46-njy bölüm: Ýaşaýyş serişdeleri we ony gazanmaga höwes.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 46-njy bölüm: Ýaşaýyş serişdeleri we ony gazanmaga höwes.

983. Pygamberimiziň aýdany: «Halal işleýän adam Hudaýyň ýolunda söweşýän merdana ýalydyr. Halal gazanç hakda pikir edip uka batanyň günäleri ötüler».

984. Pygamberimiziň aýdany: «Dogruçyl söwdagäre kyýamat güni şehitleriň derejesi berler».

985. Pygamberimiziň aýdany: «Dogry sözli söwdagär garyp düşmez».

986. Ahnafyň aýdany: «Bazarda oturyň, söwda ediň. Baýlyk hem saglykdyr».

987. Mansuryň gapysynda uzak eglenen Rawh ibn Hatama: «Günüň astynda köp durduň-la?» diýenlerinde, ol: «Jennet saýasynda köp oturmak üçin şeýtmeli bolýar» diýip, jogap beripdir.

988. Abu Hazym Agraçdan: «Näme üçin alymlar baýlaryň gapysyny kakýar, ýöne baýlar alymlary idäp baranoklar?» diýip sorapdyrlar. Abu Hazym: «Sebäbi alymlar baýlygyň hormatyna düşünip, ony talap edýärler. Baýlar bolsa ylmyň gymmatyna akyl ýetirmän, ony terk edýär» diýipdir.

989. Hasanyň aýdany: «Bazarlar Allanyň saçagydyr. Bazara gelen adam bir zat gazanar».

990. Pygamberimiziň aýdany: «Bu dünýäni ahyreti üçin, ahyretini bolsa dünýäsi üçin terk etmedik adam we adamlara ýük bolmadyk kişi — iň ýagşyňyzdyr».

991. Pygamberiň aýdany: «Eger kyýamat gopsa, eliňizdäki ýekeje düýp nahaly oturdyp ýetişýän bolsaňyz, şony oturdyň».

992. Ýük daşap, hiňlenip ýören bir adama Asmagynyň gözi düşüpdir. Ol*:

«Men özümi hormatlaýaryn. Eger ony özüm kemsitsem, menden soň meni kim sylasyn» diýýär ekeni. Asmagy oňa: «Ýagdaýyň şu bolsa, nädip özüňi sylaýarsyň?» diýipdir. Ol: «Seniň ýaly bigäneleriň gapysynda elimi serip duramok» diýipdir.

993. Jabyr ibn Saglap Taýynyň goşgusy*: «Igenjeňler ýanyma gelip käýediler we «Sen nä göçüp-gonup, kaňkap ýörmäňi bes etjek dälmi?» diýdiler. Men olara: «Men töweregimdäki il-ulusy synap gördüm. Ýöne, zamana bulaşaýsa, arka diräre är tapmadym. Gujurly ýigit gurply ýaşamak üçin, özüni garaňky gijäniň gursagyna oklamakdan çekinmez. Don tapan günüň, asla ýalaňaç gezmedik ýaly bolýarsyň.Gurplanan çagyň, garyplygy görmedik ýaly şatlanýarsyň. Eger bu tarapyň agyrtsa, beýleki tarapyňa agdaryl. Ýol-u ýurt söküp ýörseň, ahyry arkaňy aljagy taparsyň» diýdim.

994. Temimli käbir adamlaryň aýdan goşgusy*: «Hudaýyň takdyr eden zadyny çöplemek üçin, şere-haýra ýüz uraryn.Öz ýeriňde butnaman oturmak baky ýaşatmaz. Özge ýerden rysgyňy çöplemek bolsa, ömrüňi kemeltmez».

995. Eset taýpasyndan bolan käbir adamlar güzeran gözleginde gezip, ýurtdan aýra düşüpdirler. Ýat ilde hor-homsulyk basmarlansoň, kakalaryna goşgy bilen hat ýazypdyrlar*: «Durmuş dar bolany sebäpli, biz ýat ýerde it ýaly sergezdan gezdik. Ýoldaş bolmadyk ýadymyz ýok. Içen suwlarymyz bulanyk. Men zat gazanjak bolup, alys ülkelerde yhlas edýärin. Ýöne, öýde boş oturanyňdan, ýene-de eklenç üçin köseneniň oňat».

996. Buhturynyň goşgusy*: «Ykbal saňa garyplyk donuny geýdiren bolsa, sen garyplyga sergezdanlyk donuny atyp, ony alyslara ugrat».

997. Alawy Basrynyň goşgusy*: «Bendelere ýüz saraldyp, berlenine kanagat edip oturan adamlary gördüm. Her bir çaýkanşykda we her bir bezirgenlikde baýlyk gazanyp, maksada ýetip bolýar. Eger edepli adam, ýaltalyga werziş bolup, tapany bilen oňňut edýän bolsa, onda edep öwrenmegiň näme haýry bar? Gylyç gynyndan çykman ýatsa, ol söweş güni diňe duşmanyň bähbidinedir. Duşmanlaryň gözüne dilegçi görneniňden, öleniň ýagşydyr».

998. Muhammet ibn Asy Kufynyň goşgusy*: «Günüňi dolamak üçin öz ornuňda butnaman oturmak, saňa parz däldir. Ýagdaýlar bulaşsa, ornuňy goý-da, ryzk gözlegine git. Bolmasa, hor-homsy galarsyň».

999. Abu Temmam Taýynyň goşgusy*: «Beýik mertebeleri talap edýän ýigit, ýüzüni agyr işe ýakyp garaltmasa, ak abraýa gowuşmaz. Dogry aýdýarsyň, ryzkyň özi hem öz eýesini gözläp ýörendir. Ýöne, munuň üçin ýadamaly we kösenmeli bolýar. Gaýrat – eýer bilen jylawyň, ejizlik bolsa, bilezikli gelin bilen öýe daňylmagyň arasyndadyr. Batyr ýigit özi ýaly gerçek bilen garpyşyp, onuň ýüzüne gum peşemese, mert saýylýan däldir. Bizi rysgymyza tiz gowşurýan zat bolsa mertlik bilen yhlasdyr».

1000. Şonuň ýaly ýene bir goşgy*: «Erkek adam bir ýerde uzak oturaýsa, ýüpek parçadan tikilen geýmini ýyrtar. Şonuň üçin özge ýerleri aýlan we geýimiňi täzele».

1001. Eset taýpasyndan bolan bir aýal öýden çykman oturan, işýakmaz adamsyna käýinip, şeýle goşgy aýdypdyr*: «Özüni eklemek üçin yhlas etmeýän adam, garyplygyň gapysynda oturandyr. Dost-ýary, dogan-garyndaşy hem ondan bizardyr. Hudaýyň ýurdy giň. Git-de, ryzkyňy gözle. Baýlyk gazansaň gurply ýaşarsyň. Zähmet çekip ýogalsaň hem aýyp görülmersiň».

1002. Urwa ibn Werdiň goşgusy*: «Meni öz ugruma goýuň. Men baýlyk çöplemegi ýüregime berk düwdüm. Adamlaryň içinde iň ýamany garyplar ekeni. Öýüne ýagşy kişileriň barýandygyna garamazda, garyplary gyrada goýup, olara göwniýetmezçilik bilen bakýarlar».

1003. Käbir araplaryň aýdan goşgusy*: «Eý, tapdan gaçan göwün, bulaşyk gümanlardan saplanyp, başyň göter. Zamananyň gyýa garandygy üçin umytsyzlyga düşme. Saňa baýlyk bilen ýeterin ýa-da iň bolmanda bir gijejik, gursagyňdaky waswasa derek, meni goýup uka batarsyň. Bedewim jylawynyň çekilendigini bilýär. Gizlengi baýlygy talap edýän ýigit, oňa ýol tapyp, gurply ýaşar ýa-da dyrjaşýan işini hasyl eder».