45-nji bölüm: Perwaýsyzlyk we ýaltalyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 45-nji bölüm: Perwaýsyzlyk we ýaltalyk.

973. Pygamberimiziň aýdany: «Adamlaryň iň ýaltasy doga[1]etmäge ýaltanýany, iň gysganjy bolsa, salam bermäge gysylýanydyr».

974. Käbir alymlaryň aýdany: «Ilden salamyny gysylýan we Pygamberiň ady agzalanda, oňa salawat okamaýan adam, iň gysganç adamdyr. Azan sesini eşidibem, azançynyň sesini gaýtalamaýan adam iň ýalta adamdyr. Öz bähbidi üçin ýagşy işe çagyrylanda kömegini gaýgyrýan adam, iň namart adamdyr. Her namazdan soň özi üçin ýagşy dileg etmeýän adam, iň ysnat adamdyr».

975. Muhammet ibn Hazymyň goşgusy*: «Perwaýsyzlyk öz gyzyny ýaltalyga durmuşa çykardy.Galyň hökmünde hem olara ýorgan-düşek we ýassyk eltdi hem-de: «Ine, şu siziň köşgüňizdir. Tä garyplyk perzendini dogurýançaňyz, hezil edip ýatyň» diýdi».

976. Asmagynyň aýdany: «Ýoluň ortarasynda çäşerip ýatan adamyň deňesinden geçip barýardym. Adamlar onuň üstünden ätläp geçse-de, piňine däldi, pitiwa hem etmeýärdi. Men ondan: «Sen keselmi?» diýip soramda, ol: «Ýok» diýdi. «Onda ýoldan sowulaýsaň bolmadymy?» diýemde, ol: «Ýoldan sowulmagyma ýaltalygym päsgel berýär» diýdi. Men ondan: «Ömrüňde heý bir zady söýüp gördüňmi?» diýip soramda, «Wah men şu wagtam şol söýgiden boşanyp bilemok, entegem söýýärin» diýdi. «Bu ýaltalyk näme üçin döredi?» diýemde, ol: «Wah, Alla ýanyma Selmäni getirsedi, ol ähli işimi edip bersedi. Hudaý islän zadyny başarýar ahyry» diýip, goşgy okady. Şonda men araplaryň içinde iň ýalta adamyň şoldugyna göz ýetirdim».

977. Ibn Rumynyň örän ýalta bir oglany ýazgaryp, aýdan goşgusy*: «Meniň hyzmatkärim tä ajygýança göze görnenok. Aýak atym bazara ýa ir-iýmiş satyn almaga ibersem, kyýamat güni gelýänçä garaşyp oňaýmaly boljak».

978. Muhammet ibn Süleýman Nowfylyň aýdany: «Bu wakany kakam gürrüň berdi we şeýle diýdi: «Bir gezek özüm, doganym Ýahýa ibn Süleýman we Abu Magatys üçimiz jem bolup otyrdyk. Men doganymdan näme iýesiniň gelýändigini soradym. Olar: «Semiz towuk bolsa kem däl» diýip, jogap berdiler. Men aşpezime: «Bize derrew towuk gowrup getir» diýdim.

Biz ony her näçe gyssasagam, ol «Ine boldy, häzir bolýan» diýip, günortana çenli güýmedi. Oňa-da kaýyl boljakdyk welin, şeýde-şeýde agşama ýetdik. Biz bolsa: «Häli geler, şindi geler» diýip, garaşyp otyrys. Şeýdip gijäniň gylla ýarysy geçdi. Ýoldaşlaryma bakyp: «Nämesi taýyn bolsa, şony iýibereliň, bu samsygyň bolsa üstünden güleliň. Goşgy bilen aýdyp, munuň bu agyr ýaltalygyny ýaňsylalyň, edep-terbiýä tarap ýola salalyň» diýdim.

Abu Magatys: «Her näme diýseňem, uranyň bilen-ä bular ýalylar ýola gelmez. Ýöne, ine sen şonuň ýaly hereket etseň, ýazgarsalar laýyk bolar. Ýöne Hudaý seni gaýdyp bu güne salmawersin» diýdi. Men: «Meni diňläň, häzir özüm bir söz oklaýyn» diýdim: «Ybraýym pygamberiň atylan ody buza dönende, onuň sowuklygy aşpezimiň ýakan odunyň sowuklygyça ýokdur». Muny eşidip, Abu Magatys: «Ony öz ugruna goýsaň, bu towugyň eti ömürboýy bişmez» diýdi. Agam Ýahýa bolsa: «Ondan tama edip, garnymyz ot aldy, gözümiz bolsa uklap galdy» diýdi.

979. Lukmanyň ogluna beren öwüdi: «Eý, oglum! Ýaltalykdan daş dur. Bir işe ýaltansaň, onuň hakyny ödemersiň. Ganyňy gyzdyrsaň, hak işe-de sabyr etmersiň».

980. «Günäler haýsy zat sebäpli köpelýär?» diýip, Ahnafdan soralanda, ol: «Nadanlyk, harsydünýälik we perwaýsyzlyk sebäpli» diýip, jogap beripdir.

981. Anuşirwanyň aýdany: «Ýaltalygy şeýle bir ýigrenýärin. Ol öz eýesini ähli ýagşylykdan uzakda goýýar, hatda iň pes derejelere eltip oklaýar. Hormatly we gadyrly adamlaryň gör, näçesi ýaltalyk sebäpli heläk boldy. Olaryň taýyn aşy, maly-mülki pytrap gitdi».

982. Amr ibn Asyň aýdany*: «Öz işine ýaltanýan adam, başgalaryň yhlasyndan tama etmeli bolar».



_ Doga — çagyryş. Hudaýa kömege çagyryp, dileg etmek.