61-nji bölüm: Hojaýynlaryň we garyndaşlaryň arasynda ýüze çykýan duşmançylyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 61-nji bölüm: Hojaýynlaryň we garyndaşlaryň arasynda ýüze çykýan duşmançylyk.

1277. Möminleriň emiri Abu Bekr Syddygyň söýgi we duşmançylyk hakdaky goşgusy*: «Söýgi hem, duşmançylyk hem nesilden nesle geçýändir. Bizden owal öten atalar kine saklapdyrlar. Ol hiç haçan aýrylmaz, çünki atalaryň ganyndan dörän perzentler bar»

1278. Ezd taýpasyndan bolan bir adam Käbäniň daşyndan aýlanyp, ogluna ýagşy dileg edýän ekeni. Oňa: «Eneň üçin hem zat dileýärmiň?» diýenlerinde, ol: «Onuň asly başga ýerden, ol temimli» diýip jogap beripdir.

1279. Ibn Aýýaşyň aýdany: «Ezdli bir kişi şeýle gürrüň berdi: «Eset ibn Abdylla bilen Horasanda gezip ýörkäk, Balh derýasynda gark bolup barýan birine gözümiz düşdi. Ol: «Halas ediň! Gark bolýaryn» diýip gygyrýardy. Eset sakga durdy-da: «Ýüzüp bilýäniňiz barmy?» diýip sorady. Men: «Hawa» diýip seslendim. Ol: «Bar-da, şol adamy halas edeweri!» diýdi. Atymdan böküp düşüp, eşiklerimi çykardym. Soňra özümi tolkun atyp duran derýanyň içine okladym. Ýüzüp baryp, oňa ýakynlaşanymda: «Sen kimlerden bolarsyň?» diýip soradym. Ol: «Temim taýpasyndan» diýdi. Men: «Daýy tarapymdan bolýarsyň-da onda» diýip, oňa elimi uzatmadym. Şol pursat hem ol gark bolup, suwuň düýbüne gitdi».

Ibn Aýýaş ezdli adama bakyp: «Ýeri, seniň edýäniň näme?! Hudaýdan gorkaňokmy? Musulman birini öldüren ekeniň» diýende, ol: «Wah, şol wagt gylyjym bolan bolsa, öz elim bilen kellesini çapjakdym-la» diýip, jogap beripdir.

1280. Halyt ibn Safwan ogluna bakyp: «Agaň ogullary bilen hergiz oturaýmagyn. Olar bihepbedir. Seni baý görseler, göriplik ederler. Garyp düşeňde golaýyňa gelmezler. Bir gün aýagyň büdrände, üstüňden gülerler, begenerler. Olara görünmeseň, gybatyňy ederler. Sen mydama ýagdaýy özüňden pesler bilen gezgin. Olara mätäç bolaňda, olar saňa galkan bolar. Olar saňä mätäç bolanda, sen olara baş bolarsyň. Bu döwürde agaň ogullary duşmana döndi» diýipdir.