68-nji bölüm: Göriplik.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 68-nji bölüm: Göriplik.

1396. Pygamberiň aýdany: «Göriplik etmekden saklanyň. Oduň gury agajy iýişi ýaly, ol hem ähli ýagşylygyňy iýýändir».

1397. Ahnaf ibn Kaýs şu sözleri köp aýdardy:

— Göribiň rahatlygy ýok;

— ýalançynyň adamkärçiligi ýok;

— sussypesiň dosty ýok;

— bahylyň hilesi ýok;

— patyşanyň wepasy ýok;

— gylygy ýamanyň häkimlige ukyby ýok.

1398. Wehbiň aýdany: «Göriplik jennetde Hudaýa edilen ilkinji günä işdir [Iblisiň Adam ata göripligi]. Göriplik zeminiň üstünde hem Hudaýa edilen ilkinji günä işdir [Adam atanyň oglunyň doganyna göripligi we ony öldürmegi].

1399. Wehbiň aýdany: «Göribiň üç alamaty bar: görse biynjalyk bolar, gitseň gybat eder, seniň heläkçiligiňe begener».

1400. Abul Atahyýanyň sözleri*: «Göriplikden başga ähli duşmançylygy aradan aýryp bolar. Göriplik ýürekde mäkäm ornaýan dertdir. Ony hiç bir zat hiç haçan bejerip bilmez».

1401. Pygamberiň aýdany: «Üç sany zatdan hiç kim halas bolup bilmez:

— ýaramaz yrymdan;

— betgümanlykdan;

— göriplikden.

Egerterse ýorsaň, yzyňa gaýtma. Betgüman bolsaň, ol niýetiňi ýerine ýetirme. Göriplik etseň-de, oňa ýamanlyk etme».

1402. Şagbynyň aýdany: «Göribiň ýüregi hiç kim üçin päkize däldir. Onuň söýgüsine hergiz ynanma. Göribiň dili ýüreginiň tersine gürlär».

1403. Hasan Basrynyň aýdany: «Ynsanyň göripligi demriň ýüzündäki pos ýaly. Pos demri gutarýança iýer. Şonuň ýaly göriplik hem öz eýesini keselleder we heläk eder. Göriplik edilýän bolsa, bagtly ýaşar, hat-da ol bu zatlardan gapyldyram welin…».

1404. Abu Temmam Taýynyň sözleri*: «Hudaý biriniň abraýyny galdyrmak islese, şol hakda gürlemäge göribiň diline erk berer».

1405. Abu Bekr Arzanynyň sözleri*: «Edepli adamy göriplik bilen garşylarlar. Ýöne olaryň sögünji barybir oňa täsir etmez».

1406. Ibn Seýýaryň sözleri*: «Maňa göriplik etseler, men olary ýazgarmaryn. Sebäbi menden akylly adamlara-da göriplik edilipdir. Adamlaryň köpüsi göriplikden ýaňa gahar edip, öz janlaryny heläk edýär».

1407. Abdylla ibn Mugtazyň sözleri*: «Eger maňa göriplik edýän bolsalar, diýmek, men asylly we edeplidirin. Sebäbi diňe şeýle adamlara göriplik edilýär».

1408. Başga biriniň sözleri*: «Oda ýakyp görmeseň, şaha özüniň oňatlygy hakda dil ýarmaýar. Tä göribiň biri ondaky häsiýetleri äşgär edýänçä, adamyň mertebesi we gadyry bilinmeýär».

1409. Abdylla ibn Muhammediň sözleri*: «Meniň häsiýetlerime göriplik edýän adamlar örän köp. Eý, Hudaýym ýagşy işlerime göripleri köpeldewer. Çünki olar meniň aýyp we kem ýerimi tapyp, üstümden gülýärler. Şeýdibem kemçiligimi ýatladyp, kämil ýola salýarlar».

1410. Kagbul Ahbaryň aýdany: «Göriplik bir ýagdaýda adalatly we jepalydyr. Onuň adalatly tarapy, öz eýesini derde batyryp, gamdan halas etmeýär. Jepaly tarapy, Hudaýyň öz halkyna paýlap beren zadyndan razy bolmaýar. «*Bagtyýar oýanýan adama göriplik ederler. Şeýdip göripler dirikä özlerine zyýan, ruhlaryna azap bererler».

1411. Dygbyl ibn Aly Huzagynyň sözleri*: «Göriplik edilmän ýaşaýan günüm ýaşadyk däldir. Diňe ylym, mylaýymlyk, edep we sahylyk babatda artykmaç bolan adamlara göriplik edilýär».

1412. Ybraýym ibn Şekläniň sözleri*: «Diňe, ahlagy we akyly özüniň bezegi bolan adamlara göriplik edilýär».

1413. Mugawyýa bilen öz arasyndaky dartgynlylygyň möwjän günlerinde, möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp: «Bulary meniň bilen söweşmeklige iterýän zat, kitap we şerigat (kanun) dawasy däl-de, ýüreklerine ornan göriplikdir. Yslam dininde meniň ondan öňürden ýerlerim bar. Resulallanyň ýanyndaky mertebäm, Allanyň bagyşlan ylmy, bularyň ählisi olaryň göripligini gozgaýan bolmaly» diýipdir. Şonda Huzeýme: «Eý, möminleriň emiri, Allanyň nygmatyny görüp, kimdir birine göriplik etmek, özüňe ýamanlyk etmekdir. Din bilen dünýäden beýik mertebäň, ahlagyň barlygyny bilip, gazap we kine oduna çürşüp galjak olary göz öňüne getir. Kim Hudaýyň kysmatyna kaýyl bolmasa, Alla ony öz hilesine çolaşdyrar» diýipdir.

1414. Muhammet ibn Ýahýanyň aýdan sözleri: «Bir gezek Abulapbas Abdylla ibn Mugtazyň ýanynda otyrdyk. Biz oňa ýöňkelýän galp sözler hakda ýatlatdyk. Abulapbas uludan demini alyp: «Meniň özüm-ä iliň aýbyny açmakdan ätiýaç edýärin. Ýöne, ýaňky ýaly öli zatlardan goranmadan hem ejiz gelýärin. Şöhrat şahalary depämde saýa salyp, köki alyslara uzansoň, göriplerim göwün sözini diýip ýör. Emma, belent häsiýetli adamlar bir zady başarmalydyr. Kim-de kim ýagşy zat, haýyrly zat sözlese: «Sen hak aýdýaň» diýmelidir. Ters, ýaman gep sözlese: «Sen nädogry, galat gürleýäň» diýmäni hem başarmalydyr» diýdi..

1415. Senuberiniň sözleri*: «Eý, meniň nogsanlygymy hasaplap, olary ýazgarýan görip. Isledigiňçe diý. Göribiň aýyplamasy öwgidir. Ömrümiň dowamynda göripsiz geçiren günüm ýok. Ýitgileriň ulusy, göribiňi ýitirmekdir. Men neçün göribe alkyş aýtmaýyn?! Ol, Hudaýyň maňa nygmat berenliginiň alamaty (nyşany) ahyry».

1416. Başga biriniň sözleri*: «Seni söýüp-sylaýanlaryň köpüsi özge ýerde otyr. Içi ahmyrdan doly käbir kişiler bolsa, öýüňe geler-gider. Betniýet adam nirä barsa-da harampäldir. Olardan arassa mähri hantama bolmagyn».

1417. Käbir adamlaryň sözleri*: «Saňa eden ýamanlygymyz hakda hernäçe kelle döwsem-de, beýle bet işi göz öňüne getirip bilmedim. Bu diňe seniň doga göripdigiň zerarly şeýle bolýar».

1418. Mansur Sufýan ibn Mugawyýa Mühellebiden: «Neçün adamlar siziň kowumyňyza dil ýetiräýesi gelip dur?» diýip soranda, ol: «Beýikleriň elmydama göribi bar. Heý-de ejizlere pisint eden adamyny gördüňmi?» diýipdir..

1419. «Musulman adam öz doganyna göriplik edermi?» diýip, Hasandan sorapdyrlar. Ol: «Sen nä doganlarynyň Ýusuba nämeler edendigini unutdyňmy?» diýipdir.

1420. Pygamberiň aýdany: «Şeýtan ynsan ogullarynyň ählisiniň kalbyna göriplik tagnasyny salar. Siz ony özüňizde hökman duýarsyňyz. Eger öz ýüregiňizde göripligiň bardygyny bilseňiz, ony gizlin saklaň, ile bildirmäň. Ony diliň ýa-da eliň bilen ýüze çykarmasaň, ol hiç kime zyýan bermez».

1421. Kaýs ibn Züheýr bir gün Rabyg ibn Zyýadyň ýanyndan ötüp barýarka, olaryň baý, gurply we köp sanlydygyny görüp gamlanypdyr. Olardan biri: «Gören zadyň göwnüňe ýaramady öýdýän?» diýipdir. Kaýs: «Sen ony bilmersiň, men bu ýerdäki nogsanlykdan gorkýaryn. Nygmat bolçulygyna elmydama göriplik edilýär» diýipdir.

1422 Ibn Siriniň aýdany: «Men hiç kime göriplik etmedim. Eger ol dowzaha düşýän bolsa, oňa biderek ýere göriplik edip men hem dowzaha düşeýinmi? Oňa şol hem ýeterlik bolar. Eger ol jennete düşýän bolsa, oňa näme üçin göriplik edeýin. Hudaýyň taýynlap goýan zatlary hem ýeterlik bolar».