74-nji bölüm: Iki ýüzli karylar.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 74-nji bölüm: Iki ýüzli karylar.

1528. Pygamberiň aýdany: «Karylar ymmatymyň ikiýüzli adamlarydyr».

1529. Hasan Basrynyň aýdany: «Dünýä mülküni diniň bilen talap edeniňden — dep we tüýdük bilen gazananyň gowy».

1530. Muhammet Salt Kesaýy bir gün Ibn Siriniň ýanyna barypdyr. Onuň egninde ýüňden geýimi bar ekeni. Muhammet: «Men ýüňden bolan eşikleri geýýänleriň: «Isa pygamber hem şeýle eşik geýipdir» diýjeklerini bilýärin. Ýöne biri maňa Pygamberiň hülle we zygyr süýüminden bolan geýimleri geýendigini aýtdy. Eger, alyp göterjek bolsaň, Pygamberiň däbine eýereniň oňat» diýdi.

1531. Şagbynyň aýdany: «Bozuk karynyň syrkaw soramaga gelmegi – keselli bende üçin öz derdinden agyr duýular».

1532. Eýýup Sihtiýanynyň aýdany: «Bozuk karydan hapysa zat ýokdur».

1533. Sufýan Sewriniň aýdany: «Bozuk alymlardan we akmak karylardan häzir boluň! Bu ikisi ähli ymmat üçin pitnedir».

1534. Pygamberiň aýdany: «Ahyrzaman golaýlanda, karylar bozuk, dindarlar nadan bolar».

1535. Pygamberiň aýdany: «Siziň araňyzda Süleýman bin Dawut alaýhyssalamyň şeýtanlarynyň ýüze çykmagy mümkin. Olar siz bilen bile metjitde namaz okar, siz bilen Gurhan okar. Olar adam keşbindäki şeýtanlardyr».

1536. Utbynyň aýdany*: «Egninde ýüňden dony bolan sopa: «Şu geýimiňi sat» diýdim. Ol: «Eger awçy öz toruny satsa, näme bilen aw etsin?» diýdi.

1537. Sufýan Sewriniň aýdany*: «Azgyn karylar dünýäniň üstüne merdiwan bilen çykarlar. Olar: «Soltanyň huzuryna gireris, ony gaýgy-dertlerden halas ederis ýa-da tussaglar hakda söz açarys» diýermiş. Olaryň niýeti öz nebisleridir»

1538. Mahmyt Warragyň sözleri*: «Sopy bolan käbir kişiler, ýüň geýimleri bilen magtanmakçy boldular. Il-gün olary sylady. Göwünlerinde gopbamsylyk köwsarlap dursa-da, pespäl görünjek bolýarlar. Arman, ulumsylygy beýdip gizläp bolmaýar».

1539. Ýene şonuň sözleri*: «Gyralaryna tama nagşy çekilen selläni Hudaý näletländir. Ol kimseler egin-eşiklerini üýtgedip, takwalara meňzejek bolýarlar. Her işi hak çözýän Hudaýy aldap bolmaz».

1540. Musawyr Warragyň ogluna beren öwüdi*: «Biliňi bek guşa we işe çynlakaý çemeleş. Namaz-orazaly adamlary özüňe dost tutun. Hammady, Misgary, Salty, Absyny we Ibn Hekimi unutma. Utbydan aýrylma, gaşynda oturyp, öwüt diňle. Bu zatlar seni nesýe zady talap etmekden we duşmanlaryň alyna ýanmakdan gorap saklar».

1541. Hasan ibn Abdyrahmanyň aýdany: «Basraly sopularyň biri bir gözüni sarapdyr. Ol muny: «Iki gözüň bilen seredip ýörmek isrip, bisarpalyk bolýar» diýip düşündiripdir.

1542. Aly ibn Mütewekkiliň sözleri*: «Adamlary özüňden çetleşdirýän terkidünýälik, terkiligiň ýamanydyr».

1543. Ferezdegiň sözleri*: «Meýden serhoş bolan adamdan gorkma. Takwasyrap, dury suw içýänlerden çekin. Amatly pursat bolýança adamlar niýetlerini gizläp gezerler, birdenem, zäherini pürkerler. Olar ikiýüzli karylardyr, has dogrusy ynsap bazaryndaky ogrulardyr».