YNSAN NÄME?

Başy » Düzjeli Mehmet » YNSAN NÄME?

Men sözlerime Alexis Carrelin ynsan bilen baglanyşykly şu hakykaty bilen başladym:

— „Ynsan öňürti özüni tanamaly we özüni bir kitap ýaly edip okamalydyr. Öz-özüni okamadyk ynsan, älem-jahanyň iň gizlin syrlaryny bilse-de, onda-da nadandyr”.

Şol mahal bir talyp sözümiň arasyny bölüp:

— Ýoldaş mugallym! Ynsan bilen baglanyşykly aýdylan gözel sözler tapmak üçin günbatara gitmegiňiz hökan däl. Bu ajaýyp sözleriň has manylysyny we jaýdaryny biziň aramyzda doglup kemala gelen beýik alymlarymyz we ylymdarlarymyz hem aýdyp geçipdir. Mysal üçin Bediguzzaman Said Nursiniň:

— „Eý özüni ynsan hasaplaýan ynsan, özüni oka” diýip başlaýan örän ajaýyp aýdan bir sözi bar. Muňa başga mysallary goşmak hem mümkin — diýdi. Men:

— Dogry aýdýarsyň — diýip, onuň sözüni tassyklap sözlerimi dowam etdirdim:

— Hormatly talyplar! Heý siz özüňüze: „Men kim? Näme? Nireden geldim? Nirä barýaryn? Kimiň öňünde borjum bar? Nähili we nädip hasap bermeli?” diýip sorag berýäňizmi?

Eger bular ýaly we muňa meňzeş soraglar soraýan bolsaňyz, elbetde jogaby bilen hem gyzyklanansyňyz? Eger jogaby bilen gyzyklanan bar bolsa üstünde gözleg geçirdiňizmi?

Synpda dym-dyrsykdy we hemmeler üns bilen meni diňleýärdiler. Men bu ýagdaýy pursat hasaplap, sözlerimi dowam etdirdim:

— Soragy has hem umumylaşdyryp ylmy taýdan ele alalyň. Üstünlik üçin ýola çykan we durmuşyny üstünlikler bilen doldurmak isleýän ynsan özüni tanamak meselesinde nä dereje üstünlikli bolup bildikä?

Daş-töwereginiň we älem-jahanyň iň çylşyrymly taraplary bilen meşgullanan ynsan, geň galaýmaly özüniň özboluşlylygy we syrlary bilen nä dereje gyzyklanýarka?

Asmanlaryň öwrenilmegi we deňizleriň çuňluklary bilen bütin ömrüni geçirýän ynsan, özüni öwrenmekde, özüni tanamakda we öz dünýäsiniň çuňluklaryna baryp ýetmekde näçeräk tagalla sarp edýärkä?

Başgaça aýdanyňda möhüm işleri ýerine ýetirmek, uly maksatlara ylgamak, birnäçe açyşlara we syrlara ýetmek üçin çyrpynýan ynsan, özüni nä derejede tanaýarka? Özüniň eýe bolan gymmatlyklarynyň syrlaryny we amanatyny nä dereje bilýärkä?

Belki günde dünýäniň we älem-jahanyň syrlary bilen baglanyşykly „Bular näme? Nädip döredi? Nämä ýaraýar? Kim ýaratdy?” ýaly onlarça gezek gyzykly soraglary özüne berip: „Men kim? Nireden geldim? Nirä gidýärin? Maksadym näme? Meni iberen kim?” diýip geň galaýmaly näçe gezek soradyka?

Mehmet elini galdyryp meniň sözümi bölüp:

— Ýoldaş mugallym! Bu dereje ownuk pikirli bolup, durmuşy zäherlemegiň manysy barmy? — diýip sorady. Men ýylgyryp:

— Ynsanyň hemme zatdan öňürti özüni tanamagy, özüni soraga çekmegi we özi bilen baglanyşykly näbelli zatlaryň gözleginde bolmagy ýaly tebigy bir zat barmy? Bu ynsan bolmagyň ilkinji şertidir — diýdim we mowzuga gaýdyp gelip sözlerimi dowam etdirdim:

— Ynsanyň özboluşlygy, syrlary, wezipesi, nämäniň tarapdary we kimdigi ýaly soraglar barada pikirlenýän adam beýinlerini yzygiderli işledip duran adamdyr. Ýöne diňe öz akyl ölçegleri bilen bu syrlary, näbelli zatlary çözmek isleýän köp adamlar hem ýalňyş we nädogry netijelere çykarýarlar. Bularyň käbirleri ynsany „Ykdasady bir barlykdan we maddy tarapdan” ybaratdyr öýdüpdirler. Käbirler hem „ynsan pikirlenip bilýän haýwandyr” diýipdirler, käbir ylym adamlary ynsany „çokunylýan uly barlyk” hökmünde sypatlandyrypdyrlar. Käbirleri bolsa „ynsanyň hiç zatdygyny” öňe sürüpdirler. Bularyň arasynda ynsanyň „näbelli” bolup durýandygyny aýdanlar hem bar.

Görülişi ýaly, gözbaşyny diňe şahsy bähbitlerden alyp gaýdýan düşündirişler we netijeler, ynsany hakyky manyda ýüze çykarmakdan ejizdir. Ejiz boluşlarynyň iň uly sebäbi hem, ynsany bir ýa-da birnäçe görnüşde öwrenmekleridir. Aslyýetinde bolsa, ynsan doly manyda beýan edilmegi üçin onuň maddy we magnawy barlyk hökmünde hemme taraplaýyn öwrenilmelidir.

Synp dym-dyrslykdy. Talyplaryň hemmesi hiç gymyldaman uly üns bilen sapagy diňleýärdiler. Talyplaryň sapaga bolan höweslerinden mowzugyň örän gyzyklydygy belli bolýardy. Men sapagy dowam etdirdim:

— Hormatly talyplar, ýogsa-da dünýewi ylymlar ynsan üçin näme diýýärkä? Geliň bu mowzugy bilelikde öwreneliň.

Dünýewi ylymlarynyň nukdaýnazaryna görä ynsan janly zatlaryň iň kämilidir. Haýran galdyryjy nyzam, sazlaşyk we meýilnama içindedir. Ynsan bir öýjükden ýaralandyr: „Zigota” diýlip atlandyrylýan göz bilen görülmeýän, ýöne birnäçe esse ulaldylyp görülen bu öýjük, özünden müňlerçe we trillionlarça esse uly bir ýagdaýa öwrülip, ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli görnüş enjam bilen üpjün edilip dünýä bir ynsan hökmünde iberilendir.

Ynsan ütgeşik beden gurluşy bilen, deýsiz-taýsyz sungat eseri we gadymy barlyk bolup durýar. Ýöne ynsan köplenç munuň gadyryny bilmeýär. Hatda ýekeje öýjügi hem döretmekden ejiz bolan ynsan akyllary haýran galdyrýan sansyz öýjükleriniň hemmetaraplaýyn sazlaşyp we ylalaşyp ýaşaýşyny dowam etdirýär.

Bu öýjügiň, ýagny düwünçegiň wagtyň geçmegi bilen ynsan bedenine öwrülmegi her bir öýjügiň öňde goýulan maksada ýetmegi we her bir öýjügiň wezipelerini bir wagtda ýerine ýetirmegi ynsanyň kellesini doly manyda çaşyrýar.

Hemmesi her bir öýjükden dörän dokumalar baran ýerlerinde görýän, eşidýän, tagam alýan, duýýan öýjüklere öwrülip, aşgasanda, içegede we bagyr-öýkende ösen bir laboratoriýa (barlaghana) ýaly işleýär.

Ynsanyň içki we daşky agzalary biri-birlerini goraýan, goldaýan, kömek berýän we ajaýyp sazlaşyk ulgamy esasynda işleýär. Ynsan bedenine seredinimizde hiç bir agzanyň artykmaçlygynyň görülmeýşi ýaly, kemçilikli agza hem duş gelinmeýär. Ýagny ynsan iň çalt, iň çalasyn we iň netijeli bolan bir meýilnama görä düzülendir.

Ynsan bedenine daşyndan gelýän iýmitleriň iýilmegi, siňdirilmegi, içilmegi we gerekmejek zatlaryň daşyna çykarylmagy ajaýyp bir sazlaşyk bilen amala aşyrylýar we netijelendirilýär. Bu mowzuk bilen iş salyşýan alymlar hem muňa haýran galýarlar.

Ynsanyň beýnisinde 10 milliard töweregi ýaşaýyş merkezi bar. Bu merkezleriň her birinde sanlary iki müňe çenli baryp ýetýän sinapslar bar we bu sinapslarda yzygiderli ýüzlerçe hadysa bolup geçýär. Şeýle hem her bir sinap beýleki millionlarça sinapslardan habardar bolup we biri-birlerini bilen ikitaraplaýyn sazlaşykly işleýärler. Ine, biziň beýnimiz, nerwlerimiz aklyňy haýrana goýýan şeýle bir „ajaýyplyklar ülkesidir”.

Gözüňi nirä öwürseňiz Beýik Ýaradanyň ägirt sungatyny görersiňiz!