48-nji bölüm: Baýlyk - belentlikdir, garyplyk - peslik.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 48-nji bölüm: Baýlyk - belentlikdir, garyplyk - peslik.

1036. Pygamberden rowaýat etmeklerine görä: «Garyplyk käbir adamlary tasdan küpüre duçar edipdi».

1037. Lukmanyň ogluna beren öwüdi: «Eý oglum, gazanç edip, baý bol, gurply ýaşa. Garyp adam şu üç närsäniň birine duş bolar. Olar: dini gowşaklyk, akyly ejizlik we adamkärçiliksizlik. Bulardan erbedi hem adamlar ony äsgermän öter».

1038. Garyplykdan gabyr ýagşy.

1039. Ölümden agyr zadyň nämedigi hakda Hasana sorag berlende, ol: «Haýsy ýagdaýa düşeniňde öleniňi gowy görýän bolsaň, şol iş ölümden beterdir» diýipdir.

1040. Abu Mugtamyr Süleminiň aýdany: «Üç hili adamlar bar: Baýlar, garyplar we ortalar. Hudaý tarapyndan kanagat sarpasy bagyş edilmedik garyplar, ölüdirler. Özgeleriň towakgasyna üns bermeýän baýlar, serhoşdyrlar. Iň ýagşysy bolsa ortatap adamlardyr. Küpür işiň köpüsi bolsa garyplara degişlidir».

1041. Salyh ibn Abdylkuddusyň goşgusy*: «Adamlar baýyň sözüni oňlarlar. Edýän işi ters hem bolsa, «ýaramaz» diýmezler. Agşamsyny aç geçiren dogan-dostlary dogry sözlese-de, ony ýaňsylap, inkär ederler».

1042. Ýahýa ibn Eksemiň goşgusy*: «Garyp ýigidiň görki bolmaz. Ýer bilen asman aralygy oňa dar görüner. Oýanan çagy ol ertesiniňmi ýa-da düýnüniň haýyrlydygyny bilmez. Ýigidiň puly azalsa, çagalary hem, dost-ýarlary hem ony akylly saýmaz. Ýalňyşy az, gepi düz bolsa-da, ondan ýüz öwrerler. Dünýäden ötse, ony ideglejek, ölümine gynanjak adam bolmaz. Ýaşap ýörse-de, diriligine şükür edýäni tapmarsyň. Ýigidiň puly azalsa, onuň ýürekdeş dostlary hem azalýandyr. Ýoldaşlarynyň kalbyndaky oňa bolan söýgi hem öçüp galýandyr».

1043. Buhturynyň goşgusy*: «Baý adam galp sözlär, dürs diýiler. «Bolmajak zady sözleýäň» diýmezler. Eger onuň kisesinde tylla teňňeler bolmasady, ýagdaýy şonuňkydan teň birini tapyp bilmezdiň. Garyp adam dürs sözlär, ters diýiler. «Sen galat sözleýäň. Ýok zady ýaňraýaň» diýerler. Tylla teňňeler nirede bolsa-da, eýesine abraý we görk berip durandyr».

1044. Abul Atahyýanyň goşgusy*: «Dünýädäki adamlar, dünýäniň öwrülişi ýaly, çar ýana öwrülip durandyr. Hemme kişi dünýäkeş we baý adamlara tarap öwrüler. Haçanda dünýä döwleti ondan ýüzün öwrende, adamlar hem ýüz öwürmek bilen bolar».

1045. Başga biriniň aýdany*: «Öz işiň üçin kimdir birini, ilçi edip iberjek bolsaň, dirhemden gowy ilçini tapmarsyň. Ol iň mäkäm gapylary hem tiz açýar».

1046. Buhturynyň goşgusy*: «Baý adam göze görkli görüner. Dünýä döwleti haýsy adama öwrülse, adamlar hem şol tarapa meýil eder».

1047. Başga biriniň goşgusy*: «Garyplyk öz ülkäňde-de kesekidir. Baýlyk bolsa, keseki ýerde-de watan ýaly ezizdir. Ýarany garyplyk bolan adama ähli ýer ýat - kesekidir».

1048. Abu Hilal Ahdabyň goşgusy*: «Adamlar: «Perzendi ýokdan adam bolmaz» diýenlerinde, men: «Puly bolmadykdan adam bolmaz» diýdim».

1049. Başga biriniň goşgusy*: «Ylym ynsanyň malsyzlygyny kowar. Nadanlyk bolsa nygmatyň gapysyny baglar».

1050. Ibn Mugtazyň goşgusy*: «Hajatyňy bitirmek üçin iň ynamdar, şowly we işeňňir wekil — dirhem puldyr».

1051. Başga biriniň goşgusy*: «Garyplyk doganyňdan dost ýasamaz, baýlyk welin baýlardan dogan ýasar».

1052. Başga biriniň goşgusy*: «Garyplyk ýaly abraýyňy peseldýän, baýlyk ýaly mertebäňi beýgeldýän zady görmedim».

1053. Abu Rasybyň goşgusy*: «Baý adamlaryň daşy elmydama hümer adamdyr. Onuň aýdanyny tassyklarlar, yzyna düşerler. Baýlygyň ýüz öwüren wagty, adamlar hem ondan ýüz öwrüp, çar ýana pytrarlar».

1054. Salyh ibn Abdylkuddusyň goşgusy*: «Nadany baý halda gören wagtyň, mümkin däl zatlaryň hem bolýandygyny ýadyňa sal».

1055. Mamunyň goşgusy*: «Üstünlige tiz ýetmek üçin elmydama, tegelek ak şaýlykdan haýyrlysy ýokdur».

1056. Araplaryň aýdany*: «Guly ýok adam gul bolar, ili bolmadyk heläk bolar, baýlygy bolmadyk adam har bolar».

1057. Ýunus ibn Habybyň aýdany: «Ähli artykmaçlyk baýlykda, ähli kösençlik bolsa garyplykdadyr».

1058. Bir adam beýlekä bakyp: «Maňa bir dirhemjik bersene?» diýipdir. Ol: «Sen şeýle beýik zady neçün kiçeldip soraýaň? Dirhem onlugyň biri, onluk ýüzlügiň ondan biri. Ýüzlük müňlügiň ondan biri. Müňlük bolsa hun hakynyň ondan biridir» diýipdir.

1059. Apbas ibn Ahnafyň goşgusy*:

«Gurplykam dostum köpdi,

Garyp düşdüm, bary ýitdi.

Ýene-de baýap, sözüm ýer tussa,

Olaryň dolanjakdygyna gözüm ýetdi».

1060. «Ölümden beter muşakgat barmy?» diýip, Ibn Mukaffadan soralanda, ol: «Hawa, ol kembagallyk we mätäçlik» diýipdir.

1061. Ýahýa ibn Halyt Bermekiniň gapysynda duran Sufýan ibn Uýaýnadan «Eý, Abu Ahmet, senem bu ýerdemiň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Garybyň işiniň şow wagtyny gördüňizmi? Mydama il gapysyny saklar durar» diýip, jogap beripdir».

1062. Asmagynyň aýdany: «Käbäniň üstündäki tutudan aslyşyp duran çarwa araba gözüm düşdi. Ol: «Eý, Hudaý jan, bergimi üzer ýaly, dinimi gorar ýaly, gözümi saklar ýaly, derdimi egser ýaly we ähli mätäçligimi bitirer ýaly müň dirhem bereweri!» diýip, dileg edýärdi. Men oňa: «Eý, arap doganym, munuň ýaly mukaddes ýerde durkaň Hudaýdan günäň ötülmegini dileseň bolmadymy?» diýdim. Ol: «Garyplyk günämi we tobany ýadymdan çykardypdyr» diýdi.

1063. Urwa ibn Werdiň goşgusy*: «Meni baýlyk toplamak üçin öz ugruma goýuň. Adamlaryň naçary garyp adam ekeni. Dosty ondan daşlaşar, aýaly üstünden güler, çagalary bolsa äsgermän öter».

1064. Abdylla ibn Muhammediň goşgusy*: «Men bol baýlygy halaýaryn. Çünki, onuň bilen ähli kem ýerimi örtýärin, meni sylamaklaryny gazanýaryn. Ile ýüzümi saraltmakdan mertebämi gorap saklaýaryn».

1065. Muberridiň goşgusy*: «Kowumuna mätäç bolan adam, baýlyga höwes eder. Il-gün bererem welin ýene-de minnet eder. Sypaýylyk üçin dymmagyny bolsa, ejizlik hasap ederler. Malynyň azlygy zerarly, ýigidiň akylyny äsgermezler. Hat-da ol adamlaryň äpedi we akyllysy bolsa-da, oňa pitiwa etmezler».

1066. Urwa ibn Werdiň goşgusy*: «Baýlyk gazanýan dosty-dogany bolmadygyň gaýgysy ýeterlikdir. Ýöne, şol dost hem ulumsylyk etmese, «Men baý» diýip öwünmese, seni özünden pes görmese gowudyr. Bu zatlara çydam etmek agyr işdir. Zerre mukdar ölmez-ödi tapsaň, başga zady gaýgy etme. Kynçylygyň aňyrsyndaky bol-elinlige ýetmekde, sabyr iň oňat dostdur».

1067. Sagyt ibn Museýýibiň aýdany: «Baýlyk toplamaýan, puly bilen namysyny goramaýan, garyndaşlaryna barmaýan, amanat borjuny ödemeýän we adamlara dilegçilik etmekden saklanmaýan adamda haýyr ýokdur».