50-nji bölüm: Şygrynda bergidarlykdan zeýrenip, garyplygynyň syryny açanlar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 50-nji bölüm: Şygrynda bergidarlykdan zeýrenip, garyplygynyň syryny açanlar.

1077. Lepbadynyň goşgusy*: «Menden «Eý, şahyr, baýlyk nirede?» diýip soradylar. Men olara «Ýaýym kirişsiz, okum uçsyz adam. Kimiň özüne ýardam berjek yhlasy bolmasa, onuň öwreneni, surnaýa üflenen ýel ýalydyr. Eger-de meniň rysgym bölek-bölek seçelenen bolsa, kim meniň paýymy nädip çöpläp bersin. Akyllydygy üçin artykmaç baýap, nadanlygy üçin aç oturan adamy görmedim. Ine, geliňde meni görüň we geň galmaň, maňa ne akyl, ne-de çeper söz berlipdir. Size ýagdaýymy aýtsam, siz geň galmakdan ýaňa sözlerime ynanmarsyňyz we inkär edersiňiz. Kiselerim haňlap ýatyr, bazaryň bahasy bolsa galdy gitdi. Bazardaky bir baldak gök ot hem aňryma tagam berjek. Eý meniň taryplan adamlarym, eý, Bagdadyň ili, turuň-da men garyba duz hödürläň. «Siziň ýoldaşyňyz aç garnyna gijäni geçirdi» diýip, göni aýtmak hökmanmyka?».

1078. Agşa Hemedanynyň goşgusy*: «Aýalym maňa igenip: «Hany bize dirhem-dinar nesip etmezmi?» diýdi. Men oňa: «Ol günler geler. Alla bize bol eçiler. Durmuş hemmeler üçin iki hilidir: Agyr hem ýeňil günler bardyr. Eger Hudaý duşmanlaryma ryzk beren bolsa, näme olaryň doňuz bakany üçin berendir öýdýärmiň? Hudaý ýaradan bendesininiň ömrüne ýeter ýaly rysgy her kime ýazandyr» diýdim. Onda aýalym: «Seniň rysgyň giň däl, däne ýaly hem haýryň ýok. Sen edil serçeler ýaly indiki iýjegiňe oňňut edip otyrsyň» diýdi».

1079. Eşjeg Suleminiň goşgusy*: «Dünýä kimler üçin nygmatdyr. Biz bolsa kör dünýäniň gözi ýaly bolup, hasrat ýazgylarynyň arasyndaky, bir manysyz sözleme meňzäp otyrys».

1080. Merýeminiň goşgusy*: «Öýüm ähli ýagşy zatlardan boşap galdy. Onuň harytlaryny satyp we zaýalap gutardym. Indi meniň öýümde söýgüden başga hödürläre zat ýok».

1081. Başga biriniň goşgusy*: «Bir dirhem pul tapsam, ol ýerdäki ýazgylary inkär ederdim, ynanmazdym. Eger dirhemiň ýüzündäki adam şeklini tanaýan hem bolsam, gözlerime ynanyp bilmezdim».

1082. Bu wakany maňa Abulhasan Aly ibn Kasym Basry gürrüň berdi. Oňa Abu Rawk Hizzany, oňa Abulfazl Ryýaşy, oňa bolsa Asmagy gürrüň beripdir:

«Basradaky Numeýr taýpasynyň pukara ýigitleri her gije bir külbä ýygnanyşyp, şerap içer ekenler. Başy sämäp duran serhoş ýigitler: «Ertir şu külbäni kerpiç we gips bilen täzeden gurarys» diýşip, lap urup oturar ekenler.

Irden oýanyp, hersi öz ugruna gidipdir. Şolaryň arasyndaky bir ýigit şeýle goşgy aýdypdyr*: «Biz öýmüzi her gün ýumurýarys we täzeden gurýarys welin, ol ýene-de külbe bolaýýar. Eger çakyr-şerap ýanymyza emedekläp gelmese, biz ony kerpiç bilen gipsden guýardyk. Gyşyny köýneksiz ötürýän adam, nädip jaý gursun diýsene...».

1083. Abu Nuwasyň goşgusy*: «Hudaýa şükür, öýümde bereket bolmansoň, gelýänler azalyp, arkama ýel çaldy».

1084. Muhammet ibn Abu Zurganyň goşgusy*: «Naharyň nämedigini unutdym. Agaňyzyň ýanynda indi iýere et hem galmady. Bir ýigidiň öýünde, gurylygyndan ýaňa biriniň jamy aglaýan bolsa, ilki bilen meniň gazanym aglardy».

1085. Lepbadynyň goşgusy*:

«Meniň ryzkym tikenleriň arasyna sepelenen un ýaly.

Soňra bolsa, ýelli gün, aýakýalaň,

«Çöple!» diýdiler, rysgyňy, Hak ýazan».

1086. Muhammet ibn Abu Zurganyň goşgusy*:

«Esgere ýoldaş bolup, ondan gahar-gazaby gazandym. Gysganç adam syrtyny gysgananok, ýöne iýmitini bermekden welin gysylýar».

1087. Ýene şonuň goşgusy*: «Allatagala maňa garyplykdan, gedaýlykdan we sergezdanlykdan ile bermedigini berdi. Eger adamlar edýän işlerine görä haklaryny alsalar, men ýene-de Hudaýyň nygmatyndan nesibesi boşlaryň biri bolup galardym. Hernä, Hudaýa şükür, olaryň howlusynyň saýasynda oturyp, öz agzym bilen suwdan ganýanlygymy hem ýeterlik nygmat saýýaryn».

1088. Abu Hiffanyň goşgusy*: «Geýimlerim solmakdan ýaňa ýyrtylan bolsa-da, özüm ýyrtyk gynyň içindäki gylyç sapy ýalydyryn».

1089. Lepbadynyň goşgusy*:

«Gazanyňyzda haçan et bişer?» diýip,

Soradylar il-gün ençeme sapar.

Diýdim: «Iller pitresin berende bolar,

Bolmasa möý kerep iňňesin sapar».

1090. Amr Kysafynyň goşgusy*: «Ili öwmek meniň söwdam bolsa-da, meniň ondan gara şaýy girdejim ýok. Gapjygymda bolsa, diňe garyplyk teňňesi ses edýär».

1091. Mahmyt Warragyň goşgusy*: «Adamlar baýlyk bilen bagta, men bolsa garyplyga beslenipdirin. Bir zady şeksiz anyk bilýärin, men rysgal paýlanandan soň ýaradylypdyryn. Şonuň üçin ryzkdan boş galypdyryn».