77-nji bölüm: Haýynlyk we dönüklik.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 77-nji bölüm: Haýynlyk we dönüklik.

1582. Pygamberiň aýdany: «Kyýamat güni her bir dönügi tanar ýaly, olaryň alamaty bardyr».

1583. Halyt ibn Safwanyň aýdany: «Hyýanatdan soň ötünç ýokdur».

1584. Ahnafyň aýdany: «Kim hyýanat etse, bagyşlanmaga laýyk däldir».

1585. Ýene şonuň sözleri: «Haýyn adam – dini ýumurýan nägehandyr».

1586. Imrulkaýs ibn Hujryň sözleri*: «Eger «Men şu dostumdan razy. Ol meniň göwnüme ýaraýar» diýdigim, ony derrew çalşyrjaklygym. Sebäbi, şu çaka çenli dost tutunan adamlarymyň arasynda hyýanat etmedigi we üýtgemedigi ýok».

1587. Hüseýin Ibn Zahhagyň sözleri*: «Seniň synalaryňda hyýanat alamaty ýaşyryn däl hem bolsa, entegem sen hakdaky ýaramaz myş-myşlary ýalan saýyp ýörün. Ýamanlyk pälinden gözleriňi açanyňdan soň, bu myş-myşlaryň yzy tükener. Size nebsim agyryp, hal-ýagdaýlaryňyzy barlap göremde, «Agraf» süresiniň ortalaryndaky aýat[1] ýadyma düşdi. Haramzadalaryň we töhmetçileriň ýaýlasynda gezýänlere Allanyň näleti bolsun».

1588. Abu Kamkam Esediniň sözleri*: «Maňa häzirlän netiýaman pälleriň paş bolanda, ajaly ýeten keýigiň, torda urnuşy ýaly, janhowluna goranyp başladym. Bolmasa, maňa senden başga «dost» diýen hem ýokdy».

1589. Başga biriniň sözleri*: «Bu döwürdäki hemralaryň ählisi içleri hile-pirimli hyýanat dostlarydyr. Olar öz tenlerini wepalylyk dony bilen örtüp, ikiýüzlilik laýyna ýugrulan kalplaryny gizlejek bolýarlar. Olar diňe özlerini iýdirip-içiren, meý-mest eden adamlary ýoldaş tutunýarlar».

1590. Hubz Ruzziniň sözleri*: «Seniň eden işleriň meniň kalbymy serhoşlukdan aýňaldyrdy. Mende diňe meýiň humaryndan ýönekeýje ýatlamalar galdy. Hendeklere ýapyrlyp, dönüklik tuguny dikeldeniňde, teselli leşgeri maňa ýardama geldi. Höwesine gul adamdan wepa görmeýşiň ýaly, hyýanata ýesir kişiden hem tesellä garaşma. Hyýanata kaýyl bolanyňdan, sabyr has datlydyr, ýogsam, dünýäde sabyrdan ajy zat ýok. Ölsemem, mertlik bilen ölerin. Iliň ynamyna hyýanat edip, haramzada bolup ölmerin. Hökümdarlaryň ýanynda hem «Öldürleniň ýesirlikden ýegdir». Men özümi söýene hyýanat edip, öýde busup bilmerin ahyry. Hudaý ýüregimi sogrup alsa-da, kasam edýärin, meni hernäçe gusul edip ýuwsalar-da, hyýanatdan soňra päklenip bolmaýar. Her bir ýazykdyr-günäni soňundan bagyşlap, geçirip bolýar. Ýöne, hyýanata geçirimlilik ýokdur. Men seni toba gelip, ýürekdeşlige daýanansyň öýtdüm. Emma, süňňüňe siňen haram meýiller seni zaýalap taşlapdyr. Ýygit haýal hem bolsa, sabyr bilen maksadynya ýetsin, ýöne hiç haçan hyýanata ýüz urmasyn».

1591. Abu Dulamanyň Abu Muslime ýazan ýaňsylama sözleri*: «Eý, tüpbozar adam, tä Taňry bendesi öz pälini üýtgedýänçä, Alla oňa berýän nygmatyny üýtgedýän däldir. Sen Mätiniň döwletindekäň hem hyýanata ýäz urupdyň. Eýsem-de seniň kürt ata-babalaryň hyýanatyň öýjügi dälmi näme?».

1592. Muberridiň sözleri: «Abu Ata Sindiniň öýüne bir myhman düşläpdir. Abu Ata ony iýdirip-içiripdir. Myhman demini-dynjyny dürsäpdir. Bir haýukdan soňra Abu Ata assyrynlyk bilen myhmanyna göz aýlasa, myhman Abu Atanyň aýalyna göz ümläp, gaş kakyp otyrmyşyn. Şonda Abu Ata*: «Işdäň alandan iý, ganýançaň iç. Garnyňy ýazanyňdan soň, başyňy aşak sal-da, ötägit, eý bihepbe! Dosty ýanyndan turanda, onuň aýalyna göz gyrpýan ýoldaşy asla halamaýaryn» diýipdir.

1593. Halyt ibn Abdyllanyň sözleri*: «Eger sen amanat zady haýynlara tabşyran bolsaň, onda sen ony iň bozuk adamlara ynanypsyň».

1594. Şebip ibn Barsanyň sözleri*: «Sen şeýle bir ýigit, ýa-ha biz geleň etmän ynandyk we sen hyýanat etdiň, ýa-da bilmeýän zadyňy aýdyp, ýalan sözlediň. Indi bu wagt sen hakda ikirjiňlenip otyrys. Sen hyýanat bilen günä işiň haýsy hem bolsa birin-ä etdiň».

1595. Muny maňa Aly ibn Zekgar gürrüň berdi. Oňa Abulapbas Temimi, oňa Abu Abdylla Ybraýym ibn Muhammet ibn Arafa, oňa Muhammet ibn Abdylmälik, oňa Ýezit ibn Harun, oňa bolsa Misgar, oňa hem Zyýat ibn Alakat gürrüň beripdir. Ol bolsa muny Jerir ibn Abdylla Bejeliden eşidipdir: «Kasam-ýat edişmek üçin Pygamberiň ýanyna baranymyzda, ol: «Her bir musulmana ýagşy maslahat bermegimi» şert edip goýdy. Men saňa hem şony maslahat berýärin» diýipdir.



[1]«Agraf» süresiniň 102-nji aýaty