72-nji bölüm: Degişmek we ýasamalykdan gaçmak.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 72-nji bölüm: Degişmek we ýasamalykdan gaçmak.

1493. Jabyr ibn Semuranyň aýdany: «Pygamberiň dost-ýarlary onuň öňünde oturyp, şygyr okaýardylar, jahylyýet döwründäki işleri ýatlaýardylar we gülýärdiler. Olar gülen wagty Pygamberimiz hem ýylgyrýardy».

1494. Pygamber öz ýoldaşlaryna ahyrýetdäki işler hakda gürrüň berýärdi. Eger olaryň muny diňlemäge ýaltanýandyklaryny bilse, derrew dünýä gürrüňlerine geçerdi.

1495. Enes ibn Mäligiň aýdany: «Pygamberimiz bize ýygy-ýygydan gelerdi. Mende hem Ümmi Süleýmden bolan ogul bardy. Onuň kapasada saklaýan bir Nugaýr[1] guşy bardy welin, ol bir gün ölüpdir. Oglanjyk muňa gynanyp, esli wagtlap ýüzüni sallap gezdi. Pygamber öýe gelende onuň bilen degişýärdi: «Eý, Abu Umaýr, nirä gitdi Nugaýr (nogarjyk)» diýerdi. Ol guş ýadyna düşende, çagajyk ýene aglap başlaýardy».

1496. Äşäniň aýdany: «Bize bir garryja ene ýygy-ýygydan gelýärdi. Pygamber ol enäniň öňünden çykyp, oňa yhsan edýärdi, ony gowy görýärdi. «Bu garry ene bize Hatyja bar wagtyndan bäri gelýär. Gatnaşygyňy ýitirmän, ony dowam etmek hem imanlylykdyr» diýerdi. Bir gün Pygamber: «Garrylar jennete girenok» diýip aýdanda, ol möňňürip aglamaga başlapdyr. Haçanda ol gözýaşyny artdyranda, Pygamber onuň hakykatdan hem gynanýandygyny duýup: «Buşluk, sebäbi Allatagala sizi el degmedik päkize gyza öwrüp, soňra jennete salar» diýdi.

1497. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp degişgen we gözel gylykly adamdy.

1498. Bir gezek Äşe Pygamberden öňe geçipdir, ol hem yzyndan ýetip, ondan ozupdyr. Ýene bir gezek sapardakalar, Pygamber ondan öňe saýlanypdyr we oňa: «Ine bu öňki gezekdäkä derek» diýipdir.

1499. Ýüzüň ýygralygyny ýazmak üçin, azrak degişmegiň zeleli ýok. Aňyrsynda hakykat ýatan az-kem degişmede hem zyýan ýokdur.

1500. Ibn Siriniň gülküden ýaňa gyllygy akyp gidýän eken.

1501. Halyl ibn Ahmediň aýdany: «Adamlar zyndandaka hem degişýärler».

1502. Her bir zadyň rahatlygy bar. Ruhuň rahatlygy — oýun-degişmedir.

1503. Käbir araplaryň sözleri: «Degişmek– ruhuň iýmitidir».

1504. Welit Dapbynyň sözleri: «Bir gün Misgar ibn Kidamyň huzuryna girdik. Ol namazy käteler uzyn, käteler gysga okap, yzyndan hem bir bent goşgy aýdar eken. Biz ondan: «Sen namazy şeýdip okaýarmyň?» diýip soradyk. Ol: «Käteler şeýle, käteler başgaça okaýaryn. Bu hem ýüregi irizmezligiň bir usuly» diýdi.

1505. Enes bin Mälikden edilýän rowaýata görä: «Ol Mugawyýanyň ýanyna girende, dört aýak bolup duran eken. Arkasynda bolsa körpe ogly otyr. Ol: «Beýdip oturanyňy görseler, iller üstüňden güler» diýende, ol: «Sen nä Pygamberi eşitmediňmi? Ol: «Kimiň çagasy bar bolsa, onuň göwnüni tapsyn» diýdi» diýipdir. Ol: «Hawa bilýärin» diýende, Mugawyýa: «Şony bilmek ýeterlik ahyry» diýipdir.

1506. Selman Parsynyň aýtmagyna görä: «Men bir gezek Pygamber alaýhyssalamy seždä eglende gördüm. Şol wagt onuň agtyklary Hasan bilen Hüseýin geldi-de, pygamberiň arkasyna mündüler. Pygamber alaýhyssalam tä olar üstünden düşýänçä, seždesini dowam etdi. Olar düşenden soň, pygamber seždesini tamamlady, dikeldi we iki egnine salam berdi. Pygamber alaýhyssalam olara: «Siziň gör nähili gowy düýäňiz bar, siz bolsa gör nähili gowy otyrsyňyz» diýer ekeni.

1507. Musgap ibn Osmanyň aýtmagyna görä, Ýezit ibn Abdylmälik halypaty dolandyranda, halallykda we dindarlykda Omar ibn Abdylmälige meňzemek isläp, keýpi-sapadan, eşretden ýüz öwrüpdir. Bu ýagdaý onuň söýgülisine ýaramandyr. Ol Ahwasyň ýanyna adam iberip, «Oýun-güýmenjäniň rahatlykdygyny» möminleriň emirine ündemegi sorapdyr. Ahwas Ýezidiň ýanyna girip: «Eý, emir, degşip-gülüşmekden ýüz öwren bolsaň, gara daş ýaly gurap galarsyň. Her kimiň göwnüne ýaramasa-da, bu lezzetlerden datmajak bolsaň, ýaşaýşyň manysy nämede?» diýipdir. Ýezit bu sözleri diňläp: «Dogrudan-da, bu lezzetlerden datmajak bolsaň, ýaşaýşyň manysy nämede? Bu lezzetlerden datmajak bolsaň, ýaşaýşyň manysy nämede?» diýip, tä söýgülisiniň ýanyna girýänçä, gaýtalap gidipdir.

1508. Pygamber alaýhyssalam: «Men degişýärin, ýöne ýalan sözlemeýärin» diýdi.

1509. Abu Ubaýdanyň öz ussatlaryndan eşidip aýtmagyna görä, bir gün Akyl ibn Abu Talyp[2] möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň gapdalyndan geçip gidipdir. Onuň ýanynda bir geçisi-de bar eken. Aly oňa: «Eý Akyl! Üçimizden birimiz samsyk» diýende, ol: «Geçim bilen men-ä samsyk däl» diýip, jogap beripdir.

1510. Muny bize Abu Omar Haşymy gürrüň berdi. Oňa Abu Aly Luwluwwy, oňa Abu Dawut, oňa Wehp ibn Bakyýýa, oňa Halyt, oňa Humaýt, oňa hem Enes gürrüň beripdir: «Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla, meni göterip, düýä mündürsene» diýende, «Seni düýäň köşegine mündürerin» diýipdir. Ol adam: «Düýäň köşegini men näme edeýin?» diýende, «Ähli düýe düýäň köşegi dälmi näme?» diýip degşipdir.

1511. Muny bize Abu Omar Haşymy gürrüň berdi. Oňa Abu Aly, oňa Ybraýym ibn Mäti, oňa Şerik, oňa Asym, oňa hem Enes gürrüň beripdir: «Pygamber adamlar bilen: «Eý, sen iki gulakly» diýip hem degişer eken».



[1]Nugaýr–serçejik

[2]Abu Talybyň ogly Aky:l