Dördünji bap. “Bäş zat barada…”

Başy » Kyýamat Gününine TAÝÝARLYK » Dördünji bap. “Bäş zat barada…”

104. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Kimde-kim bäş zatda äsgermezçilik etse, başga bäş zatda zyýana galar: 1) kim alymlara äsgermezçilik etse, ol dininde zyýana galar; 2) kim häkimlere äsgermezçilik etse, ol bu dünýede zyýana galar; 3) kim goňşylaryna äsgermezçilik etse, ol haýyrda zyýana galar; 4) kim güýç eýelerine äsgermezçilik etse, ol dostlukda zyýana galar; 5) kim maşgalasyna äsgermezçilik etse, ol gowy ýaşaýyşdan zyýana galar».

105. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Şeýle bir wagt geler, meniň ummatym bäş zady söýer we bäş zady bolsa ýatdan çykarar: 1) olar bu dünýäni söýüp, onuň soňuny ýatdan çykararlar; 2) olar jaýlary söýüp, gabyrlary ýatdan çykrarlar; 3) olar baýlygy söýüp, hasap beriljekdigini ýatdan çykararlar; 4) olar çagalary söýüp, hakykaty ýatdan çykararlar; 5) olar özlerini söýüp, Allahy ýatdan çykararlar. Olar menden päk, men hem olardan».

106. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Beýik Allah bäş zat üçin bäş zady taýynlapdyr: 1) şükranalyk üçin – haýyrlaryň artmaklygyny taýýarlapdyr; 2) doga edýänler üçin – jogap taýýarlapdyr; 3) istigfar üçin -  günä geçiş taýynlapdyr; 4) toba üçin – onuň kabul edilmegini taýynlapdyr; 5) sadaka üçin – minnetdarlygy taýýarlapdyr».

107. Abu Bekr as-Syddykdan (r.a.) habar berilýär: «Bäş sany tümlük bar we olaryň içinde bäş sany çyra bar: 1) bu dünýä bolan söýgi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – takwalykdyr; 2) günä – tümlükdir, çyrasy – tobadyr; 3) gabyr – tümlükdir, onuň çyrasy imandyr; 4) ahyriýet – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – haýyrly amallardyr; 5) Syrat köprüsi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – akydadyr (ýakyn)».

108. 'Omar (r.a.) aýdypdyr: «Ýegerde gaýyba dawa edýär diýmeselerdi,  men bäş hili ynsanyň jennetidigine şaýatlyk ederdim: 1) garyp adamyň öz maşgalasyny ekläp saklamagy; 2) adamsy razy bolan aýal; 3) öz mährinden ärine sadaka berýän zenan; 4) ene-atalary razy bolan ynsan; 5) günä edenden soň toba edýänler».

109.  'Osman (r.a.) aýdypdyr: «Bäş hili zat  takwalagyň alamatyndandyr: 1) dinini berkidip, jyns agzalaryny we dilini günäden goraýan ynsanlaryň arasynda gezmegi; 2) özi bilen bu dünýede beýik bir iş ýüze çyksa, ony özi üçin betbagtlyk bilýän bolsa; 3) dininde özi bilen kiçiräk bir zat amala aşsa-da, ony peýdalanýan bolsa; 4) ol halal zady-da iýmeýär, egerde onuň haram bilen baglanşygy barlygyna şübhe bar bolsa; 5) hemmeler ony dowzahdan halas bolan diýip pikir edýärler, ol bolsa özüni heläk bolan hasapalaýar».

110. 'Ali (r.a.) aýdypdyr: «Şu bäş sany häsiýet bolmadyk bolanda ähli ynsanlar takwa (öwlat) bolardylar: 1) jahylyýet bilen razylyk; 2) şu dünýä bolan güýçli isleg; 3) baýlykda gysgançlyk; 4) amallarda yrýa (il görsünlik); 5) öz düşünjesinden hoş bolmak».

111. Ulamalaryň jemagatyndan habar berilýär, Beýik Allah Muhammet (s.a.w.) pygamberi bäş keramat bilen beýgeldipdir: 1) ady bilen; 2) bedeni bilen; 3) sowady bilen; 4) ýalňyşy bilen; 5) razylyk bilen.

1. Beýik Allah pygamberimize, beýleki pygamberler bilen boluşy ýaly, adyny tutman, eýsem: «Eý pygamberim» diýip ýüzlenipdir. 2. Dine dahyllykda bolsa, pygamberimiz (s.a.w.) bir zat soranda, Beýik Allah pygamberimiziň (s.a.w.) adyndan jogap beripdir, bu beýleki pygamberlere edilmändi. 3. Sowgada degişlilikde bolsa, Beýik Allah «Allah seni bagyşlady» diýip, ol günä etmänkä bagyşlady. 4. Razylyk barada aýdylanda bolsa, Beýik Allah beýleki pygamberlere gaýtaryşy ýaly, onuň gurbanlygyny, sadakasyny, paýyny gaýtarmady.

112. 'Abdulla bin Amr bin al-As[18] (ikisindenem Allah razy bolsun) aýdypdyr: «Kimde-kim şu bäş zada ýapyşsa, şu dünýede-de, ahyriýetde-de bagtly bolar: 1) Kim «Lä ilähe illälahu, Muhammedresullah» kelemesini köp gaýtalap gezse (Allahdan başga hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir); 2) kim kynçylyga düşende: «Hakykatdan-da, biz Allahdan geldik we Allaha gaýdyp bararys. Diňe Gudraty güýçli Beýik Allah güýç-kuwwat eýesidir» diýip gezse; 3) kime nygmat berilen bolsa, ol hem: «Älemleriň Rebbine hamdlar bolsun» diýip berlen nygamatyň şükürini ýetirse; 4) kim her bir işe başlanynda «Bismillähir-rohmanir-rohim» diýse; 5) kim günä edip, «Men Beýik Allahdan bagyşlanmagymy diläp, toba edýärin» - diýýän bolsa».

113. Pygamberimiz Muhammed (s.a.w.) aýdypdyr: «Bäş zady başga bäş zat gelmänkä peýdalan: 1) Garrylyk gelmänkä ýaşlygy; 2) hassalyk gelmänkä saglygy; 3) garyplyk gelmänkä baýlygy; 4) ölüm gelmänkä ýaşaýyşy; 5) işlilik gelmänkä boş wagty».

114. Ýahýa bin Mu'az ar-Razi rahmetullah aýdypdyr: «Kim gerk-gäbe doýup iýse, onuň eti köpeler. Kimiň eti köpelse onuň nebis isleg-hyjuwlary-da artar. Kimiň nebis isleg-hyjuwlary artsa, onuň günäleri-de artar. Kimiň günäleri artsa, onuň kalby daşa döner. Kimiň kalby daşa dönse, ol bu dünýäniň bela-beterlerinde we ajaýyplyklarynda gark bolar».

115. Sufýan as-Sauri rahmetullah aýdypdyr: «Garyp adamlar bäş zady, baý adamlar-da bäş zady saýlapdyr. Garyplar saýlapdyr: 1) ruhyň dynçlygyny; 2) kalbyň azatlygyny; 3) Allaha ybadaty; 4) hasabyň ýeňilligini; 5) beýik derejäni. Baýlar saýladylar: 1) ruhy muşakgatlygy; 2) kalbyň işini; 3) bu dünýä ybadaty; 4) hasabyň agyrlygyny; 5) pes derejäni».

116. 'Abdylla al-Antaki rahmetullah aýdypdyr: «Bäş zat kalb üçin dermandyr: 1) takwalar bilen bile bolmak; 2) Kuran okamak; 3) boş aşgazan; 4) gije turup namaz okamak; 5) säherdäki doga».

117. Ulamalaryň jemagynda aýdylypdyr: «pikir – bäş görnüşde bolýar: 1) Allahyň gudratlary baradaky pikir, imany we towhydy (Allahy birlemegi) oýarýar; 2) Allahyň nygmatlary baradaky pikir – söýgini oýarýar; 3) Allahyň beren wadalary baradaky pikir, haýyrly amallary etmeklik islegini oýarýar; 4) Allahyň gazaby baradaky pikir, Allaha bolan gorkyny oýarýar; 5) Ybadatlarda säwlik bilen edilen hatalar, şeýle-de bolsa Allahyň oňa geçirimlidigi hakyndaky pikir, sadalygy we utanç-haýany oýarýar».

118. Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Takwalygyň öňünde bäş sany päsgelçilik bar, kim olary geçip bilse takwalyga ýetdigidir: 1) kynçylygy ýeňillikden ileri tutmak; 2) zähmeti dynçlykdan ileri tutmak; 3) kiçelmäni beýgelmekden ileri tutmak; 4) dymmaklygy dilewarlykdan ileri tutmak; 5) ölümi ýaşaýyşdan ileri tutmak».

119. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Gizlinlikde okalan namaz kalby berkidýär. Sadaka mal-mülki berkitýär. Yhlas amallary berkitýär. Dogruçyllyk sözleri berkitýär. Maslahat pikirleri berkitýär».

120. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Hakykatdan-da, baýlyk ýygnamakda bäş sany zat bar: 1) baýlyk ýygnalanda rahatsyzlyk; 2) Beýik Allaha ybadat etmekden daşlaşdyrýan, baýlygy köpeltmek üçin gaýrat etmek; 3) talaňçydan we ogrudan gorky; 4) açgöz we husyt adam diýen ada eýe bolmak mümkinçiligi; 5) baýlyk üçin takwa ynsanlardan daşlaşmak. Baýlykdan ýüz öwürmekde-de bäş zat bar: 1) ony gözlemekden ruhuň dynçlygy; 2) Allahy zikr etmek üçin boş wagtyň emele gelmegi; 3) talaňçylardan we ogrulardan howpsuzlyk; 4) asylzada adyna eýe bolmak; 5) baýlykdan ýüz öwürmek bilen takwalar bilen dostlaşmak».

121. Sufýan as-Sauri rahmetullah aýdypdyr: «Şu wagt, bäş sany häsiýete eýe bolan adam baýlyk toplar: 1) uly arzuwlara eýe bolan; 2) uly islegleri bolan; 3) örän husyt bolan; 4) takwalygy az bolan; 5) ahyriýeti ýatdan çykaran».

122. Hatim al-Asama rahmetullah aýdypdyr: «Howlukmaçlyk – şeýtandandyr, emma pygamberiň (s.a.w.) sünnetinden alnan şu bäş zatda howlukmalydyr: 1) gelen myhmany naharlamakda; 2) ölen adamy jaýlamakda; 3) kämillik ýaşyna ýeten gyzyňy äre bermekde; 4) karzlaryňy gaýtarmakda; 5) günä iş edeniňden soň toba etmeklikde».

123. Muhammet at-Duri rahmetullah aýdypdyr: «Iblis bäş zat üçin bagtygara bolupdyr: 1) özüniň günäsini boýun almadygy üçin; 2) öz günäsi üçin ökünç-puşeýman etmedigi üçin; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgarmadygy üçin; 4) toba etmeklik islemedigi üçin; 5) Allahyň rahmetine umydyny ýitirendigi üçin. Adam (a.s.) bäş zat üçin bagtly bolupdyr: 1) öz eden günäsini boýun aldy; 2) günä edeni üçin ökünip puşeýman etdi; 3) eden günäsi üçin özüni ýazgardy; 4) toba etmeklige howlukdy; 5) Allahyň rahmetinden umydyny ýitirmedi».

124. Şakyk al-Balhy[19] rahmetullah aýdypdyr: «Bäş sany zada ýapyşyň we olary amal ediň: 1) Allaha ybadat ediň Oňa mätäçligiňize görä; 2) özüňize näçerek ýaşamak galan bolsa, bu dünýeden şonçarak-da alyň; 3) näçeräk Allahyň jezasyny çekip bilerin diýseňiz, şonçarak-da günäler ediň; 4) gabyrda näçe wagt ýatjakdygyňyza görä, bu dünýede özüňize şonçarak-da harajat ediniň; 5) haýyrly amallary şonçarak ediň, jennetde özüňize näçeräk ýer isleýşiňiz ýaly».

125. 'Omar (r.a.) aýtdy: «Men kän dost gördüm, emma diliňi saklamak ýaly gymmatly dost görmedim. Men kän geýim gördüm, emma takwalyk ýaly gymmat geýim görmedim. Men köp baýlyk gördüm, emma kanagatlylyk ýaly gymmat baýlyk görmedim. Men kän haýyrlar gördüm, emma öwüt-nesihat ýaly gymmat haýyr görmedim. Men kän tagam (iýmit) gördüm, emma sabyrlylyk ýaly lezzetli tagam görmedim».

126. Akyldarlardan biri aýdypdyr: «Zuhd (tagatly kanagatlylyk) bäş zatdan ybaratdyr: 1) Allaha bolan hak iman; 2) ýaradylanlardan ýekelikde bolmak; 3) amallarda yhlas; 4) gelen şerlere sabyr ýetmek; 5) bar bolan zadyňa kanagat».

127. Yhlasly ybadat edýänçileriň biri özüniň hamdu-dogalarynyň birinde aýdypdyr: «Eý Allahym, uly umyt-tamalar meni aldady. Bu dünýä bolan söýgüm meni heläk etdi. Şeýtan bolsa azaşmaklyga iterdi. Şeriň baştutany bolan nebsim, Hakdan meni daşlaşdyrdy. Ýaramaz dostum Saňa garşy bolmakda maňa ýardam etdi. Halas etmekligi soraýanlaryň Halasgäri, meni-de halas et! Egerde Sen maňa rahmet etmeseň, kim maňa rahmet etsin?!».

128. Pygamberimiz Muhammed (s.a.w.) aýdypdyr: «Şeýle bir wagt geler, meniň ummatym bäş zady söýer we bäş zady-da ýatdan çykarar: 1) bu dünýäni söýüp, ahyriýeti unudar; 2) bu ýaşaýyşy söýüp, ölümi unudar; 3) köşkleri söýüp, gabyry unudar; 4) baýlygy söýüp, hasap berjekdigini unudar; 5) ýardylanlary söýüp, Ýaradany bolsa unudar.»

129. Ýahýa bin Mu'az ar-Razit rahmetullah hamdu-dogalarynda aýdypdyr: «Eý Allahym, gijäniň hiç gözelligi ýokdur, egerde ol Saňa hamdu-senalar aýdylman geçirilen bolsa. Gündiziň hiç bir ajaýyplygy ýokdur, egerde ol Saňa ybadat edilmän geçirilen bolsa. Bu dünýäniň hiç bir hezili ýokdur, egerde onda Sen zikr edilmeseň. Ahyriýetiň hiç ajaýyplygy ýokdur, egerde Seniň onda magfyriýetiň bolmasa. Jennetiň görki ýokdur, egerde onda Seni görmesek».


[18] 'Abdylla bin Amr al-As – Pygamberimiziň (s.a.w.) görnükli sahabasynyň ogly. Ol örän takwa we dindar alym bolupdyr. Resulallanyň (s.a.w.) köp hadyslaryny ýygnapdyr. Abu Hureýra (r.a.) ol hakda şeýle aýdypdyr: «Abdylla bin Amryňky (r.a.) ýaly hiç kimde Resulallanyň (s.a.w.)  ýygnalan köp hadysy ýokdur».

[19] Şakyk al-Balhy – Horasanyň görnükli dindarlarynyň biridir. Din üçin meşhur göreşijidir. Kulan söweşinde, Hijriýetiň 194-nji ýylynda şehit bolýar.