsür topragynda şeýle adamlara duşdum, erkin adam olaryň arasynda ýetim ýaly, aralaryndaky garaýagyz akylly adam, gyrgylaryň we baýguşlaryň arasyndaky garga ýalydyr. Men onuň öwgüsini oýun hasapladym we akmajyklara aýdylýan sözi diýip goýberdim. Onuň üstünden gülemde, bu şagal ogluna aýdan sözüm, dilimden sakawlap çykdy. Eger ähli ýaman işler binamyslardan çykýan bolsa, men binamyslary ýazgarmasam, onda kimi ýazgaraýyn?!».

924. Asmagynyň aýdany: «Abdyrahman ibn Hassan iş bilen bir adama ýüz tutupdyr. Emma ol adam ony bitirmekden boýun gaçyransoň, Abdyrahman şol arzyny Omar ibn Abdyleziziň ýanynda mälim edipdir. Omar onuň haýyşyny bitirensoň, ilki soran adamsy Abdyrahmana gabat gelip: «Işiňi nätdiň?» diýip, ondan sorapdyr.

Abdyrahman şeýle jogap beripdir*: «Bir iş bilen ýüz tutdum. Sen ony bitirmekden boýun towladyň. Şol sebäpli-de, bu işimiň sogaby senden başgalara nesip etdi. Seniň nägile garaýşyň, seniň özüňi alkyşdan goýdy, Allaň beren haýryny nebsiň satyp goýberdi.

Nebsiň seni bir gezek haýyr işe atarsa, sen oňa ters iş edýärsiň. Ýamanlyga iterse welin, oňa tabyn bolýarsyň».

925. Jugaýfyranyň Dygbyl ibn Aly Huzaga degişmesi*:

«Japar näme üçin atasyna meňzänok,

Dalaş-dawa etseler-de malyny gaýgyranok.

Biri oňa «oglum» diýse, beýlekisi diýenok,

«Atasyn» tanaýşyny, enesi-hä geňlänok».

926. Asmagynyň aýdany: «Çarwa arap birini suratlandyryp, şeýle diýipdir: «Ol gysganç, gazany kiçi, asly näbelli, dargursak, aňyrsy binamys, aşa ulumsy, howalasy belent, ýagşylygy ýok adamdyr».

927. Başga biriniň Abu Dulef Yjly hakda aýdany*: «Eý, Abu Dulef, eliňdäki zat soralsa, soran kişi seniň gözüňe şeýle nadan görüner. Sen gapyňy şeýle bir berk-mäkäm ýapypsyň, açyk goýsaň, oňa bela-beterler giräýjek ýaly. Görküň ajaýyp, ýöne sesiň gorkunç deprek ýaly güňleç çykýar. Haýyr bezeginden bolsa, sen boşap ýatan çöl ýaly».

928. Asmagynyň ýatlamagyna görä, bir adam häkim bilen ýoldaş bolupdyr. Emma birnäçe wagtdan soň olar aýrylyşypdyrlar. Adamlar ondan: «Ol saňa nämeler tabşyrdy we nämeler berdi?» diýip soranlarynda, «Ol maňa gulagyny tabşyrdy, arkasyny görkezdi, bähbidinden gorady. Tä aýrylyşýançak şeýle gezdik» diýip, jogap beripdir.

929. Ahmet ibn Ýahýa Jürjanynyň işýakmaz biri hakda aýdany*: «Işýakmazyň uly islegi ýagşylyga duçar bolmakdyr. Olaryň ululary kemakyl, çagalary hem betpäl bolýar. Gabat gelen adam hem mydama olara gargap ýör».

930. Aban ibn Abdylhamyt Lahykynyň özüniň Rakaş taýpasyna ýazan degişmesi*: «Mende edil öz kowumum dek aýratyn kowum bolsady. Iň bolmanda, birek-birege ýardam bermek üçin birje topar ýeterlik ahyry. Men ömrüm boýy olara ynamdar dost we kömekçi bolup galaryn. Binamyslar üçin, Rakaş taýpasy ýaly bolmaryn. Olar ýagşy işe çagyrsaň gatyr ýaly bolýarlar. Bir zatdan çekinseler welin, kebelek kimin dagap ötägidýärler».

931. Muhammet ibn Bekkar Rahbynyň Muzahym taýpasyna ýazan degişmesi*: «Muzahym taýpasyna miras galan bir buýsanç bar. Olar myhmanlarna aýallaryny hem-de dullaryny hödürleýärler. Öz suwlaryny we çöreklerini bolsa, itden beter goraýarlar. Wah, olaryň elleri aýallarynyň etegini hödürlese-de, az görmeli däl-le…».

932. Ýene şonuň aýdany*: «Siz uly we mertebeli adamlara, aýallaryň görmegeý goja seredişi ýaly seredýärsiňiz. Hamana, men siziň gözüňize ýönekeý ýaly, maňa gözüňiziň gyýtagy bilen nazar salýarsyňyz. Abraý-şöhrat gazanmakda öz elleriňiz size ýamanlyk edýär. Siziň ýerliksiz geçirimliligiňizden ýaňa ýeller hem ýadap galjak…».

933. Abu Nuwasdan*: «Saňa degişdim welin, sen ähli kişä meşhur bolduň. Sen mundan öň ile beýle meşhur bolmandyň. Wah, kapyýalaryň biýzine (aklygyna) haýpym gelýär, olar biýze däl-de, ölüme gabat gelipdir».

934. Iki sany adam bir zat üstünde çekeleşipdir. Olaryň biri beýlekisine*: «Men seniň ornuňda bolup, diýen etmezek oglumyň nähilidigini beýan edeýin. Sen hem edil şonuň ýaly bolup dursuň. Onuň durmuşy gahar-gazap, ölümi bolsa pajygadyr. Seniň ýamanlygyň ýurt içinde akyp ýatyr, peýdaň bolsa islenilmeýän peýkamdyr. Seniň diriligiň hiç kimi şatlandyranok, ýöne ölümiň biz üçin uly betbagtlyk».

935. Abul Howlyň Zaýyda ibn Magn ibn Zaýyda we onuň atasy hakda aýdan goşgusy*: «Eý, Ibn Magn, adamlar seni taryplap duranymy görseler, meni remezanda zyna edýän ýaly görerler. Arkadan-öňden derdiň öýjügi bolup durkaň, men nire, sizi taryplamak nire? Seni beýige göterjek bolup, başymy aýlamda, uzak jebirden soňra büdräp giden gatyra döndüm. Ýagşy gylyklar hakda söz açylsa, ol seniň ardyňda ýerleşen zatdyr. Senden haýyr görmejegimi bilip, öňünden toba edýärin».

936. Öwrenje biriniň Dawut ibn Aly Yspyhany hakda aýdan goşgusy*:

«Saňa meňzejek bolduk, ýöne başarmadyk,

Dünýäde mümkin däl zatlaram sende bar eken».

937. Ibn Rumynyň goşgysy*: «Isa ebedi-baky galaýjak ýaly, zadyny özüne hem dözmeýär. Ol gysylmakdan ýaňa, başarsa, burnunyň bir deşiginden dem aljak. Ýeter-ýetmez günlerinde, oňa igenç sürtäp oturmagyň geregi ýok, biz ol günleri geçirmeli hasap edýäris. Ýöne, ynsaby husyt adama bagyşlanma ýokdur. Onuň alkyş däl-de, özgelere miras toplaýan eli bar».

938. Käbir araplaryň aýdan goşgusy*: «Ibn Şemliň howlusyndaky derweze gözel bezegli. Howludaky iň haşamly zat bolsa, gulpa urlan gulpdur. Pelek hem öý eýesiniň abraýyna şeýle çemeleşipdir. Husytlygy zerarly onuň şöhradyna gulp üstüne gulp asypdyr. Husytlyk bu howlunyň haýryny köpeltdi, sebäbi ol ýerdäki ýaşaýjylar açlygyndan ýaňa iki bükülip, seždä egildiler. Ýogsam näme, ine Ymranyň uýasy päk gezip, ärsiz perzent dogurmadymy? Ibn Şemliň hem şunuň ýaly sahawatsyz haýry köp» .

939.Aly ibn Jehmiň goşgusy*: «Oňa diňe Kiramun-kätibiýn perişdeleri towpyk beräýmese, başga gapysyndan garajak perişde ýok. Birem, käteler ýelleri äkidip-getirýän perişdeler nazar salaýmasa, onuň öýünde başga düşleýän ýok. Omaryň elindäki baýlyk tötänden hem ýere gaçaýmaz ýa-da onuň gylyjyna gyn tikilmez. Rahhajy erkekleri beren sözünde tapylmaz. Ine, rahhajyly gelinler bolsa, wada beren wagtyna geler».

940. Käbir araplaryň aýdan goşgusy*: «Eger ol: «Meniň atam asylly ojakdan» diýse, biz: «Dogry aýdýarsyň, wah ýöne ol nähili ýaramaz zat dogrupdyr. Seniň berýän peşgeşiň edil suw gysymlan ýaly, ataň şöhraty bolsa ýyldyzlara we ýedigene bäs edýärdi» diýerdik.

941. Welit ibn Ukba ibn Abu Muaýtyň goşgusy*: «Bir zat soralsa «Ýok» diýýärsiň. Bir zat sorasaň, derrew «Getir» diýýärsiň. Ýewfratyň sakasynda oturyp bir içimlik suwy gysganýarsyň, haýyr iş etmäge şeýle bir ýaltanýarsyň. «Bolýar» diýere ýa-da ölümden öň «Ýok» sözüni terk edere, heý bir ýagdaýyň ýokmy?».

942. Bu goşgy Hasan ibn Wehbe bagyşlanypdyr*: «Ol şirin sözlülikde, az söz bilen köp manyny beýan etmekde aňry çäge ýetdi. Gysgadan manyly sözleri eý gördi. «Bolýar» diýen sözi uzyn görüp, «Ýok» diýen sözi saýlady».

943. Bu goşgy Abu Dehbeliň, käbir ýazgylara görä bolsa, Ibn Rumynyň goşgusy hasaplanýar*: «Men seni ýaňsylama bilen öldürjek boldum.Ýöne, sen ölmediň. Sebäbi itleriň jany berk we ömri uzyn bolýar. Sen maňa it ýaly üýrüp, biderek alada galýarsyň. Asmandaky aýa bakyp üýrýän it, oňa zyýan edip bilermi?».

944. Beşşar ibn Burdyň goşgusy*. «Üstünden gülünmesine şeýle bir ysnyşyp gitdi welin, ynsabynyň piňine-de däl. Ony müň adam ýaňsylasyn, bir adam üstünden gülsün, parhy ýok, göwnübir ýaly gezip ýör. Bu ýerde şeýle bir biabraý bolduň, hat-da saňa göriplik edýänem ýok».

945. Abu Nuwasyň goşgusy*: «Eşgas taýpasyna aýdyň, meniň ýanymda Apbasyň işini ýazgarmak sana geçmez. Bu işi Hudaýa tabşyryň, ony kellesinden başlap, täzeden ýaratmaly bolar. Biz diňe «Apbas – adamlaryň apbasy[4]» diýmäge hakymyz bar».

946. Abu Nuwasyň goşgusy*: «Sallançakda ýatyrkaň, eneň saňa «Eban» diýip at dakanda ýalňyşypdyr. Hudaý kömek eden bolmaly, ol «ta» harpyna derek, «ba» harpyny ýadyna salandyr. Onuň «Etan» dakjak bolandygyny biz indi bilýäris. Seniň hakyky adyň «Etan[5]» bolmaly».

947. Ýene-de Abu Nuwasyň goşgusy*: «Ysmaýylyň çöregi alabeder, döwülmese, heňläp gider. Onuň gizläp biliş ussatlygyna haýran galýarsyň. Çöregi şeýle saklaýan adam ymmatyň gatysysdyr. Tamdyrdan çykanda tegelek, bitin çörekdir welin, onuň ýarpysy geler. Beýleki ýarty tegelegini nirede gizländiginden habaryň bolmaz.

Onuň suw içişi hem täsin. Derýanyň süýji suwuny, guýynyň şor suwy bilen garyp içer. Aslynda dury suw içmedik adamlar, hut şeýle häsiýetli bolýar».

948. Bu goşgy hem Abu Nuwasa degişlidir*: «Ysmaýylyň çöreginiň üstünde husytlyk penakäri otyr. Çörek, iýilmeden halas bolup, ahyry asuda howla düşüpdir».

949. Abu Nuwasyň goşgusy*. «Onuň çöregi patyşalaryň ýanynda aýdylýan we mysal getirilýän anka[6]guşundan başga zat däldir».

950. Ibn Abu Uýaýnanyň goşgusy*: «Seniň ataň biziň ot-çöregimizi ösdürýän ýagyş ýaly, sen bolsa ekin-dikin goýmaýan çekirtge ýaly. Onuň ýagşy işleri bizi begendirýär, sen bolsa ataň abraýyny hem kem-kemden kertip barýarsyň».

951. Ýene-de şonuň goşgusy*: «Eş, Kabys, hernäçe jan etseň-de, takwa-jomartlykda agaň ogluna eýerip bilmersiň. Onuň bilen seniň araňda ummasyz tapawut bar. Ýazgarylýan adam, öwülýän adam bilen deň bolmaýar. Dawut ýagşy oglan, sen bolsa kötek iýip ýörsüň. Bolmasa, ikiňizem bir kökden, bir şahadan gaýdýarsyňyz. Ýöne, metjidiň mähraby üçin alynýan agaç bar, jöhitleriň ojagyna odun bolup atylýan agaç bar…».

952. Hammat Ajradyň goşgusy*: «Men saňa sögdim welin, sögünç maňa: «Sen nä, menden pesleri ýatlap, maňa sögýärmiň?» diýdi. Men seni ýaňsyladym welin, ol ýaňsy: «Sen meniň bilen ony ýaňsyladyňmy ýa-da ony ýatlap meni ýaňsyladyň?» diýdi».

953. Başga biriniň Abu Ýagla Kätip hakda aýdany*: «Hudaýyň beren nygmaty hiç wagt hem aýyp görülmeýär. Ýöne adamlaryň käbiri ony ýaramaz peýdalanýar. Abu Ýaglanyň ýüzüne bolsa, ne baýlygyň, ne-de Yslamyň nury gelişýär...».

954. Abul Hurufyň goşgusy*: «Eý, Amr, sen dinsizlik bilen öz ugruňa samrap ýörsüň öýdýän. Gybat-töhmete bolsa begenip garaýarsyň».

955. Ýene-de şonuň goşgusy*: «Sen özüňi hernäçe dinsiz edip görkezseňem, sen ikihudaýlykdan azatsyň. Sen bir Hudaýyň gulusyň. Eger sen ýetmiş sany Gurhany oda ýakyp, bir günde ähli metjitleri ýumursaňam, sen biziň ýanymyzda hudaýsyzlygyň golaýyndanam baraňok. Sen gürrüňsiz musulmansyň!».

956. Mütenepbiniň goşgusy*: «Entek ol agta gul bolmanka, biçilmänkä, akylyň ýerleşýän ýeri kelledir öýdýärdim. Haçan-da, onuň akylyny synlamsoň, akylyň ählisiniň kellede däl-de, ýumurtgalykda ýerleşýändigine gözüm ýetdi».

957. Ýene şeýle diýdi*: «Gullardan we mallardan samsyk birini özüňe häkim etseň, gul satýan adamyň eli ahyry kelläňi sypalar».

958. Ibn Rumynyň goşgusy*: «Gapdalymdan geçip barýan güjügi görmändirin. Birden ol maňa adam dilinde gürläp: «Abu Halyt, haýalrak ýöre» diýdi. Men gepleýän güjügi ilki görşümdi».

959. Ýene şonuň goşgusy*: «Eý, tagna salýan oglanlar, siziň ýüreklere salan ýaralaryňyz sebäpli, olar ot alyp dur. Hudaý siziň döwletiňizi adamlara tarap öwürmäwersin. Onuň bäri öwrüldigi adamlardan ýüz öwürdigidir».

960. Ýene şonuň goşgusy*: «Hak işde şumluk ýok diýip emire aýdyň. Goý, ol bäşden alty ýasajak bolup azara galmasyn. Şu iki işiň birini etmäge bir gysylmasyn: Haýyş etseler ýa kömek etsin, ýa-da derrew umydyny üzsün. Yzyna düşürip, kösäp ýörmesin».

961. Ýene şonuň goşgusy*:«Tebip gelip, bir oglany barlady welin, onuň damarynda asla sahylyk urgusy ýok eken».

962. Ýene şonuň goşgusy*: «Ýanyňa seni öwüp bardym. Emma sen goşgymyň üstünden güldüň, ýaňsyladyň. Bu elbetde meniň gödek ýalňyşym boldy. Sen bu hereketleriň bilen maňa bir nakyly ýatlatdyň: «Syrtdan ogşaýanyň sylagy oslukdyr».

963. Ýene şonuň goşgusy*: «Men gapdalymdan barýan ite: «Küç» diýdim welin, ýanymdaky adamyň gözleri maňa töhmet bilen garady. Ol özüni ite deňeýändir öýdýärmikä? Asyl beýle däl. Ol itçe-de ýok ahyry».

964. Ýezit ibn Rabyganyň goşgusy*: «Bir zada şaýat boldum: Eneň Abu Sufýan bilen ýakynlyk edende, ondan gorkujyna, perdesini syrmadyk bolarly. Güýçli gorkudan we hatardan ýaňa, ähli iş köýnegiň üstünde biten bolmaly».

965. Abul Kattaf Derfeli Basrynyň goşgusy*: «Eger binamysyň lybasy eşigiňe galtaşan bolsa, tä täret alyp, arassalanýançaň, Hudaýy ýatlama».

966. Mütenepbiniň goşgusy*: «Özüm öwgüden kiçi bolamsoň, üstüňden güleýin diýmedim. Mundan öň hem bolmajak zatlar hakda pikir edip, paýhas gylyjymy boş pyrlamandym».

967. Başga biriniň goşgusy*: «Patyşanyň huzuryna gelýän adamlaryň, bosagada murty ütüler».

968. Ibn Bessamyň goşgusy*: «Bir görseň-ä, sen bela-betere tap getirmeýän ýaly, ýöne şonda hem ölüp gideňok. Uly işleri bitirmeli bolsa, sandyrap dursuň. Süňke topulmaly bolsa ýolbars ýaly penjeli».

969. Ýagyş Kelbiniň goşgusy*: «Her gün elimde müň dinar pul bolup, astymda on aýal bolsa-da, Hudaý meni dowzahdan halas etse-de... enemiň Eset taýpasyndanlygy meni şatlandyrmaýar».

970. Abu Taýýyp Mütenepbiniň goşgusy*: «Toý güni geçdimi ýa geldimi, tapawudy ýok, sen mydama meýlis içinde gezip ýörsüň. Öz eýesine kast ýa-da hyýanat edýän betpäl gul ýurdy eýelemäge taýynlyk görýändir. Doga gul adamlar, erkinleriň lybasynda dogulsa-da, hiç haçan azat adamlara dost bolmaz. Gul satyn alsaň, gapdaly bilen hökman taýak satyn al. Çünki, gullar garabagtdyr».

971. Ýene şonuň goşgusy*:«Eger aslyňy, akylyňy we ýardamyňy ýitiren bolsaň, onda bu durmuşda seniň ykbalyň üçin gowulyk galmandyr».

972. Asmagynyň aýdany. «Abu Japaryň halypalyk eden döwründe ony tanaýan çarwalaryň biri onuň ýüzüne dikanlap seredip, şeýle diýipdir*:

«Baýlyk söhbeti ahyry ony doýurdy. Indi açlygym hakda gürrüň etsem, «Açlyk geläýer öýdüp» gorka düşýär».



[1]Zuhal — Saturn ýyldyzy.

[2]Zehep — altyn, gyzyl.

[3]Zehap — gitmek. «akyly giden» diýmek.

[4]Apbas –gödek, gyňyr ýüzli adam

[5]«Etan” arap sözi bolup, türkmençe manysy, «maçy eşek” diýmekdir.

[6]Anka — ýolbars kelleli, bürgüt ganatly hyýaly guşdur.