55-nji bölüm: Ýalan kasam edýänler.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 55-nji bölüm: Ýalan kasam edýänler.

1174. Pygamberimiz bir gezek: «Musulmanyň baýlygyndan nähak bölüp alan adamy Hudaý jennete girmekden mahrum eder we dowzaha salar» diýipdir. Adamlar muny eşidip: «Eý, pygamberimiz, azajyk alsa-da şeýlemi?» diýip soranlarynda, ol: «Hawa, hatda diş synçgalýan çöp ýaly alsa-da» diýip, jogap beripdir.

1175. Jehim ibn Şibl Kilaby özüniň ýalan kasam içmekden çekinýändigine bagyşlap, şeýle goşgy ýazypdyr*: «Olar kasam içmegimi sorady. Men olardan gorkyma, kasam etdim. Sebäbi gorky muňa mejbur edýär. Soňra bolsa dereden inen suw ýaly, bu ähdimi aşak eňterip goýberdim».

1176. Uhaýmyr Sagdynyň goşgusy*: «Maňa kasam etdirdiler, men olary kasamymy bozup sylagladym. Maňa gulumy boşatmagym üçin kasam etdirdiler. Suhaým ili, ol guluň erkinlige ýaramajakdygyny bildi. Maňa talagyny berdirmek üçin kasam etdirdiler, men bolsa ony öňküsi ýaly yzyna gaýtardym, «Talak edilmedik ýaly bolsun» diýdim. Şeýdibem, her sözde olaryň tersine gitdim».

1177. Başga biriniň goşgusy*: «Dartgynly günlerde ýalan kasam içmekden gaýdamok. Takat etmeýän işiňi dep edere başga serişdäň bolmasa, ýalan kasam içmek garyplar üçin hem günämikä?».

1178. Çarwa arabyň aýdany: «Hudaýyň adyndan kasam etmek, onuň adyny ýadyňa salýar. Şeýle kasamy köpeltdigiňçe, oňa bolan borjuň artýar».

1179. Isa alaýhyssalam şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl kowumy, Musa alaýhyssalam size: «Dogry sözlemeseňiz, Hudaýyň adyndan kasam etmäň» diýdi. Men bolsa size: «Dogry hem bolsa, ýalan hem bolsa kasam etmäň, diňe «Bolýar» ýa-da «Ýok» diýiň» diýesim gelýär».

1180. Muny maňa Kazy Abu Abdylla Nuhawendi Basrada gürrüň berdi. Oňa Muhammet ibn Ahmet Hanapy, oňa Muhammet ibn Ýunus Kerim, oňa bolsa Abdylmälik ibn Kuraýp Asmagy gürrüň beripdir.

«Çarwa araplaryň biriniň agasynyň oglunda algysy bar eken. Emma ol ýigit bergisini boýnuna alman, ony inkär edip otyrmyşyn. Ahyry beýdip iş bitmejegine gözi ýetensoň agasynyň ogluny öňüne salyp, häkimiň ýanyna getiripdir. Ol: «Işiň oň bolsun, hormatly häkim. Ine, şu adamyň maňa bergisi bar, ýöne ol muny inkär edýär. Goý ol maňa kasam etsin!» diýipdir.

Häkim ondan: «Kasam etjekmi?» diýip soranda, ol: «Hawa» diýipdir. Hakyň eýesi: «Onuň kasam edendigine söz ber» diýipdir. Ol hem: «Bolýar» diýip bu işi ýerine ýetiripdir.

Soňra algydar arap eline taýak alyp, ýeriň ýüzünde uly tegelek çyzyk çekipdir, agasynyň ogluna garap «Tä kasam etdirýänçäm şu çyzygyň içinde otyr» diýipdir. Agasynyň ogly: «Maňa nähili zatlary kasam etdirmekçi?» diýende, algydar adam: «Aýt, Alla seniň ukyňy hysyrdyly etsin, aşyň gussa bolsun, ýöreýşiň patanak bolsun, hamyň gotur açsyn, gözüň ukuly bolsun, bitiňi köpeltsin, paýyňy kessin, kapasa salsyn, ujydyňy ýolsun we syrtyňa şu taýak girsin» diýipdir Oňa dawagär çykýan ýigit: «Eger bir zady talak etmeli ýa boşatmaly diýip kasam etdiren bolsaň, kasam içerdim. Ýöne bu aýdanlaryňy agyr görýärin. Oňa özüň kasam etde, talap edýän zadyňy menden al» diýipdir. Ol kasam edipdir we hakyny alypdyr.

1181. Muny bize Abu Hasan Kelkesi gürrüň berdi. Oňa Abu Yshak Ybraýym ibn Ahmet Ensary, oňa Abu Suryň kazysy Abu Welit, oňa Wekig, oňa bolsa Agmaş, oňa hem Abu Waýyl gürrüň beripdir. Ol hem muny Abdylla ibn Mesgutdan eşidipdir.

Pygamber alaýhyssalam: «Musulmanyň mülkünden bir zat ýonjak bolup, bilgeşländen ýalan kasam edýän adam bozukdyr. Alla oňa gazap bilen bakar» diýdi we şu aýaty okady: «Alla beren ähti-peýmanyny we kasamlaryny azajyk gymmata satyp goýberýän kişiler üçin ahyretde hiç hili nesibe ýokdur. Kyýamat gününde Alla olar bilen sözleşmeýär, rehmet nazary bilen bakmaýar we günälerinden päklemeýär. Olar üçin agyr azap bardyr[1]»



[1]«A:ly Ymran» süresi, 77-nji aýat