71-nji bölüm: Arabozarlyk we gep gezdirmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 71-nji bölüm: Arabozarlyk we gep gezdirmek.

1474. Pygamberiň aýdany: «Arabozar jennete girmez».

1475. Pygamberiň aýdany: «Hudaýyň iň erbet bendeleri gep gezdirip ara bozýanlar, aşyklary aýra salýanlardyr».

1476. Dawut pygamberiň aýdany: «Eý, oglum! Hergiz gep gezdirmegin, ol gylyçdan hem ýitidir».

1477. Lukman Hekimiň aýdany: «Jadygöýüň bir aýda bozup bilmeýänini, arabozar bir günde ýumrup taşlaýar».

1478. Anuşirwanyň aýdany: «Söwdasy gep gezdirmek bolanyň, girdejisi garyplyk bolar».

1479. Bir adam Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna gelip, käbir goňşularynyň üstünden gep aýdypdyr, olary ýamanlapdyr. Abdylmälik oňa garap «Eger aýdýanyň dogry bolsa, seni ýigreneris. Aýdýanyň ýalňyş bolsa, temmi bereris» diýipdir. Ol adam: «Beýle bolsa gitmäge rugsat beriň» diýipdir. «Bar, rugsat berdim» diýip, Abdylmälik ony ugradypdyr.

1480. Bir adam Sahyp Ysmaýyl ibn Apbada hat ýazypdyr. «Besmeleden» soňra: «Pylany jöhit ýogaldy. Yzynda ýüz müň dinary we bir gyzy galdy. Başga mirasdüşeri ýok» diýipdir. Sahyp onuň arkasyna goluny çekip: «Baýlygyň ýarpysy gyzyna, eger bar bolsa, galan ýarpysy agtyklaryna berilsin. Şeýdip gep gezdirýäne bolsa, Hudaýyň näleti bolsun!» diýip ýazypdyr.

1481. Abdylla ibn Tahyryň sözleri: «Saňa özge biriniň gepini getirýän adamyň özi gepçidir. Käýinç ilki gepleýäne däl-de, gep getirýäne berilmelidir».

1482. Bir gezek Utba: «Ýezit ibn Hişam saňa şeýle-şeýle diýýär, arzyňy soltana ýetirseň bolmadymy?» diýipdirler. Ol: «Men onuň ýaly gepçi däl hem-de özgeleriň gepi üçin ýüregime ot salamok» diýipdir.

1483. Pygamberiň aýdany: «Zynadan bolan adam ýa-da şoňa galtaşygy bolan adam gep gezdirip, ara bozar».

1484. Ahmet ibn Mihran Kätibiň sözleri*: «Bu habary Hamda ýetiriň. Şugullar derwezäni ýassanyp, ol ýerden bir pursat hem aýrylmaýar. Atalarymyzyň pendini unutmaň: «Saňa gep getiren, seniň hem gepiňi edýändir».

1485. Pygamberiň aýdany: «Üç kişini gep bilen öldüren adam kyýamat güni elhenç azaba duçar bolar. Olaryň bir görnüşi öz dostuny ymamyna satýan arabozar adamdyr. Şeýdip, ol özüni, dostuny we ymamyny heläk eder!».

1486. Ahmet ibn Alynyň sözleri*: «Tikenli ýerde guýy gazýan, eý bende, ätlär ýeriňi saýgaryp bas. Gapyl üçin guýy gazyp, oňa özi gaçanlar örän köpdür».

1487. Muhammet ibn Aly Kätip bir gezek Muhammet ibn Halyda hat ýazypdyr. Ol hatynda çarwa araplaryň hukugynyň äsgerilmändigi, elindäki ýerleriniň, mülkleriniň alnanlygy ýazylypdyr. Muhammet onuň arka ýüzüne goluny goýup: «Men bu nähak wakany okadym, Hudaýa şükür, gepçileriň bazary biziň ýanymyzda geçginli däl. Şonuň üçin hem öňki gelýän sagdyn däplerimize eýerip geziberiň» diýipdir.

1488. Muhammet ibn Hazymyň sözleri*: «Getirilen gepe ynam etmegin. Gep– ölüm howply zäherdir. Gepe güp ynanan adam il-günsüz, dost-ýarsyz we hossarsyz galar».

1489. Başga biriniň sözleri: «Gep gezdirýän adamyň päli dostlaryna betbagtlyk getirer we ol öz päliniň ýuwdarhasyna şam bolar».

1490. Bir adam Ibn Hemmam Sejgyny Zyýadyň ýanynda ýamanlapdyr. Zyýat munuň üçin Ibn Hemmama käýäpdir, emma Ibn Hemmam muny inkär edipdir. Zyýat: «Muny maňa ynamdar biri aýtdy» diýende, Ibn Hemmam: «Ynamdar adamlar gep gezdirmeýärler» diýipdir.

1491. Pygamberiň aýdany: «Gepçi, arabozardan ägä boluň. Gep gezdirýän adamlar gabyr azabyndan ýaňa rahatlyk tapyp bilmezler».

1492. Muny maňa Abu Ymran Musa ibn Ymran Temimi gürrüň berdi. Ol Abu Bekr Muhammet ibn Kasym ibn Beşşar Enbarydan, ol Ahmet ibn Ubaýddan, ol Medýynydan eşidipdir.

«Bir adam Abdylmälik ibn Merwanyň ýanyna gelipdir. Adamlar azalansoň, ýaňky gelen adam: «Möminleriň emiri, ikiçäk galyp bolmazmyka?» diýipdir. Abdylmälik ýanyndakylara ýüzlenip: «Eger isleseňiz!» diýipdir. Olar turup gidenden soň, ýaňky ýigit söze başlamanka, Abdylmälik: «Men özümi senden gowy tanaýaryn, meniň ýanyma biriniň gepini getirme. Gep gezdirýän adamlara jenaýatçylaryňkydan artyk jeza berýärin. Şeýle hem ýalan sözleme! Ýalançynyň sözi bolmaz» diýipdir. Muny eşiden ýaňky adam: «Maňa gitmäge rugsat ber» diýipdir. Ol: «Isläniňi et» diýende, ol adam çykyp gaýdypdyr».