63-nji bölüm: Takwalyk we dindarlyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 63-nji bölüm: Takwalyk we dindarlyk.

1293. Pygamberiň aýdany: «Allatagala: «Eý, bendäm, saňa parz eden zatlarymy ýerine ýetirseň, iň ybadathon adam bolarsyň. Beren ryzkyma kanagat etseň, iň baý adam bolarsyň. Gadagan eden zatlarymdan saklansaň, iň takwa adam bolarsyň» diýdi.

1294. Ibn Apbasyň aýdany: «Sapaga dönýänçäňiz agyz bekleseňiz hem, küýkerip galýançaňyz namaz okasaňyz hem, takwalyk bolmazdan bu zatlar peýda bermez».

1295. Japar ibn Muhammet Sadygyň aýdany: «Özüni aldatmaýan adam akyllydyr. Özgeleri aldamaýan adam dindardyr».

1296. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň aýdany: «Takwalygyň öňünde bäş sany böwet bar. Şolary geçmedik takwalyga ýetmez: nygmata derek kösenmeli, rahatlyga derek jan etmeli, beýgelmäge derek özüňi pes tutmaly, artykmaç zada derek ýetjegini gazanmaly, durmuşa derek ölümi saýlamaly».

1297. Pygamberiň aýdany: «Men bir aýaty bilýärin. Şony ýat bekläp, öwrenen adama şol aýatyň özi ýeterlik bolar. Ol: «Kim Alladan gorksa, onuň üçin ähli gam-külpetlerden çykalga berer[1]» diýen aýatdyr.

1298. Abu Temmam Haşymynyň maňa aýdan we Lebit üçin ýazan sözleri*: «Adam öz arzuwynyň berilmegini isleýär. Taňry bolsa öz isläninden başga zady bermekden boýun gaçyrýar. Diýmeli hak sözi unutmaň: Hudaýa takwalyk etmekde iň uly bähbit we peýda bar».

1299. Abul Atahyýanyň sözleri*: «Ähli zady seljerip görsem-de, takwalykdan beýik mertebe görmedim. Käbir adamlar gizlenip ýören ýalydyr welin, ölümden gizlenip bilmezler. Gonamçylyklaryň arasynda hernäçe gezmelesem-de, mazaryna seredip, baý bilen garyby saýgaryp bilmedim. Barçanyň boljagy şeýledir. Alla ne etse, hak edýändir. Bu zatlary duýmaýan, gözi açyk, köňli körleriň köpdügine üns berdiňmi?».

1300. Käbir edebiýatçylaryň sözleri*: «Elinde döwleti bolan adam, Hudaýa takwalyk bilen iş edip, päk-arassa gezse, hat-da bu dünýäniň öwrülip durmasy hem oňa gözeldir. Hudaýa boýun sun. Öz sahawatyňdan özgelere hem eçil. Hudaýyň bereninden özgelere bermäni başarmasaň, ykbal senden ýüz öwrüp gider».

1301. Sagyt ibn Meshuj Şarynyň sözleri*: «Hudaýa takwalyk bilen gara, seni bol bähbitlerden binesip goýmaz. Terezisi sogapdan doly bolmadyk ýigide, çadyrlardaky hüýr gyz gülüp bakmaz. Ol gözelleriň adyny alnyňa ýaz. Olaryň galyňy dürs işlerdir».

1302. Pygamberiň aýdany: «Siziň takwalaryňyz meniň ýakynlarymdyr. Adamyň hormaty onuň takwalygy bilen ölçelýär».

1303. Harys Muhasybynyň aýdany: «Tagat-ybadatyň asly dindarlykdyr. Dindarlygyň asly takwalykdyr. Takwalygyň asly özüňe hasabat bermekdir. Özüňe hasabat bermegiň asly gorky we umytdyr. Olaryň asly wada we ýalan söz, ol ikisiniň asly bolsa, sogaby we jezany ýadyňda saklamakdyr. Onuň asly bolsa many-netije çykarmak hem-de pikirlenmekdir».

1304. Mahmyt Warragyň sözleri*: «Takwalyk azygyny almazdan, ahyret sary ýola düşme. Ölüm saparyndakaň, azyk-iýmitlini görüp ýuwdunarsyň. Bu dünýäde şolar ýaly işlemändigiňe ökünersiň».

1305. Salyh ibn Abdylkuddusyň sözleri*: «Ähli işde Hudaýa takwalyk bilen çemeleş. Haýyrlaryň içinde onuň deňesine ýetip biljegi ýokdur».

1306. Ýene şonuň sözleri*: «Merhemet eçiliji Hudaýa uýýan bende hiç wagt hor-homsy bolmaz».

1307. Ýene şonuň sözleri*: «Ähli işe päklik bilen ýapyş. Ähli pursatda Hudaýyň gazabyndan ätiýaş et».

1308. Şagbynyň aýdany: «Sermaýasy takwalyk bolan adamyň girdejisini beýan ederden dil ejiz geler».

1309. Muny maňa käbir edebiýatçylar aýdyp berdi. Olara bolsa Kazy Sagdy aýdyp beripdir*: «Göwher kimin gözel häsiýetli adamlara beýiklik mertebesi miýesser eder. Olar peslik çägini bir wagt kesip geçen adamlardyr. Erjellik gylyjyny gynyndan çykaran ýigitler, takwalyk mertebesine gowuşdy. Asman olara düşek, Sureýýa ýyldyzy bolsa, tirsegini diräre ýassyk boldy. Jennetiň nygmaty takwalykdyr. Alla razy bolan takwalar bolsa, bendeleriň iň ýagşysydyr».

1310. Sehl ibn Harunyň sözleri*: «Dünýä hakda pikirlenip oturyşyma, hak ýoly tapdym. Al ýaňak albassyny[2]Hudaýyň haky üçin terk etdim. Ötegçi dünýä hakda betgüman bolup, oňa beren wadalarymy ýerine ýetirmän aldaýşyma, oňa hökümimi ýöretdim, soltan boldum. Mundan öň bolsa arassa gildum».

1311. Wehp ibn Münepbihiň aýdany: «Iman ýalaňaç zatdyr. Takwalyk onuň eşigi, arassalyk onuň baýlygy, utanç onuň bezegidir».

1312. Ibn Apbasyň aýdany: «Gije namaz okap, gündiz agyz beklemek takwalyk däldir. Takwalyk - bu Hudaýyň gadagan eden zadyny terk etmek, parz eden zadyny ýerine ýetirmekdir. Şeýle paý berlen adama takwa diýiler».

1313. Ahnaf ibn Kaýsyň aýdany: «Her bir zadyň gönezligi bardyr. Yslamyň gönezligi dört sanydyr: Möminiň mertebesi bolan pespällilik, dowzahdan halas edýän dindarlyk, jennete ýetirýän takwalyk, işleri bitirýän sabyrlylyk».

1314. Hutaýýa Absynyň sözleri*: «Baýlyk toplamak bagtyýarlyk däldir. Kalby päkize kişi bagtly saýylar. Takwa, arassa bolmak, päk gezmek hazynanyň ýagşysydyr. Munuň üçin bu ýerde erkinlik, Hudaýyň dergahynda bolsa, ondan hem zyýada, bol serpaý bar ».

1315. Muhammet ibn Wasygyň sözleri*: «Dirheme ybadat, dinara sežde etmek takwalyk däldir. Musulmanyň takwalygy Hakdan özgä sežde etmezlikden ybaratdyr».  



[1]«Talak» süresi, 2-nji aýat

[2]Dünýäni göz öňünde tutýar