47-nji bölüm: Tygşytlylyk. Güzeranyňy ýagşy dolandyrmak.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 47-nji bölüm: Tygşytlylyk. Güzeranyňy ýagşy dolandyrmak.

1004. Pygamberimiziň aýdany: «Eklenç üçin yhlas etmek käbir söwdadan haýyrlydyr».

1005. Pygamberimiziň aýdany: «Tygşytlylyk — pygamberligiň bir bölegidir».

1006. Pygamberimiziň aýdany: «Tygşytlylyk – eklenjiň, ýagşy gylyk – diniň ýarysydyr».

1007. Käbir kişileriň aýdany: «Köp zady bisarpa tutanyňdan, az zady tygşytly tut. Tygşytlylyk az zatdan miwe berer, bisarpalyk köp zadyň ýoguna ýanar».

1008. Käbir adamlar şeýle diýdi: «Garybyň adamkärçiligi bolmaz. Adamkärçiligi ýoguň utanjy bolmaz. Utanjy ýoguň dini bolmaz. Dinsiz adam üçin bolsa, iň haýyrly zat ölümdir».

1009. Sufýan Sewriniň aýdany: «Her kim elinde baryny düz saklasyn. Bu döwürde ile mätäç bolan adamlar ilki bilen dinini satýar».

1010. Sufýanyň aýdany: «Allatagala tygşytly bolmagy adamlara ündäp: «Olar haýyr-yhsan eden wagtlarynda, isrip hem, gysgançlyk hem etmezler. Olaryň eden yhsanlary ortalyk bolar (gysgançlyk bilen isribiň arasynda bolar)[1]» diýdi.

1011. Arafat gijesinde dagyň üstüne çykan çarwa arap: «Eý, Hudaýym, maňa bol rysk ber we beren rysgyňa kanagatly et» diýip, dileg edipdir.

1012. Ahmet ibn Abu Tahyryň goşgusy*: «Olar meniň baýlygymy hasaplajak bolup, göriplik edýärler. Baý adamlar, pukaralaryň ählisi özüne elgarama bolmalydyr öýdýär. Eger olar meniň täze-köne ähli zadymy, karzymy-parzymy hasaba ursalar-da, olaryň bahasy ýarym dirheme ýetmez».

1013. Başga biriniň goşgusy*: «Kanagat maňa ähli beýiklige ýetmäge peýda berdi. Ýogsam-da, kanagatdan uly baýlyk ýokdur. Kanagat seniň sermaýaň, takwalyk hem harydyň bolsun».

1014. Abul Atahyýanyň goşgusy*:«Baýlyk her bir adamyň özi, namysy, ýüzi we dili üçin ajaýyp bezegdir. Garyplyk — bu äsgerilmezlik gapysy bolup, onuň açary ýaltalyk bilen biperwaýlykdyr. Oňa-muňa mätäç etmezligi üçin, bir Alladan ýardam isle, halal gazanç etmäni hem unutma. Şonda sen bu zatlaryň hakykatyna anyk düşünersiň».

1015. Wehp ibn Munepbihiň aýtmagyna görä: «Hudaýyň «Bal ary» süresiniň 97-nji aýatyndaky «Biz oňa päkize durmuş berýäris» diýen sözi, «Oňa kanagat berýäris» diýildigidir».

1016. Hajyz Esdiniň goşgusy*: «Kişi baýlygyndan umyt etmezligiň özi nebis üçin uly rahatlykdyr. Sabyrlylykda bolsa, dilegden ýüz öwürdýän beýiklik bar. Kyn günlerimde abraýymy we güler ýüzümi saklanymy eý görýärin. Myhman bolup baranymda we gaýdanymda, açgöz ýaly kabul etmeklerini islemeýärin».

1017. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp Syffynda gezip ýörkä, bir gün gije onuň ýanyna Hatam Taýynyň ogly Adyý gelipdir. Hezreti Alynyň elinde arpa çöreginden bölekler we Ýewfrat suwundan bir käselik suw bar eken. Ol çöreklerini suwa ezip, iýip oturan eken. Adyý muny görüp: «Eý, möminleriň emiri, gündiziňi agyz bekläp geçirýäň, gijelerine tagat-sežde edýäň. Agyz açan wagtyň bolsa şeýle naharlanýaňmy?» diýip sorapdyr. Şonda Aly oňa goşgy bilen*: «Nebsiň özüňde bar zat bilen oňşuk etsin. Ýogsam, oňa ýeterlik bolaryndan äpet zady senden talap ederler. Şonda sen şol bir sagat sebäpli, bütin ömrüňi ýaşamadyk ýaly bolarsyň» diýip, jogap beripdir.

1018. Utbynyň aýdany: «Süleýman ibn Habyp birtopar baýlygy we sowgady Halyl ibn Ahmede iberipdir. Ol sowgadynyň gapdaly bilen çakylyk we ähli gowy zatlary arzuwlap, bir hat ýazypdyr. Süleýman onuň sowgadyny yzyna gaýtaryp, oňa goşgy bilen hat ýazypdyr*: «Özüm yhlas edip gazanmasam, iliň sowgady bilen baýap bolanok. Yhlas eden, zähmet çeken adam, maksadyny hökman tapar. Hiç kim şol durşuna baky galmaz».

1019. Abul Atahyýanyň goşgusy*: «Janyň sagat bolsa, durmuşdan şikaýat etme. Süňňi sagdynlyk – uly baýlykdyr. Ykbal seni soltan edip goýanda näme, syrkawlyk bilen dünýäniň lezzetini niçik duýarsyň?».

1020. Muhammet ibn Salyhyň aýdany: «Remezan gijeleriniň birinde Beni Mesgaba metjidinde bir adam bilen namaza durdum. Iňrik garalansoň, ol biz bilen namaz okady. Metjitden çykjak bolamda, ony agzaçara çagyrdym. Ol goşgy bilen jogap berdi*:

«Şol durşuna dowam edýän durmuşy we soňy garyplyga barmaýan baýlygy görmedim. Elmydama ähli zada taýyn bol. Agyr günüň nireden geljekdigini hiç kim bilýän däldir».

1021. Ahnaf ibn Kaýsyň goşgusy*: «Bary bilen kanagat etseň baý ýaşarsyň. Garbanmak üçin arpa çöregi bilen Ýewfratyň suwy hem ýeterlikdir».

1022. Lukmanyň ogluna beren öwüdi: «Eý, oglum, özüňe geregini gazan. Ondan artany isribe elter».

1023. Çarwa arabyň biri Hudaýa nalyş edende: «Eý, Hudaýym, maňa bol baýlyk we kanagat ber» diýipdir.

1024. Mahmut Warragyň goşgusy*: «Kanagatsyz adam, baýlygyň tagamyny datmaz. Kanagatly adam, gün geldigiçe baýar welin, garyp düşmez».

1025. Ýene şeýle diýdi*: «Meniň nebsim tama edip, baýajak bolýar. Ýöne barbaýlyk kanagatdadyr».

1026. Abul Atahyýanyň goşgusy*:

«Eger ykbal saňa saglyk

Donuny geýdiren bolsa,

Süýji we ýakymly durmuş

Boş goýmadyk bolsa seni,

Asuda ýaşa dünýäde,

Batma sen biderek gama.

Meňzejek bolmagyn hergiz,

Bisarpa pul sowýanlara.

Isrip edilen ojakda,

Garyplyk ýükün ýazdyrar.

Olar ykbalyň geýdiren

Donuna görä tozdurar».

1027. Huraýmynyň goşgusy*: «Kanagatsyz durmuşdan ýaşaýyş bolmaz. Ynsan köp toplar, ýene mätäç ýaşar. Dünýäniň lezzeti gowy, tagamy süýjüdir. Ýöne onuň tirilýän güli dertden, hassalykdan we ulumsylykdan dörändir».

1028. Ibn Rumynyň goşgusy*: «Baýlyk toplamak maňa ýaraýanam bolsa, ony saglygyma deňäp bilmerin. Baýlyk— bezeg, perzent—sylagdyr. Hassalyk bolsa baýlygyňy we perzendiňi unutdyrýan zatdyr».

1029. Başga biriniň aýdany*: «Ahmyr edip, göwnüçökgünlige düşme. Yslam bilen saglygyň barka, dünýäde özge zady gaýgy etme».

1030. Muhammet ibn Fazlyň goşgusy*: «Eger donuň iki tarapy hem kelte bolsa, seniň ähli teniňi örtmeýän bolsa, onda eliňi daşa gerinme we aýagyňy hem donuňa görä uzat».

1031. Abul Atahyýanyň goşgusy*:

«Güzeranym hem ryzkym üçin,

Adamlara ýüz saraltman,

Hudaýdan umyt ederin.

Şu günüm hem ertäm üçin,

Soňky günki ykbal üçin,

Eçilenine şükür ederin».

1032. Abu Hubeýra Sopynyň goşgusy*: «Baýlara tama bilen baksaň, uzakly gün hasratda bolarsyň, ne düşekde ynjalyp oturarsyň. Özüň ýalylara seret: Mümkin boldugyça ykbalyňa kanagat et».

1033. Hasan Basrynyň aýdany: «Elde baryňy tygşytly ulanmak, özgeleriň elindäki baýlyga tama edeniňden oňatdyr».

1034. Pygamberimiziň aýdany: «Hudaýyň beren az ryzkyna kanagat edýän adam, az amal etse-de, Hudaý ondan razy bolar».

1035. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň aýdany: «Köp zady bisarpa tutanyňdan, az zady tygşytly tut!».



[1]«Furkan» süresi, 67 aýat