YNSAN AKLY BILEN HAKYKATY TAPYP BILERMI?

Başy » Düzjeli Mehmet » YNSAN AKLY BILEN HAKYKATY TAPYP BILERMI?

Söz bu ýere gelende öňden bäri pursada garaşýan Mehmet birdenkä ýerinden turup, biraz gyzgynlyk bilen:

— Ýoldaş mugallym! Ynsan öz ölçegleri bilen hakykaty tapyp biler. Başga bir güýjüň oňa ýol görkezmegine, hereket meýdanyny kegitlemegine we ol güýçden täsirlenmegine mätäçlik barmy? — diýip sorady. Men:

— Sag bol. Bu sorag soralmalydy. Soralmagy hem gowy boldy. Sebäbi muňa meňzeş pelsepe garaýyşlary bar. Şonuň üçinem meseläni has-da giňeldeliň. Belli bolşy ýaly ynsan elmydama hakykaty, ajaýyplygy we dogryny gözlemegiň arzuwyndadyr. Älem-jahanyň bitewi hökmünde hakyky ýagdaýyny, ynsanyň nämedigini we näme bolmalydygyny bilmek isleýär. Ynsan akly bilen dünýäni we älem-jahany ýöretjek bolar. Ynsan akyly güýçli ynanç we ahlak ulgamlary bilen goldanmasa „hakykaty gözleýärin” diýip, has hem ýalňyş ýola düşüp biler. Munuň pelsepe dünýäsinde örän geň galdyryjy mysallary bardyr. Bularyň bir bölegi ýa hemme zady inkär edip ateist bolandyrlar, ýa-da hemme zady maddada gözläp materialist bolandyrlar.

Ynsan jemgyýetçilik häsiýetli barlykdyr. Bilelikde ýaşamaga bilelikde paýlaşmaga, arkalaşmaga we daýanişmaga mätäçdir. Ynsandaky bu duýgularyň jebisleşmegi zerurdyr. Sebäbi asuda jemgyýet — gowy terbiýelenen we jemgyýetçilik kadalaryna tabyn bolan ynsanlardan ybaratdyr. Ynsan jemgyýetçilik talaplaryna, ynançlaryna, ahlak-kadalaryna we ýaşaýyş görnüşine nä dereje öwrenişse, şol dereje özüni we jemgyýeti bagtly eder. Elbetde bularyň hemmesi ynsanyň özüni tanamagy, bilmegi, gelen we gitjek ýeriniň hasabynyň we düşünjesiniň içinde bolmaklary bilen mümkindir.

Ynsan dünýä geleninden tä ölýänçä beden, akyl, duýgy we jemgyýetçilik ösüşiniň içindedir. Ynsan her hili şertlerde dürli hal-hereketleri görkezip bilýän barlykdyr. Onuň maddy we magnawy ýaşaýyşy, duýgusy we duýgy dünýäsi bardyr.

Ynsanyň gursagyndaky maksatlary, arzuwlary, niýetleri we isleg-hyýallary dünýä sygmajak derejede giňdir. Sebäbi ynsan diňe bir zaman bölüminde ýaşamaýar. Ol geçmişe we gelejege tarap bolan bir zaman akymynyň içinde ýaşaýar. Şonuň üçinem ynsanyň özüni alyp barşy geçmişini, häzirki ýagdaýyny we gelejek hakyndaky meýillerini we umytlarynyň öwüşgini berýär. Ynsan maddadan many älemine çenli uly-kiçi ähli zady görmek, bilmek we ýaşamak isleýär. Bu manyda köplenç halatda dünýä oňa dar gelýär. Şonuň üçin ynsan kiçi bir älem, älemde bolsa uly bir ynsan hökmündedir.

Ynsanyň psihologiki dünýäsi çözülen halatynda, ähli ynsanlaryň geň galyp biljek nusgalyk ýaşaýyş düşünjesini göz öňüne getirip biljek ukyplykdadyr. Zyýanly netijeler bilen herekete geçende bolsa, wagşy haýwanlary hem ürküzýän bir weýrançylyk içinde bolup biler. Munuň üçin ynsanyň „ynsan” bolup bilmegine degişli işler alnyp barylmalydyr. Bu hem diňe ynsany ýaradanyň habary bilen başa-baş goýulmagy arkaly mümkindir.

Görülişi ýaly tehniki we jemgyýetçilik bilimleriň ynsan bilen baglanyşykly garaýyşlary seljerilende, ynsanyň kämil bir barlykdygy we ýaradanlaryň iň çür depesindeligi mälim bolýar.

Bu dereje ajaýyp we kämil ýaradylan ynsan özüni hökman tanamalydyr. Çünki, kiçi bir älem bolan ynsan, älem-jahan ýaly syrlar bilen doludyr.

Sanlary milliardlara ýeten galaktikalary, Güni, uly ýyldyzlary açyş edip, olara hökmüni ýöretmek üçin tagalla edýän ynsan özüni açyş edip, barlag etmek we ýaşaýşyna iň mynasyp görnüşde ýaşaýyş görnüşini tapmak tagallasynda görülýär. Ol özüniň magnawy gurluşy bilen bir älemdir we ähli ýaradylanlardan üstündir.

Maddy we magnawy hökmünde ajaýyp bir gurluşa eýe bolan ynsanyň, özüne we jemgyýete peýdaly bolup bilmegi üçin özüni gowy tanamagy we ýaradylyşyndaky maksady gowy bilmegi gerekdir. Älemiň syrlaryň çözüp bilmek üçin bütin ömrüni sarp edýän ynsan öz syrlaryny, özüniň içerki dünýäsini we öz älemini nurlandyrmaly, özüni tanamaly, wezipesini bilmeli, öz gymmatlyklaryna we boýnundaky amanada göz ýetirmeli.

Ýaradalyş maksadyny we öz gymmatlyklaryny bilmeýän ynsan, hiç zada göz ýetirip bilmez. Boş, maksatsyz we arzuwsyz durmuşda hem ynjalyksyz we bagtsyz bolar, üstesine-de beýleki ynsanlaryň hem asudalygyny zeper ýetirer.

Ynsanyň bilmegi zerur bolan iň esasy bilim özüni bilmegi, ýaradyjysyny tanamagy, dünýä näme üçin gelendigine göz ýetirmegi we eden işleriniň hasabynyň bardygyny bilmegidir.

Bu düşünje ynsana düzgün-nyzamly durmuş, peýdaly bolma duýgusy we uly-uly üstünlikler gazandyrar.

Çaň kakylypdy. Mowzuk bilen başlanyşykly haýsydyr bir garaýyş ýüze çykmazdan we haýsydyr bir düşündiriş berilmezden arakesmä çykdyk. Ýöne men Mehmediň we Mehmediň garaýyşlaryny goldaýan talyplardan käbirleri iş otagyma gelmek islärler diýip çak edýärdim. Çünki bu meselede ýene-de köp zat aýdyljakdy we aýdylmalydy.