69-njy bölüm: Gybat we içigaralyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 69-njy bölüm: Gybat we içigaralyk.

1423. Pygamberiň aýdany: «Kyýamat güni adamyň eline, etmedik ýagşylyklary ýazylan sahypa berler. Ol «Eý, Hudaý, bular maňa nireden geldi?» diýip soranda, ol «Bu adamlaryň sen hakda eden gybaty, ýöne sen ony bileňok» diýer.

1424. Enesiň aýdany: «Gybat edeniň orazasy bozular».

1425. «Gybat täretiňi bozarmy?» diýip, Mujahytdan soralanda, ol «Hawa, sogabyny hem kemelder» diýipdir.

1426. Bir adam Ibn Siriniň ýanyna gelip «Sen hakda gybat etdim welin, şony maňa halal etsene» diýipdir. Ol: «Hudaýyň haram eden zadyny halal etmäge hakym ýokdur» diýip, jogap beripdir.

1427. Asmagynyň aýdany: «Çarwa arabyň biri dostlarynyň üstünden düşüp, gybat edip oturan adamlaryň ýanyna barypdyr. Ol: «Eý adamlar! Bu ýalan gürrüňi goýuň, ol şu ýerde häzir bolsa-dy, derrew ony öwüp başlardyňyz» diýipdir.

1428. Dygbylyň sözleri*: «Mertebämi görip bilmeýän adam-a, gybatymy edýär. Ýagşylar bolsa, eşidendikleri üçin alkyş aýdýar. Göripleriň käbiri, gabat gelemde, ýüzüme gülüp bakýar, gözden ýitdigim, içýan bolup çakýar. Zeminiň ýüzi göriplerden şeýle bir dolupdyr, indi dünýä hem şolardan ýaňa dar görünýär».

1429. Başga biriniň sözleri*: «Günde ýüz öwüsýän käbir adamlar bar. Olar öwütçimi, göripmi, aňlar ýaly bolmady. Men bulara şeýle bir haýran galýaryn: Bir eli bilen aýagyňdan aslyşsa, beýleki eli bilen başyňy sypap dur. Bularyň yanynda arkamy alsa, olaryň ýanynda, ýere çalyp dur. Eý, adamlar, aralary asmandan uzak bolan bu iki gylyga birlikde ýapyşmaň!».

1430. Abdylla ibn Mübäregiň aýdany: «Biri hakda gybat etmeli bolsa, atam hakda ederdim. Sebäbi ol ýagşylyk edenime degýän adam».

1431. Abdylla ibn Tahyryň sözleri*: «Özgeden aýyp tapsaň, öz nogsanyň hem açylar. Ilden gizläp ýören aýbyňy illere aýdarlar. Adamlarda ýok zady olara ýöňkemek, Hudaýyň we iliň öňünde uly günädir. Bir akyldaryň aýdan sözüni diňle, ol parasatly söz synalan zatdyr: Adamlar hakda söz açsaň, olaryň aýbyny aýtma. Seniň üçin öz aýbyňdan uly nogsan bolmasyn. Olaryň aýbyny gözläp başlasaň, aýbyny taparsyň, ýöne öz aýbyň olaryňkydan has köpdür».

1432. Ibn Apbasyň rowaýaty: «Allatagala Musa pygambere: «Eý Musa, soňky deminde gybatyna toba edip ýogalan adam, iň soňky bolup jennete girer. Gybat edip ýogalan adam, ilkinji bolup dowzaha girer» diýipdir.

1433. Abdylla ibn Mübärekden gybat hakda soralypdyr. Ol: «Ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňy, ýeňsesinden gürlemek» diýip, jogap beripdir.

1434. Iki sany hristian tebibi Ibn Sirininiň ýanyna barypdyr. Olaryň biri daşary çykanda, Ibn Sirin beýleki tebibe bakyp: «Eger gybat hasaplamasaňyz, haýsyňyz ökde diýip soraýjakdym?!» diýipdir.

1435. Pygamberiň aýdany: «Öz ýanynda gybaty edilen musulman doganyny başardygyça goldan adamy Hudaý iki dünýäde hem goldar. Pisint etmän, üstünden düşýäni bolsa, Hudaý iki dünýäde hem kösençlige duçar eder».

1436. Omar ibn Abdyleziziň aýdany: «Özüňe ýamanlyk eden adamynyň ýamanlygynyň mukdaryna görä sögmäge rugsat berilýär. Emma artykmaç sögseň, onuň üçin sogap, saňa bolsa günädir».

1437. Hatyn Asammyň aýdany: «Ýalançy – dowzahyň iti, görip – dowzahyň doňuzy, gybatçy we gepçi — dowzahyň maýmynydyr!».

1438. Sufýanyň aýdany: «Iýas ibn Mugawyýanyň ýanyndadym. Gapdalymdan bir adam geçip gitdi welin, men ondan bir zat soradym. Ol: «Dymyp otyr» diýdi. Soňra: «Eý, Sufýan, rumlylar bilen bolan söweşe gatnaşdyňmy? Türkler bilen söweşip gördüňmi?» diýdi. Men: «Ýok» diýdim. Ol: «Görýäňmi, duşmanlaryň senden sag-salamat, musulman doganyňa bolsa ezýet berýärsiň» diýdi. Gaýdyp şeýle hereket etmedim.

1439. Wehp ibn Münepbihiň aýdany: «Gepi-gybaty adamlaryň agzynda sakgyç bolýança, adam mertebeli bolup bilmez»

1440. Ibn Mesgudyň aýdany: «Gybat-azgyn karylaryň iýmişi, bozuklaryň meýlisi, patyşalaryň bossany, aýallaryň örüsi, itpisint adamlaryň iýmiti, takwalaryň zir-zibilidir».

1441. Pygamberiň aýdany: «Adamlaryň etini iýýäniň (gybatyny edýäniň) orazasy kabul bolmaz».

1442. Mekhulyň aýdany: «Gybatyň ähli ýagşylygyňy iýişi, oduň pagta übtügini köýdürişinden hem çaltdyr».

1443. Sagyt ibn Jubeýriň aýdany*: «Hudaý hiç bir zady ýadyndan çykarmaýar. Ýöne onuň ähli işiniň sogabyny adamlara eden gybaty köýdüripdir».

1444. Pygamberiň aýdany: «Bu dünýäde adamlaryň etini diriligine iýýän adamlar, dowzahda porsy maslyk bilen bakylar».

1445. Pygamberiň aýdany: «Kim musulmanyň aýbyny örtse, Hudaý hem onuň aýbyny gizlär. Musulmandan aýyp tapan, tä özi hem şoňa duçar bolýança, dünýäden gitmez».

1446. Isa Mesihiň aýdany: «Adamlaryň aýbyna hojaýynlar ýaly seretmän, bendeler ýaly öz aýbyňyzy gözläň. Doganynyň gözünde gara görýän adam, öz gözüniň [gara]görejini görüp bilýän däldir».

1447. Bir adam Iýas ibn Mugawyýa şeýle diýipdir: «Men aýby köp bir adamyny bilýärin. Aýby köp diýýänimiň sebäbi, ol elmydama özgeleriň aýbyny ýatlaýar. Şeýtmek bilen öz aýbyny örterin öýdýär».

1448. Abul Atahyýanyň sözleri*: «Adamlaryň ählisi özgaň aýbyny görmäge zor, özüne gezek gelende kör. Öz aýbyny örtüp, özgeleriňkini paş edýän kişiden haýyr bolmaz».

1449. Asmagynyň aýdany: «Abraýly adamlaryň meýlisinde, bir kişi beýlekini ýamanlapdyr. «Sen özgeleriň aýbyny ýaýmak bilen, öz aýbyň köpligini bildirdiň. Sebäbi, adamyň özünde häçe mukdar aýyp bar bolsa, ol özgelere-de şonça aýyp ýöňkeýär» diýip, ýaşuly dillenipdir.

1450. Ýahýa ibn Eksemiň sözleri: «Hudaýa şirk[1] ýetirmekden soňky iň uly aýyp – öz nogsanlygyňy bilmezlikdir».

1451. Käbir hekimleriň aýdany: «Biriniň aýbyny açsaň, şonuň ýaly nogsanyň özüňde döremeginden häzir bol».

1452. Huraýmynyň sözleri: «Özi nogsanly bolup, özgeleriň arkasyndan gybat edýän adamlaryň ýüreklidigine haýran galýaryn».

1453. Başga biriniň sözleri*: «Adamyň eden işini ýazgarmajak bol. Seniň özüňem olardan üýtgeşik dälsiň. Kim özgäň aýbyny ýatlap, özüniňkini örtýän bolsa, onuň akylyna zeper ýetendir».

1454. Hasanyň aýdany: «Özünde aýyp barka, iliň aýbyny ýaýyp ýören adam, tä bu pişesini goýup, öz aýbyny düzeldýänçä, imanyň hakykatyny duýmaz».

1455. Abu Zueýbiň sözleri*: «Ol biriniň öz aýbyna gözi düşmez. Özgäň aýbyna nazary kaklyşdygy sypdyrmaz. Adam öz aýbyny bilen çagy, özgelerden nogsan gözlemekden batyl galýar».

1456. Rabyg ibn Huseými bir gezek Abdylla ibn Mesgudyň ýanyna giripdir. Abdylla oňa: «Eý, Abu Huseým, adamlary nähili görýärsiň?» diýende, ol: «Eý, Abu Abdyrahman, adamlar öz günäleri üçin arkaýyn, özgeleriň günäsinden bolsa gorkýarlar. Illeriň ýamanlyklaryny görýärler, özleriniňkä bolsa gözlerini ýumýarlar. Sen hem ilki özüňe gara, şonda özgelere meşgul bolmaga eliň ýetmez» diýdi.

1457. Halyt ibn Welit bilen Sagt ibn Abu Wakgasyň arasynda dawa-söz bardy. Bir adam Sagdyň öýünde-kä, bu sözi Halyt ibn Welide aýtdy. Ol: «Diliňi sakla, biziň aramyzda näme bar bolsa, ol hiç haçan dinimize zeper ýetirenok» diýipdir.

1458. Muny maňa Basradakam Kazy Abu Abdylla Nuhawendi gürrüň berdi. Abu Asymyň sozi: «Iliň donundan çekseň, iller seniň donuňdan aslyşar, ýagny ilden aýyp gözleseň, olar hem senden aýyp tapar».

1459. «Gybat näme?» diýlip, pygamberden soralanda, ol: «Onuň halamaýan zady bilen doganyňy ýatlamak» diýipdir. «Eý, Pygamber, eger meniň aýdýan häsiýetlerim şonda bar bolsa näme?» diýende, Pygamber: «Eger ol şonda bar bolsa, oňa gybat diýilýär. Eger onda ýok zady aýtsaň, onda ol töhmet bolýar» diýipdir.

1460. Pygamberiň aýdany: «Bu dünýäde adamlaryň etini diriligine iýýän adamlar, dowzahda porsy maslyk bilen bakylar».



[1]Hudaýa şirk ýetirmek – ony şärikli hasap etmek, ýeke hasap etmezlik