ILKINJI SAPAKDAKY ÜÝTGEŞIK BIR WAKA

Başy » Düzjeli Mehmet » ILKINJI SAPAKDAKY ÜÝTGEŞIK BIR WAKA

Bu täsirleri, joşguny we duýgulary ýene-de bir gezek başdan geçirip, özümiň ilkinji sapagyma girdim.

Uniwersitete täze giren oglan-gyzlar...

Olaryň gözlerinden hyjuw nuruny, ýerlikli tolgunmany we talyp bolmagyň şatlygyny okasaň bolýardy.

Elli adamlyk bu synpyň ýarsyndan köpüsi oglan, galanlary bolsa gyz talyplardy.

Men öňürti özümi tanyşdyryp, talyplaryň tolgunmalaryny ýatyşdyryp sapaga girişdim. Olara okuwyň, bilimiň we bu döwürde uniwersitete girmegiň ähmiýeti barada gürrüň berip, olary buýsandyrmaga tagalla sarp etdim. Şeýle hem sapaklardan we synaglardan gorkmaly däldiklerini, yzygiderli we arman-ýadaman okasalar has hem ýokary üstünlikler gazanyp biljekdiklerini düşündirdim.

Bu sözlerimden soň olaryň howsalalary we tolgunmalary az-owlak hem bolsa ýatyşandygyny görmek bolýardy.

Soň talyplar bilen ýekän-ýekän tanyşmaga başladym. Her bir talyp adyny, familiýasyny we ýaşaýan ýerini aýdyp, näme üçin mugallymçylygy saýlandygy barada gürrüň bermelidi.

Bu tanyşma mahaly meniň ünsümi, adynyň Düzjeli Mehmetdigini aýdan uzyn boýly, solak bugdaý reňkli, saçlaryny yz tarapyndan bogan, gulaklary halkaly, ellerinde we boýnunda ýalan zynatlar bolan bir talyp özüne çekdi.

Egnindäki eşikleriniň reňki hem bir tüýsli geňdi we tikilişi hem adaty eşiklerden üýtgeşikdi. Talybyň ýüz keşbinde we ses äheňinde mese-mälim görnüp duran bir ýowuzlyk we terslik göze ilýärdi. Onuň bu ýagdaýy synpdaky ähli talyplaryyň dykgatyny özüne çekipdi.

Tanyşma bölüminden soň, her okuw ýylynyň başynda edişim ýaly talyplardan nämeleri talap etjekdigimi we nämelere garaşýandygymy aýtmak üçin ýaňadan partanyň üstüne geçip gürrüňe başladym. Men talyplara ýüzlenip:

— Hormatly talyplar! Meni üns berip diňläň. Bu ýarym ýyllyk boýunça synpyň düzgün-tertibi we okuwa gatnaşyk meselesinde käbir kada-kanunlary düzeris, bu kada-kanunlary metin halynda taýýarlarys we talyplaryň hemmesi onuň aşagyna öz goluny çekerler. Biziň hemmämiz bu kada-kanunlary birkemsiz ýerine ýetirmelidiris. Bu kadalar şulardyr: sapaga bäş minutdan köp gijä galyp gelen sapaga goýberilmeýär; erkin gatnaw üçin berilýän ýeňillik haky gutaransoň, diňe ýekeje sapak sagady möçberinde goşmaça rugsat beriler; sapaga bile taýýarlanyp, bilelikde işläris; talybyň elini galdyrman geplemäge hukugy ýokdur. Synpda biri gepläp durka, onuň sözüni bölmek, arasyny kesmek, nägilelik bildirmek ýa-da beýlekileriň diňlemegine päsgel bolmak ýaly hal-hereketler bolmaly däl; her bir garaýşa, düşündirişe we netijä hormat goýulmaly; tankyta açyk bolmaly, tankyt sebäpli göwnedigiji sözler aýdylmaly däl; maddy ýa-da magnawy taýdan haýsydyr bir kynçylygy bolan talyp, kömek sorap synp ýoldaşlaryna ýa-da sapagyň mugallymyna ýüz tutmaly. Siziň araňyzdan ylmy işler bilen meşgullanjak toparlar düzüler. Kitap okamak we seljermek işleri amala aşyrylar. Kabul edilen kada-kanunlara boýun bolmadyklara synpyň bilelikdäki alnan karary esasynda temmi berler. Synpda üstünlik gazanan talyplar hem synpyň bilelikdäki karary esasynda sylaglanar. Kararlar sesleriň köplügi bilen kabul ediler.

Bu düzgünnamany siziň garaýşyňyza hödürleýärin. Bularyň hemmesini ýekän-ýekän gözden geçireliň. Içinde makul hasaplamadyklaryňyz bar bolsa, ýerlikli sebäp görkezmek şerti bilen aýyryp bileris ýa-da üstüne başga maddalar hem goşup bileris. Hemmämiziň ylalaşan maddalarymyzy metin görnüşinde taýýarlap, size goluňyzy çekmek üçin berjek. Siz bu barada aýytjak zadyňyz barmy? — diýip soradym.

Belki-de ilkinji gezek munuň ýaly ýagdaý bilen duş gelendikleri sebäpli bolmagy mümkin, talyplardan hiç hili ses çykmaýardy. Talyplar heniz nähili netijä geljekdikleri barada pikirlerini bir ýere jemläp bilmän otyrkalar, ortaky hatarlarda oturan uzyn saçly we ters garaýyşly talyp bolan Düzjeli Mehmet rugsat almazdan ýerinden turup:

— Bularyň hemmesi biderek, gerek zat däl. Bu ýeri orta mekdep däl, uniwersitet. Düzgün-tertip, nyzam, kada-kanun we gadagançylyk ýaly biderek zatlary bu ýerde hem dowam etdireliňmi? Biz bu ýeri erkin okamaga we ýaşamaga geldik. Meniň iň halamaýan zadym, düzgün-nyzam we kada-kanun bilen ýaşamakdyr.

Soň ses äheňini has hem ýognaldyp:

— Men bulary hiç haçan kabul etmerin. Düzgün-tertip meniň nerwimi oýnaýar we keýpimi gaçyrýar. Eger meni gysyp, düzgün-tertibe girmäge mejbur etseňiz, bu ýerde ýekeje gün hem durmaryn.

Soň özüne goldaw tapmak umydy bilen daş-töweregine seredip, göz aýlap sözlerini dowam etdirip:

— Meniň pikirimçe beýleki talyplar hem şu garaýyşdadyrlar — diýdi.

Ol özüniň hyjuwly, birazajyk-da buýruk beriji ses äheňi bilen sanan nägileliklerini heniz gutaryp-gutarmanka, iň yzky partada oturan başga bir talyp, şol äheňdäki sesi bilen:

— Dost. Sen bizi öz biderek garaýyşlaryňa goşma. Adamzadyň bar bolan ýerinde düzgün-tertip bardyr. Bu ýeri dag başy däl. Düzgün-tertip bolmasa, nyzam we okuw tertibi nähili bolar? — diýdi.

Başga bir talyp hem ýerinden turup:

— Ýurdumyzda demokratiýa bar. Kararlar bilelikde kabul ediler. Mugallymymyz hem muny teklip edipdi. Hiç kim öz kellesine we arzuwyna görä daş-töweregine diýenini etdirip bilmez — diýdi.

Bir gyz talybyň nägileligi hem başga bir ugurdandy. Ol Mehmede garap:

— Seniň hiç zada nägile bolmaga hak-hukugyň hem ýok. Sen özüňe seretsene. Isleýişiň ýaly geýinýärsiň we gepleýärsiň. Biz bolsak sapaga başymyzy açyp girmäge mejbur bolýarys. Bu meselede geplemeli bolsa, siz däl-de biz geplemeli — diýdi.

Adyna Düzjeli Mehmet diýen ýaňky talyp garaşmadyk bu ýagdaýynyň öňünde aňkarylyp galdy. Talyplardan goldawa garaşýarka, ilkinji nägileligi olardan görüpdi.

Çar tarapdan gelýän nägilelikleriň öňünde aljyran Mehmediň dadyna men ýetişdim we talyplara ýäzlenip:

— Hormatly talyplar! Hany hemmeler ýerli-ýerinde otursyn we meni diňlesin.

Synpdaky tolkunlanma durdy. Men hem söze başladym:

— Indi synpda näme üçin käbir kada-kanunlary goýmak isleýändigime gowy göz ýetiren bolsaňyz gerek. Sebäbi düzgün-tertipsiz durmuşda goh-galmagal we düşünşmesizlik bolar. Düzgün-tertipler ýerli-ýerinde ulanylan mahaly, hiç kimiň durmuşyna päsgel bolmaz we çäklendirmez. Gaýtam tersine, her kime bähbitli bolan düzgün-tertipler nyzamly, tertipli we asuda durmuş gurluşyny emele getirer.

Soň bolsa mowzugy üýtgedip, gürrüňimi dowam etdirdim:

— Düzjeli Mehmediň garşy çykyşyny we garaýyşlaryny açyk dil bilen aýtmagyny gaty geň görendigiňizi bilýärin. Uniwersitete okuwa giren siziň ýaly ýaş talyplaryň bu meselede birazajyk düşünjeli bolmaklary gerek.

Talyplaryň biri menden:

— Ýagny siz Mehmediň bu hereketini dogry hasaplaýarsyňyzmy ýoldaş mugallym? — diýip sorady. Men şeýle diýdim:

— Meniň aýtjak bolýan zadym we göwnüme ýaran zat Mehmediň özüni alyp baryşy däl. Meniň aýtjak bolýan zatlarym şulardyr: synpda her bir talyp öz pikirini aýdyp bilmeli, garaýyşlaryny düşündirip bilmeli, zerur hasaplan zatlaryny beýan edip bilmeli. Diňe şeýle görnüşde ylalaşyk we pikirsizlik netijeleri belli bolar, adamlary gowy tanap bolar we düşünişilmeýän zatlaryň çözgüdi has aňsat amala aşar.

Hadysalara başgaça garaýşymyzyň, synymyzyň we netije çykarmagymyzyň adaty we bolup biläýjek zatdygyna, indi öwrenişmelidiris. Biziň möçberimiz, göwrümimiz, tizligimiz we ugrumyz deň bolar ýaly, biz enjam şaýlary däl ahyry?

Başgaça bolmak, başgaça seretmek, başgaça görmek we başgaça pikirlenmek janlylyk, hereketlilik, özgerişlik we alternatiw köplügi döreder. Ylymyň merkezleri bolan uniwersitetlerde bolsa bulara uly mätäçlik çekilýändir.

Şol bir zat barada deň garaýşa eýe bolan müň adam, bir adam ýalydyr. Şonuň üçinem, bu synpda her kim arkaýyn gepläp bilmeli, gepleýäne hem sabyr etmegi we hormat-sylag goýmagy öwrenmelidiris.

Orta hatarlarda kellesini aşak sallap oturan Düzjeli Mehmede seretdim. Şol mahal nazarlarymyz kaklyşdy. Onuň ýüz keşbindäki beýanlardan meniň bu sözlerimden örän hoşaldygy görünýärdi. Meniň özüni erbet görnüşde ýazgararyma garaşýarka, özümi ony goldaýan ýaly alyp baryşym, ony köşeşdiripdi.

Men onuň özüne bolan ynamyny has hem artdyrmak üçin:

— Hormatly talyplar! Aslynda siz Mehmede ýalňyş düşündiňiz. Mehmet hem tolgunmagyndan ýaňa özüniň pikirini ýalňyş beýan etdi. Eger siz oňa sözlerini doly aýtmaga pursat beren bolsadyňyz, ol has-da gowy zatlary aýdardy. Ýagdaý üýtgäp dartgynly bolansoň, ol hem dartgynly ýagdaýyň içine girenini bilmän galdy we pikirlenmän käbir zatlary aýtdy.

Elbetde, oňa garşy çykan talyplaryň pikiri hem dogrudy. Olar hem käbir hakykatlary belläp geçdiler.

Bu ýerde ýalňyş bolan zat çekeleşik usuly we araňyzdaky nukdaýnazar görnüşiňizdir. Men bu synpda gowy zatlar barada gürrüň gozgaljakdygyna we dogry netijeler gazanyljakdygyna ynanýaryn.

Meniň bu sözlerimden soň synpyň basyşy birden pese gaçdy. Mehmet we oňa garşy çykan beýleki talyplar arkaýynlaşdylar we hemmeler özlerine gerekli zatlary aldylar.

Dartgynly başlap oňyn gutaran bu ilkinji sapak, meniň üçin möhüm wakalaryň habarçysy hökmünde bolupdy.

Ilkinji sapakdaky bu çekeleşikden soň, men içimden: „Eger Mehmetde adamzat gymmatlyklary, wepalylyk duýgusy we hormat-sylag ýaly ahlak-syptlar bar bolsa, hökman meniň ýanyma geler. Hiç bolmasa içgin tanyşmak islär ýa-da minnetdarlyk bildirer” diýip pikir etmäge başladym.

Emma, eger düzgün-tertibiň biderekdigini aýdyşy ýaly, adamzat gymmatlyklarynyň hem biderekligine ynanýan bolsa, elbetde ondan beýle zatlara garaşyp bolmazdy.

Düzjeli Mehmediň psihologiki gurluşyny göz öňüne getirmek üçin, bu meseläni aňymda bir ölçeg hökmünde suratlandyrypdym.