Sekizinji bap. “Dokuz zat barada…”

Başy » Kyýamat Gününine TAÝÝARLYK » Sekizinji bap. “Dokuz zat barada…”

161. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) aýdypdyr: «Beýik Allah Musa bin Imrana (a.s.) Töwratda aýdypdyr, ýagny ähli hatalaryň (günäleriň) enesi üç zatdyr: 1) tekepbirlik; 2) görüplik; 3) açgözlük. Olardan ýene-de alty zat çykýar: 1) aşa doýmaklyk; 2) uky; 3) dynçlyk; 4) baýlyga bolan söýgi; 5) öwgä bolan söýgi; 6) häkimlige bolan söýgi».

162. Abu Bekr as-Syddyk (r.a.) aýdypdyr: «Ybadat edýänleriň üç görnüşi bolup, olaryň hersiniň öz üç alamaty bar we olary şol alamatlar bilen tanamak bolýar: birinji görnüşi – olardyr, ýagny Beýik Allaha gorky bilen ybadat ederler; ikinji görnüşi – olardyr, ýagny Beýik Allaha umyt bilen ybadat ederler; üçünji görnüşi – olardyr, ýagny Beýik Allaha söýgi bilen ybadat ederler. Birinji görnüşiň – üç alamaty: 1) ol özüni ýigrener; 2) eden haýyrly amallaryny az diýip biler; 3) eden günälerini uly diýip hasap ýeder. Ikinji görnüşiň – üç alamaty: 1) ol ähli ýagdaýlarda ynsanlar üçin nusga we göreldedir; 2) ol bu dünýäniň emlägini paýlaýan ynsanlaryň iň danasydyr; 3) ol ähli ýaradylanlar barada gowy pikirde bolup, özüniň iň haýyrly oýlanmalaryny Allaha ugrukdurýandyr. Üçünji görnüşiň – üç alamaty: 1) Allahyň razylygyny gazanmak üçin, özüniň söýýän zadyny berýär; 2) Allahyň razylygyny gazanmak üçin, özüniň nebsini närazy edýär; 3) ol ähli ýagdaýlarda-da öz Rebbiniň buýruklaryny we gadaganlyklaryny amal etmeklige gaýrat edýär.»

163. 'Osman (r.a.) aýdypdyr: «Kim bäş wagt namazyny öz wagtynda okamak bilen gaýrat etse, Allah ony dokuz zat bilen sylaglar: 1) ony Allah söýer; 2) onuň bedeni sagdyn bolar; 3) ony perişdeler gorar; 4) oňa haýyr iberiler; 5) onuň ýüzünden takwalygyň nury ýagar; 6) Beýik Allah onuň kalbyny ýumşadar; 7) ol Syrat köpüsinde ýyldyrym çaltlygynda geçer; 8) Beýik Allah ony otdan gorar; 9) Beýik Allah ony  gorky we gaýgysy bolmajaklar bilen goňşy eder».

164. 'Ali (r.a.) aýtdy: «Agynyň üç görnüşi bar: 1) Beýik Allahyň jezasyndan gorkup aglamak; 2) Onuň gazabyndan gorkup aglamak; 3) Allahdan aýrylmakdan gorkup aglamak. Birinji görnüşe, günälerden päklenmek degişlidir. Ikinji görnüşe, kemçiliklerden halas bolmaklyk degişlidir. Üçünji görnüş Söýgüliň (Allahyň) goragyna we razylygyna alyp barýar. Günälerden päklenmegiň miwesi jezadan halas bolmakdyr. Kemçiliklerden halas bolmaklygyň miwesi hemişe nygmatda we uly derejelerde bolmakdyr. Söýgüliň goragynda we razylygynda bolmaklygyň miwesi bolup, Onuň ony görmekden, perişdeleriň görmäge gelmeginden we haýyrlarynyň artmagyndan Beýik Allahyň razylygy baradaky şatlykly habardyr».