70-nji bölüm: Ýaranjaňlyk we ikiýüzlilik.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 70-nji bölüm: Ýaranjaňlyk we ikiýüzlilik.

1461. Pygamberiň aýdany: «Bu dünýäde iki ýüzi bolan adamyň kyýamat güni iki sany otdan dili bolar».

1462. Pygamberiň aýdany: «Kyýamat güni ýagdaýy ýaman adamlaryň biri hem ikiýüzlülerdir».

1463. Abu Nagymyň aýdany: «Osman ibn Abu Desaryň nähili adamlygy hakda Şerik menden sorady. Men: «Ol dostuna we duşmanyna birmeňzeş garaýar» diýdim. Ol: «Ol-a ikiýüzlüleriň işidir. Ýa duşmandygyň anyk bolsun, ýa-da dostdugyň dogry bolsun» diýdi.

1464. Attabynyň sözleri*: «Mynapyklygy ony oňarýanlara goý. Sen biliňi bek guşa we ýola düş. Ýeke özüň ýöräber, şonda sen ýa-ha anyk duşmanyňy, ýa-da arassa dostuňy görersiň».

1465. Abu Hiffanyň sözleri*: «Indi duşmanlar dost lybasyna bürenip, ýola çykýarlar. Olarda hem açyk, hem tutuk ýüz bar. Bu ýüzüň iki tarapy bolup, onuň daşy agaň ogly ýaly ýakymly, aňyrky tarapy bolsa garry zynakeşiň ogly ýaly kineli. Olar bir gün begendirer, beýleki gün bolsa ahmyra goýar. Ýolda sataşanyň her biri şoňa döndi».

1466. Huraýmy Abu Yshagyň sözleri*: «Pes adamlara ýoldaş bolmakdan ätiýaç et! Olar şelaýyn söz bilen dostlarynyň ýanyna barar. Olar saňa kömek edişleri ýaly, seniň garşyňa-da iş edýändirler. Iki ýüzli hilegärleriň mekirliginden ujyz sypýan ýokdur».

1467. Möminleriň emiri şeýle diýipdir: «Birini halaýan bolsam, ony aýdyp bilemok. Birini ýigrensem, ony gizläp bilemok».

1468. Awn ibn Abdyllanyň aýdany: «Ikiýüzli adam, illeriň howlusyna zyňylan agaç gyryndysy ýalydyr. Ondan ne gapy, ne galam, ne terezi ýasap bolýar. Ony diňe oda ýakaýmak galýar. Ikiýüzlüleri hem dowzah oduna oklaýmak galýar».

1469. Mälik ibn Dinaryň aýdany: «Möminler – bir-birege maslahat bererler, kömek ederler, goldarlar, raýdaş bolarlar. Ikiýüzlüler – ýalan sözlärler, ara bozarlar, bir-biregi kösäp gezerler».

1470. Pygamberiň aýdany: «Ikiýüzli adam hiç kime maslahat bermez we hiç kimi söýmez».

1471. Mälik ibn Dinaryň aýdany: «Ikiýüzli adam gözüne eýelik eder. Islän wagty gözýaş döküp biler».

1472. Mugaz ibn Hebeşiň aýdany: «Ikiýüzli adam ýaman iş eder, ýa-da ýaman iş edýäne kömek eder, ýa-da ony söýer, ýa bolmasa onuň işinden razy bolar. Ahyry özi hem ýamanlyga sataşar».

1473. Muny maňa Aly ibn Zekgar gürrüň berdi. Oňa Ahmet ibn Hüseýin Temimi, oňa Ibn Dureýt, oňa Abu Hatam Sijistany, oňa Utby gürrüň beripdir: «Çarwa arabyň biri: «Bu dünýäde ýüzi iki bolan adamyň Hudaýyň ýanynda ýüzi ýokdur» diýipdir.