76-njy bölüm: Durmuş külpetlerine sabyrly bolmak.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 76-njy bölüm: Durmuş külpetlerine sabyrly bolmak.

1555. Pygamberiň aýdany: «Kelläniň göwrede nähili orny bar bolsa, sabyryň imandaky orny hem şeýledir. Baş gitse – göwre gider, sabyr gitse – iman gider».

1556. Pygamberiň aýdany: «Sabyr üç hilidir:

— bela-betere sabyr etmek;

— tagat-ybadata sabyr etmek;

— günä işe sabyr etmek.

Tagat-ybadaty ýerine ýetirene we şoňa sabyr edene üç ýüz esse, bela-betere sabyr edene alty ýüz esse, günä işden saklanana we şoňa sabyr edene dokuz ýüz esse sogap ýazylýar».

1557. Sabyr üç hilidir:

— bela-betere we kynçylyklara sabyr edip, entek olar gelmänkä, ruhuňy oňa mäkäm taýynlamak;

— bela-beter gelenden soň, onuň ajylygyna çydam edip, yhlas edip, özüňi köşeşdirmek;

— her gelen bela-beteri çekinmän, merdana we güler ýüz bilen garşylamak, Hudaýy ýatlap entek gelmediklerine garaşyp gezmek.

Egerynsan üçünji sabyra döz gelýän bolsa, gelen we gelmedik, bolan we bolmadyk zatlar onuň piňine-de däldir».

1558. Hapba ibn Jüweýniniň aýtmagyna görä, ol bir gezek Aly ibn Abu Talybyň ýanyna barypdyr. «Eý, Hapba, sen tukat görünýäň-le?!» diýip, Hezreti Aly sorapdyr. Ol: «Eý, möminleriň emiri, her näçe çytraşsamda, bitmedik işim üçin meňzim soluk» diýipdir. Aly: «Munuň üçin darykma. Näme sen, sabyr hakda aýdan sözlerimi eşitmediňmi? «Gijeler ýatyrmaýan aladalara sabyr et. Olaryň seni gurşap alandygy üçin tukatlanma we oda düşme. Özüňde bar bolan başarnyk hem ejizlik bilen sussypesligiň arasynda köýüp gidýändir. Ömrümden alan manym: Her sabryň soňy süýjülikdir. Yhlas edýän işinde sabryň tagamyny duýan adam, üstünlikden binesip galmaz*» diýipdir.

1559. Abul Atahyýanyň sözleri*: «Sabyrlylyga öwrenişip, endik edip gidipdirin. Ol bolsa meni elmydama gözel netijelere eltýär. Mundan öň her zady gaýgy edip, gursagymy daraldyp ýöripdirin. Indi men adamlardan umyt etmäni kesdim we biziň pikir etmeýän ýerimizden şatlyk eçilýän Hudaýyň merhemetiniň örän tiz gelýändigini anyk duýdum».

1560. Hawta Esediniň sözleri*: «Abraý üçin az ylgamadym. Käbir kişiler bolsa bu ýolda, bir ýadap, tapdan düşensoňlar, oňa ýetmän, ýük ýazdyrdylar. Käbiri bolsa, mydary gitse-de, umytdan düşmedi we yhlasyny gowşatmady. Ynamyna wepa berenler we sabyr edenler belent mertebä ýetdi. Ýogsamam, sen, abraýy aňsat ýuwdulýan igdedir öýtme. Oňa gowuşýançaň sabryň ajylygyny kän ýuwdarsyň».

1561. Başga biriniň sözleri*: «Eý, pelek, sen beýtmek bilen özüňi aldadyň. Her näçe sütem etseň-de, oňa ýeterlik sabrym bar. Tä, ähli zadyň erki elinde bolan Perwerdigär buýurýança, seniň bilen çekeleşip ýörmezligi özüme kasam etdim».

1562. Ubaýdulla ibn Zyýadyň ýanyna haryjylardan birini tutup getiripdirler. Ubaýdylla ony ölüme höküm edipdir. Haryjy oňa: «Eger jezany ertire goýdyrybilseň, goýaweri» diýipdir. Ubaýdulla oňa: «Ondan näme peýda bar, gündiziň ýagtylygnyň ýa-da gijäniň tümlüginiň oňa näme dahyly bar?» diýip sorapdyr. Soňra onuň jezasyny ertire goýupdyr. Ubaýdulla yzyna öwrülip gaýtjak bolanda, ol: «Belki, ertir Hudaý şatlyk getirer. Ol her gün öz bendelerine zerur zady ýetirip dur*» diýipdir. Ubaýdulla muny eşidip, gaýtadan aýtmagyny sorapdyr. Ol muny ýaňadan gaýtalap berenden soňra, ony boşadypdyr.

1563. Muhammet ibn Abu Uýaýnanyň sözleri*: «Bir işi kyndyr öýtseň, kynlaşar gider. Kyn işi aňsatdyr öýtseň, agyrlygy duýulmaz. Agyr bolsa-da alada etme. Wagty bolanda, agyr işler hem mum ýaly ýumşap galýandyr».

1564. Başga biriniň goşgusy*:

«Sabyr et ykbalyň öwrümlerine,

Her kimsäň ykbaly şunuň ýalydyr:

Käteler şatlanar, açylar gül deý,

Käte gandan ýetik, gussa halydyr.

Ne munda bagt dowam eder zamana,

Ne ornaşyp galar keçligi döwrüň.

Gelen bolsa, geçer gider ähli zat.

Sabyr et, umyt et, belent tut göwnüň».

1565. Lukmanyň ogluna beren öwüdi: «Eý, oglum, altyny ot bilen, ýigidi bela bilen synap görerler. Bela inende niçik sabyr edýändigiňe üns ber».

1566. Hasanyň aýdany: «Sag-salamatlykda adamlar birek-birege golaýlaşýarlar, kynçylyga duşulsa çar tarapa dagaýarlar».

1567. Zyýat bin Abu Hassanyň aýdany: «Omar ibn Abdylezizi ogly Abdylmäligi jaýlanlarynda gördüm. Ony gabrynda goýdular. Kellesiniň aşagynda bir zeýtun agajyny, aýagynyň aşagyna hem ýene bir zeýtun şahasyny goýdular. Soňra onuň üstüne gum sürüp, deňleýänçäler durdy. Adamlar onuň daş-töweregini gurşap alypdylar. Haçanda, bolanlaryndan soňra, ol gabra golaý gelip: «Eý, oglum, Alla saňa merhemet etsin. Ataň diýenine gulak asardyň, ýakynlaryňa mähirlidiň. Hudaý seni maňa bagyşlany bäri örän şadyýandym. Hudaýyň seni getiren we seniň üçin saýlan şu mekanyna getirip goýalym bäri, saňa bolan şatlygym hasda kämil boldy. Hudaýyň hökümine razydyryn, emrine kaýyldyryn. Hudaý seniň günäňi ötüp, seni bagyşlasyn, gül ýüzüňe merhemet etsin, ýalňyzlygyňda ýürekdeş ýoldaşyň bolsun. Älemleriň eýesi Hudaýa şükür, pygamberleriň soňkusy Muhammede iň ýagşy dileg-dogalar bolsun!» diýdi. Soňra yzyna dolandy. Emma gözünden ýekeje gözýaş çykmady».

1568. Muhammet ibn Beşiriň sözleri*: «Maksada gowşardan uzakda bolsaňam, umytdan düşme. Sabyrdan ýardam islän adam, şatlyga ýeter. Arzuwlaryňa ýetmek üçin sabyr donuna büren we kesekileriň däl-de, sabryň gapysyny kakyber. Ýollar her näçe daralsa-da, her näçe baglansa-da, sabyr umydyňa yş açar».

1569. Başga biriniň sözleri*: «Eger gün görmek bu ýerde kyn düşse, tiz ugraýan kerwene aslyş we ýola düş. Zaman külpetlerine çydam et. Ahyry maksadyňa ýetersiň. Jylawyňy goýbermek hem, bela-beteri dep etmegiň bir usulydyr».

1570. Abu Temmam Taýynyň sözleri*: «Her bir heläkçilige gözel sabyrlylyk bilen teselli tap. Çünki, ähli zadyň tesellisi sabyr etmekdedir. Eger sen kaýyllyk we köşeşmek bilen sabyr-çydam edip bilmeýän bolsaň, onda seniň teselli tapyşyň hem, edil haýwanlaryňky ýaly bolar».

1571. Salyh ibn Abdylkudusyň sözleri*: «Durmuş külpetlerine sabyr edip gezmelidir. Bularyň ählisi ynsanyň çydamlylygyny synap görmek üçin iberilýär. Bir gün zyndanda ýesirler bilen oturarsyň. Bir gün köşkde dury meýler süzersiň. Ynsan ykbaly edil şunuň ýalydyr. Dirikä, şol bir zat dowam edip durmaýar*.

«Ykbalyň öwrümlerine hem-de bela-beterlere,

Sabyr ederin ýürekden, ýan bermerin, zaryn bakyp.

Bu her kimi bilmek üçin, bize edilýän synagdyr,

Agzymyza ýetýär olar, ýazgyt çeşmesinden akyp.

Käteler ýesirler bilen zyndan içre oturaryn,

Käteler köşkde gezerin, hanlar bilen meýlis gurap.

Käteler gaýga bataryn, alada edip dünýäni,

Käteler gülüp gezerin, eşret ýaýlasynda ýöräp.

Her diri adamyň ömri, ine şunuň ýaly bolar».

1572. Başga biriniň sözleri*: «Eger men öz meýlim bilen sabra boýun bolmasam, ol mejburylyk bilen boýun edýär».

1573. Möminleriň emiri Omar ibn Hattabyň aýdany: «Bela-beterlere sabyr edeniňden, sag günüňe şükür edeniň gowy».

1574. Käbir şahyrlaryň sözleri*: «Soňy haýyr bilen gutarýan iň gözel iş – sabyr bilen biten işdir».

1575. Amyr ibn Abdy Kaýsyň aýdany*: «Maňa her ýetiren belasy üçin, Hudaýy ýürekden söýdüm. Ol meni ähli emri-kazasy bilen razy etdi. Oňa bolan söýgim sebäpli, nä günleri görjegim meni alada goýmaýar».

1576. Käbir hekimlerden «Çuňňur ylym» hakda soralanda, olar: «Bela-beterlere sabyr etmek, nygmat-peşgeşlere şükür etmek» diýip, jogap beripdirler.

1577. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň aýdany: «Özüňden uly ýa-da kiçidigine garamazdan, seni sylana hormat et. Sabyr gaýraty bilen gaýgy-aladalaryňy özüňden dep et».

1578. Abu Ubaýdanyň temimli käbir adamlara aýdan sözleri*: «Hudaýyň meni ýaşadyp ýörenligi, heläk etmändigi hem uly zat (ýeterlik zat). Arşyň-kürsüň sahyby menden razy bolsa, ýüregiň rahatlygy şol ýerdedir».

1579. Ybraýym ibn Mätiniň oglunyň wepatyna gyýylyp, özüni köşeşdirip ýazan agy sözleri*: «Menden öň äkidilseň-de, senden soňa galsam-da, saňa ýakyndygymy bilýärin. Gijäniň soňundan sähere ýetişimiz ýaly, bu hem söýgülisine ýetmek isleýän ýürek üçin bir gijedir».

1580. Ýakyn garyndaşyny jaýlan Abul Atahyýanyň sözleri*: «Eý, Abulfazl, çäresi-hilesi ýok bu işe, sabyr etmek juda kyn. Ýöne, ýas sabyrly bolmaga mejbur edýär. Suwsuz çöldäki teşnäniň sabyrdan başga çykalgasynyň bolmaýşy ýaly, men hem sabyr bilen özüme teselli bererin».

1581. Başga biriniň sözleri*: «Öňler, alysda dökülen gany eşitsem gyýylar oturardym. Bu wagt, munuň ölümine sabyr edip oturyşyma geň galýaryn. Hat-da bu ýerde hiç hili täsinlik ýok hem bolsa, bu durmuşy täsin saýýarlar».