56-njy bölüm: Şöhratparazlyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 56-njy bölüm: Şöhratparazlyk.

1182. Ibn Semmagyň «Şöhratparazlyk» sözüne beren düşündirişi: «Özüňi özgelerden belent tutmak, olara kömek edip, ada çapmak, özüňden pesi kemsitmek».

Şöhratparazlygy giderýän zatlary salgy bereýin. Ilki bilen Hudaýyň beýikdigi hakda pikirlen. Edýän işiňden razy bolarmy-bolmaz, şony etmek bilen nähili sogap küýseýändigiňi, nähili jezadan çekinýändigiňi, nygmatyna şükür edýändigiňi oňatja ýadyňa sal. Eger deňeşdirip görseň, öz eden işiň pes geler durar. Hudaýyň beýikliginden, onuň bol sogabynyň we elhenç temmisiniň barlygyndan bihabar adam bolaýmasaň, gaýdyp şol işleri etmersiň. Sen Hudaýyň berýän bol bagtyny we seni belasyndan goraýandygyny hem unutma.

1183. Hafs ibn Hulaýdyň aýdany: «Ibn Mübäregiň ýanynda bir kişini göz öňümde bilkastlaýyn öldüren adam hakda ýatladym. «Şonda men özümi şondan-a ýagşy saýdym» diýdim. Ibn Mübärek maňa: «Özüňe bolan aşa ynamyň, onuň günäsinden hem ýaman» diýdi.

1184. Jelit ibn Dyglyjyň aýdany: «Bir ýerde adamlaryň ala-goh bolup, doga edip durandyklaryny gördüm. Olaryň arasynda Bekr ibn Abdylla hem bardy. Men onuň: «Eý Hudaýym! Meniň hakym üçin şulary şu gün bir boş goýbermäweri» diýenini eşitdim. Mutarryf hem bir gezek: «Eger şol ýerde men bolmadyk bolsam, iş bitmezdi» diýip durdy».

1185. Medaýynynyň aýdany: «Gopbamsylykdan elhenç sanjy ýok».

1186. Şagbynyň aýdany: «Ysraýylly bir adamyň hormaty üçin, ýörän wagty bir bulut onuň üstünde saýa salyp barýan eken. Başga bir adam hem muňa höwes edip: «Men hem şonuň kölegesinde ýörärin!» diýipdir.

Beýleki adam muny görüp, özüne göwniýetijilik bilen: «Görýäňizmi, bu hem meniň saýamda ýöreýär» diýipdir. Haçanda, ol ikisi aýrylyşanda, bulut soňky duşan adam bilen bile gidipdir.

1187. Käbir hekimleriň aýdany: «Adamyň özünden hoşal bolmagy, gopbamsylygy onuň akylynyň bir göribidir».

1188. Düzetmesi agyr häsiýetler — gopbamlyk bilen kejirlikdir.

1189. Mutarryf ibn Abdyllanyň aýdany: «Asuda ýatyp, toba-ökünç bilen oýanmak, meniň üçin dik durup uklap, gomparyp oýanmakdan ezizdir».

1190. Uweýs ul-Karanynyň aýdany: «Hudaýyň emrini bitireňde, ähli günä işi bir özüň edýän ýaly duý».

1191. Pygamberiň aýdany: «Özüňe göwnüň ýetmek, gopbamlyk, eden işiňi äpet saýyp, günäleriňi kiçi bilmek – adamy heläk eder».

1192. Käbir şahyrlaryň goşgularyndan*: «Seniň ýanyňa salama geldim welin, gopbamlyk bilen el uzatdyň. Eger meniň ryzkym seniň eliňe galan bolsa, onda men bütin ömrümde ryzkymy idäp, gapyňdan garamazdym».

1193. Pygamberiň aýdany: «Özüňden hoşal bolmak we gopbamlyk nesliňi heläk eder».

1194. Abul Atahyýanyň goşgusy*:

«Käşki, ötenlerden sorap bilsedim,

Ýagşylaň azalyp, boşlaň galjagyn.

Bu zamanaň ili öwrendi kemsiz,

Şalaň şöhratparazlygyn, açlygyn».

1195. Muwarryk Yjlynyň aýdany: «Gopbamlykdan gorkuly ýalňyzlyk, maslahatdan peýdaly ýardamçy we akylsyzlykdan erbet garyplyk ýokdur».

1196. Utba Agwaryň aýdany: «Gopbamlyga boýun egeniňden, ony terk edeniň ýagşy».