59-njy bölüm: Garyndaşlyk gatnaşygy we olaryň ezýetine çydamlylyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 59-njy bölüm: Garyndaşlyk gatnaşygy we olaryň ezýetine çydamlylyk.

1242. Pygamberiň aýdany: «Görkli we beýik Allatagala: «Men Rahmandyryn. Garyndaşlygy men ýaratdym we oňa öz adymdan paý berdim. Kim garyndaşyna barsa, men hem şonuň ýanyna bararyn. Kim olar bilen gatnaşygyny kesse, men hem keserin» diýdi».

1243. Ibn Apbasyň aýdany: «Garyndaşlyk arşa baglanyp goýlan zatdyr. Garyndaşy bilen gatnaşýan adam jennete gelse, jennet ony gülüp garşylar. Kesen adam gelse, jennet hem ondan ýüzüni öwrer».

1244. Allatagala: «Ýene araňyzdaky sorag-jogaplarda ady orta salynýan Alladan gorkuň we garyndaş-uruglaryňyz bilen aýrylyp gitmekden saklanyň[1]» diýdi.

1245. Garyndaşlyk haky barada Hasandan soralanda: «Ony kesme we mahrum etme» diýipdir.

1246. Pygamberiň aýdany: «Garyndaşlaryňyza baryň. Ol iliňizde siz üçin söýgi döreder, baýlygyňyzyň artmagyna sebäp bolar».

1247. Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Garyndaşlarym meniň bilen gatnaşygyny kesdiler we ýüz öwürdiler. Indi men hem özleriniňki ýaly edeýinmi?» diýipdir. Pygamber: «Sen olara bar, ýöne olar şonda hem ýüz öwürse, onda saňa Hudaý tarapyn ýardamçy gelip, olardan üstün bolarsyň» diýipdir.

1248. Allatagala: «Eger ýüz dönderseňiz, basym siz ýerde azgynlyk edersiňiz we tohum-tijiňiz bilen hem aragatnaşygy üzersiňiz. Onuň ýaly kimseleri bolsa, Alla näletländir. Olaryň gulaklaryny pent-nesihat eşitmekden ker, gözlerini bolsa dogry ýoly görüp bilmeýän kör edip goýandyr[2]» diýdi.

1249. Pygamberiň aýdany: «Garyndaşlyk arşa baglanyp goýlan zat. Oňa garyndaşyna baranlar däl-de, özi bilen gatnaşygyny kesen garyndaşlaryna baran adamlar girer».

1250. Omar ibn Hattabyň aýdany: «Garyndaşlary bilen gatnaşmakdan ýüz öwren kowum, zyna iş eder».

1251. Katadanyň aýdany: «Allatagalanyň «Garyndaşlaryňa hakyny ber[3]» diýişi ýaly, olar bilen gatnaş. Olara baýlygyňdan ibermeseň we aýagyň bilen barmasaň, gatnaşygy kesdigiňdir».

1252. Pygamberiň aýdany: «Dul-sallahlara, misgin zenanlara we erkeklere kömek etmek üçin çalyşýan adam, Hudaýyň ýolunda söweş edýänler ýalydyr. Gije turup, ybadat edýän, gündizine agyz bekleýän, ýetime hossar çykýan adamlar meniň bilen jennetde, ine, şu iki barmak ýalydyr» diýipdir. Soňra ol süýem we orta barmaklaryny degişdirip görkezipdir.

1253. Araplaryň aýdany: «Burnuňy kesip aýyrsaňam, barybir ol seniňkidir».

1254. Muhammet ibn Abdylla Ezdiniň aýdany*: «Maňa hile guraýan agam ogluna gaty-gaýrym söz diýmekden saklanýaryn. Goý, onuň ezýetiniň agyrysy süňňümi gurşabersin. Onuň bir gün ýanyma dolanjakdygy ýadyma düşende, özüme göwünlik berýärin, onuň etmişlerini unudýaryn. Garyndaşlaryň arasynda kineli gezmek gelşikli däl. «Arasyny üzenler» diýdirenmizden, bu zatlara sabyr etmek maňa has ýeňil».

1255. Hatam Taýynyň sözleri*: «Maňa ýardam berýänligine, bermeýänligine garamazdan, hiç kimden kine saklamaýaryn».

1256. Mukanna Kindiniň sözleri*: «Meniň özüm bilen doganlarymyň we agalarymyň arasynda köp çaprazlyk bar. Olar meniň etimi iýseler, men olara et bitirdim. Olar meniň abraýymy ýumursalar, men olaryň şöhradyny dikeltdim. Ýoklugymda gybatymy etseler, bar ýerimde arkalaryny tutdym. Olar meni azdyrmak isleseler, men olary dogry ýola gönükdirmäge çalyşdym. Meniň ýanymdan geçmegi özlerine «şumluk» diýip ýorsalar, olaryň ýanyndan ötmegi özüme şowlulyk saýdym. Olara gadymdan köräp duran kinäm ýok. Kineçil adam ilbaşy bolup bilmez. Baý bolsam, olary hor etmerin. Garyp düşsem, olara ýük bolmaryn. Myhman öýümde-kä, oňa gulduryn. Ynsan bolsa bu dünýädäki ötegçi myhmandyr».        

1257. Hüzeýl ibn Meşjaganyň sözleri*: «Ýanymda agam ogly bolmasa-da, arkasyny alyp gürlemek, meniň edähedimdir. Ýer-u gök arasynda lap urup gürlese-de, ýagşylygym bilen oňa ýardam bererin. Kynçylyklaryň arasynda çabalanyp ýatyrka, ellerimi oda urup, halas ederin».   

1258. Pygamberiň aýdany: «Ömrüniň uzalmagyny we ryzkynyň giňelmegini isleýän adam, garyndaşlary bilen gatnaşyk etsin».

1259. Pygamberiň aýdany: «Agasynyň inisine bolan borjy-haky, edil atasynyň perzendine bolan borjy ýalydyr».

1260. Abu Ýakup Yshak Huraýmynyň sözleri*: «Ýakyn garyndaşlaryň ýazygyny ýadyňdan öçür. Her kimiň öz ynsaby özüne gämidir. Her kimiň hoş gününde, betbagt gününde dosty bar. Bularyň iň mylaýymlysy bolsa, hasratly günüňde terk etmeýänlerdir».

1261. Muny bize Abu Ymran Musa ibn Ymran we Abulkasym Muzaffar ibn Hasan dagy aýdyp berdi. Ol ikisi Abu Muhammet Dawut ibn Abdyrahmandan, ol Zübeýr ibn Bekkardan, ol Abu Damradan, ol Abdylla ibn Ýezit ibn Kasytdan, ol kakasyndan, kakasy hem Sagyt ibn Müseýýipden, ol Abu Hureýreden eşidip, şeýle gürrüň berdi: «Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala garyndaşlygy jennetde bir daragt edip ýaratdy hem-de «Kim seniň ýanyňa gelse, garyndaşlary bilen gatnaşsa, ony jennete salaryn. Gelmesini kesse, dowzaha girizerin» diýdi.

 



[1]«Aýallar» süresi, 1-nji aýat

[2]«Muhammet» süresi, 22-23-nji aýatlar

[3]«Isra» süresi, 26-njy aýat