IKINJI SAPAK

Başy » Düzjeli Mehmet » IKINJI SAPAK

Ikinji hepde ýene-de şol synpa sapaga girenimde gözlerim Mehmedi gözledi. Men biziň ilkinji tanyşlygymyzyň oňyn täsir etdimikä ýa-da ýaramaz täsir etdimikä diýip gaty gaýgy edýärdim.

Görsem ol orta hatarlarda uzyn saçlary we örän üýtgeşik geýnişi bilen mese-mälim görünýärdi.

Onuň daş-töweregindäki talyplar bilen çalt öwrenişendigi bellidi. Olar bilen ýakyndan we içgin gürrüň edýärdi. Ol ýanyndaky synpdaş dostlary bilen gyzyklanýardy. Gürrüňleşýärdi we diňleýärdi. Ol hemmetaraplaýyn tutanýerli, işjeň we okgunly bir ýaş ýigitdi. Ilkinji sapagyň sowuk, gödek we ters hereketlerini az hem bolsa ýeňip geçene meňzeýärdi.

Bu hal-hereketini öz pikirlerine we garaýyşlaryna esas döretmekçi bolýandyr öýdüp pikir etdim. Başgaça aýdanyňda daş-töweregini giňeldip, özüne bir topar döretmekçi bolýandyr öýtdüm. Sapagyň mowzugy ynsandy. Jemgyýetiň iň kiçi agzasy bolan ynsan barada gürrüň bermelidim.

Ynsany düşündirýärkäm talyplaryň bu baradaky garaýyşlaryny bilip, synpyň umumy derejesini bilmegi göz öňünde tutýardym.

Talyplar bilen salamlaşyp, hal-ýagdaýlaryny soraşdyrdym. Synpy sapaga taýýarlamak üçin okuwa öwrenişip-öwrenmändikleri barada soradym. Talyplar bilen bu mowzuk bilen baglanyşykly pikir alyşdyk.

Men sapagyň mowzugy bilen baglanyşykly : „Ynsan näme?” diýip talyplardan sorag sorap sapaga başladym. Meniň maksadym talyplary sapaga gyzyklandyrmak hem-de talyplaryň mowzuk bilen baglanyşykly garaýyşlaryny bilmekdi. Talyplardan bu soraga öňürti hiç-hili ses çykmady, soň garaýyşlaryny aýdyp başladylar.

Garaýyşlaryny aýdýan talyplaryň aglaba köpüsi ynsan bilen Allanyň we diniň arasynda arabaşanyşyk gurup, ynsanyň belli bir maksat üçin ýaradylandygy, iň kämil barlykdygy, ýogalansoň hem hasap berjekdigi ýaly garaýyşlary orta atýardylar. Bu ýagdaý synpdaky talyplaryň köp böleginiň dini we milli garaýyşlaryň tarapynda bolan ýaşlardygyny aňladýardy.

Garaşyşym ýaly Düzjeli Mehmede hem söz ýetdi. Ol özüne mahsus, tolgunma, açyk we ýogyn ses äheňi bilen:

— Men bu meselede hemme talyplardan başgaça pikrlenýärin — diýip. söze başlady. Onuň äheniňden ýowuzlyk we biperwaýlyk duýulýardy. Ol sözüni dowam etdirip şeýle diýdi:

— Men öňürti şuny aýdaýyn, men hasap-kitap diýen zada ynanmaýaryn. Ynsan birnäçe ewolýusiýalaryň netijesinde emele gelen bir barlykdyr. Bu ýagdaýa gelmegi üçin hem haýsydyr bir dolandyryjy güýje mätäçligi bolan däldir. Onuň mehanizmi öň-öňüni özgertjek güýçdedir.

Ynsan ýaşamak we özüni gorap bilmek üçin käbir kanunlar döredip. Jemgyýetçilik ýaşaýşynda umumy gymmatlyklaryň emele gelmegi bilen hem häzirki durkuna gelendir. Ynsanyň bu ýagdaýa gelmeginde we ýaşaýşyny dowam etdirmeginde hiç kimiň öňünde borjy ýokdur. Ol öz ýaşaýşyny özi üçin iň gowy görnüşde ýaşap, soň ýok bolup gidýär. Ol ynsan üçin hem hemme zat şol ýerde gutarar.

Ynsan bagtly bolmagy üçin diňe öz durmuşy barada pikirlenmegi we hiç hili gadagançylygyň we kada-kanunyň ýesiri bolmaly däldir.

Mehmet özüniň aýdýan garaýyşlary bilen ynsanyň bar bolmagy üçin hiç hili ýaradyja mätäçlik çekmändigini we hiç kime öňünde borjunyň ýokdugyny äşgär etmek isleýärdi. Şeýdibem gullugyň jogapkärçiliginden gaçmak isleýärdi.

Mehmediň öňe sürýän pikirleriniň düýbünde materializmiň, marksizmiň, darwinizmiň we ateizmiň garaýyşlary ýatyrdy. Mehmediň nämelerden täsirlenendigi we esasan haýsy kitaplary okandygy mälimdi.

Mehmediň orta atan garaýyşlary synpdaky talyplaryň özüne düýbünden garşy çykmalaryna sebäp bolupdy. Ýöne men derrew ýagdaýyň içine girip:

— Başga-da dogry hasaplan garaýyşly bar bolsa, söz alsyn we aýtsyn. Mundan başga bir ýoly synap görmäň — diýip duýduryş berdim.

Ynsan bilen baglanyşykly orta atylan dürli garaýyşlary jemlänimden soň, sapaga gaýdyp geldim.