Bäşinji bap. “Alty zat barda…”

Başy » Kyýamat Gününine TAÝÝARLYK » Bäşinji bap. “Alty zat barda…”

Bäşinji bap. “Alty zat barda…”

130. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Alty zat alty ýerde kesekidir: 1) içinde namaz okalmaýan metjit, şol ýeriň halky üçin kesekidir; 2) Öýde Kuran bar bolup, okalmaýan bolsa, ol öýüň adamlary üçin kesekidir; 3) bozuk adamyň içindäky Kuran, oňa kesekidir; 4) takwa musulman aýal, zalym, ahlaksyz äriň elinde kesekidir; 5) takwa musulman är,  ýaramaz, ahlaksyz aýalyň elinde kesekidir; 6) halk alymy diňlemeýän bolsa, ol alym halkyň içinde kesekidir. Soňra Resulalla (s.a.w.) aýtdy: Hakykatdanda, Kyýamat güni olar ýaly ynsanlara Beýik Allah rahmet bilen garamaz».

131. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýtdy: «Alty sany şahsyýeti Beýik Allah we men näletledim: 1) Beýik Allahyň Kitabyna goşmaçalar girizýänleri; 2) Beýik Allahyň takdyry barasynda aldaýanlary; 3) Allahyň peseldenini beýgeltmek,  Allahyň beýgeldenini bolsa peseltmek üçin, zalymlygy peýdalanyp agalyk edijileri; 4) Beýik Allahyň haram edenini, halal diýip bilýänleri; 5) Meniň maşgalamdan Allahyň gadagan edenine, ygtyýarly  diýip hasaplaýanlara; 6) meniň sünnetimi terk edýänlere».

132. Abu Bekr as-Syddyk (r.a.) aýdypdyr: «Hakykatdan-da, Iblis – seniň öňüňdedir, nebsiň – sagyňdadyr, şöwkediň çepiňdedir, dünýe bolsa – yzyňdadyr, beden agzalaryň – seniň daşyňdadyr, Gudraty Güýçli bolsa – ýokaryňdadyr. Iblis, Allahyň lagnaty oňa bolsun, diniňi terk etmeklige çagyrýar. Nebsiň boýun egmezlige çagyrýar. Şöwkediň hyjuwly isleglere çagyrýar. Bu dünýe özüni ahyriýetden artyk görmeklige çagyrýar. Beden agzalaryň günäler etmeklige çagyrýar. Gudraty Güýçli bolsa, seni jennetine we magfyriýetine çagyrýar. Beýik Allah «Bakara» suranyň 221-nji aýatynda aýdýar: «Allah sizi jennete we magfyriýete çagyrýar».

Kim Iblise jogap berse, dinini ýitirer. Kim nebsine jogap berse, janyny ýitirer. Kim şöwkedine jogap berse, akyl-paýhasyny ýitirer. Kim bu dünýä jogap berse, ahyriýetini ýitirer. Kim beden agzalaryna jogap berse, jennetden mahrum bolar. Kim Gudraty Güýçlä jogap berse, günälerden halas bolup, ähli nygmatlary-da gazanar».

133. 'Omar (r.a.) aýtdy: «Hakykatdan-da, Beýik Allah alty zady başga alty zadyň içinde gizläpdir: 1) razylygyny ybadatda gizledi; 2) gazabyny boýun egmezlikde gizledi; 3) Ol Özüniň beýik Adyny Kuranda gizledi; 4) gadyr gijesini Remezan aýynda gizledi; 5) «orta» namazy bäş wagt namazyň arasynda gizledi; 6) Kyýamat gününi beýleki günleriň içinde gizledi».

134. 'Osman (r.a.) aýtdy: «Hakykatdan-da, imanly ynsan alty ýagdaýda gorky duýmalydyr: 1) Allah tarapyndan imanyň alynmagyndan; 2) egnindäki amallary ýazýan perişdeler tarapyndan Kyýamat Gününde masgara etjek amallaryň ýazylmagyndan; 3) Şeýtanyň haýyrly amallaryňy  ýok etmeginden; 4) perwaýsyz, gaflatlyk pursatynda ölüm perişdesiniň janyňy almagyndan; 5) bu dünýäniň aldamagyndan, oňa meşgul bolup ahyriýete ünüssiz bolmakdan; 6) maşgala we garyndaşlaryň bilen meşgul bolup, Beýik Allahyň zikrini etmekden sowmaklaryndan».

135. 'Ali (r.a.) aýdypdyr: «Kim şu alty häsiýeti özünde jemlese, dowzahdan halas bolup, jenneti bolmaklygy dileg etmek üçin hiç bir pursady elden bermez: 1) kim Beýik Allahy tanap, oňa ybadat etse; 2) kim, şeýtany tanap, ony ret etse; 3) kim ahyriýete akyl ýetirip, oňa ýetmeklik üçin jan etse; 4) Kim bu dünýäni tanap, ony inkär etse; 5) kim haka düşünip, oňa eýerse; 6) Kim azaşmaklygy tanap, ondan gaçsa. Imam 'Ali (r.a.) ýene-de aýdypdyr: «Nygmatlara alty zat dahyllydyr: 1) Islam; 2) Kuran; 3) Muhammed – Allahyň resuly; 4) abadançylyk; 5) gorag; 6) adamlardan garaşsylyk».

136. Ýahi bin Mu'az ar-Razi rahmetullahdan habar berilýär: «Ylym – amallaryň ýol görkezijisidir. Düşünmeklik – ylmyň gabydyr. Akyl-paýhas – haýyrlaryň ýolbaşçysydyr. Şöwket – günäleriň gämisidir. Baýlyk – tekepbirleriň geýmidir. Bu dünýä – ahyriýetiň bazarydyr».

137. Abu Zar Jimhir rahmetullah aýdypdyr: «Alty zat ähli dünýä deňdir: 1) ynsanyň iýmiti; 2) salyh çaga; 3) ylalaşykly aýal; 4) dana sözler; 5) kämil akyl; 6) sagdyn beden».

138. Hasan al-Basry rahmetullah aýdypdyr: «Egerde Allahyň söýýän ynsanlary bolmadyk bolsa, bu dünýä we onda bar bolan zatlar harap bolardy. Egerde takwalar bar bolmadyk bolsa, ähli erbet adamlar heläk bolardylar. Egerde alymlar bolmadyk bolsa, onda ähli ynsanlar haýwan ýaly bolardylar. Egerde şerigatyň häkimligi bolmadyk bolsa, adamlar bir-birlerini heläk ederdiler. Egerde akmaklar bolmadyk bolsa, bu dünýä weýran bolardy. Egerde şemal bolmadyk bolsa, hemme zatlar porsardy».

139. Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Kim Allahdan gorkmasa, diliniň ýalňyşlyklaryndan halas bolup bilmez. Kim Allaha dolanyp barjakdygyndan gorkmasa, öz kalbyny haramlardan we şübhelerden halas edip bilmez. Kim ýaradylanlardan ýüz öwürmese, güýçli haram isleglerden gutulmaz. Kim özüniň edýän amallaryna esewan ýetmese, riýadan (il görsünden) halas bolmaz. Kim Allahdan kalbynyň goralmagyny dilemese, bahyllykdan halas bolmaz. Kim özünden ylmy we amallary ýokary bolanlara seretmese, öz-özünden göwni hoş bolmakdan halas bolmaz».

140. Hasan al-Basry rahmetullah aýdypdyr: «Hakykatdan-da, kalblaryň bozuklygy alty zat sebäplidir: 1) toba ederin diýen umyt bilen, günäleriň edilmeginden; 2) ylymyňy artdyryp, oňa görä amal edilmezliginden; 3) eger amal edilse-de yhlas ýoklugyndan; 4) Allahyň ryzkyndan iýmitlenip, şükür etmezlikden; 5) Allahyň beren paýyna, närazylyk bildirmekden; 6) ölüleri jaýlap-da, ybrat almazlykdan».

141. Hasan al-Basry rahmetullah aýdypdyr: «Kimde-kim bu dünýäni söýüp, ahyretden ileri tutsa, Allah ony alty zat bilen jezalandyrar. Olaryň üçüsi bu dünýede, galan üçüsi-de ahyretde bolar. Bu dünýä degişli üç jeza: 1) adamda şeýle bir umyt-arzuwlar bolar, olaryň ahyry bolmaz; 2) şeýle güýçli nebisjeňligi bolar welin, onuň ýüreginde hiç wagt kanagat bolmaz; 3) ynsan ybadatyň lezzetinden mahrum bolar. Ahyrete degişli üç jeza: 1) Kyýamat gününde elhençlik; 2) kyn, muşakgatly hasap; 3) uzaga çekjek gaýgy-gussa».

142. Ahnaf bin Kaýs[20] (r.a.) aýdypdyr: «Bahylyň hiç dynjy ýokdur. Ýalançynyň edebi ýokdur. Husydyň hilesi ýokdur. Patyşalaryň islegleriniň kanagatlanmasy ýokdur. Ýaramaz ahlaklynyň häkimligi ýokdur. Allahyň takdyryndan gaýtarjak ýokdur».

143. Bir akyldardan sorapdyrlar: «Egerde adam toba eden bolsa, onuň kabul edilendigini ýa-da edilmedigini nähili bilip bolar?» Akyldar şeýle jogap beripdir: «Men ony bilmeýärin, ýöne onuň alamatlary bar: 1) ynsan özüni günäli hasap etmeli; 2) ol öz kalbynda şatlygyň ýoklugyny, gaýgy-gussanyň bolsa barlygyny görmelidir; 3) ol haýyr edýänlere ýakyn bolup, şer işleri edýänlerden daşlaşmaly; 4) ol bu dünýede berlen az zady köp bilmeli; 5) ol öz kalbyny Beýik Allaha baglaşdyrjak zatlar bilen dolduryp, kalbyny Allahdan daşlaşdyrjak zatlardan päklemelidir; 6) ol öz dilini aýap saklap, hemişe pikirde, alada-da we ökünçde bolmalydyr».

144. Ýahýa bin Mu'az rahmetullah aýdypdyr: «Meniň iň uly öz-özümi aldamam şulardyr: 1) ökünçsiz, gynançsyz günälerim bagyşlanar diýen umyt bilen, günäler ýetmegi dowam etmegim; 2) boýun egmezden Beýik Allaha ýakynlaşaryn diýen arzuwym; 3) jähennemde tohum ekip, hasyly jennetde garaşmagym; 4) günäleri edip-de, boýun bolanlaryň boljak ýerine ymtylmagym; 5) hetdenaşalyk we isriplik bilen, Gudraty Güýçli Allahyň razylygyna umydym».

145. Haçanda Ahnaf bin Kaýsdan (r.a.): «Ynsana berilen zatlardan, haýsysy haýyrly» - diýip soranlarynda, ol: «Dogabitdi akyl» – diýip jogap beripdir. Ondan soradylar: «Egerde ol bolmadyk bolsa?». Ol aýdypdyr: «Salyh terbiýe». Ondan sorapdyrlar: «Egerde ol hem bolmadyk bolsa?» Ol aýdypdyr: «Haýyrly ýoldaş». Ondan ýene-de sorapdyrlar: «Egerde ol hem bolmadyk bolsa?» Ol aýdypdyr: «Allahdan gorkýan kalp». Ondan sorapdyrlar: «Egerde ol hem bolmadyk bolsa?» Ol aýdypdyr: «Uzak dymmaklyk». Ondan sorapdyrlar: «Egerde ol hem bolmadyk bolsa?» Onda, ol şeýle jogap beripdir «Tiz ölüm».


[20] Ahnaf bin Kaýs Abu-Bekr – Pygamberimiziň (s.a.w.) atly sahabalarynyň biri. Tamim taýpasynyň begleriniň biridir. Örän dile çeper we gaýduwsyz urşujy bolupdyr. Ony iň bir sada adam hökmünde mysal getiripdirler. Köp uruş ýörüşlerine gatnaşan. Bu dünýäni Hijriýetiň 72-nji ýylynda terk edipdir.