57-nji bölüm: Perzentler we atalar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 57-nji bölüm: Perzentler we atalar.

1197. Aly ibn Hüseýinden: «Ejesine ýagşylyk etmekde adamlaryň içinde senden üstüni ýok. Ýöne näme üçin ejeň bilen oturyp, nahar iýeňok?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ejemiň göz salmadyk zadyna el uzatsam, onuň diýenini etmedigim bolar» diýipdir.

1198. «Ogluň saňa nähili ýagşylyk edýärdi?» diýip, Omar ibn Zerden sorapdyrlar. Ol: «Gündiz ýöresem yzymdan, gije ýöresem öňümden ýörärdi. Hiç haçan depäme çykmazdy» diýipdir.

1199. Sagyt ibn Jubeýriň aýdany*: «Meni içýan çakanda, enem dogagöýi getirmegi we elime çüfletmegi buýurdy. Men hem dogagöýüň içýan çakmadyk eli bilen özümi bejerdim».

1200. Umara ibn Zeýdiň aýdany: «Basradan çykyp, Nibaja ýetenimizde düşlemekçi bolduk. Şonda ýanymyza çarwa arabyň biri geldi. Onuň geýimleri ýyrtyk-ýirik, sal-saldy, endamyny örtüp bilenokdy. Ol bize garap: «Eý, eziz adamlar! Ykbalyň gaýtadan gazap eden adamsyna, ýaşlygy solan we soňky deminden başga zady galmadyk adama ýüregiňiz awasyn. Bu gün ykbal meni siziň ýanyňyza getirdi. Merhemet ediň!» diýdi.

Men oňa bol tagam berdim, don-lybas geýdirdim. Oňa nahar hödürledim, «al, iý» diýdim. Ol: «Iýmekde atamdan geçirer ýaly, meni sahy biri dogurmady» diýdi. Men: «Ataň hem özüň ýaly iýendir-dä» diýip, öz sözümi gögertdim. «Sen nahar iýişiň bilen belki bizi şatlandyrarsyň» diýdim. Ol muňa gahar etdi-de: «Iýmekde atamdan öňürtsem, meni kowmum ýazgarar» diýdi we ähli beren zatlarymy yzyna zyňyp gitdi.

1201. Ibn Mesgudyň aýdany: «Iň ýagşy işleriň nämedigi hakda Pygamberden soranymda, ol: «Wagtynda okalan namaz, ene-ataňa ýagşylyk etmek we Hak ýolunda yhlas etmek» diýdi.

1202. Abu Hüreýräniň aýdany: «Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip, «Eý, Resulalla, iň mähirli adam kim?» diýende, «Eneňiz» diýip jogap beripdir. Ol bu soragyny ikinji, üçünji gezek gaýtalanda hem Pygamber: «Eneňiz» diýipdir. Diňe dördünji gezekde ol: «Ataňyz» diýip jogap beripdir.

1203. Pygamberiň aýdany: «Kim ene-atasyna ýa-da olaryň birine käýetse dowzaha girer. Hudaý ony hor-homsy eder».

1204. Ibn Zübeýriň aýdany: «Atasyna gözüniň gyýtagyny aýlan, oňa el göteren, öňünden ýörände daşy ýa-da päsgel berýän zady aýyrmak üçin ýöremeýän bolsa, oglunyň atasyna rehim etmegidir.

Kim kakasynyň adyny ýa-da lakamyny tutup çagyrýan bolsa, ol onuň tersine gitdigidir. Oňa diňe «Ata» ýa-da «Kaka» diýip ýüzlensin.

1205. Ibn Sindiň aýdany: «Haşym taýpasyndan bolan bir ýaş ýigit Mansuryň ýanyna gelende, onuň atasynyň wepaty hakda sorapdyr. Ol: «Pylany pahyr pylan gün keselledi, pylan gün bolsa dünýäni terk etdi...» diýipdir. Rabyg munuň sözüni bölüp: «Sen nä möminleriň emiriniň öňünde ataňa doga edip oturjakmy?» diýipdir. Muny eşiden ýaş ýigit: «Bu sözüň üçin seni ýazgaryp durman. Çünki, sen atalaryň süýjüdigini bileňok» diýipdir. Sebäbi Rabygyň ata-babasy gyrgynda heläk bolup, ol ýetim ulalandy. Mansur bu sözi eşidip hahahaýlap gülüpdir. Bolmasa ol örän az ýylgyrýan adam eken».

1206. Zeýit ibn Aly ibn Hüseýiniň ogly Ýahýa garap aýdan goşgusy*:

«Hudaýyň senden razy bolmajak zadyny

Saňaöwretmegi wagyz etmedi».

1207. Käbir şahyrlaryň goşgusy*:

«Gyzlarym zagyp bolsa-da, durmuşymy söýgi bilen doldurdylar.

Mendensoňra olar şumluk duzyn datmasynlar.

Bulanyk suwdan içmesinler, öwütlerimi ýatlasynlar.

Ykbal özge gyzlara begres lybas geýdirende,

Bular hem şeýle peşgeşden binesip galmasynlar».

1208. Çarwa arabyň oguljygyny bökdürip, aýdan goşgusy*: «Men seni şeýle bir söýýärin. Edil, bahylyň öz baýlygyny söýüşi ýaly söýýärin. Ilki garyplyk tagamyny duýup, soňra baýanyň söýgüsi ýaly söýýärin. Sowmaly bolanda, puluny gowy görşi onuň ýüzüne çykaýýandyr».

1209. Mamunyň aýdany: «Fazl ibn Ýahýa ýaly atasyna rehimli, mähirli adamy görmedim. Ýahýa ýyly suw bolmasa ýuwunmazdy. Bir gezek olaryň ikisi hem zyndana düşüpdir. Sowuk gijeleriň birinde, zyndan sakçysy odun salmaklygy gadagan edipdir. Ýahýa ýatmak üçin ýerine geçende, Fazl suw gyzdyrylýan tüňçäni alypdyr. Ony çyranyň oduna golaý tutup, tä daň atýança saklap oturypdyr. Şeýdip, kakasyna ýyly suw taýynlap beripdir».

1210. Muhammet ibn Sagdyň aýdany: «Amyr ibn Abu Wakgas yslamy kabul edende, onuň ejesi oglundan öýkeläp, jaryň içine girip oturypdyr. Ol Sufýan ibn Omeýýanyň gyzy Hamnadyr. «Tä diniňden dänýänçäň, üstüme saýa düşmez» diýip, Amyryň ejesi dillenipdir. Amyryň bolsa ejesine ýüregi awap: «Eje, eje jan, beýtmesene» diýip, özelenip duran eken. Şol wagt Muhammediň kakasy Sagt gelip, bu ikisiniň gabadynda saklanypdyr. Ol aýalyna garap: «Sen gowusy ähdiňi maňa ber-de, bu ýerden öýe bar. Ýogsam, depäňe gün düşmän-kä, iki dulugyňa ot ýaly şarpyk deger» diýipdir. Amyryň ejesi derrew ýerinden turupdyr: «Seniň bilen oňuşmaýan zadym ýok. Men oglum zerarly ant içdim. Onuň nebsi agyryp, dininden däner öýtdüm!» diýip, ýene ogluna ýüregini öwrüpdir. Şonda Allatagala: «Eger olar, (ýagny, ata-eneň) öz bilmeýän zatlaryny maňa şärik etmek üçin seni horlasalar, onda olara boýun synma[1]» diýen aýatyny inderdi.

1211. Mujahydyň aýdany: «Ataň elini yzyna iterme. Onuň islänini etmäge haky bar».

1212. Pygamberiň aýdany: «Atanyň eli perzendiniň baýlygy üçin açykdyr. Hatda ony baýlygyndan we öýünden çykarjak bolsa-da».

1213. Rowaýatlara görä, Abu Hüreýre hem iň ýumşak adamlaryň biri ekeni. Her gün ir bilen öýden çykanda, ilki enesiniň gapysynda durup: «Ene, salawmaleýkim, Hudaýyň bereketi we merhemeti size nesip etsin. Çagakam terbiýeläniň we ulalanymdan soň sylanyň üçin, Alla saňa sylagyň iň haýyrlysyny bersin!» diýer ekeni. Enesi hem: «Maňa eden mähremligiň we ýagşylygyň üçin, seni hem Hudaýyň özi ýalkasyn!» diýýän eken.

Egerbir ýere gidip, soň yzyna öwrülip gelende hem şol sözleri sypdyrman gaýtalaýan eken.

1214. Ibn Omar Käbäniň daşynda aýlanyp ýörkä, enesini arkasyna hopba edip ýören adama gözi düşüpdir. Ol: «Men enemiň düýesi, ony arkamda göterýärin» diýip hiňlenip, Käbä togap edip ýören ekeni. Soňra ogly başyny galdyryp: «Ene, indi seni razy etdim öýdýärin» diýipdir. Muny eşidip duran Ibn Omar: «Ýok, sen ony sähelçe-de razy edeňok» diýip seslenipdir.

1215. Hasanyň aýdany: «Ene-ataňa edilen ýagşylyk – hajyň, jihadyň[2]we sadakanyň sogabyndan ulydyr».

1216. Pygamberiň aýdany: «Düýşümde özümi jennetde görüpdirin. Birden hoş labyzly karynyň owazyny eşitdim. «Bu kim?» diýip soranymda, «Harysa ibn Nugmandyr» diýdiler. Men «Ýagşylaryň sylagy hut şeýle-de bolmaly» diýdim.

Harysa ibn Nugman iň ýagşy adamlaryň biridi.

1217. Ibn Omaryň aýdany: «Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip, jihada çykmak üçin rugsat sorady. Pygamber ondan: «Eneň-ataň dirimi?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip, baş atanda, Pygamber oňa: «Sen şolaryň göwnüni tapjak bolup yhlas et. Bu jihatdan hem beýikdir» diýdi.

1218. Abdylla ibn Omaryň aýdany: «Meniň bir gelnim bardy. Men ony ýürekden söýsemem, nämüçindir kakam ony ýigrenýärdi. Soňra kakam oňa talak bermegimi talap etdi. Men bu talapdan boýun towlap, bu wakany Pygamberiň ýanynda agzadym. Ol meni ýanyna çagyryp: «Gelniňe talagyny ber» diýdi. Şeýdip, men ony boşadyp goýbermeli boldum».

1219. Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Enem-atam heläk boldy. Olaryň wepatyndan soň hem men olara ýagşylyk edip bilerinmi?» diýipdir. Pygamber oňa garap: «Hawa, sen olara şu dört zat bilen ýagşylyk et:

— olara ýagşy dogalar oka;

— günäleriniň ötülmegini dile;

— soňra galan wada-borçlaryny öde;

— ol ikisiniň dostlaryny syla we garyndaşlary bilen gatnaş» diýipdir.

1220. Pygamberiň aýdany: «Iň uly ýagşylyk — ataň ýogalandan soňra hem onuň dostlary bilen gatnaşyk etmekdir».

1221. Pygamberiň aýdany: «Söýgi – miras galýandyr. Söýgi – nesilden nesle geçýändir».

1222. Pygamberiň aýdany: «Perzendiň ysy jennetiň ysydyr».

1223. Muny maňa Abu Ymran Musa ibn Ymran gürrüň berdi. Oňa Abu Muhammet Dawut ibn Abdyrahman, oňa Zübeýr ibn Bekkar, oňä Abdylla ibn Omar ibn Hafs gürrüň beripdir. Ol hem muny Sählden, ol bolsa Abu Hüreýreden eşidipdir:

«Günleriň birinde Pygamber münbere çykyp, hutba okapdyr. Şonda Pygamberiň agtygy Hasan adamlaryň üstünden basgylap, boýunlaryna münüşdirip, tasdan ýykylan ekeni. Şonda Pygamber münberden düşüp, ony gujagyna alypdyr.

Hutba gutarandan soňra adamlar Pygambere garap: «Sen Hasan üçin düşüpmidiň?» diýip soradylar. Şonda Pygamber: «Kalbymyň agtygyma meşgul bolandygyndan ýaňa, münberden düşenimi duýman galypdyryn. Atasynyň ýüreginde perzent üçin mähirli orun bardyr» diýip, jogap beripdir.

1224. Mansur ibn Bujra Nemriniň goşgusy*: «Ümeýme bolmasady, garyplyga gyýylmazdym, tüni gorkunç gijelere sümülmezdim. Ýetimlik harlygy zerarly garyndaşlaryň görkezýän jepasyny bilemsoň, çagalarymyň bagty üçin şeýle bir ýaşamak isleýärin. Garyplykdan ätiýaç edip gün görýärin. Ýoksullyk ýanymyzdan ötende, tabagy serpip gitmesin. Panydan ötüp, süýnýän ýyldyzlaryň arasyna siňemsoň, çagalaryma beýleki bir «Ata» haýyr bermez. Ýaňagynda ýol ýasaýan gözýaşlar bilen hoşlaşanda, men hiç zady unutmaryn. Hat-da biz ölsegem, her kimiň rysgyny paýlap goýan Perwerdigär bardyr. Agaň gödekliginden, doganyň jepasyndan Hakyň özi gorasyn».

1225. Bir gezek Mugawyýa ogly Ýezide gaharlanyp, oňa erbet käýäpdir. Muny synlap duran Ahnaf ibn Kaýs: «Eý, möminleriň emiri, çaga biziň ýüreklerimiziň miwesi, arkamyzyň daýanjydyr. Biz olar üçin saýaly asman we aýak astyndaky toprakdyrys. Gahary gelse, köşeşdir. Sorasa, ber. Olara zor salma. Bolmasa dünýäň daralar, olar hem ölümiňi dilär» diýipdir.

1226. «Haýsy çagalaryňy has gowy görýäň?» diýip, birinden soranlarynda, ol: «Ulalýança körpämi, gutulýança syrkaw çagamy, gaýdyp gelýänçä gaýyp (bir ýere giden) çagamy has gowy görýärin» diýipdir.

1227. Ibn Agrabynyň aýdany: «Üç zat bolmazdan, kämil şadyýanlyk bolmaz:

— öz eken agajynyň miwesini iýmese;

— oglunyň ogluny (agtygyny) ysgamasa;

— goşgusyna düzülen aýdymy diňlemese».

1228. Hattap ibn Mugallanyň sözleri*: «Biri-birine eýerip ýören bedene çagajygy ýaly perzentlerim bolmadyk bolsa, bu dünýäniň uzynlygy-ini maňa gysby görünerdi. Aramyzda gezip ýören perzentlerimiz, zeminiň üstünde gezip ýören ýüreklerimizdir».

1229. Eset taýpasyndan bolan käbir adamlaryň goşgusy*:

 «Men şeýle söýýärin, eýjejik gyzym,

Diri jaýlasam-da, göründe gabryň[3].

Seni ýigrenmekden etmedim muny,

Äkitdim ol ýere, ganadyp bagrym.

Mendensoň görme, diýip, dünýäň azabyn»

1230. Bir kişiniň iki gyzyna aýdany*: «Gyzlarym, ykbal ýaranymka, siz maňa ezýet berseňizem, dünýäm dar bolmaz, yza kär etmez. Pelek garşymdan gelende, oňa ýaran bolup, maňa garşy gitmekden saklanyň».

1231. Zübeýr ogly Urwany bökdürip, şeýle diýer eken*:

«Beni Atyk iliniň ak ýüzlüsi,

Syddyk neberesiniň bereketlisi,

Lezzetleň içinde jandan süýjüsi».



[1]«Lukman» süresi, 15-nji aýat

[2]Jihat — din ugrundaky söweş.

[3]Bu ýerde, araplaryň jahylyýet döwründäki elhenç adaty ýatlanylýar. Oňa görä, gyz perzent dogulsa, ony ýaman gyjalata çydaman, diriligine ýere gömüpdirler