TÄZE OKUW ÝYLYDY

Başy » Düzjeli Mehmet » TÄZE OKUW ÝYLYDY

Mugallymdym.

Täze okuw ýylydy.

Mugallymçylyk kärimiň ýigriminji ýylynyň içindedim. Her gezek täze okuw ýyly başlanda başdan geçirýän beýan edip bolmajak ol çäksiz bagtlylygymy, lezzetli mahalymy ýene-de bir gezek başdan geçirýärdim. Bu şeýle bir şadyýanlyk we lezzetdi welin, mugallymçylyk etmeýän adama bu pursaty düşündirmek mümkin däldi. Okuwdan, kärdeşlerinden we talyplardan daş düşmegiň çekýän hasratyny mugallymdan başga hiç kim bilmez.

Okuw, mugallym we talyp biri-birlerinden aýrylmaz, arasy bölünmeýän we biri-birlerinden aýratyn zat hökmünde kabul edip bolmajak bitewilikdir. Birini beýlekisinden aýyrmak mümkin däldir. Munuň hiç hili maddy düşündirişi ýokdur. Bu bir söýgi, arzuw, köňül we bagt nyşanydyr.

Talyp bolsa, mugallym üçin ähli zatdyr.

Talyp mugallymyň bagtlylygynyň, durmuşynyň we ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bir mugallymy bu älemden aýra salsaňyz, onuň dünýäsini ýykdygyňyz bolar. Şahyr mugallym ýöne ýere ýanyp bu setirleri ýazdymy:

 

Olar meniň ähli zadym,

Durmuş suwum, çöregim.

Köňül küýzämde açylan,

Reňbe-reň, nagyş-nagyş,

Müşk saçýan güllerim...

 

Olar meniň ähli zadym.

Dogalarym-dileglerim...

Ýa Reb! Aýyrma meni,

Olar meniň meleklerim.

 

Mugallymçylyk kärimde ýigriminji gezek şol bir joşgun, şol bir duýgular bilen uniwersitete we talyplaryma gowşupdym. Beýan edip bolmajak bu bagtlylygyň täsirinde şeýle bir galypdyryn welin, göýä talyplarymyň hemmesini birden bagryma basmak isleýän ýaly, synpa girenimde gujagymy açanymy bilmän galypdyryn. Göýä şol mahal ähli dertlerimden, jepalarymdan we gaýgylarymdan saplanan ýaly boldum.

Uniwersitetiň ol jadylaýjy howasyndan dem alýan adam, heý-de çöregi, suwy, howany we bagty başga ýerden gözlärmi?

Ýene-de şahyr mugallymyň aýdyşy ýaly:

 

Men okuwda doguldym.

Bägüller, güller bilen ulaldym.

Olar bilen agladym, olar bilen güldüm.

Meniň üçin Alla galan eller,

Ýüreklerinde ap-arassa duýgular,

Ine, meniň sermaýam, sylagym,

Okadan çagalarym...

Mazar daşyma „mugallym” diýip ýazyň.

Belki gelip, maňa doga okarlar...