75-nji bölüm: Şadyýanlyga umyt.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 75-nji bölüm: Şadyýanlyga umyt.

1544. Pygamberden şeýle rowaýat edýärler. Ol: «Hudaýdan merhemet diläň, çünki Hudaý özünden zat soralsa gowy görýär. Şatlyklara garaşyp, ýagşy zady umyt etmek ybadatyň ýagşysydyr» diýipdir.

1545. Ahnaf ibn Kaýsyň aýdany*: «Eger kynçylyk gelip, bir goltugymyza girse, şowlulyk hem şonuň bilen geler we beýleki goltugymyza girer».

1546. Muhammet ibn Hüseýiniň aýdany: «Çagalaryň bir dälini idenekledip metjide salandyklaryny gördüm. Däli bir çünkde oturansoň, çagalar dagaşyp gitdiler. Soňra ol ýerinden turup*:

«Işler kynlaşyberse, şatlyga garaş.

Kynçylygyň yz ýany şatlyk gelýändir» diýdi.

1547. Abdylla ibn Mübäregiň sözleri*:

«Sabyr – şatlyk gapysynyň açary,

Her kynçylykdan soň üstünlik gelýär.

Döwür hiç wagt şol durşuna durmaz,

Her işden soň, täze iş ýüze çykýar.

Haýry-şeri ýuwdup oturan gijeler,

Bu wagtlaýyn derdi demine sorar».

1548. Başga biriniň sözleri*: «Perwerdigäriň öňki-soňky nygmatyny sanap bolmaz. Gaýgy-gamlardan saplan we şatlan. Belki, mundan soňra Perwerdigär saňa merhemet gözi bilen bakar».

1549. Abulgaws Buhturynyň sözleri*:

Şatlyk-şagalaňyň tüýs tiz sowluşy ýaly,

Gaýgy-gam hem uzak durmaz başyňda.

Dowamy ýok zatlar zyýan etmeýär,

Gelmejek zat üçin urunma oda,

Ykbalyň her dözümini kabul et,

Hem Hudaý ýazgydyn salawer ýada:

Diňe bu wagtlaýyn şowsuzlyk däl-de,

Dowam etjek bagt hem bardyr dünýede.

1550. Başga biriniň sözleri*:«Bela-beterleriň arasynda, saňa gör näçe bagt dolanyp goýlan. Kösençlik nireden gelýän bolsa, edil şol ýerden hem üstünlik geler».

1551. Abul Atahyýanyň goşgusy*:

«Kösenje duşsaňam, umytdan düşme,

Bir günki şowsuzlyk – ýüz günlük bagtdyr.

Bagt gelýär keçligiň söbügin basyp,

Bu Hudaýyň sözi dogry hem nagtdyr.

Hiç haçan Hudaýa betgüman bolma,

Ýetirer ryzkyňy, aýryp şor düwnün.

Umyt et ýagşyny, belent tut göwnüň,

Egerrysgal akyla bagly bolsa,

Akyllylar baýy bordy, bar döwrüň».

1552. Abdylla ibn Tahyryň sözleri*: «Pelegiň gyýa garan adamy, gören görgilerinden gyýylyp, gözýaş döküp oturan ekeni. Men oňa: «Her bir sabyrlylygyň soňy rahatlykdyr. Hat-da munuň üçin saňa ullakan sogap hem ýazylýar. Her ýagdaýda, her işde sabyrly bol. Sabyr etmäni başarsaň, pelek hem gülüp bakarmyş» diýdim.

1553. Attabynyň sözleri*: «Ähli işiň peýda getirmeýşi ýaly, ähli işsizlik hem zyýan bermeýär. Rysgal uzakda we entek ýolda bolsa, şadyýanlyk bilen garaş. Dargursak bolma, sabyr et. Gaýgyňy Hudaý dep eder. Eýsem, her bir darlygyň aňyrsy giňişlik dälmi näme?».

1554. Hajjaj bir gezek Ibn Hanafyýýa hemle-haýbat atyp, bir hat ýazypdyr. Onuň jogabyny ýazanda Ibn Hanafyýýa: «Allatagala her günde 360 gezek lowha (ýazgyda) seredýär. Adamlary abraýly we har-zelil edýär, agladýar we güldürýär, islänini edýär. Belki ol nazarlarynyň birinde seni özüňe meşgul bolar ýaly işe sataşdyrar, gaýdyp hem sen ol işden baş alyp çykmarsyň» diýipdir.