78-nji bölüm: Nadanlyk we akmaklyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 78-nji bölüm: Nadanlyk we akmaklyk.

1596. Pygamberiň aýdany: «Nadanlykdan erbet garyplyk ýokdur».

1597. Aly ibn Abu Talybyň aýdany: «Suwuň üstünde ot ýakyp bolmaýşy ýaly, nadana hem akyl (edep) öwredip bolmaz».

1598. Utbynyň aýdany: «Doly diňlemezinden öňürti jogap bermek – nadanyň alamatydyr».

1599. Bir adam Halyt ibn Safwana bakyp: «Näme üçindir her gezek goşgy aýdyşyp, rowaýat gürrüň berýärsiňiz welin, irkilip başlaberýän?» diýipdir. Halyt oňa: «Sebäbi sen söz ýokmaýan adam derisine giren eşek» diýipdir.

1600. Halyl ibn Ahmediň sözleri*: «Eger meniň näme diýýändigimi bilseň, meni bagyşlardyň. Ýa-da näme diýýändigiňi bilýän bolsaň, seni günüňe goýardyk. Ýöne, meniň sözümi aňlaman, meni terk etdiň. Men hem nadandygyňy bilip, seni bagyşladym».

1601. Ahmet ibn Ýusup Kätibiň sözleri*: «Biziň bir edepsiz söhbetdeşimiz bar. Ýanyndakylar onuň akmaklygyndan ýaňa gaty bizar. Göýä ol ýaramaz edebi üçin, ýaramaz edep dükanyna tabşyrylan haryt ýaly bolup dur».

1602. Salyh ibn Abdylkuddusyň sözleri*: «Nadanlara öwüt berseň, aňlamasalar, bu sözüňi taşlap giderler. Her kimiň akylyna görä, kabul edip bilşine görä öwüt ber. Nadana onuň ýaly nesihat berme».

1603. Ýene şeýle diýdi*:

«Gör näçe häsiýet, näçe gylyk bar,

Ýarysy ýaramaz, ýarysy ýagşy.

Nadana gep düşündirmek agyr zat,

Gurar agzyň, dökülip sözüň nagşy.

Şonda-da, ol nadanlygy sebäply,

Bolsa-da akyly-huşy çäkli.

Özüni bizden akylly saýýar».

1604. Ahmet ibn Ýusup Kätibiň sözleri*:

«Eger «akylym kämil» diýip,

Batýan bolsaň pikir-oýa,

How enäniň senden soňky,

Ogullaryn saýsaň zaýa.

«Nadan» diýseň adamlara,

Bir özüňi gezseň öwüp.

«Ylmyň ýerleşýän mesgeni,

Bir meniň ýüregim» diýseň,

Zat bilmeýän nadan iller,

Alymdygyňy bilermi eýsem?!».

1605. Abul Atahyýanyň goşgusy*:

«Akmakdan gaça dur, bolma hiç ýoldaş,

Akmak edil ýyrtylan geýim ýaly

Her gezek gapdalyna ýama salsaň,

Ýene ony açar öwsen şemaly.

Ýa-da olar aýna gyýçagy ýaly

Öňüni-yzyny sepläp bolmaz hiç.

Nogsany ýetmänkä, ondan gaça dur,

Uzak ýoldaş bolsaň ahmyr gelmezmi».

1606. Başga biriniň sözleri*: «Sen gumry guşlardan hem ýalançy. Bolmajak zady kabul etmäge açgöz. Eger sen akmakdan bähbit araýan bolsaň, onda sen içýandan bähbit isleýän adamsyň. Haýsy bolanda hem tapawudy ýok, hak aýdylan hadys bar: «Synalan zady gaýtadan synap görýän adam melgundyr».

1607. Abdylmälik ibn Merwan mydama şeýle diýer ekeni: «Bäri gelýän akmakdan — ýüz öwrüp barýan akyllyny eý görýärin».

1608. Ahnafyň aýdany: «Akmaga ýoldaş bolmakdan saklan, ol saňa peýda etjek bolup, zyýan berer».

1609. Hindi danasynyň aýdany: «Adamyň öz doganlaryna wepa bermän, kömek soramasy, göz üçin iş etmesi, aýal-gyzlary aşa köp söýmesi we özgeleriň zyýanyndan özüne bähbit aramasy – akmaklykdyr».

1610. Käbir şahyrlaryň sözleri*: «Seniň däliligiň ýeldirgäpdir. Ýöne, däliligiň däliremesini dep edýän tebibi tapmadyk».

1611. Kutamynyň Kagp ibn Naşyp hakdaky sözleri*: «Kagp ibn Naşyp nädip döwri özüne getirsin? Täze aý dogdugy onuň şeýtanlary burlup ýatyberýär».

1612. Abu Maýýasyň sözleri*: «Men-ä seni ýörite iberilen adamsyň öýdýärdim. Ýöne, hany daňar ýaly ýüpdir zynjyryň nirede? Ýa siziň ýerleriňizde demir gymmatlap, diliň bilen daňmaga gaýdyberdiňmi?».

1613. Buzurgmehriň aýdany: «Nadan adam eli ýetse — ýamanlyk eder, özünden kiçä — duşmançylyk eder, özünden uludan — aslyşar. Sözüne görä iş etmez. Sözlär — günäli bolar. Dymar — ýene ýalňyşar. Bolgusyz işe howlugar, yhlas eder. Ýagşy iş görse, gaçar — yzyna gider».

1614. Erdeşiriň aýdany: «Akmaklyk – dermany bolmadyk dert».

1615. Anuşirwanyň aýdany: «Akmagyň nadanlygy bolmasa, akyllynyň hormaty bilinmezdi».

1616. Abdylla ibn Hasan ogluna öwüt berende: «Akylly duşmanyň mekirliginden heder edişiň ýaly, saňa akyl berýänem bolsa, nadan bilen geňeş etmekden häzir bol» diýipdir.

1617. Lukman Hekimiň aýdany: «Nadany iki häsiýet bilen tanap bolar: Oýlanmazdan, jogap berer we töweregine ýaltaklar durar».

1618. Meýmunyň aýdany: «Eger akmak seni tanaman geçse, oňa mylaýymlyk we mähir gylyjyny sal».

1619. Her kişiniň akyly onuň dosty, nadanlygy bolsa – duşmanydyr.

1620. Akmagyň ýanynda dost bilen duşman des-deňdir. Ýazgydyna kaýyl bolmaýanyň, akmaklygyna derman ýokdur.

1621. Akmak – dost bilen duşmany bir gözde görer.