49-njy bölüm: Hantama bolan kişiňden tama çykmazlygy.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 49-njy bölüm: Hantama bolan kişiňden tama çykmazlygy.

1068. Anbary bir gezek emirleriň käbiriniň ýanyna baryp, ony öwüpdir. Emma oňa känbir ähmiýet berilmändir, äsgerilmändir. Şonda ol*: «Eý Abu Adnan! Sen hakdaky umytlarym meni magrur edipdir. Seni taryplanym üçin meni bagyşla. Ýöne, özgäniň umydyny kesýän adam kösençlige mynasypdyr» diýipdir.

1069. Ibn Bessamyň goşgusy*: «Dilim senden entegem gaty köp zady soramkçydy. Ýöne men ähli umytlarymy hasylsyz topraga sepen ekenim».

1070. Başga biriniň goşgusy*: «Men akylly adamlardan haýyş edemokdym. Dälilerden nädip umyt edenime haýran galýaryn».

1071. Muny maňa Abulkasym Muzaffar ibn Hasan aýdyp berdi. Oňa Abu Muhammet Dawut ibn Abdyrahman, oňa bolsa Zübeýr ibn Bekkar şeýle goşgy aýdyp beripdir*: «Ýigrimi ýyldan bäri seniň bilen on gezek dagy ýoldaş boldum. Ýöne tejribäm kem, özüm hem nadan ekenim. Seniň eliňi tutup, gysymlan aýamy açdym weli, ol ýerde hiç zada gözüm düşmedi».

1072. Habyp ibn Düreýt Yjlynyň goşgusy*: «Göwresi äpet adamy görüp: «Bu söweşijidir» diýdiler. Emma onuň ýüreginiň gorkakdygyny bilmediler».

1073. Abu Zueýp Nemriniň goşgusy*: «Ýaňradygyňy görenimde, sende nämedir bir derdiň galyndysy bar hasap etdim. Ýüregim ynjalmansoň, bu zatlary barlap gördüm. Ýöne, barlamadyk bolsam, has ýagşy boljak ekeni. Ederini bilmeýän adamlar kütek gylyç ýaly närsedir. Aýdýan sözüne akyly ýetmeýän kişide beýiklik bolup bilmez. Göz täsin zat görse, geň galýar. Edil, deňizden suw içip görmedigiň haýran galşy ýaly aňalýar. Soňra bolsa, turşulygy sebäpli tüýkürip, bürşen ýüzüni ters öwrüşi ýaly, göz-de ony görmekden ýüz öwürýär».

1074. Başga biriniň goşgusy*: «Japaryň gapysynyň owadanlygy meni özüne çekdi. Ýöne onuň nejislikden ýasalandygyny welin aňşyrmandyryn».

1075. Aly ibn Jehmiň goşgusy*: «Sizden hernäçe umyt etsem-de, ýagşylyga duşmadym. Şonda men bütin ömrüme ters iş edendigime düşündim».

1076. Jugaýferan Muwaswysyň goşgusy*:

«Eý, ýigit, ähli çagda, ähli ugurda,

Aldady gümanlarym sen hakda.

Sen barada ýagşy niýetim ýokdy,

Ýöne, pälim ýene-de ýalan çykdy».