67-nji bölüm: Goh-galmagaldan gaýra durmak we asudalygy küýsemek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 67-nji bölüm: Goh-galmagaldan gaýra durmak we asudalygy küýsemek.

1381. Pygamberiň aýdany: «Adamlardan salamat bolmagy we adamlaryň hem özünden sag-salamat bolmagy üçin öýünden çykman oturan adam, Hudaýyň rehmetine mynasypdyr».

1382. Ukba ibn Amyr Juheniniň aýdany: «Pygamber bilen gabatlaşamda ol maňa: «Eý, Ukba, diliňi sakla, säwlikleriňe agla. Şonda öýüň giňän ýaly bolar» diýdi.

1383. Şurahbil ibn Symt gorkak, öýünden çykman oturan we adamlardan üzňe gezýän ekeni. Oňa bu ýagdaýyny ýatladanlarynda: «Duýman durkam dinimi zaýalaryn öýdüp gorkýaryn» diýipdir.

1384. Arzamynyň sözleri*: «Uzak hem bolsa, asuda ýoly saýla. Seni ökünje goýjak işlere gabak galdyrma».

1385. Salyh ibn Abdylkuddusyň sözleri*: «Ertir we agşam şapaklarynda şärigi bolmadyk Hudaýa şükür! Başardygyňça adamlardan çetleş. Dostlugy gorkuly adama bil baglama».

1386. Abdylla ibn Mübäregiň sözleri*: «Eger ýyrtyjylara goňşy bolup otursam, hiç kimden görmeýänimizi şondan göreris. Ýyrtyjy öz sürenine tarap ýola düşer. Emma, betpäl adam eger-eger düz ýola girmez».

1387. Muhammet ibn Ýusubyň aýdany: «Bir gezek Sewriniň ýanyna baryp: «Men Şama ugramakçy, näme maslahat berýäň?» diýdim. Ol: «Eger ähli tanyşlaryňy inkär etmäni başarsaň, şony ýerine ýetir. Eger ýüz sany dostdan bähbit görýän bolsaň, hatda olar tutuşlygyna saňa yhlas etseler hem olaryň togsan dokuzysyny taşla. Galan ýekejesine hem ähli ynamyňy baglama. Şonda işiň şow alar» diýdi.

Eý, Muhammet, Allatagala öz pygamberi Muhammede wahyý inderip, şeýle diýdi: «Adam atanyň iki oglundan soň kim dostuna içigaralyk etse, nähili güne düşer öýdýärsiň? Olaryň biri ýoldaşyny öldürdi».

1388. Käbir şahyrlardan*: «Öýüň çüňkünde atkeçe ýaly basyrnyp ýat. Ýalňyzlygyňa kaýyl bol. Seniň betbagtlygyň aldawçy tamakinlige galkan bolsun. Şeýtseň, sen bu günüňden yza dolanmarsyň».

1389. Ýoldaşlarynyň käbiri Sufýan Sewriden ýagşy öwüt bermegini haýyş edipdir. Ol: «Adamlardan häzir bol. Olar akylyňy ogurlap giderler» diýipdir.

1390. «Sufýanyň öýi nirededi?» diýip, Hafs ibn Attapdan sorapdyrlar. Ol «Onuň öýi bardyram öýdemzokdyk» diýip, jogap beripdir.

1391. Fuzaýlyň aýdany: «Salamaty gözlän, melamata (käýinje) duçar bolar».

1392. Medinä oňşuksyzlyk düşende, Urwa ibn Zübeýr ilden çetleşip, gyrada, özbaşyna jaý gurupdyr. Doganlary onuň ýanyna gelip, käýemäge başlapdyrlar. Şonda ol «Siziň diliňiz ýalan, ýüregiňiz ýaman, gulagyňyz gepçi, çynyňyz oýun. Şonuň üçin meni bela-betere tirkärsiňiz öýdüp gorkýaryn» diýipdir.

1393. Mekhul Şamynyň aýdany: «Abraý-hormat jemagatda, asuda-salamatlyk ýekelikdedir».

1394. Wehp ibn Münepbihiň aýdany: «Adamlardan çetleşmek namysyňa gorag, adamkärçiligiňe ömür, mätäçligiňe örtgi bolar».

1395. Muny maňa Kazy Abu Abdylla Ahmet ibn Yshak Nuhawendi Basradakam gürrüň berdi. Oňa bolsa Abulkasym Abdyjepbar ibn Şirzan Abdy gürrüň beripdir. Ol bolsa Abu Muhammet Sehl ibn Abdylla Tustarydan eşidipdir: «Adamlardan çetleşmek namysyňy aýawly saklar, beýikligiňi özüňde goýar, mätäçligiň üstüni örter».