MENI NÄME ÜÇIN GOLDADYŇYZ?

Başy » Düzjeli Mehmet » MENI NÄME ÜÇIN GOLDADYŇYZ?

Arakesmede iş otagyma gitdim. Yz ýanymdan Mehmet hem geldi. Entek onuň näme niýet bilen gelendigini bilmesem-de, Mehmetiň bu hereketinden daş keşbiniň tersine birnäçe ýagşy aýratynlyklarynyň bardygyny aňdym. Bu ýagdaý mende Mehmede bolan bir höweslenme döretdi.

Ol biraz çekinjeňlik we utanjaňlyk edasy bilen:

— Ýoldaş mugallym, wagtyňyz bar bolsa siziň bilen gürrüňdeş bolmak mümkinmi? — diýdi. Men ýerimden turup, onuň bilen elleşip salamlaşdym we oturmagy üçin ýer görkezip:

— Elbetde mümkin, gel, geç — diýdim. Soň bolsa çaý hyzmatyny edýäne iki sany çaý tabşyrdym we ýagdaýy gyzgyn saklamaga synanyşdym.

Meniň özüni ýerimden turup garşy almagym we çaý hödür etmegim Mehmedi hem utandyrypdy, hem-de begendiripdi. Ol:

— Ýoldaş mugallym, synypdaky gödek hereketim üçin ötünç soraýaryn. Ýöne siz maňa şeýle bir terbiýe sapagyny berdiňiz welin, utanjymdan ýere giripdim — diýdi. Men:

— Ýok Mehmet, sen bu zatlara gynanma, biz bulara öwrenişdik. Hem-de men senden hiç hili gaty görmeýärin — diýip, sözüni böldüm.

Mehmet içindäki esas meselesine geçip:

— Ýoldaş mugallym! Siz meni näme üçin goldadyňyz? Meni utandyryp gaýdyp geplemezim ýalymy? Ýa-da meni ýanyňyza alyp käbir hakykatlary düşündireýin diýipmi? — diýip sorady.

Ol örän düşünjeli bir ýigitdi. Onuň pikirlerini açyk görnüşde hiç kimden çekinmezden aýdyp bilmäge batyrgaýlyk etmegi hem muny subutlaýardy. Üstesine-de meseläni ele alyş usuly hem muny görkezýärdi.

Men gülümsiräp:

— Meniň esas maksadym seni goldap, utandyrmak ýa-da ýanyma çekmek däl-de, synpda käbir düzgün-tertip kadalaryny goýmakdy. Bu ýagdaýda haýsy okuwçym bolsa bolsun, şeýle ederdim.

Ol kellesini egip, aşak saldy. Men sözüme dowam etdim:

— Meniň üçin iň ähmiýetli iň esasy bolan kada, her kimiň arkaýyn gepläp bilmegi we sözüni aýdýana hem hormat goýmagydyr — diýdim. Ol perwaýsyz eda bilen:

—Ýoldaş mugallym! Näme üçin bu dereje demokratiýanyň tarapdarysyňyz? Men bu hal-hereketleriňizi ne dindar bir mugallymdan, ne-de başga birinden hiç kimden görmedim. Munuň aýratyn bir sebäbi barmy? — diýdi.

Düzjeli Mehmet hem bu sözleri bilen mende buýsanç döretjek bolýardy. Onuň sözlerinden bu netije çykýardy. Men:

— Ýok. Islendik mugallym hem şeýle pikir eder we şeýle edermikä diýýärin. Meniň bu meseledäki esasy pelpesäm şudur, ýagny dürli garaýyşlar hökman aýdylmalydyr.

Gepleýän adamy dymdyrmak çäre däldir. Gepleýän adam özüniň garaýyşlarynyň ýalňyşdygyna göz ýetirensoň özi dymar. Eger ol güýç bilen dymdyrylsa, bikanun ýollardan sesinim ýetirip başlar. Bu bolsa birnäçe ugurdan kynçylyk döredip biler.

Gepleýän adamdan zyýan gelmez. Esasy zyýan gepledilmeýän adamdan geler. Başgaça pikirlenmek ösüşdir, özgerişdir. Halkara ylalaşyklar gepleşikler arkaly amala aşar. Ýogsam, ylalaşygyň hatyrasyna gepledilmeýän adamlar, gizlin we güýçli garşydaşlyk dörederler. Bu hem jemgyýetçiligiň asudalygyna zepe ýetirer.

Şonuň üçinem synpda açyk ýüreklilik bilen garaýyşlaryny aýdandygyň üçin saňa berekella berýärin. Meniň üçin seniň geň tarapyň bolsa, diňe beýan usulyňdyr. Ikitaraplaýyn ylalaşyk bilen garaýyşlaryňy beýan etmegiňe dowam et. Menden saňa doly goldaw geler — diýdim.

Düzjeli Mehmet hem arkaýynlaýyşyp:

— Bulary sizden eşidýänime örän şat, ýoldaş mugallym. Belki-de ynanmarsyňyz, ýöne maňa şeýle ýakyn duran, garaýyşlaryma we hal-hereketlerime doly düşünip bilýän mugallymy ilkinji gezek görýärin.

Ýöne men näme edeýin, meni hem şeýle kabul ediň. Sözümi saklamagy kän bir oňarmaýaryn. Hemme ýerde aýdýaryn. Dogry hasaplan zadymy aýtmakdan özümi saklap bilmeýärin. Meniň açyk sözlüligim, özümi dessine görkezişim we köp ýerde käbir zatlary aýtmagym zerarly örän kyn ýagdaýlara düşdüm. Ýöne meniň piňime hem däl. Men özümiň dogry hasaplan zatlarym bilen ýaşamasam, bagtly bolmaryn — diýdi.

Bu sözler başga bir gizlin niýetiň, bilip durup zyýanly bir durmuşy saýlamagyň ýa-da ýalňyş düşünjede kejir etmegiň netijesi däl-de, dogrudygyna ynanan bir ýoldan arassa ýürek bilen, mertlerçe we tutanýerlilik bilen ýöremegi aňladýardy.