52-nji bölüm: Ýazgydyň öňünde ähli zat ejizdir.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 52-nji bölüm: Ýazgydyň öňünde ähli zat ejizdir.

1113. Buzurgmehrden: «Hudaýyň bardygyny nädip bildiň?» diýip soranlarynda, ol: «Yrsgally akmagy we mätäç akyllyny gördüm. Şondan many alyp hem durmuşy dolamagyň biziň elimizde däldigine akyl ýetirdim» diýipdir.

1114. Pygamberimiz Ibn Mesguda garap: «Gaýgy-aladaňy az et. Owal näme takdyr edilen bolsa, başa şol geler. Seniň gowşak we ejizdigiňe bakmazdan, saňa ýazylan ryzk hökman barar» diýipdir.

1115. Abu Hazymyň aýdany: «Ähli zatlaryň ikä bölünýändigine — özüm üçin we özgeler üçin ýaradylandygyna göz ýetirdim. Özüm üçin ýaradylan zatlar ýeliň astynda otursamam ýanyma geler. Maňa takdyr edilmedik zady ýeliň arkasyna münüp gözlesemem, alyp bilmerin. Şonuň üçin ömrümi bu ikisiniň haýsyna bagyş edeýin? Mundan başga hem, zatlaryň iki bölekdigini bildim. Möhleti meniň ajalymdan öň gelýän zatlar we möhleti meniň ajalymdan soň gelip, neslime galýan zatlar. Onsoň bu zatlary bilip durkaň, neçün Hudaýa günä iş etjek?».

1116. Pygamberimiziň aýdany: «Ajalyň eýesini gözläp tapyşy ýaly, onuň ryzky hem öz eýesini gözläp tapar».

1117. Möminleriň emiri Alynyň goşgusy*: «Adamyň ryzky guran deňziň içindäki äpet gaýada bolsa-da, Hudaýyň bendesine niýetlän ryzky oňa dolulygyna ýeter. Ýa-da onuň islegi we ryzky ýedi gat asmanyň aralygynda bolsa hem, Hudaý ony bendesine ýetirmek üçin sebäplerini eňilleşdirer».

1118. Abul Atahyýanyň goşgusy*: «Gör näçe akylly-başly, yhlasy ot ýaly adamyň ryzky teň. Birnäçe kemakyl baýlar bolsa, ryzky deňiz aýlagyndan susup alýan ýalydyr. Sebäbi, bu zatlar Hudaýyň ýazgydyna baglydyr».

1119. Muhammet ibn Abu Uýaýnanyň goşgusy*: «Her bir adama ryzk ýazyldy. Her adam öz ryzkyny iýer. Adam öz akyly bilen, özgäniň ryzkyny özüne çekip bilmez. Nadanlygy üçin bolsa, onuň ryzky kemelmez».

1120. Salyh ibn Abdylkuddusyň goşgusy*: «Ryzk adamyň hilegärligine görä ýazylmaýar. Ýöne kysmatlar we rysgallar bilen bagtly bolunýar. Ine, ussat mergenleriň oky käte sowa geçer. Ýaýdan başy çykmaýanlaryň oky bolsa nyşana deger».

1121. Hüseýin ibn Alynyň goşgusy*: «Saňa owal ýazylandan artyk zat gelmez. Hernäçe jan edip, gije-gündiz ýortsaňam, ozal berlen paý geler. Ryzký ýazylan bolsa, ýatana-da geler. Harsydünýä hernäçe talap etse-de, artygyny alyp bilmez».

1122. Huraýmynyň goşgusy*: «Her adamyň öz ryzky bar, her ryzky gözleýän adam bar. Hudaýyň ýazan ryzkyndan binesip galjak bende ýokdur. Ýazylmadyk ryzk it ýaly selpeseňem tapdyrmaz. Ýazylan ryzkyň, «Gerek däl» diýseňem, özi gözläp tapar. Şeýle hem, yhlas edip gözleýän zadyň öz rysgyňdygyny, ýa-da eliňdäki zadyň başga biriniň nesibesidigini bilmeýärsiň».

1123. Kuraýgly[1] käbir adamlaryň goşgusy*: «Ýigidiň baý ýa-da garypdygy, onuň mekirligine bagly däldir. Ol owaldan paýlanyp goýlan ryzka baglydyr».

1124. Başga biriniň goşgusy*: «Eger baýlyk we rysgal şu galamlar bilen ýazylýan bolsady, onda men galamymy işledip, dünýäniň iň baý adamy bolardym. Ýöne, biziň ýazgydymyz Hudaýyň galamy bilen ýazylan, «Lowh ul-Mahfuzda»[2]kesgitlän zadyna baglydyr».

1125. Muhammet ibn Beşir Hymýarynyň goşgusy*: «Eger rysgal hile-mekirlige bagly bolsa, dirhem we pul gazanmak üçin müň hilä ýüz uraryn. Ýöne, rysgal Hudaýyň owal kesgitlän, takdyr eden zadyna görä gelýär».

1126. Başga biriniň goşgusy*: «Ejizlik ryzkyň egsilmegine sebäp bolmaz. Harsydünýälik ondan sähel zat artdyrmaz. Eger Hudaý peýda ýa-da zyýan etmek islese, göni şoňa girer ýaly gapy açar, sebäp döreder».

1127. Harun ibn Muhammet Reýhanyň goşgusy*: «Ýazgydyň özi bähbit bermese, hile-mekirlik, akyl we edep üýtgeşik peýda bermez. Ýazgydyňda haýyr ýazylan bolsa, ne perwaýsyzlyk, ne ejizlik onuň gelmegine päsgel berer. Hudaýyň takdyr edenini ýadaman taparsyň. Ýazmadyk zadyny kösenibem alyp bilmersiň».

1128. Abu Temmam Taýynyň goşgusy*: «Nadan ýigit gurply ýaşar, alym oglan bolsa gedaý gezer. Eger rysgal akyla görä paýlanylýan bolsa, onda akylsyz haýwanlar açlygyndan heläk bolardy».

1129. Attabynyň goşgusy*: «Eger rysgal her kişiniň çekýän zähmetine görä berilýän bolsady, onda hyzmatkär gullaryň başyndaky şumluk aýrylyp, bagt gülüp bakardy. Ýöne rysgal ýalňyz Hudaýyň ýazgydyna görä gelýär».

1130. Başga biriniň goşgusy*: «Ýazgydyň goldan ýerinde, ejiz adam gaýrata galar we dikeler».

1131. Başga biriniň goşgusy*: «Ýazgydyňda bar zatlar golaýyňa geler, ýok zatlar senden uzaga gider».

1132. «Hudaýyň bardygyny nädip bildiň?» diýip, Iklidesden[3] sorapdyrlar. Ol: «Gaýratymyň kemligi we aladalarymyň köplügi zerarly» diýipdir.

1133. Allatagala Musa pygambere wahyý inderip: «Akmaga näme üçin ryzk berenimi bilýärmiň? Rysgaly gazanmagyň hile-pirime bagly däldigine akylly adamlaryň göz ýetirmegi üçin» diýipdir.

1134. Temimli käbir adamlaryň goşgusy*: «Ilden tama edip ýüz saraldanyňdan, umydyňy üzeniň gowy. Gözleýän zadyň ýazgydyňda ýok bolsa, nesip etmez. Galanynam Hudaý biler».



[1]Kuraýg – taýpa ady

[2]Lowh ul-Mahfuz — Ýazgytlar kitaby.

[3]Ýewklid